Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 30
  • Ýanyp duran gyrymsy agaç

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýanyp duran gyrymsy agaç
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýanyp duran ýandak
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Musa näme üçin gaçdy?
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Musanyň imanyndan görelde alyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Hudaýyň ady barmy?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 30

30-NJY HEKAÝA

Ýanyp duran gyrymsy agaç

MUSA goýunlaryna ot gözläp, Horep dagyna ýetdi. Ol bir gyrymsy agajy gördi. Agaç ýanyp durdy, ýöne näme üçindir ýanyp gutaranokdy.

Musa: «Geň zat. Golaýyna baryp, gowuja seredeýin» diýip oýlandy. Haçan-da ol golaýlaşanda: «Golaýlaşma, köwşüňi çykar. Çünki duran ýeriň mukaddes ýer» diýip, gyrymsy agaçdan ses çykdy. Muny Hudaý öz perişdesi arkaly aýtdy. Şonuň üçinem Musa ýüzüni ýapdy.

Şonda Hudaý: «Men Müsürde halkymyň ejir çekýänini gördüm. Ony halas etmekçi. Sen bolsa meniň halkymy Müsürden alyp çykarsyň» diýdi. Ýehowa öz halkyny ajaýyp Kengan ýurduna getirmekçidi.

Ýöne Musa: «Beýle zatlary eder ýaly, men kim? Bolýar, aýdaly, bardymam-da. Ýöne ysraýyllylar menden: «Seni kim iberdi?» diýip sorasalar, men näme jogap bererin?» diýdi.

Hudaý: «Olara Ybraýymyň Hudaýy, Yshagyň Hudaýy we Ýakubyň Hudaýy ÝEHOWA meni siziň ýanyňyza iberdi diýersiň» diýip jogap berdi. Soňra Ýehowa: «Ebedilik meniň adym şudur» diýdi.

— Ýöne olar meni seniň iberendigiňe ynanmasalar näderin? — diýip, Musa sorady.

Hudaý:

— Eliňdäki näme? — diýdi.

Musa:

— Hasa — diýip, jogap berdi.

— Ony ýere taşla — diýip, Hudaý buýurdy. Musa hasasyny ýere taşlanda, hasa ýylana öwrüldi. Soňra Ýehowa Musa ýene bir gudrat görkezdi. Ol: «Eliňi goltugyňa sal» diýdi. Musa aýdyşy ýaly-da etdi. Elini goltugyndan çykaranda, gar ýaly çuw akdy. Hamala elini erbet heýwere keseli uran ýalydy. Soňra Ýehowa Musa üçünji gudraty görkezer ýaly güýç berdi. Bulardan soň Hudaý Musa: «Şu gudratlary görkezeňde, ysraýyllylar seni meniň iberendigime ynanarlar» diýdi.

Musa öýüne baryp Ýetro: «Haýyş edýän, garyndaşlarymyň ýanyna baryp, olaryň halyndan habar almaga maňa rugsat ber» diýdi. Musa Ýetro bilen hoşlaşyp, yzyna Müsüre tarap ugrady.

Çykyş 3:1—22; 4:1—20.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş