29-NJY HEKAÝA
Musa näme üçin gaçdy?
SERET, Musa Müsürden gaçyp barýar. Onuň yzyndan kowalap barýanlary görýäňmi? Olar Musany näme üçin öldürjek bolýanlaryny bilýäňmi? Onda näme, gel, bileli.
Musa Müsüriň patyşasy faraonyň öýünde ulaldy. Ol örän akylly we belli adam bolup ýetişdi. Musa özüniň müsürli däldigini bilýärdi. Sebäbi hakyky ene-atasy ysraýylly gullardandy.
Bir gezek Musa kyrk ýaşlaryndaka halkynyň ýaşaýşyny görmekçi boldy. Halkynyň çekýän görgüsini görüp gynandy. Ol bir müsürliniň ysraýylly guly urup duranyny gördi. Daş-töwereginde hiç kimiň ýoklugyny bilip, Musa müsürlini urup öldürdi. Soňra Musa ony guma gömdi.
Ertesi Musa halkyndan ýene-de habar almaga çykdy. Ol halkyna kömek edip, gulçulykdan çykararyn öýdýärdi. Ol indi urşup duran iki ysraýyllyny gördi. Şonda günäkäre ýüzlenip: «Sen näme üçin öz doganyňy urýaň?» diýdi.
Ol jogap berip: «Biziň üstümizden seni kim ýolbaşçy ýa kazy edip belledi? Müsürlini öldürşiň ýaly, menem öldürjek bolýan-a dälsiň?» diýdi.
Musa gorkdy, sebäbi adamlar müsürlini öldürenini bilen bolmaly. Ony hatda faraonam bilip, Musany öldürmäge adam iberdi. Ine, şonuň üçinem Musa Müsürden gaçmaly boldy.
Musa Müsürden uzakda ýerleşýän Midiýan ýurduna gaçyp bardy. Ol ýerde Ýetronyň maşgalasy bilen tanşyp, onuň Sippora atly gyzyna öýlendi. Musa Ýetronyň goýun çopany boldy. Ol Midiýan ýurdunda kyrk ýyl ýaşady. Ol eýýäm segsen ýaşyndady. Ine, bir gezek Musa Ýetronyň goýunlaryny bakyp ýörkä, bir täsin waka boldy. Şol waka onuň durmuşyny bütinleý üýtgetdi. Indiki sahypadan şol waka barada okap bilersiň.