Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 18 sah. 48—sah. 49 abz. 4
  • Ýanyp duran ýandak

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýanyp duran ýandak
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Ýanyp duran gyrymsy agaç
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Musa näme üçin gaçdy?
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Musanyň imanyndan görelde alyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Hudaýyň ady barmy?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 18 sah. 48—sah. 49 abz. 4
Musa ýanyp duran ýandagyň ýanynda dur

18-NJI SAPAK

Ýanyp duran ýandak

Musa Midýan ýurdunda 40 ýyl ýaşady, şol ýerde öýlendi. Onuň çagalary hem boldy. Bir gün Musa Sinaý dagynyň ýanynda goýun bakyp ýördi. Şonda ýandagyň ýanyp durandygyny görýär. Onuň ody hiç öçmeýärdi. Musa haýran galyp, ýandagyň ýanyna barýar. Birdenem oduň içinden şeýle ses eşidilýär: «Musa, oduň ýanyna gelme. Aýakgabyňy çykar, sen mukaddes ýerde dursuň». Ýehowa Musa bilen perişdesi arkaly gepleşdi.

Musa gorkup ýüzüni ýapdy. Soň ýene şeýle ses eşidildi: «Ysraýyllar Müsürde gul bolup ýaşaýar. Men olary Müsürden alyp gaýtjak, gowy ýurda getirjek. Olary Müsürden sen çykararsyň». Şonda Musa haýran galandyr.

Musa: «„Seni kim iberdi?“ diýseler, näme diýeýin?» diýýär. Hudaý: «Meni Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýy Ýehowa iberdi diý» diýýär. Musa: «Adamlar meni diňlemese, näme edeýin?» diýýär. Ýehowa Musa kömek etjekdigini aýdýar. Soňra: «Taýagyňy ýere taşla» diýýär. Musa taýagyny ýere taşlaýar, taýak şol bada ýylana öwrülýär. Ol ýylanyň guýrugyndan tutup galdyrýar, ýylan ýene taýaga öwrülýär. Ýehowa: «Taýak ýylana öwrülende, adamlar seni kimiň iberendigini bilerler» diýýär.

Musa: «Men gowy gepläp bilemok» diýýär. Ýehowa: «Näme aýtmalydygyny öwrederin. Doganyň Harun saňa kömek eder» diýýär. Musa Ýehowanyň kömek etjegini bilensoň, aýalyny we çagalaryny alyp Müsüre gidýär.

«Näme diýerin ýa-da nädip aýdaryn diýip alada etmäň. Siz näme diýmelidigini şol wagt bilersiňiz» (Matta 10:19).

Soraglar: Musa goýun bakyp ýörkä näme görýär? Ýehowa Musa näme et diýýär?

2 Musa 3:1—4:20; Resullar 7:30—36

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş