«Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar» diýen kitaby öwrenmek üçin soraglar
1-nji hekaýa
Hudaý ýaradyp başlaýar
Bizdäki bar gowy zatlar kimden? Mysal getir.
Hudaý ilki bilen kimi ýaratdy?
Ilkinji ýaradylan perişde näme üçin üýtgeşikdi?
Ilkibaşda ýeriň nähili bolanyny suratlandyr. (Surata seret.)
Hudaý ýeri haýwanlar hem adamlar üçin taýýarlanda nämeler etdi?
Goşmaça soraglar:
Ýeremiýa 10:12-ni oka.
Hudaýyň ýaradan zatlarynda onuň haýsy häsiýetleri görünýär? (Çyk. 40:26; Rim. 11:33).
Koloseliler 1:15—17-nji aýatlary oka.
Ýaradylyşda Isanyň roly nähili we bu oňa garaýşymyza nähili täsir etmeli? (Kol. 1:15—17).
Barlyk 1:1—10-njy aýatlary oka.
Ýer nädip emele geldi? (Bar. 1:1).
Birinji döredijilik güni nämeler boldy? (Bar. 1:3—5).
Ikinji döredijilik güni nämeleriň bolanyny gürrüň ber. (Bar. 1:7, 8).
2-nji hekaýa
Ajaýyp bag
Hudaý biziň üçin Ýeri nädip taýýarlady?
Hudaýyň nähili haýwanlary ýaradandygyny gürrüň ber. (Surata seret.)
Erem bagy näme üçin üýtgeşik ýerdi?
Hudaýyň niýeti boýunça bütin ýer ýüzi nähili bolmalydy?
Goşmaça soraglar:
Barlyk 1:11—25-nji aýatlary oka.
Üçünji döredijilik güni Hudaý nämeleri ýaratdy? (Bar. 1:12).
Dördünji döredijilik güni nämeler boldy? (Bar. 1:16).
Bäşinji we altynjy döredijilik günleri Hudaý nähili haýwanlary ýaratdy? (Bar. 1:20, 21, 25).
Barlyk 2:8, 9-njy aýatlary oka.
Hudaý bagda iki sany nähili üýtgeşik agaç oturtdy we olar nämäni aňladýardy?
3-nji hekaýa
Ilkinji erkek we aýal
Üçünji hekaýadaky suratyň ikinji hekaýadaky suratdan näme tapawudy bar?
Ilkinji adamy kim ýaratdy we onuň ady näme?
Hudaý Adam ata nähili ýumuş buýurdy?
Hudaý Adam atany näme üçin güýçli uka gidirdi?
Adam ata bilen How ene näçe wagt ýaşap bilerdiler we Ýehowanyň niýeti boýunça olar näme etmelidi?
Goşmaça soraglar:
Zebur 8:1-i oka.
Hudaýyň ady näme we onuň Ýer babatda tutýan orny nähili? (Bar. 15:2; Zeb. 47:2).
Barlyk 1:26—31-nji aýatlary oka.
Barlyk 2:7—25-nji aýatlary oka.
Haýwanlara at dakmak üçin Adam ata näme etmelidi? (Bar. 2:19).
Barlyk 2:24 Ýehowanyň nika, aýry ýaşamaga hem-de nikany bozmaga garaýşyny bilmäge nädip kömek edýär? (Mat. 19:4—6, 9).
4-nji hekaýa
Olar öýünden näme üçin kowuldy?
Adam ata bilen How enä näme boldy? (Surata seret.)
Ýehowa olara näme üçin jeza berdi?
Ýylan How enä näme diýdi?
Ýylana derek How ene bilen kim gürleşdi?
Adam ata bilen How ene Jennetden näme üçin kowuldy?
Goşmaça soraglar:
Barlyk 2:16, 17 we 3:1—13, 24-nji aýatlary oka.
Ýylanyň How enä beren soragy Ýehowany nädip ýalançy edip görkezdi? (Bar. 3:1—5; 1 Ýahýa 5:3).
How ene bilen bolan waka näme üçin bize sapak bolmaly? (Fil. 4:8; Ýak. 1:14, 15; 1 Ýahýa 2:16).
Adam ata bilen How ene eden etmişini boýun almak islemeýändigini nädip görkezdi? (Bar. 3:12, 13).
Erem bagynyň gündogarynda goýlan kerubiler Ýehowanyň hökümdarlygyny nädip goldadylar? (Bar. 3:24).
Ylham 12:9-y oka.
Adamlary Hudaýyň hökümdarlygyna garşy çykarmakda Şeýtan nähili üstünlik gazandy? (1 Ýahýa 5:19).
5-nji hekaýa
Agyr durmuş başlanýar
Erem bagyndan kowlandan soň, Adam ata bilen How ene nähili ýaşaýardy?
Adam ata bilen How enä näme boldy we näme üçin?
Adam ata bilen How enäniň çagalary näme üçin garrap ölmelidiler?
Adam ata bilen How ene Ýehowa gulak asan bolsa, olaryň we çagalarynyň durmuşy nähili bolardy?
Gulak asmanlygy sebäpli How ene nähili ejir çekdi?
Adam ata bilen How enäniň ilkinji ogullarynyň ady näme?
Suratdaky çagalar kimler?
Goşmaça soraglar:
Barlyk 3:16—23 we 4:1, 2-nji aýatlary oka.
Ýere siňen nälet Adam atanyň durmuşyna nähili täsir etdi? (Bar. 3:17—19; Rim. 8:20, 22).
«Ýaşaýyş» ýa-da «ýaşaýan» diýmegi aňladýan How enäniň ady näme üçin ýerlikli? (Bar. 3:20).
Adam ata bilen How ene günä edenlerinden soň hem Ýehowa nädip olaryň aladasyny etdi? (Bar. 3:7, 21).
Ylham 21:3, 4-nji aýatlary oka.
Sen «öňki zatlardan» nämäniň aýrylmagyna garaşýaň?
6-njy hekaýa
Gowy ogul we erbet ogul
Kabyl we Habyl näme bilen meşgullanýardylar?
Kabyl hem-de Habyl Ýehowa nähili sowgat getirdiler?
Ýehowa Habylyň sowgadyny kabul edip, Kabylyňkyny näme üçin kabul etmedi?
Kabyl nähili adam we Ýehowa ony düzetmek üçin näme diýdi?
Inisi bilen meýdanda ikiçäk galanda Kabyl näme etdi?
Inisini öldürenden soň Kabyla näme bolanyny gürrüň ber.
Goşmaça soraglar:
Barlyk 4:2—26-njy aýatlary oka.
Kabyla abanýan howpy Ýehowa nähili suratlandyrdy? (Bar. 4:7).
Kabylyň ýüreginiň nähilidigi nämeden bilinýär? (Bar. 4:9).
Bigünä dökülen gana Ýehowa nähili garaýar? (Bar. 4:10; Iş. 26:21).
1 Ýahýa 3:11, 12-nji aýatlary oka.
Kabyl nämä gaty gynandy we bu näme üçin bize sapak bolmaly? (Bar. 4:4, 5; Sül. tym. 14:30; 28:22).
Tutuş maşgalamyz Ýehowa garşy bolaýanda-da, wepaly galyp biljekdigimizi Mukaddes Ýazgylar nädip görkezýär? (Zeb. 27:10; Mat. 10:21, 22).
Ýahýa 11:25-i oka.
Dogrulyk ugrunda ölen adamlara Ýehowa näme wada berýär? (Ýahýa 5:24).
7-nji hekaýa
Batyr adam
Hanoh beýleki adamlardan nämede tapawutlanýar?
Hanohyň günlerinde adamlar näme üçin köp erbet iş edýärdiler?
Olar nähili erbet işler etdiler? (Surata seret.)
Hanoha batyrlyk näme üçin gerekdi?
Şol döwürde adamlar näçe ýaşaýardylar we Hanoh näçe ýaşady?
Hanoh ölenden soň näme boldy?
Goşmaça soraglar:
Barlyk 5:21—24, 27-nji aýatlary oka.
Barlyk 6:5-i oka.
Hanoh ölenden soň ýer ýüzünde ýaşaýyş nähili erbetleşdi we biziň günlerimiz barada näme aýtsa bolar? (2 Tim. 3:13).
Ýewreýler 11:5-i oka.
Hanohyň haýsy häsiýeti «Hudaý tarapyndan halanýardy» we soň oňa näme boldy? (Bar. 5:22).
Ýahuda 14, 15-nji aýatlary oka.
Mesihçiler Armageddon söweşi barada adamlara duýduranda, Hanohyň batyrlygy nähili görelde bolup biler? (2 Tim. 4:2; Ýew. 13:6).
8-nji hekaýa
Ýer ýüzündäki pilmahmytlar
Hudaýyň käbir perişdeleri Şeýtana gulak asanlarynda näme boldy?
Käbir perişdeler näme üçin gökde tabşyrylan işlerini taşlap ýer ýüzüne düşdüler?
Perişdeleriň ynsan bedenine girip ýere düşmekleri näme üçin erbetlikdi?
Perişdelerden bolan çagalaryň başga adamlardan näme tapawudy bardy?
Suratda görkezilişi ýaly, perişdeleriň çagalary ulalyp, pilmahmyt bolanlarynda näme edýärdiler?
Hanohdan soň ýer ýüzünde ýaşan gowy adam kimdi we Hudaý ony näme üçin gowy gördi?
Goşmaça soraglar:
Barlyk 6:1—8-nji aýatlary oka.
Biziň özümizi alyp barşymyzyň Ýehowa täsir edýändigini Barlyk 6:6 nädip görkezýär? (Zeb. 78:40, 41; Sül. tym. 27:11).
Ýahuda 6-ny oka.
Nuhuň günlerindäki «öz mertebelerini saklamadyk» perişdeleriň mysaly bize näme üçin sapak bolmaly? (1 Kor. 3:5—9; 2 Pet. 2:4, 9, 10).
9-njy hekaýa
Nuh gämi gurýar
Nuhuň maşgalasynda näçe adam bardy we onuň ogullarynyň ady näme?
Hudaý Nuha nähili üýtgeşik ýumuş tabşyrdy we näme üçin?
Nuh gämini näme üçin gurýandygyny aýdanda, adamlar oňa nähili garadylar?
Hudaý Nuha haýwanlara degişli nähili tabşyryk berdi?
Hudaý gäminiň gapysyny ýapandan soň, Nuh we onuň maşgalasy näme etmelidi?
Goşmaça soraglar:
Barlyk 6:9—22-nji aýatlary oka.
Ýehowa zorluga nähili seredýär we bu biziň dynç alşymyza nähili täsir etmeli? (Bar. 6:11, 12; Zeb. 11:5).
Ýehowanyň guramasy arkaly görkezme alanymyzda, Nuhdan nädip görelde almaly? (Bar. 6:22; 1 Ýahýa 5:3).
Barlyk 7:1—9-njy aýatlary oka.
Nuhuň kämil dälligine garamazdan, Ýehowanyň ony dogry adam hasaplamagy bizi şu günler nädip ruhlandyrýar? (Bar. 7:1; Sül. tym. 10:16; Iş. 26:7).
10-njy hekaýa
Bütindünýä tupany
Ýagyş ýagyp başlanda, näme üçin hiç kim gämä girip bilmedi?
Ýehowa näçe gije-gündiz ýagyş ýagdyrdy we suw näçeräk ýokary galdy?
Ýer ýüzüni suw alanda, gämä näme boldy?
Pilmahmytlar tupandan diri galdylarmy we olaryň atalaryna näme boldy?
Bäş aýdan soň gämä näme boldy?
Nuh gargany näme üçin uçurdy?
Ýer ýüzünde suwuň azalandygyny Nuh nädip bildi?
Nuh we onuň maşgalasy gämide bir ýyldan gowrak bolansoň, Hudaý oňa näme diýdi?
Goşmaça soraglar:
Barlyk 7:10—24-nji aýatlary oka.
Barlyk 8:1—17-nji aýatlary oka.
Ýehowanyň ýere degişli ilkinji niýetiniň üýtgemändigini Barlyk 8:17 nädip görkezýär? (Bar. 1:22).
1 Petrus 3:19, 20-nji aýatlary oka.
Gulak asmadyk perişdeler göge dolananda, olara nähili höküm çykaryldy? (Ýahuda 6).
Nuh we onuň maşgalasy bilen bolup geçen waka, Ýehowanyň öz halkyny halas edip bilýändigine biziň ynamymyzy nädip berkidýär? (2 Pet. 2:9).
11-nji hekaýa
Ilkinji älemgoşar
Nuh gämiden çykanda, ilki bilen, näme etdi? (Surata seret.)
Tupandan soň, Hudaý Nuha we onuň maşgalasyna nähili tabşyryk berdi?
Hudaý nämäni wada berdi?
Älemgoşar bize nämäni ýatlatmaly?
Goşmaça soraglar:
Barlyk 8:18—22-nji aýatlary oka.
Biz Ýehowa nädip «hoşboý ysly» gurban berip bileris? (Bar. 8:21; Ýew. 13:15, 16).
Adamyň ýüregi barada Ýehowa näme diýdi we biz näme üçin seresap bolmaly? (Bar. 8:21; Mat. 15:18, 19).
Barlyk 9:9—17-nji aýatlary oka.
Ýehowa ýerdäki ähli ýaradan zatlary bilen nähili äht baglaşdy? (Bar. 9:10, 11).
Älemgoşar ähti näçe wagtlyk baglaşyldy? (Bar. 9:16).
12-nji hekaýa
Adamlar beýik diň gurýar
Nemrut kim we Hudaý oňa nähili garaýardy?
Suratdaky adamlar näme üçin kerpiç ýasaýarlar?
Bu gurluşyk Ýehowa näme üçin ýaramady?
Hudaý adamlaryň diň gurmagyny nädip bes etdirdi?
Olaryň şäheri nähili atlandyryldy we bu at näme aňladýar?
Hudaý adamlaryň dilini garym-gatym edende, olara näme boldy?
Goşmaça soraglar:
Barlyk 10:1, 8—10-njy aýatlary oka.
Nemrut nähili adamdy we ol bize nähili sapak bolmaly? (Sül. tym. 3:31).
Barlyk 11:1—9-njy aýatlary oka.
Diňi näme maksat bilen gurup başladylar we bu gurluşyk näme üçin başa barmady? (Bar. 11:4; Sül. tym. 16:18; Ýahýa 5:44).
13-nji hekaýa
Ybraýym — Hudaýyň dosty
Ur şäherinde nähili adamlar ýaşaýardy?
Suratdaky adam kim, ol haçan doguldy we nirede ýaşady?
Hudaý Ybraýyma näme buýurdy?
Ybraýym näme üçin Hudaýyň dosty hökmünde tanalýardy?
Ur şäherinden Ybraýym bilen kimler çykdy?
Ybraýym Kengan ýurduna gelende, Hudaý oňa näme diýdi?
Ybraýym 99 ýaşyndaka Hudaý oňa näme wada berdi?
Goşmaça soraglar:
Barlyk 11:27—32-nji aýatlary oka.
Ybraýym Lutuň nämesidi? (Bar. 11:27).
«Kengan ýurduna gitmek üçin» öz maşgalasyny «aldy» diýip, Terah barada aýdylsa-da, göçüşiň başyny başlan Ybraýymdygyny biz nireden bilýäris? Bu göçüşlige näme sebäp boldy? (Bar. 11:31; Res. iş. 7:2—4).
Barlyk 12:1—7-nji aýatlary oka.
Ybraýym Kengan ýurduna gelende, Ýehowa onuň bilen baglaşan ähtiniň üstüni nädip ýetirdi? (Bar. 12:7).
Barlyk 17:1—8, 15—17-nji aýatlary oka.
Ybraýym 99 ýaşyndaka, onuň ady nädip üýtgedildi we näme üçin? (Bar. 17:5).
Ýehowa Sara nähili bereketleri wada berdi? (Bar. 17:15, 16).
Barlyk 18:9—19-njy aýatlary oka.
Barlyk 18:19-da atalaryň haýsy borçlary barada aýdylýar? (Kanun. 6:6, 7; Efes. 6:4).
Sara bilen bolan haýsy waka, Ýehowadan hiç zady gizläp bilmejegimizi görkezýär? (Bar. 18:12, 15; Zeb. 44:21).
14-nji hekaýa
Hudaý Ybraýymyň imanyny synaýar
Hudaý Ybraýyma nämäni wada berdi we Ol nädip wadasynda durdy?
Hudaý Ybraýymyň imanyny nädip synady? (Surata seret).
Hudaýyň beren tabşyrygyna düşünmese-de, Ybraýym näme etdi?
Ybraýym pyçak alyp ogluny öldürjek bolanda näme boldy?
Ybraýymyň Hudaýa imany nähilidi?
Hudaý Ybraýyma gurban etmek üçin näme berdi we nädip berdi?
Goşmaça soraglar:
Barlyk 21:1—7-nji aýatlary oka.
Ybraýym ogluny sekiz günlükkä näme üçin sünnetledi? (Bar. 17:10—12; 21:4).
Barlyk 22:1—18-nji aýatlary oka.
Yshak kakasy Ybraýyma nädip tabyn boldy we bu nädip geljekki uly wakanyň nusgasy boldy? (Bar. 22:7—9; 1 Kor. 5:7; Flp. 2:8, 9 ).
15-nji hekaýa
Lutuň aýaly yzyna seretdi
Ybraýym bilen Lut biri-birinden näme üçin aýryldy?
Lut näme üçin Sodomda ýerleşdi?
Sodomda nähili adamlar ýaşaýardy?
Lut iki sany perişdeden nähili duýduryş aldy?
Lutuň aýaly näme üçin duz sütünine öwrüldi?
Lutuň aýaly bilen bolan wakadan biz näme öwrenýäris?
Goşmaça soraglar:
Barlyk 13:5—13-nji aýatlary oka.
Adamlar bilen düşünişmezlik ýüze çykanda, Ybraýymdan näme öwrenip bileris? (Bar. 13:8, 9; Rim. 12:10; Flp. 2:3, 4).
Barlyk 18:20—33-nji aýatlary oka.
Ýehowa bilen Ybraýymyň gürrüňi, Ýehowa bilen Isanyň adalatly höküm çykarjagyna ynamymyzy nädip berkidýär? (Bar. 18:25, 26; Mat. 25:31—33).
Barlyk 19:1—29-njy aýatlary oka.
Mukaddes Ýazgylardaky şu wakadan Hudaýyň gomoseksuallyga bolan garaýşy barada nämäni bilýäris? (Bar. 19:5, 13; Lew. 20:13).
Lutuň hem-de Ybraýymyň Hudaýyň görkezmesine eýerişinde nähili tapawut bar we ondan näme öwrenýäris? (Bar. 19:15, 16, 19, 20; 22:3).
Luka 17:28—32-nji aýatlary oka.
Lutuň aýaly baýlyga nähili garaýardy we bu bize näme üçin sapak bolup biler? (Luka 12:15; 17:31, 32; Mat. 6:19—21, 25).
2 Petrus 2:6—8-nji aýatlary oka.
Biz Lutdan görelde alyp, bu hudaýsyz dünýä nähili garamaly? (Ezek. 9:4; 1 Ýahýa 2:15—17).
16-njy hekaýa
Yshak gowy gelin alýar
Suratdaky ýigit we gyz kim?
Ybraýym ogluna gelin tapmak üçin näme etdi we näme üçin?
Ybraýymyň guly eden dogasyna nädip jogap aldy?
Rebekadan Yshaga durmuşa çykmak barada soranlarynda näme jogap berdi?
Yshak özüni näme üçin ýene-de bagtly duýdy?
Goşmaça soraglar:
Barlyk 24:1—67-nji aýatlary oka.
Guýynyň başynda Ybraýymyň guluna duşanda, Rebeka nähili gowy häsiýetleri görkezdi? (Bar. 24:17—20; Sül. tym. 31:17, 31).
Yshaga gelin tapmagyň aladasyny edip, Ybraýym häzirki mesihçilere nähili görelde görkezdi? (Bar. 24:37, 38; 1 Kor. 7:39; 2 Kor. 6:14).
Yshakdan görelde alyp, näme üçin bizem oýlanmaga wagt tapmaly? (Bar. 24:63; Zeb. 77:12; Flp. 4:8).
17-nji hekaýa
Bir-birine meňzemeýän ekizler
Esaw bilen Ýakup kim we olar bir-birinden nämede tapawutlanýarlar?
Ybraýym ölende, Esaw bilen Ýakup näçe ýaşyndady?
Esawyň eden haýsy işi ata-enesini gaty gynandyrdy?
Esaw dogany Ýakuba näme üçin gaty gaharlandy?
Yshak ogly Ýakuba näme maslahat berdi?
Goşmaça soraglar:
Barlyk 25:5—11, 20—34-nji aýatlary oka.
Ýehowa Rebekanyň iki ogly barada öňünde näme aýtdy? (Bar. 25:23).
Ýakubyň we Esawyň nowbaharlyga garaýyşlary nähilidi? (Bar. 25:31—34).
Barlyk 26:34, 35; 27:1—46 we 28:1—5-nji aýatlary oka.
Esawyň ruhy zatlaryň gadyryny bilmeýändigi nämede göründi? (Bar. 26:34, 35; 27:46).
Hudaýyň patasyny almak üçin Yshak Ýakuba näme maslahat berdi? (Bar. 28:1—4).
Ýewreýler 12:16, 17-nji aýatlary oka.
Esawyň mysalyndan görnüşi ýaly, mukaddes zatlaryň gadyryny bilmeýänleriň hereketi nämä eltýär?
18-nji hekaýa
Ýakup Harana gidýär
Suratdaky gyz kim we Ýakup onuň üçin näme etdi?
Rahele öýlenmek üçin Ýakup näme etmäge taýýardy?
Raheli Ýakuba bermeli wagty gelende, Laban näme etdi?
Rahele öýlenmek üçin Ýakup nämä razy boldy?
Goşmaça soraglar:
Barlyk 29:1—30-njy aýatlary oka.
Laban aldasa-da, Ýakup özüniň dogruçyl adamdygyny nädip görkezdi we biz mundan näme öwrenýäris? (Bar. 25:27; 29:26—28; Mat. 5:37).
Hakyky söýgi bilen göçgün söýginiň tapawudy Ýakubyň mysalyndan nähili görünýär? (Bar. 29:18, 20, 30; Sül. aýd. 8:6).
Ýakubyň maşgalasynyň agzasy bolup, oňa ogul dogran dört aýal kimler? (Bar. 29:23, 24, 28, 29).
19-njy hekaýa
Ýakubyň uly maşgalasy
Ýakubyň birinji aýaly Leanyň dogran alty oglunyň atlary näme?
Leanyň gyrnagy Zilpanyň Ýakuba dogran iki oglunyň atlary näme?
Raheliň gyrnagy Bilhanyň Ýakuba dogran iki oglunyň atlary näme?
Raheliň iki oglunyň atlary näme we ikinji ogluny dogranda näme boldy?
Ýakubyň näçe ogly bardy we olardan haýsy halk döredi? (Surata seret.)
Goşmaça soraglar:
Barlyk 29:32—35; 30:1—26 we 35:16—19-njy aýatlary oka.
Ýakubyň on iki oglunyň mysalyndan görnüşi ýaly, gadymy wagtlarda ýewreý ogullaryna nädip at dakýardylar?
Barlyk 37:35-i oka.
Mukaddes Ýazgylarda diňe Dinanyň ady tutulsa-da, Ýakubyň başga-da gyzlarynyň bardygyny nireden bilýäris? (Bar. 37:34, 35).
20-nji hekaýa
Dina betbagtçylyga uçraýar
Ybraýym hem-de Yshak çagalarynyň Kengan ýaşaýjylary bilen durmuş gurmagyny näme üçin islemediler?
Ýakup gyzynyň kenganly gyzlar bilen jora bolanyny haladymy?
Dina seredip duran ýigit kim we ol nähili erbet iş etdi?
Bolan zatlary bilip, Dinanyň doganlary Şimeon bilen Lewi näme etdi?
Ýakup Şimeon bilen Lewiniň eden işini haladymy?
Ýakubyň maşgalasynda bolan betbagtçylyk nämeden başlady?
Goşmaça soraglar:
Barlyk 34:1—31-nji aýatlary oka.
Dina kenganly gyzlaryň ýanyna bir gezek bardymy? Düşündir. (Bar. 34:1, TD: «Leanyň Ýakuba dogran gyzy Dina köplenç bu ýurduň gyzlaryny görmäge barýardy»).
Gyzlygyny ýitirenine näme üçin Dina hem günäkär? (Gal. 6:7).
Ýaşlar Dinanyň mysalyna çynlakaý garaýandygyny nädip görkezip biler? (Sül. tym. 13:20; 1 Kor. 15:33; 1 Ýahýa 5:19).
21-nji hekaýa
Doganlary Ýusuby ýigrenýär
Ýusubyň doganlary näme üçin göriplik etdiler?
Ýusubyň doganlary näme etjek boldular, ýöne Ruben näme diýdi?
Ysmaýylly täjirler geçip barýarka näme boldy?
Kakasyna Ýusubyň ölenini ynandyrmak üçin doganlary näme etdi?
Goşmaça soraglar:
Barlyk 37:1—35-nji aýatlary oka.
Doganlardan biri günä etse, mesihçiler Ýusupdan nädip görelde alýarlar? (Bar. 37:2; Lew. 5:1; 1 Kor. 1:11).
Ýusubyň doganlary näme üçin içigaralyk etdi? (Bar. 37:11, 18; Sül. tym. 27:4; Ýakup 3:14—16).
Ýakubyň mysalyndan görnüşi ýaly, agyr hasrat çekýän adamyň näme etmegi ýerlikli? (Bar. 37:35).
22-nji hekaýa
Ýusuby türmä basýarlar
Ýusuby Müsüre äkidenlerinde näçe ýaşyndady we ol ýerde oňa näme boldy?
Ýusubyň türmä düşmegine näme sebäp boldy?
Ýusuba türmede nähili jogapkärli iş berildi?
Ýusup türmedekä faraonyň baş şerapçysy we baş çörekçisi üçin näme etdi?
Baş şerapçyny türmeden boşadanlarynda näme boldy?
Goşmaça soraglar:
Barlyk 39:1—23-nji aýatlary oka.
Ýusubyň ýaşan döwründe zynany gadagan edýän kanun bolmasa-da, ol näme üçin Potifaryň aýaly bilen ýatmady? (Bar. 2:24; 20:3; 39:9).
Barlyk 40:1—23-nji aýatlary oka.
Baş şerapçynyň düýşüni we Ýehowanyň kömegi bilen Ýusubyň ýorup berşini gysgaça gürrüň ber (Bar. 40:9—13).
Baş çörekçi nähili düýş gördi we ol nämäni aňladýar? (Bar. 40:16—19).
Şu günler sadyk hem akylly hyzmatkär Ýusupdan nädip görelde alýar? (Bar. 40:8; Zeb. 36:9; Ýahýa 17:17; Res. iş. 17:2, 3).
Mesihçileriň doglan güne garaýşyna düşünmäge Barlyk 40:20 nädip kömek edýär? (Wag. 7:1; Mar. 6:21—28).
23-nji hekaýa
Faraonyň düýşi
Bir gije faraona näme boldy?
Baş şerapçy Ýusuby näme üçin ahyry ýadyna saldy?
Faraonyň gören iki düýşüni gürrüň ber (Surata seret.)
Ýusup bu düýşleri nädip ýordy?
Ýusup Müsürde faraondan soň nädip ikinji adam boldy?
Ýusubyň doganlary Müsüre näme üçin geldiler we olar ony näme üçin tanamadylar?
Ýusubyň haýsy düýşi ýadyna düşdi we ol nämä düşünmäge kömek etdi?
Goşmaça soraglar:
Barlyk 41:1—57-nji aýatlary oka.
Ýusup adamlaryň ünsüni nädip Ýehowa gönükdirdi we mesihçiler ondan nädip görelde alyp biler? (Bar. 41:16, 25, 28; Mat. 5:16; 1 Pet. 2:12).
Müsürdäki bolçulyk we yzyndan gelen açlyk, Ýehowanyň halkynyň ruhy ýagdaýy bilen hristian dünýäsiniň ruhy ýagdaýynyň tapawudyny nädip görkezýär? (Bar. 41:29, 30; Amos 8:11, 12).
Barlyk 42:1—8-nji aýatlary we 50:20-ni oka.
Eger mesihçiniň ýaşaýan ýerinde adamlara baş egip sylag-hormat goýulýan bolsa, onda Ýehowanyň gullukçylarynyň hem şeýle etmegi nädogrymy? (Bar. 42:6).
24-nji hekaýa
Ýusup doganlaryny synaýar
Ýusup doganlaryna näme üçin «siz içaly» diýdi?
Ýakup iň kiçi ogly Benýamini Müsüre näme üçin goýberdi?
Ýusubyň kümüş käsesi Benýaminiň haltasyna nädip düşdi?
Ýahuda Benýamini goýbertmek üçin Ýusuba näme diýdi?
Ýusubyň doganlary nähili üýtgediler?
Goşmaça soraglar:
Barlyk 42:9—38-nji aýatlary oka.
Ýehowanyň guramasyndaky jogapkär doganlara Ýusubyň Barlyk 42:18-däki sözleri nädip ajaýyp ýatlama bolýar? (Neh. 5:15; 2 Kor. 7:1, 2).
Barlyk 43:1—34-nji aýatlary oka.
Ululary Ruben bolsa-da, doganlarynyň adyndan Ýahudanyň gepläni nämeden görünýär? (Bar. 43:3, 8, 9; 44:14, 18; 1 Ýyl. 5:2).
Ýusup öz doganlaryny nädip we näme üçin synamakçy boldy? (Bar. 43:33, 34).
Barlyk 44:1—34-nji aýatlary oka.
Ýusup doganlaryndan kimdigini gizlejek bolup, özüni kim diýip tanatdy? (Bar. 44:5, 15; Lew. 19:26).
Doganlary Ýusuby öňküsi ýaly ýigrenmeýändigini nädip görkezdiler? (Bar. 44:13, 33, 34).
25-nji hekaýa
Maşgala Müsüre göçýär
Ýusup doganlaryna özüni tanadanda näme boldy?
Ýusup doganlaryna nähili mähirli sözler aýtdy?
Ýusubyň doganlarynyň gelenini bilende, faraon näme diýdi?
Ýakup Müsüre göçüp gelende, maşgalasynda näçe adam bardy?
Ýakubyň nesli kimler diýip tanalýardy we näme üçin?
Goşmaça soraglar:
Barlyk 45:1—28-nji aýatlary oka.
Ýehowanyň gullukçylaryna ýamanlyk edilse-de, Hudaýyň ony ýagşylyga öwrüp biljekdigini Ýusubyň mysaly nädip görkezýär? (Bar. 45:5—8; Iş. 8:10; Flp. 1:12—14).
Barlyk 46:1—27-nji aýatlary oka.
Ýakup Müsüre ýola düşende, Ýehowa oňa näme wada berdi? (Bar. 46:1—4).
26-njy hekaýa
Eýýup Hudaýa wepaly galdy
Eýýup kim?
Şeýtanyň maksady nämedi we ol maksadyna ýetdimi?
Ýehowa Şeýtana näme etmäge ýol berdi we näme üçin?
Eýýubyň aýaly näme üçin: «Hudaýa garga-da öl» diýdi? (Surata seret.)
Ýehowa Eýýuby nädip bereketledi we näme üçin? (Ikinji surata seret.)
Eýýup ýaly Hudaýa wepaly galsak, nähili pata alarys?
Goşmaça soraglar:
Eýýup 1:1—22-nji aýatlary oka.
Şu günler mesihçiler Eýýupdan nädip görelde alyp bilýärler? (Eýýup 1:1; Flp. 2:14; 2 Pet. 3:14).
Eýýup 2:1—13-nji aýatlary oka.
Şeýtanyň synagyna Eýýup we aýaly nähili garady? (Eýýup 2:9, 10; Sül. tym. 19:3; Mika 7:7; Mal. 3:14).
Eýýup 42:10—17-nji aýatlary oka.
Eýýubyň alan sylagy bilen Isanyň alan sylagynyň näme meňzeşligi bar? (Eýýup 42:12; Flp. 2:9—11).
Hudaýa wepaly bolany üçin Eýýubyň bereket almagy bizi näme üçin ruhlandyrýar? (Eýýup 42:10, 12; Ýew. 6:10; Ýakup 1:2—4, 12; 5:11).
27-nji hekaýa
Müsürde zalym patyşa höküm sürýär
Suratdaky eli gamçyly adam kim we ol kimi urýar?
Ýusup ölenden soň ysraýyllylara näme boldy?
Müsürliler ysraýyllylardan näme üçin gorkup başladylar?
Faraon göbegenelere ysraýylly çaga doglanda, näme ediň diýdi?
Goşmaça soraglar:
Çykyş 1:6—22-nji aýatlary oka.
Ýehowa Ybraýyma beren wadasyny nädip ýerine ýetirip başlady? (Çyk. 1:7; Bar. 12:2; Res. iş. 7:17).
Ýewreý göbegeneleri mukaddes ýaşaýşa nädip hormat goýdular? (Çyk. 1:17; Bar. 9:6).
Ýehowa wepaly bolany üçin göbegeneler nähili sylaglandylar? (Çyk. 1:20, 21; Sül. tym. 19:17).
Şeýtan Ybraýyma wada edilen Nesil babatda Ýehowanyň niýetiniň ýerine ýetmegine nädip päsgel berjek boldy? (Çyk. 1:22; Mat. 2:16).
28-nji hekaýa
Ýaňy doglan Musa nädip halas boldy?
Suratdaky oglanjyk kim we ol kimiň barmagyndan tutýar?
Musanyň ejesi ogluny halas etjek bolup näme etdi?
Suratdaky gyzjagaz kim we ol näme etdi?
Faraonyň gyzy oglanjygy görende, Merýem oňa näme diýdi?
Şa gyzy Musanyň ejesine näme diýdi?
Goşmaça sorag:
Çykyş 2:1—10-njy aýatlary oka.
Musa çagaka ejesinde terbiýelemäge we öwretmäge nähili mümkinçilik bardy we ol şu günki ata-enelere nähili görelde bolýar? (Çyk. 2:9, 10; Kanun. 6:6—9; Sül. tym. 22:6; Efes. 6:4; 2 Tim. 3:15).
29-njy hekaýa
Musa näme üçin gaçdy?
Musa nirede ulaldy, ýöne ata-enesi barada näme bilýärdi?
Musa kyrk ýaşyndaka näme etdi?
Musa urşup duran ysraýylla näme diýdi we ol oňa näme jogap berdi?
Musa näme üçin Müsürden gaçdy?
Musa nirä gaçyp bardy we ol ýerde kim bilen tanyşdy?
Musa Müsürden gaçyp gidensoň, kyrk ýyllap näme etdi?
Goşmaça soraglar:
Çykyş 2:11—25-nji aýatlary oka.
Köp ýyllaryň dowamynda Musa Müsüriň akyldarlygyny öwrense-de, ol Ýehowa we halkyna wepalydygyny nädip görkezdi? (Çyk. 2:11, 12; Ýew. 11:24).
Resullaryň işleri 7:22—29-njy aýatlary oka.
Musanyň ysraýyllylary Müsür gulçulygyndan çykarjak bolşundan näme öwrenýäris? (Res. iş. 7:23—25; 1 Pet. 5:6, 10).
30-njy hekaýa
Ýanyp duran gyrymsy agaç
Suratdaky dagyň ady näme?
Musa goýun sürüsi bilen şol daga baranda, näme görenini gürrüň ber.
Ýanyp duran gyrymsy agaçdan çykan ses näme diýdi we ol kimiň sesidi?
Hudaý halkyny Müsürden alyp çykmagy Musa tabşyranda, ol näme diýdi?
Ysraýyllylar Musadan kimiň iberendigini soranda, Hudaý oňa näme jogap bermegi tabşyrdy?
Musa Hudaýyň iberendigini nädip subut edip bilerdi?
Goşmaça soraglar:
Çykyş 3:1—22-nji aýatlary oka.
Ýygnakdaky ýumuşlary ýerine ýetirmäge güýjümiz ýetmejek ýaly bolup görünse-de, Musanyň mysaly Ýehowanyň kömek etjekdigine nädip ynandyrýar? (Çyk. 3:11, 13; 2 Kor. 3:5, 6).
Çykyş 4:1—20-nji aýatlary oka.
Kyrk ýyllap Midiýan ýurdunda bolanda, Musanyň garaýşy nähili üýtgedi we ýygnakda jogapkär işleri almak isleýän doganlar mundan näme öwrenip bilerler? (Çyk. 2:11, 12; 4:10, 13; Mika 6:8; 1 Tim. 3:1, 6, 10).
Ýehowa guramasy arkaly temmi berse-de, Musanyň mysalyndan näme öwrenýäris? (Çyk. 4:12—14; Zeb. 103:14; Ýew. 12:4—11).
31-nji hekaýa
Musa bilen Harun faraonyň ýanyna barýar
Musa bilen Harunyň görkezen gudratlary ysraýyllylara nähili täsir etdi?
Musa bilen Harun faraona näme diýdi we ol näme jogap berdi?
As shown in the picture, what happened when Aaron threw downSuratda görkezilişi ýaly, Harun hasasyny ýere oklanda näme boldy?
Ýehowa faraona nädip temmi berdi we faraon näme etdi?
Onunjy jezadan soň näme boldy?
Goşmaça soraglar:
Çykyş 4:27—31 we 5:1—23-nji aýatlary oka.
Faraon: «Men Ýehowany tanamok» diýip, näme diýmekçi boldy? (Çyk. 5:2; 1 Şam. 2:12; Rim. 1:21).
Çykyş 6:1—13, 26—30-njy aýatlary oka.
Ýehowa Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba haýsy manyda özüni tanatmady? (Çyk. 3:13, 14; 6:3; Bar. 12:8; 22:14).
Musa özüne tabşyrylan ýumşy «başarmaryn» diýse-de, Ýehowanyň ony ulanandygy barada oýlansak, bize nähili täsir eder? (Çyk. 6:12, 30; Luka 21:13—15).
Çykyş 7:1—13-nji aýatlary oka.
Musa bilen Harun Ýehowanyň hökümini faraona batyrlyk bilen aýdyp, Hudaýyň häzirki gullukçylaryna nähili görelde görkezdi? (Çyk. 7:2, 3, 6; Res. iş. 4:29—31).
Ýehowa Müsüriň taňrylaryndan özüniň beýikdigini nädip görkezdi? (Çyk. 7:12; 1 Ýyl. 29:12).
32-nji hekaýa
On jeza
Şu hekaýadaky suraty ulanyp, Ýehowanyň Müsüre beren ilkinji üç jezasy barada gürrüň ber.
Ilkinji üç jezanyň soňky jezalardan näme tapawudy bar?
Dördünji, bäşinji we altynjy jeza nämedi?
Ýedinji, sekizinji we dokuzynjy jezalary gürrüň ber.
Onunjy jezadan öň Ýehowa ysraýyllylara näme etmegi tabşyrdy?
Onunjy jeza näme we ondan soň näme boldy?
Goşmaça soraglar:
Çykyş 7:19—8:23-nji aýatlary oka.
Müsüriň jadygöýleri Ýehowanyň beren ilkinji iki jezasyny gaýtalap bilseler-de, üçinji jezadan soň nämäni boýun almaly boldular? (Çyk. 8:18, 19; Mat. 12:24—28).
Ýehowanyň öz halkyny gorap biljekdigini dördünji jeza nädip görkezýär we bu «agyr muşakgatyň» golaýlaşýandygy sebäpli Hudaýyň halkynda nähili duýgy döredýär? (Çyk. 8:22, 23; Ylh. 7:13, 14; 2 Ýyl. 16:9).
Çykyş 8:24; 9:3, 6, 10, 11, 14, 16, 23—25-nji we 10:13—15, 21—23-nji aýatlary oka.
On jeza bilen adamlaryň haýsy iki topary paş edildi we bu biziň şu günki iki topara bolan garaýşymyza nähili täsir edýär? (Çyk. 8:10, 18, 19; 9:14).
Şu günler Şeýtanyň bolmagyna Ýehowanyň ýol berendigine düşünmäge, Çykyş 9:16 nädip kömek edýär? (Rim. 9:21, 22).
Çykyş 12:21—32-nji aýatlary oka.
Köp adamlaryň gutulmagyna Pasha nädip ýol açdy we ol nämäni görkezýärdi? (Çyk. 12:21—23; Ýahýa 1:29; Rim. 5:18, 19, 21; 1 Kor. 5:7).
33-nji hekaýa
Gyzyl deňzinden geçýärler
Aýallary, çagalary hasaba almasak, näçe erkek adam Müsürden çykdy we olaryň arasynda ýene-de kimler bardy?
Ysraýyllylary goýberenden soň, faraon özüni nähili duýdy we ol näme etdi?
Müsürliler ysraýyllylara hüjüm etmez ýaly Ýehowa näme etdi?
Musa hasasyny Gyzyl deňze uzadanda näme boldy we ysraýyllylar näme etdi?
Müsürliler ysraýyllylaryň yzyndan deňze okdurylanda näme boldy?
Ysraýyllylar halas bolanyna begenýändigini we Ýehowa minnetdardygyny nädip görkezdiler?
Goşmaça soraglar:
Çykyş 12:33—36-njy aýatlary oka.
Müsürde çeken zähmet hakyny Ýehowa ysraýyllylara nädip alyp berdi? (Çyk. 3:21, 22; 12:35, 36; Zeb. 105:36—38).
Çykyş 14:1—31-nji aýatlary oka.
Armageddon söweşiniň şaýady boljak Ýehowanyň häzirki gullukçylaryna, Çykyş 14:13, 14-nji aýatlardaky Musanyň sözleri nähili täsir etmeli? (2 Ýyl. 20:17; Zeb. 91:8).
Çykyş 15:1—8, 20, 21-nji aýatlary oka.
Näme üçin Ýehowanyň gullukçylary Hudaýa nagma aýtmaly? (Çyk. 15:1, 2; Zeb. 105:2, 3; Ylh. 15:3, 4).
Gyzyl deňziniň kenarynda Ýehowa öwgi aýdymyny aýdan Merýemdir beýleki aýallar, mesihçi uýalara nähili görelde galdyrdylar? (Çyk. 15:20, 21; Zeb. 68:11: «Sözi beren Rebdi, ony jar edenler [aýallar, TD] bolsa uly goşundy»).
34-nji hekaýa
Täze iýmit
Suratdaky adamlar ýerden näme ýygnaýarlar we onuň ady näme?
Musa manna ýygnamak babatda halka nähili görkezme berdi?
Ýehowa ysraýyllylara altynjy gün näme etmegi tabşyrdy we näme üçin?
Ýedinji güne goýlan manna bilen Ýehowa nähili gudrat görkezdi?
Ýehowa halkyny manna bilen näçe wagt iýmitlendirdi?
Goşmaça soraglar:
Çykyş 16:1—36 we Sanlar 11:7—9-njy aýatlary oka.
Mesihçiler ýygnagyndaky teokratik taýdan bellenen doganlara hormat goýmak barada Çykyş 16:8-den näme öwrenýäris? (Ýew. 13:17).
Çöldäki ysraýyllylara Ýehowa garaşlydygy nädip her gün ýatladylýardy? (Çyk. 16:14—16, 35; Kanun. 8:2, 3).
Isa mannanyň haýsy manysy barada aýtdy we «gökden inen çöregiň» bize nähili peýdasy bar? (Ýahýa 6:31—35, 40).
Ýeşuw 5:10—12-nji aýatlary oka.
Ysraýyllylar mannany näçe ýyllap iýdiler, bu nädip olara synag boldy we mundan näme öwrenýäris? (Çyk. 16:35; San. 11:4—6; 1 Kor. 10:10, 11).
35-nji hekaýa
Ýehowa kanun berýär
Ysraýyllylar Müsürden çykyp, iki aýdan soň nirede çadyr gurdular?
Ýehowa ysraýyllylaryň näme etmegini isledi we olar näme jogap berdiler?
Ýehowa näme üçin Musa iki sany tekiz daş berdi?
Ýehowa ysraýyllylara on tabşyrykdan başga ýene-de nähili kanun berdi?
Isa haýsy iki kanuna iň esasy kanun diýdi?
Goşmaça soraglar:
Çykyş 19:1—25; 20:1—21; 24:12—18 we 31:18-nji aýatlary oka.
Hudaýa özüni bagyş edýän mesihçiniň nämeler etmelidigini, Çykyş 19:8-däki sözler nädip görkezýär? (Mat. 16:24; 1 Pet. 4:1—3).
Kanunyň gaýtalanyşy 6:4—6; Lewililer 19:18 we Matta 22:36—40-njy aýatlary oka.
Mesihçiler Hudaýa hem-de ýakynyna bolan söýgüsini nädip görkezýär? (Mar. 6:34; Res. iş. 4:20; Rim. 15:2).
36-njy hekaýa
Altyn göle
Suratdaky adamlar näme edýärler we näme üçin?
Ýehowa näme üçin gaty gaharlandy we halkyň edýän işini görende Musa näme etdi?
Musa birnäçe adama näme buýurdy?
Biz bu wakadan näme öwrenýäris?
Goşmaça soraglar:
Çykyş 32:1—35-nji aýatlary oka.
Şu waka hakyky seždäniň ýalan din bilen garyşmagyna Ýehowanyň garaýşyny nädip görkezýär? (Çyk. 32:4—6, 10; 1 Kor. 10:7, 11).
Mesihçiler aýdymdyr saz ýaly dynç alyş güýmenjelerini saýlanda näme üçin seresap bolmaly? (Çyk. 32:18, 19; Efes. 5:15, 16; 1 Ýahýa 2:15—17).
Dogrulygyň tarapyny tutup, lewilileriň taýpasy nähili görelde görkezdi? (Çyk. 32:25—28; Zeb. 18:25).
37-nji hekaýa
Sežde etmek üçin çadyr
Suratdaky gurnalan zada näme diýilýär we ony näme üçin ulanýardylar?
Ýehowa Musa çadyry näme üçin aňsat söküp bolar ýaly edip ýasamagy tabşyrdy?
Çadyryň aňry ujundaky kiçi otagda duran sandyk näme we onuň içinde näme bar?
Ýehowa baş ruhany edip kimi belledi we ol näme etmelidi?
Çadyryň uly otagynda ýerleşýän üç zat näme?
Çadyryň howlusyndaky iki zat näme we olar näme üçin gerek?
Goşmaça soraglar:
Çykyş 25:8—40; 26:1—37; 27:1—8 we 28:1-nji aýatlary oka.
«Äht sandygynyň» üstündäki kerubiler näme aňladýar? (Çyk. 25:20, 22; San. 7:89; 2 Pat. 19:15).
Çykyş 30:1—10, 17—21; 34:1, 2 we Ýewreýler 9:1—5-nji aýatlary oka.
Ýehowa çadyrda gulluk eden ruhanylaryň beden taýdan arassaçylyk saklamagyna näme üçin uly ähmiýet berdi we bu bize nähili täsir etmeli? (Çyk. 30:18—21; 40:30, 31; Ýew. 10:22).
Pawlus resul ýewreý mesihçilerine ýazan hatynda çadyr bilen Kanun ähtiniň indi ulanylmaýandygyny nädip görkezdi? (Ýew. 9:1, 9; 10:1).
38-nji hekaýa
On iki içaly
Suratdaky üzüm hoşasynyň näme aýratynlygy bar we ony nireden getirdiler?
Musa on iki içalyny Kengan ýurduna näme üçin ýollady?
Içalylaryň onusy Musanyň ýanyna dolanyp gelende näme diýdiler?
Içalylaryň ikisi Ýehowa bil baglaýandygyny nädip görkezdiler we olaryň atlary näme?
Ýehowa näme üçin gaty gaharlandy we ol Musa näme diýdi?
Goşmaça soraglar:
Sanlar 13:1—33-nji aýatlary oka.
Kimler içaly saýlandy we olar nähili mümkinçiligi elden gidirdiler? (San. 13:2, 3, 18—20).
Ýeşuw bilen Kalebiň pikiri beýleki içalylaryň pikirinden näme üçin tapawutlanýardy we mundan näme öwrenýäris? (San. 13:28—30; Mat. 17:20; 2 Kor. 5:7).
Sanlar 14:1—38-nji aýatlary oka.
Ýehowanyň ýerdäki wekillerine nägilelik bildirmekden näme üçin seresap bolmaly? (San. 14:2, 3, 27; Mat. 25:40, 45; 1 Kor. 10:10).
Ýehowanyň her bir gullukçysy bilen aýratyn gyzyklanýandygyny Sanlar 14:24 nädip görkezýär? (1 Pat. 19:18; Sül. tym. 15:3).
39-njy hekaýa
Harunyň güllän hasasy
Musa bilen Haruna kim garşy çykdy we olar Musa näme diýdiler?
Koraha we onuň 250 sany tarapdaryna Musa näme diýdi?
Musa halka näme etmegi buýurdy we ol sözüni tamamlanda näme boldy?
Koraha we onuň 250 sany tarapdaryna näme boldy?
Harunyň ogly Eliýazar ölen adamlaryň buhurdanlaryny näme etdi we näme üçin?
Ýehowa näme üçin Harunyň hasasyny güllär ýaly etdi? (Surata seret).
Goşmaça soraglar:
Sanlar 16:1—49-njy aýatlary oka.
Korah we onuň tarapdarlary näme etdi we näme üçin olar Ýehowa garşy çykdy? (San. 16:9, 10, 18; Lew. 10:1, 2; Sül. tym. 11:2).
Korah we 250 sany «halkyň baştutanlary» nähili nädogry pikirdedi? (San. 16:1—3; Sül. tym. 15:33; Iş. 49:7).
Sanlar 17:1—11 we 26:10-njy aýatlary oka.
Harunyň hasasynyň güllemegi nämäni görkezdi we näme üçin Ýehowa ony sandykda saklamagy tabşyrdy? (San. 17:5, 8, 10; Ýew. 9:4).
Harunyň güllän hasasynyň mysaly bize nähili wajyp sapak bolup biler? (San. 17:10; Res. iş. 20:28; Flp. 2:14; Ýew. 13:17).
40-njy hekaýa
Musa hasasyny gaýa urýar
Ýehowa nädip çölde halkynyň aladasyny etdi?
Ysraýyllylar Kadeşde düşlänlerinde nämä zeýrendiler?
Ýehowa adamlara we haýwanlara nädip suw berdi?
Suratdaky özüni görkezip duran adam kim we näme üçin ol özüni görkezýär?
Ýehowa Musa bilen Haruna näme üçin gaharlandy we olara nähili temmi berildi?
Or dagynda näme boldy we Ysraýyl halkynyň baş ruhanysy kim bolýar?
Goşmaça soraglar:
Sanlar 20:1—13, 22—29-njy we Kanunyň gaýtalanyşy 29:5-nji aýatlary oka.
Ýehowanyň çölde ysraýyllylaryň aladasyny edişinden näme öwrenýäris? (Kanun. 29:5; Mat. 6:31; Ýew. 13:5; Ýakup 1:17).
Ýehowa Musa bilen Harunyň Ysraýyl halkynyň öňünde ony şöhratlandyrmandygyna nähili garady? (San. 20:12; 1 Kor. 10:12; Ylh. 4:11).
Ýehowanyň beren temmisine Musanyň garaýşyndan näme öwrenýäris? (San. 12:3; 20:12, 27, 28; Kanun. 32:4; Ýew. 12:7—11).
41-nji hekaýa
Misden ýasalan ýylan
Ýehowa pürse nämäni berkitmegi tabşyrdy we näme üçin? (Surata seret.)
Halk Hudaýyň beren zatlarynyň gadyryny bilmeýändigini nädip görkezdi?
Ýehowa jeza bermek üçin zäherli ýylanlary iberende, halk Musadan näme haýyş etdi?
Ýehowa Musa näme üçin misden ýylan ýasamagy tabşyrdy?
Biz şu wakadan nähili sapak edinýäris?
Goşmaça soraglar:
Sanlar 21:4—9-njy aýatlary oka.
Ýehowanyň eden ýagşylygyna ysraýyllylaryň nägile bolmagy, bize nähili sapak bolup biler? (San. 21:5, 6; Rim. 2:4).
Ýüzlerçe ýyldan soň ysraýyllylar misden ýasalan ýylany nämede ulandylar we Hizkiýa patyşa ony näme etdi? (San. 21:9; 2 Pat. 18:1—4).
Ýahýa 3:14, 15-nji aýatlary oka.
Pürse berkidilen ýylanyň pürse çüýlenen Isa Mesihi suratlandyrmagy näme üçin ýerlikli? (Gal. 3:13; 1 Pet. 2:24).
42-nji hekaýa
Gepleýän eşek
Balak kim we ol Balamyň yzyndan näme üçin adam iberýär?
Balamyň eşegi näme üçin ýoluň üstünde ýatýar?
Eşek Balama näme diýdi?
Perişde Balama näme diýdi?
Balam Ysraýyly näletlejek bolanda näme boldy?
Goşmaça soraglar:
Sanlar 21:21—35-nji aýatlary oka.
Ysraýyllylar Amorylaryň patyşasy Sihony, Başanyň patyşasy Ogy näme üçin derbi-dagyn etdiler? (San. 21:21, 23, 33, 34).
Sanlar 22:1—40-njy aýatlary oka.
Balam Ysraýyly näme üçin näletlejek boldy we biz mundan näme öwrenýäris? (San. 22:16, 17; Sül. tym. 6:16, 18; 2 Pet. 2:15; Ýahuda 11).
Sanlar 23:1—30-njy aýatlary oka.
Balamyň sözleri Hudaýyň gullukçysydygyny görkezse-de, onuň hereketleri näme üçin ters gelýärdi? (San. 23:3, 11—14; 1 Şam. 15:22).
Sanlar 24:1—25-nji aýatlary oka.
Mukaddes Ýazgylardaky bu waka Ýehowanyň niýetiniň hökman ýerine ýetjekdigine imanymyzy nädip berkidýär? (San. 24:10; Iş. 54:17; Rim. 8:31).
43-nji hekaýa
Ýeşuw serdar bellenýär
Musanyň ýanynda duran iki adam kim? (Surata seret.)
Ýehowa Ýeşuwa näme diýdi?
Musa Nebo dagyna näme üçin çykdy we ol ýerde Ýehowa oňa näme diýdi?
Musa aradan çykanda näçe ýaşyndady?
Ysraýyllylar nämä gynandylar, ýöne olarda begenmäge nähili sebäp bardy?
Goşmaça soraglar:
Sanlar 27:12—23-nji aýatlary oka.
Ýehowa Ýeşuwa nähili jogapkärli iş tabşyrdy we Ýehowanyň halkynyň aladasyny edýändigi şu günler nämede görünýär? (San. 27:15—19; Res. iş. 20:28; Ýew. 13:7).
Kanunyň gaýtalanyşy 3:23—29-njy aýatlary oka.
Ýehowa Musa bilen Haruna Wada edilen diýara girmäge näme üçin rugsat bermedi we bu bize nähili sapak bolup biler? (Kanun. 3:25—27; San. 20:12, 13; Zeb. 106:32, 33).
Kanunyň gaýtalanyşy 31:1—8, 14—23-nji aýatlary oka.
Ýehowanyň temmisini Musanyň kiçigöwünlik bilen kabul edendigini, onuň ölüminiň öň ýany aýdan sözleri nädip görkezýär? (Kanun. 31:6—8, 23).
Kanunyň gaýtalanyşy 32:45—52-nji aýatlary oka.
Hudaýyň Sözi biziň durmuşymyza nähili täsir etmeli? (Kanun. 32:47; Lew. 18:5; Ýew. 4:12).
Kanunyň gaýtalanyşy 34:1—12-nji aýatlary oka.
Musa Ýehowany gözi bilen görmese-de, Kanunyň gaýtalanyşy 34:10-dan onuň Hudaý bilen gatnaşygy barada nähili netijä gelse bolar? (Çyk. 33:11, 20; San. 12:8).
44-nji hekaýa
Rahaw içalylary gizleýär
Rahaw nirede ýaşaýardy?
Suratdaky iki adam kim we olar Eriha nädip geldiler?
Erihanyň patyşasy Rahawa näme buýurdy we ol näme jogap berdi?
Rahaw iki sany ysraýylly adama nädip kömek etdi we olardan näme haýyş etdi?
Içalylar Rahawa nämäni söz berdi?
Goşmaça soraglar:
Ýeşuw 2:1—24-nji aýatlary oka.
Ysraýyllylar Erihany basyp alanda, Çykyş 23:27-däki Ýehowanyň beren sözi nädip ýerine ýetdi? (Ýeşuw 2:9—11).
Ýewreýler 11:31-i oka.
Imanyň wajyplygy Rahawyň mysalyndan nädip görünýär? (Rim. 1:17; Ýew. 10:39; Ýakup 2:25).
45-nji hekaýa
Iordan derýasyndan geçýärler
Ysraýyllylar Iordan derýasyndan geçer ýaly, Ýehowa nähili gudrat görkezdi?
Ysraýyllylar imanyny Iordan derýasyndan geçmänkä nädip görkezmelidi?
Ýehowa Ýeşuwa näme üçin derýanyň düýbünden on iki sany uly daşy almagy buýurdy?
Ruhanylar Iordan derýasyndan çykan badyna näme boldy?
Goşmaça soraglar:
Ýeşuw 3:1—17-nji aýatlary oka.
Şu wakadan görnüşi ýaly, Ýehowadan kömek hem pata almak üçin näme etmeli? (Ýeş. 3:13, 15; Sül. tym. 3:5; Ýakup 2:22, 26).
Ysraýyllylar Iordan derýasyndan geçip Wada edilen diýara girenlerinde, derýa nähili ýagdaýdady we bu waka Ýehowanyň adyny nädip şöhratlandyrdy? (Ýeş. 3:15; 4:18; Zeb. 66:5—7).
Ýeşuw 4:1—18-nji aýatlary oka.
On iki sany daşy näme maksat bilen Iordan derýasynyň düýbünden alyp Gilgalda goýdular? (Ýeş. 4:4—7, 19—24).
46-njy hekaýa
Erihanyň diwarlary
Ýehowa ruhanylara we esgerlere alty günläp näme etmegi tabşyrdy?
Ýedinji gün olar näme etmelidiler?
Erihanyň diwarlaryna näme boldy? (Surata seret.)
Äpişgeden gyzyl ýüp näme üçin sallanyp dur?
Ýeşuwyň buýrugy boýunça esgerler şäheriň ýaşaýjylaryny we kümşi, altyny, misi hem-de demri näme etmelidiler?
Iki içala näme buýruk berildi?
Goşmaça soraglar:
Ýeşuw 6:1—25-nji aýatlary oka.
Erihanyň diwarlarynyň daşyndan ýedinji gün aýlanylmagy, şu soňky günlerde Ýehowanyň Güwäçileriniň wagyz işi bilen näme meňzeşligi bar? (Ýeş. 6:15, 16; Iş. 60:22; Mat. 24:14; 1 Kor. 9:16).
Ýeşuw 6:25-däki pygamberlik 500 ýyldan nädip ýerine ýetdi we biz mundan Ýehowanyň sözi barada näme bilýäris? (1 Pat. 16:34; Iş. 55:11; 1 Pet. 1:24, 25).
47-nji hekaýa
Ysraýyldaky ogry
Suratdaky Erihadan alnan hazynany gizläp duran adam kim we oňa kim kömek edýär?
Ahanyň we maşgalasynyň eden işi näme üçin agyr günädi?
Ysraýyllylaryň Gaý şäherinden näme üçin ýeňlendigini soranda, Ýehowa Ýeşuwa näme jogap berdi?
Ahan we onuň maşgalasy Ýeşuwyň ýanyna baranlaryndan soň, olara näme boldy?
Ahanyň höküm edilmeginden biz näme öwrenýäris?
Goşmaça soraglar:
Ýeşuw 7:1—26-njy aýatlary oka.
Ýeşuwyň Ýaradyjy bilen gatnaşygyny onuň dogasy nädip görkezýär? (Ýeş. 7:7—9; Zeb. 119:145; 1 Ýahýa 5:14).
Ahan bilen bolan waka nämäni görkezýär we bu bize näme üçin duýduryş bolup biler? (Ýeş. 7:11, 14, 15; Sül. tym. 15:3; 1 Tim. 5:24; Ýew. 4:13).
Ýeşuw 8:1—29-njy aýatlary oka.
Şu günler ýygnak duşuşyklary bilen baglanyşykly her birimizde nähili jogapkärçilik bar? (Ýeş. 7:13; Lew. 5:1; Sül. tym. 28:13).
48-nji hekaýa
Paýhasly gibeonlylar
Gibeonyň ýaşaýjylary golaýdaky başga şäherde ýaşaýan kenganlylardan nämede tapawutlanýar?
Suratda görkezilişi ýaly gibeonlylar näme etdiler we näme üçin?
Ýeşuwdyr beýleki ýolbaşçylar gibeonlylara näme söz berdiler we birnäçe günden soň nämäni bildiler?
Başga şäheriň patyşalary gibeonlylaryň Ysraýyl bilen parahatlyk baglaşanyny bilende näme boldy?
Goşmaça soraglar:
Ýeşuw 9:1—27-nji aýatlary oka.
Ýehowa Ysraýyla «bu ýurduň ýaşaýjylarynyň hemmesini öldüriň» diýip buýursa-da, gibeonlylary diri galdyryp, nähili häsiýetleri görkezdi? (Ýeş. 9:22, 24; Mat. 9:13; Res. iş. 10:34, 35; 2 Pet. 3:9).
Gibeonlylara beren sözünde durup, Ýeşuw şu günki mesihçilere nähili ajaýyp görelde galdyrdy? (Ýeş. 9:18, 19; Mat. 5:37; Efes. 4:25).
Ýeşuw 10:1—5-nji aýatlary oka.
Uly märeke gibeonlylardan nädip görelde alýar we netijede kimiň gaharyna sezewar bolýar? (Ýeş. 10:4; Zak. 8:23; Mat. 25:35—40; Ylh. 12:17).
49-njy hekaýa
Gün saklanýar
Ýeşuw näme diýýär we näme üçin? (Surata seret.)
Ýehowa Ýeşuwa we onuň esgerlerine nädip kömek edýär?
Ýeşuw näçe patyşany ýeňýär we muňa näçe wagt gerek boldy?
Ýeşuw Kengan ýurdunyň ýerini näme üçin paýlamaly boldy?
Ýeşuw näçe ýaşynda aradan çykdy we şondan soň Ysraýyl halkyna näme boldy?
Goşmaça soraglar:
Ýeşuw 10:6—15-nji aýatlary oka.
Ýehowanyň ysraýyllylar üçin Güni we Aýy saklamagy, biziň nämä ynamymyzy berkidýär? (Ýeş. 10:8, 10, 12, 13; Zeb. 18:3; Sül. tym. 18:10).
Ýeşuw 12:7—24-nji aýatlary oka.
Kengan ýurdunyň 31 sany patyşasyny kimiň kömegi bilen ýeňdiler we onuň bize näme üçin uly ähmiýeti bar? (Ýeş. 12:7; 24:11—13; Kanun. 31:8; Luka 21:9, 25—28).
Ýeşuw 14:1—5-nji aýatlary oka.
Ysraýylyň taýpalarynyň arasynda ýer nädip paýlanyldy we bu Jennetdäki miras paýymyz babatda nämäni görkezýär? (Ýeş. 14:2; Iş. 65:21; Ezek. 47:21—23; 1 Kor. 14:33).
Kazylar 2:8—13-nji aýatlary oka.
Şu günler gadymy Ysraýyldaky Ýeşuw ýaly kim imandan dänenlere garşy durýar? (Kaz. 2:8, 10, 11; Mat. 24:45—47; 2 Sel. 2:3—6; Titus 1:7—9; Ylh. 1:1; 2:1, 2).
50-nji hekaýa
Iki batyrgaý aýal
Kazy diýip kime aýdylýar we olaryň käbiriniň ady näme?
Debora nähili uly hormata eýe boldy we muňa nämeler degişli?
Ýabin patyşa bilen Siseranyň ýolbaşçylygyndaky goşun Ysraýyla çozjak bolanda, Ýehowanyň haýsy habaryny Debora Baraka ýetirdi we onuň aýtmagyna görä ýeňşi kim gazanmalydy?
Ýael nädip batyrgaýlyk görkezdi?
Ýabin patyşa ölenden soň näme boldy?
Goşmaça soraglar:
Kazylar 2:14—22-nji aýatlary oka.
Ysraýyllylar nädip Ýehowanyň gaharyny getirdiler we biz mundan näme öwrenýäris? (Kaz. 2:20; Sül. tym. 3:1, 2; Ezek. 18:21—23).
Kazylar 4:1—24-nji aýatlary oka.
Mesihçi uýalar Debora bilen Ýaeliň imandyr batyrgaýlygyndan näme öwrenip bilerler? (Kaz. 4:4, 8, 9, 14, 21, 22; Sül. tym. 31:30; 1 Kor. 16:13).
Kazylar 5:1—31-nji aýatlary oka.
«Armageddon» urşy barada doga edenimizde Barak bilen Deboranyň ýeňiş aýdymyndan näme öwrenip bileris? (Kaz. 5:3, 31; 1 Ýyl. 16:8—10; Ylh. 7:9, 10; 16:16; 19:19—21).
51-nji hekaýa
Rut we Naomi
Naominiň Moab ýurduna gelmegine näme sebäp boldy?
Rut bilen Orpa kim?
Naomi öz halkyna dolanjagyny aýdanda, Rut bilen Orpa näme etdi?
Boaz kim we ol Rut bilen Naomä nädip kömek etdi?
Boaz bilen Rut ilkinji ogluna näme at dakdylar we biz ony näme üçin ýatda saklamaly?
Goşmaça soraglar:
Rut 1:1—17-nji aýatlary oka.
Päk söýgi babatda Rut nähili ajaýyp görelde galdyrdy? (Rut 1:16, 17).
Rutuň özüni alyp barşy bilen, şu günler «başga goýunlaryň» mesh edilenlere bolan gatnaşygynyň näme meňzeşligi bar? (Ýahýa 10:16; Zak. 8:23).
Rut 2:1—23-nji aýatlary oka.
Rut ýaş gelinlere nähili görelde galdyrdy? (Rut 2:17, 18; Sül. tym. 23:22; 31:15).
Rut 3:5—13-nji aýatlary oka.
Rut ýaş ýigide äre baryp bilýärkä, Boaza durmuşa çykmaga razy bolmagyna Boaz nähili garady?
Wepaly söýgüni bildirmekde Rutuň häsiýetinden biz näme öwrenýäris? (Rut 3:10; 1 Kor. 13:4, 5).
Rut 4:7—17-nji aýatlary oka.
Mesihçi doganlar Boazdan nädip görelde alyp biler? (Rut 4:9, 10; 1 Tim. 3:1, 12, 13; 5:8).
52-nji hekaýa
Gideon we 300 esgeri
Ysraýyllylar nädip kyn ýagdaýa düşdüler we näme üçin?
Ýehowa näme üçin Gideona: «Seniň ýanyňda henizem adam köp» diýdi?
Gideon gorkýan adamlary öýüne iberende, näçe adam galdy?
Ýehowa Gideonyň goşunyny nädip 300-e ýetirdi? (Surata seret.)
Gideon goşunyny nädip taýýarlady we ysraýyllylar nädip ýeňiş gazandy?
Goşmaça soraglar:
Kazylar 6:3—40-njy aýatlary oka.
Gideon Ýehowanyň islegini nädip bildi?
Biz Ýehowanyň islegini şu günler nädip bilýäris? (Sül. tym. 2:3—6; Mat. 7:7—11; 2 Tim. 3:16, 17).
Kazylar 7:1—25-nji aýatlary oka.
Hüşgärligini ýitirenlerden tapawutlylykda, seresaply bolan 300 esgeriň mysalyndan näme öwrenýäris? (Kaz. 7:3, 6; Rim. 13:11, 12; Efes. 5:15—17).
«Gideona seredip oňa eýeren» 300 esger ýaly, biz nädip Uly Gideon, Isa Mesihe «eýerip» bilýäris? (Kaz. 7:17; Mat. 11:29, 30; 28:19, 20; 1 Pet. 2:21).
Ýehowanyň guramasynda ynanylýan borçlara kaýyl bolmaga, Kazylar 7:21 bize nädip kömek edýär? (1 Kor. 4:2; 12:14—18; Ýakup 4:10).
Kazylar 8:1—3-nji aýatlary oka.
Dogan ýa uýa bilen düşünişmezlik dörände, Gideonyň efraýymlylar bilen jedelini çözüşinden näme öwrenýäris? (Sül. tym. 15:1; Mat. 5:23, 24; Luka 9:48).
53-nji hekaýa
Ýeftahyň beren sözi
Ýeftah kim we ol haýsy döwürde ýaşady?
Ýeftah Ýehowa näme söz berdi?
Ammonlylary ýeňip öýüne gelende, Ýeftah näme üçin gynandy?
Kakasynyň beren sözi barada bilende, Ýeftahyň gyzy näme diýdi?
Halk Ýeftahyň gyzyny näme üçin gowy görýär?
Goşmaça soraglar:
Kazylar 10:6—18-nji aýatlary oka.
Ysraýyl halkynyň Ýehowa wepaly bolmandygy bize nähili sapak bolup biler? (Kaz. 10:6, 15, 16; Rim. 15:4; Ylh. 2:10).
Kazylar 11:1—11, 29—40-njy aýatlary oka.
Ýeftah gyzyny Hudaýa «ýakylýan gurban» hökmünde berende, ony otda ýakmandygyny biz nireden bilýäris? (Kaz. 11:31; Lew. 16:24; Kanun. 18:10, 12; Zeb. 106:37, 38).
Ýeftah gyzyny haýsy manyda gurban getirdi?
Ýeftahyň Hudaýa beren sözüni berjaý etmeginden biz näme öwrenýäris? (Kaz. 11:35, 39; Wag. 5:4, 5; Mat. 16:24).
Ýaş mesihçilere durmuşyny doly wagtly gulluga bagyş etmekde, Ýeftahyň gyzy nähili ajaýyp görelde bolup biler? (Kaz. 11:36; Mat. 6:33; Flp. 3:8).
54-nji hekaýa
Iň güýçli adam
Dünýäde iň güýçli adamyň ady näme we oňa güýji kim berdi?
Şimşonyň öňünden uly ýolbars çykanda, ol näme etdi? (Surata seret.)
Suratda görkezilişi ýaly Şimşon Delilä haýsy syryny açdy we bu nädip onuň filistililere ýesir düşmegine getirdi?
Şimşon ölen güni 3 000 filistilileri nädip öldürdi?
Goşmaça soraglar:
Kazylar 13:1—14-nji aýatlary oka.
Manoý we aýaly çaga terbiýelemekde nädip gowy görelde görkezdi? (Kaz. 13:8; Zeb. 127:3; Efes. 6:4).
Kazylar 14:5—9 we 15:9—16-njy aýatlary oka.
Ýehowanyň mukaddes ruhunyň täsiri barada Şimşonyň ýolbarsy öldürişinden, 1 000 adamy eşegiň äňi bilen öldürişinden we ellerine daňylgy täze ýüpleri üzüşinden näme bilýäris?
Şu günler mukaddes ruh bize nädip kömek edýär? (Kaz. 14:6; 15:14; Zak. 4:6; Res. iş. 4:31).
Kazylar 16:18—31-nji aýatlary oka.
Ýaman ýaranlar Şimşona nähili täsir etdi we biz mundan näme öwrenýäris? (Kaz. 16:18, 19; 1 Kor. 15:33).
55-nji hekaýa
Kiçijik oglan Hudaýa gulluk edýär
Suratdaky oglanjygyň ady näme we onuň töweregindäkiler kimler?
Bir gezek Hanna Ýehowanyň çadyrynda näme barada doga etdi we Ýehowa oňa näme jogap berdi?
Ýehowanyň çadyrynda gulluk etmäge getirenlerinde Samuel näçe ýaşyndady we onuň ejesi her ýyl näme edýärdi?
Eliniň ogullarynyň ady näme we olar nähili adamdy?
Bir gezek Ýehowa Samuele nädip ýüzlendi we oňa näme diýdi?
Samuel ulalanda kim bolup ýetişdi we garranda nämeler boldy?
Goşmaça soraglar:
1 Şamuwel 1:1—28-nji aýatlary oka.
Elkana hakyky seždede ýolbaşçylyk edip, maşgalabaşylara nähili görelde görkezdi? (1 Şam. 1:3, 21; Mat. 6:33; Flp. 1:10).
Hannanyň kyn ýagdaýda eden hereketinden nähili sapak alýarys? (1 Şam. 1:10, 11; Zeb. 55:22; Rim. 12:12).
1 Şamuwel 2:11—36-njy aýatlary oka.
Eliniň öz ogullaryny Ýehowadan artyk görendigi nämeden görünýär we bu bize näme üçin duýduryş bolup biler? (1 Şam. 2:22—24, 27, 29; Kanun. 21:18—21; Mat. 10:36, 37).
1 Şamuwel 4:16—18-nji aýatlary oka.
Elä söweş meýdanyndan nähili dört sany gynançly habar getirdiler we soňra oňa näme boldy?
1 Şamuwel 8:4—9-njy aýatlary oka.
Ysraýyllylar Ýehowany nädip kemsitdiler we biz şu günler Patyşalygyň tarapynda nädip wepaly galyp bileris? (1 Şam. 8:5, 7; Ýahýa 17:16; Ýakup 4:4).
56-njy hekaýa
Saul Ysraýylyň ilkinji patyşasy
Samuel näme edýär we näme üçin? (Surata seret.)
Ýehowa Sauly näme üçin gowy görýärdi we ol nähili adamdy?
Saulyň oglunyň ady näme we ol näme edýär?
Saul Samuele garaşman, gurbanlygy näme üçin özi berýär?
Saul bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?
Goşmaça soraglar:
1 Şamuwel 9:15—21 we 10:17—27-nji aýatlary oka.
Saulyň kiçigöwünliligi ony sylamadyk adamlara garşy howlukmaç bir iş etmekden nädip gorady? (1 Şam. 9:21; 10:21, 22, 27; Sül. tym. 17:27).
1 Şamuwel 13:5—14-nji aýatlary oka.
Saul Gilgalda nähili günä etdi? (1 Şam. 10:8; 13:8, 9, 13).
1 Şamuwel 15:1—35-nji aýatlary oka.
Amalekleriň patyşasy Agag bilen baglanyşykly Saul nähili agyr günä etdi? (1 Şam. 15:2, 3, 8, 9, 22).
Saul özüni aklap, nädip günäsini başgalaryň üstüne atjak boldy? (1 Şam. 15:24).
Bize maslahat berenlerinde haýsy wakany ýada salmaly? (1 Şam. 15:19—21; Zeb. 141:5; Sül. tym. 9:8, 9; 11:2).
57-nji hekaýa
Hudaý Dawudy saýlaýar
Suratdaky oglanyň ady näme we onuň batyrdygyny nireden bilýäris?
Dawut nirede ýaşaýar we onuň kakasynyň hem-de atasynyň ady näme?
Ýehowa Samueli Beýtullahamdaky Ýessäniň öýüne näme üçin iberýär?
Ýesse ýedi ogluny-da Samueliň ýanyna eltende näme boldy?
Dawudy eltenlerinde Ýehowa Samuele näme diýdi?
Goşmaça soraglar:
1 Şamuwel 17:34, 35-nji aýatlary oka.
Bu wakalar Dawudyň batyrgaýdygyny we Ýehowa bil baglaýandygyny nädip görkezýär? (1 Şam. 17:37).
1 Şamuwel 16:1—14-nji aýatlary oka.
Adamlary ala tutmazlyga we olaryň daş keşbine seredip netije çykarmazlyga, 1 Şamuwel 16:7-däki Ýehowanyň sözleri nädip kömek edýär? (Res. iş. 10:34, 35; 1 Tim. 2:4).
Ýehowa mukaddes ruhuny aýranda, deregine erbet ruhuň, ýagny erbetlik etmek isleginiň döreýändigini Saulyň mysaly nädip görkezýär? (1 Şam. 16:14; Mat. 12:43—45; Gal. 5:16).
58-nji hekaýa
Dawut we Golýat
Golýat Ysraýyl goşunyna näme diýdi?
Golýatyň boýy nähilidi we Saul ony öldüren adama näme berjek diýdi?
Saul Dawudyň ýaş bolany üçin Golýat bilen söweşip bilmejegini aýdanda, Dawut näme diýdi?
Dawudyň Golýata aýdan sözlerinden onuň Ýehowa bil baglaýandygy nähili görünýär?
Suratda görşüň ýaly Dawut Golýaty näme bilen öldürýär we şondan soň filistililere näme bolýar?
Goşmaça soraglar:
1 Şamuwel 17:1—54-nji aýatlary oka.
Dawut näme üçin şeýle mertdi we biz onuň batyrlygyndan görelde alyp näme etmeli? (1 Şam. 17:37, 45; Efes. 6:10, 11).
Mesihçiler haýsam bolsa bir oýun oýnanda, näme üçin Golýat ýaly bäsdeş bolmaly däl? (1 Şam. 17:8; Gal. 5:26; 1 Tim. 4:8).
Dawudyň sözleri Hudaýyň goldawyna ynanýandygyny nädip görkezýär? (1 Şam. 17:45—47; 2 Ýyl. 20:15).
Bu söweşiň diňe bir iki goşunyň arasynda däl-de, ýalan taňrylar bilen hak Hudaý Ýehowanyň arasynda bolandygyny şu waka nädip görkezýär? (1 Şam. 17:43, 46, 47).
Mesh edilen galyndy Ýehowa bil baglap, Dawutdan nädip görelde alýar? (1 Şam. 17:37; Ýerem. 1:17—19; Ylh. 12:17).
59-njy hekaýa
Dawut näme üçin gaçmaly bolýar
Saul Dawuda näme üçin göriplik edýär we Ýonatanyň garaýşynyň Saulyňkydan näme tapawudy bar?
Bir gezek Dawut Saul üçin arfa çalyp otyrka näme boldy?
Saul gyzyny Dawuda bermezinden öň näme talap etdi we näme üçin?
Dawut Saul üçin arfa çalyp otyrka üçünji gezek näme boldy? (Surata seret.)
Mikal Dawudy nädip halas etdi we Dawut ýedi ýyllap näme etmeli boldy?
Goşmaça soraglar:
1 Şamuwel 18:1—30-njy aýatlary oka.
Ýonatanyň Dawuda bolan söýgüsi «başga goýunlar» bilen «kiçi süriniň» arasyndaky söýgini nädip görkezýär? (1 Şam. 18:1; Ýahýa 10:16; Luka 12:32; Zak. 8:23).
Sauldan soň Ýonatan patyşa bolmaly bolsa-da, onuň bellenen patyşa tabyn bolandygyny 1 Şamuwel 18:4 nädip görkezýär?
Göripligiň agyr günä eltýändigini Saulyň mysaly nädip görkezýär we bu bize nähili duýduryş bolup biler? (1 Şam. 18:7—9, 25; Ýakup 3:14—16).
1 Şamuwel 19:1—17-nji aýatlary oka.
1 Şamuwel 19:4, 5-nji aýatlardaky sözleri aýtmak bilen Ýonatan nädip janyny howp astyna saldy? (1 Şam. 19:1, 6).
60-njy hekaýa
Abigail we Dawut
Dawudyň ýanyna gelýän aýalyň ady näme we ol nähili häsiýeti bilen tapawutlanýar? (Surata seret.)
Nabal kim?
Dawut kömek sorap, birnäçe adamlaryny Nabalyň ýanyna näme üçin ýollaýar?
Nabal Dawudyň adamlaryna näme jogap berdi we Dawut muňa nähili garady?
Abigail nädip paýhasly hereket etdi?
Goşmaça soraglar:
1 Şamuwel 22:1—4-nji aýatlary oka.
Mesihçi doganlygyň agzasy bolup birek-biregi goldamakda, Dawudyň maşgalasy bize nädip görelde bolýar? (Sül. tym. 17:17; 1 Sel. 5:14).
1 Şamuwel 25:1—43-nji aýatlary oka.
Nabaly näme üçin ýigrenýärdiler? (1 Şam. 25:2—5, 10, 14, 21, 25).
Mesihçi aýallar Abigailiň mysalyndan näme öwrenip bilerler? (1 Şam. 25:32, 33; Sül. tym. 31:26; Efes. 5:24).
Abigail Dawudy nähili iki erbet işden saklady? (1 Şam. 25:31, 33; Rim. 12:19; Efes. 4:26).
Abigailiň sözlerine Dawudyň garaýşy, erkek adamlaryň aýallara Ýehowanyň garaýşy ýaly garamagyna nädip kömek edýär? (Res. iş. 21:8, 9; Rim. 2:11; 1 Pet. 3:7).
61-nji hekaýa
Dawut patyşa bolýar
Saul uklap ýatyrka Dawut bilen Abişaý näme etdi?
Dawut Saula nähili soraglar berdi?
Dawut Saulyň ýanyndan aýrylyp nirä gitdi?
Dawut näme üçin gaty gynandy we owadan aýdym düzdi?
Dawut Hebronda patyşa bolanda näçe ýaşyndady we onuň käbir ogullarynyň ady näme?
Ahyrynda Dawut nirede höküm sürýär?
Goşmaça soraglar:
1 Şamuwel 26:1—25-nji aýatlary oka.
1 Şamuwel 26:11-däki Dawudyň sözleri, onuň teokratiki düzgüne garaýşyny nädip görkezýär? (Zeb. 37:7; Rim. 13:2).
Eden ýagşylygymyza ýamanlyk bilen gaýtarsalar, dogry pikirde bolmaga Dawudyň 1 Şamuwel 26:23-däki sözleri nädip kömek edýär? (1 Pat. 8:32; Zeb. 18:20)
2 Şamuwel 1:26-njy aýatlary oka.
Dawut bilen Ýonatanyňky ýaly birek-birege «joşgunly söýgüni» mesihçiler nädip ösdürip biler? (1 Pet. 4:8; Kol. 3:14; 1 Ýahýa 4:12).
2 Şamuwel 5:1—10-njy aýatlary oka.
Dawut näçe ýyl höküm sürdi we onuň höküm süren wagtyny haýsy döwürlere bölüp bolar? (2 Şam. 5:4, 5).
Dawudyň beýikligi näme bilen düşündirilýär we bu bize näme üçin sapak bolmaly? (2 Şam. 5:10; 1 Şam. 16:13; 1 Kor. 1:31; Flp. 4:13).
62-nji hekaýa
Dawudyň öýündäki betbagtlyk
Ýehowanyň kömegi bilen Kengan ýurduna kim eýe boldy?
Bir gün agşam Dawut köşgüniň üçegine çykanda näme boldy?
Ýehowa Dawuda näme üçin gaty gaharlandy?
Suratda görkezilişi ýaly günäsini paş etmek üçin, Dawudyň ýanyna Ýehowa kimi ýollady we şol adamyň aýtmagyna görä Dawuda näme garaşýardy?
Dawudyň başyna nähili betbagtlyk indi?
Dawutdan soň kim patyşa boldy?
Goşmaça soraglar:
2 Şamuwel 11:1—27-nji aýatlary oka.
Ýehowa hemişe gulluk edip ýörsek, bize nädip gorag bolar?
Dawudy günä etmäge näme iterdi we Hudaýyň gullukçylary mundan näme sapak edinýärler? (2 Şam. 11:2; Mat. 5:27—29; 1 Kor. 10:12; Ýakup 1:14, 15).
2 Şamuwel 12:1—18-nji aýatlary oka.
Natanyň Dawuda maslahat berşi, ýygnak ýaşulularyna we ata-enelere nähili sapak bolup biler? (2 Şam. 12:1—4; Sül. tym. 12:18; Mat. 13:34).
Ýehowa Dawuda näme üçin rehimdarlyk etdi? (2 Şam. 12:13; Zeb. 32:5; 2 Kor. 7:9, 10).
63-nji hekaýa
Akyldar patyşa Süleýman
Ýehowa Süleýmana näme diýdi we Süleýman näme jogap berdi?
Ýehowa Süleýmanyň dilegine begenip, näme wada berdi?
Süleýmanyň ýanyna iki aýal nähili kyn sorag bilen geldi?
Süleýman bu meseläni nädip çözdi? (Surata seret.)
Süleýmanyň patyşalyk edýän döwründe, ýurduň ýagdaýy nähilidi we näme üçin?
Goşmaça soraglar:
1 Patyşalar 3:3—28-nji aýatlary oka.
1 Patyşalar 3:7-däki Süleýmanyň ýürekden aýdan sözlerinden, Hudaýyň guramasyndaky jogapkär doganlar näme öwrenip biler? (Zeb. 119:105; Sül. tym. 3:5, 6).
Süleýmanyň näme barada eden dilegi bize ajaýyp görelde bolýar? (1 Pat. 3:9, 11; Sül. tym. 30:8, 9; 1 Ýahýa 5:14).
Süleýmanyň iki aýalyň meselesini çözüşinden, Süleýmandanam uly Isa Mesihiň geljekki hökümdarlygynyň nähili boljagyna ynanyp bileris? (1 Pat. 3:28; Iş. 9:6, 7; 11:2—4).
1 Patyşalar 4:29—34-nji aýatlary oka.
Ýehowa Süleýmanyň «paýhasly ýürek» barada dilegine nädip jogap berdi? (1 Pat. 4:29).
Süleýmanyň akyldarlygyny diňlemäge adamlaryň daş ýurtlardan gelenini bilip, Hudaýyň Sözüni öwrenmäge nähili ýapyşmaly? (1 Pat. 4:29, 34; Ýahýa 17:3; 2 Tim. 3:16, 17).
64-nji hekaýa
Süleýman ybadathana gurýar
Süleýmana ybadathana gurmaga näçe wagt gerek boldy we oňa näme üçin köp pul gitdi?
Ybadathana näçe otagdan ybarat we onuň içki otagynda näme goýuldy?
Ybadathana gurlandan soň Süleýman dogasynda näme diýdi?
Ýehowa Süleýmanyň dogasyndan hoşaldygyny nädip görkezdi?
Süleýmanyň aýallary ony nämä iterdiler we netijede näme boldy?
Ýehowa Süleýmana näme üçin gaharlandy we oňa näme diýdi?
Goşmaça soraglar:
1 Ýyl ýazgylary 28:9, 10-njy aýatlary oka.
1 Ýyl ýazgylary 28:9, 10-njy aýatlardaky Dawudyň aýdan sözlerine laýyklykda, gündelik durmuşymyzda näme etmeli? (Zeb. 19:14; Flp. 4:8, 9).
2 Ýyl ýazgylary 6:12—21, 32—42-nji aýatlary oka.
Süleýman adamlaryň guran jaýynyň hiç birine hemmelerden beýik Hudaýyň sygmajagyny nädip görkezdi? (2 Ýyl. 6:18; Res. iş. 17:24, 25).
2 Ýyl ýazgylary 6:32, 33-däki Süleýmanyň sözlerinden Ýehowa barada näme bilýäris? (Res. iş. 10:34, 35; Gal. 2:6).
2 Ýyl ýazgylary 7:1—5-nji aýatlary oka.
Ysraýyllylaryň Ýehowanyň şöhratyny görüp, ony şöhratlandyryşy ýaly, Ýehowanyň öz halkyna berýän bereketleri barada oýlanyp, biz näme etmeli? (2 Ýyl. 7:3; Zeb. 22:22; 34:1; 96:2).
1 Patyşalar 11:9—13-nji aýatlary oka.
Süleýmanyň mysaly soňuna çenli wepaly bolmagyň wajypdygyny nädip görkezýär? (1 Pat. 11:4, 9; Mat. 10:22; Ylh. 2:10).
65-nji hekaýa
Patyşalyk ikä bölünýär
Suratdaky iki adamyň ady näme we olar kim?
Ahiýa donuny näme etdi we bu näme aňladýardy?
Süleýman Ýeroboamy näme etjek boldy?
Halk näme üçin Ýeroboamy on taýpa patyşa belleýär?
Ýeroboam iki sany altyn göläni näme üçin ýasady we netijede ýurtda näme boldy?
Iki taýpaly patyşalyga we Iýerusalimdäki ybadathana näme boldy?
Goşmaça soraglar:
1 Patyşalar 11:26—43-nji aýatlary oka.
Ýeroboam nähili adamdy we ol Hudaýyň kanunyny berjaý etse, Ýehowa oňa näme bermekçidi? (1 Pat. 11:28, 38).
1 Patyşalar 12:1—33-nji aýatlary oka.
Rehoboam wezipesini hyýanatlyk bilen ulanyşyndan ata-eneler we ýygnak ýaşululary nähili sapak edinýärler? (1 Pat. 12:13; Wag. 7:7; 1 Pet. 5:2, 3).
Möhüm meselede ýaş oglan-gyzlar görkezme üçin kime ýüz tutmaly? (1 Pat. 12:6, 7; Sül. tym. 1:8, 9; 2 Tim. 3:16, 17; Ýew. 13:7).
Ýeroboam näme üçin altyn gölä sežde edilýän iki merkezi gurdy we bu onuň Ýehowa imanynyň azlygyny nädip görkezýär? (1 Pat. 11:37; 12:26—28).
On taýpaly patyşalygyň adamlary arassa seždä garşy gozgalaň turzanda, olara kim baş boldy? (1 Pat. 12:32, 33).
66-njy hekaýa
Izebel — zalym aýal patyşa
Izebel kim?
Bir gezek Ahabyň näme üçin keýpi ýokdy?
Izebel Nabotyň üzümligini adamsyna alyp bermek üçin näme etdi?
Ýehowa Izebele jeza bermek üçin kimi iberdi?
Ýehuw Izebeliň köşgüne gelende näme boldy? (Surata seret.)
Goşmaça soraglar:
1 Patyşalar 16:29—33 we 18:3, 4-nji aýatlary oka.
Ahap patyşanyň höküm süren döwründe Ysraýylyň ýagdaýy nähilidi? (1 Pat. 16:33).
1 Patyşalar 21:1—16-njy aýatlary oka.
Nabot batyrgaýlygyny we Ýehowa wepalylygyny nädip görkezdi? (1 Pat. 21:1—3; Lew. 25:23—28).
Ahabyň mysalyndan lapykeçlige hötde gelmek barada näme öwrenýäris? (1 Pat. 21:4; Rim. 5:3—5).
2 Patyşalar 9:30—37-nji aýatlary oka.
Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmekde, Ýehuwyň yhlasy bize näme öwredýär? (2 Pat. 9:4—10; 2 Kor. 9:1, 2; 2 Tim. 4:2).
67-nji hekaýa
Ýehoşafat Ýehowa bil baglaýar
Ýehoşafat kim we ol nähili döwürde ýaşady?
Ysraýyllylar näme üçin howsala düşdüler we olaryň köpüsi näme etdi?
Ýehowa Ýehoşafatyň dogasyna nädip jogap berdi?
Söweş başlamazdan öň Ýehowa näme etdi?
Ýehoşafatdan biz näme öwrenip bilýäris?
Goşmaça soraglar:
2 Ýyl ýazgylary 20:1—30-njy aýatlary oka.
Ýehoşafat Hudaýyň wepaly gullukçylaryna howp abananda, näme etmelidigini nädip görkezdi? (2 Ýyl. 20:12; Zeb. 25:15; 62:1).
Ýehowa halkyna görkezme bermek üçin hemişe belli bir adamlary ulanýan bolsa, şu günler kimi ulanýar? (2 Ýyl. 20:14, 15; Mat. 24:45—47; Ýahýa 15:15).
«Ähli zada güýji ýetýän Hudaýyň uly gününde boljak söweş» başlanda, biziň ýagdaýymyz bilen Ýehoşafatyň ýagdaýynyň näme meňzeşligi bolar? (2 Ýyl. 20:15, 17; 32:8; Ylh. 16:14, 16).
Pionerler we missionerler lewililerden görelde alyp, bütindünýä wagyz işine nähili goşant goşýar? (2 Ýyl. 20:19; Rim. 10:13—15; 2 Tim. 4:2).
68-nji hekaýa
Iki oglanyň direlişi
Suratda kimi görýäň we oglanjyga näme boldy?
Ylýas näme barada doga etdi we şondan soň oglanjyga näme boldy?
Ylýasa kömek eden beýleki pygamberiň ady näme?
Şunemde ýaşaýan aýalyň öýüne Elişany näme üçin çagyrdylar?
Elişa näme etdi we ölen çaga näme boldy?
Ýehowa Ylýas hem-de Elişa arkaly nähili güýjüniň bardygyny görkezdi?
Goşmaça soraglar:
1 Patyşalar 17:8—24-nji aýatlary oka.
Ylýasyň Hudaýa gulak asyşy we imany nädip synaldy? (1 Pat. 17:9; 19:1—4, 10).
Näme üçin sareptaly dul hatynyň imany güýçli diýse bolar? (1 Pat. 17:12—16; Luka 4:25, 26).
Sareptaly dul hatyn bilen bolan waka, Matta 10:41, 42-nji aýatlardaky Isanyň sözlerini nädip tassyklaýar? (1 Pat. 17:10—12, 17, 23, 24).
2 Patyşalar 4:8—37-nji aýatlary oka.
Myhmansöýerlik babatda şunemli aýaldan näme öwrenýäris? (2 Pat. 4:8; Luka 6:38; Rim. 12:13; 1 Ýahýa 3:17).
Şu günler biz Hudaýyň gullukçylaryna nädip ýagşylyk edip bileris? (Res. iş. 20:35; 28:1, 2; Gal. 6:9, 10; Ýew. 6:10).
69-njy hekaýa
Bir gyzjagaz abraýly adama kömek edýär
Suratdaky gyzjagaz tanymal aýala näme barada gürrüň berýär?
Bu tanymal aýal kim we gyzjagaz onuň öýüne nädip düşdi?
Elişa hyzmatkäriniň üsti bilen Naamana näme buýurdy we Naaman näme üçin gaharlandy?
Naaman hyzmatkäriniň aýdanyny edende näme boldy?
Naamanyň beren sowgadyny Elişa näme üçin almady, emma Gehaz näme etdi?
Gehaza näme boldy we şu wakadan biz näme öwrenýäris?
Goşmaça soraglar:
2 Patyşalar 5:1—27-nji aýatlary oka.
Gyzjagazyň mysaly şu günki ýaşlary nädip ruhlandyrýar? (2 Pat. 5:3; Zeb. 8:2; 148:12, 13).
Ýazgylara esaslanyp maslahat berlende, näme üçin Naamanyň mysalyny ýatda saklamak gowy bolar? (2 Pat. 5:15; Ýew. 12:5, 6; Ýakup 4:6).
Elişa bilen Gehazyň mysalyndan, biz näme öwrenýäris? (2 Pat. 5:9, 10, 14—16, 20; Mat. 10:8; Res. iş. 5:1—5; 2 Kor. 2:17).
70-nji hekaýa
Ýunus hem-de uly balyk
Ýunus kim we Ýehowa oňa näme diýdi?
Ýehowanyň aýdan ýerine gitmän, Ýunus näme etdi?
Deňiz ýuwaşar ýaly Ýunus deňizçilere näme diýdi?
Ýunusy deňze taşlanlarynda näme boldy? (Surata seret.)
Ýunus uly balygyň garnynda näçe wagt boldy we balygyň içinde ol näme etdi?
Ýunus gury ýere çykanda näme etdi we biz bu wakadan näme öwrenýäris?
Goşmaça soraglar:
Ýunus 1:1—17-nji aýatlary oka.
Ýunus ninewelilere wagyz etmek tabşyrygyna nähili garady? (Ýunus 1:2, 3; Sül. tym. 3:7; Wag. 8:12).
Ýunus 2:1, 2, 10-njy aýatlary oka.
Ýehowanyň dogalarymyza jogap berjekdigine Ýunus bilen bolan waka nädip ynandyrýar? (Zeb. 22:24; 34:6; 1 Ýahýa 5:14).
Ýunus 3:1—10-njy aýatlary oka.
Ýunus tabşyrylan işi başda ýerine ýetirmese-de, Ýehowanyň ony ulanmagy bizi näme üçin ruhlandyrýar? (Zeb. 103:14; 1 Pet. 5:10).
Ninewede Ýunus bilen bolan waka, wagyzda duşýan adamlar hakda ters pikir etmezlige bize nädip kömek edýär? (Ýunus 3:6—9; Wag. 11:6; Res. iş. 13:48).
71-nji hekaýa
Hudaý Jenneti wada berýär
Işaýa kim, ol haçan ýaşady we Ýehowa oňa näme görkezdi?
«Jennet» sözüniň manysy näme we bu söz saňa nämäni ýatladýar?
Ýehowa gelejekdäki täze Jennet barada Işaýa näme ýazdyrdy?
Adam ata bilen How ene ajaýyp öýünden näme üçin kowuldy?
Hudaýy söýýän adamlara ol näme wada berýär?
Goşmaça soraglar:
Işaýa 11:6—9-njy aýatlary oka.
Hudaýyň Sözi täze dünýäde adamlar bilen haýwanlaryň arasynda boljak parahatlygy nädip suratlandyrýar? (Zeb. 148:10, 13; Iş. 65:25; Ezek. 34:25).
Şu günler Işaýanyň sözleri Ýehowanyň halkynda nädip ruhy manyda ýerine ýetýär? (Rim. 12:2; Efes. 4:23, 24).
Häzir we täze dünýäde adamlaryň häsiýetleri kimiň kömegi bilen üýtgär? (Iş. 48:17, 18; Gal. 5:22, 23; Flp. 4:7).
Ylham 21:3, 4-nji aýatlary oka.
Hudaýyň adamlaryň arasynda göçme manyda bolýandygyny Ýazgylar nädip görkezýär? (Lew. 26:11, 12; 2 Ýyl. 6:18; Iş. 66:1; Ylh. 21:2, 3, 22—24).
Näme sebäpli döreýän gözýaşlar we agyrylar gaýdyp bolmaz? (Luka 8:49—52; Rim. 8:21, 22; Ylh. 21:4).
72-nji hekaýa
Hudaý Hizkiýa patyşa kömek edýär
Suratdaky adam kim we ol näme üçin kyn ýagdaýda?
Hizkiýa Hudaýyň öňünde nähili hatlary goýdy we ol näme hakda doga etdi?
Hizkiýa nähili patyşady we Işaýa pygamber arkaly Ýehowa oňa näme diýdi?
Suratda görkezilişi ýaly Ýehowanyň perişdesi Aşur esgerlerine näme etdi?
Iki taýpaly patyşalyk birnäçe wagtlap asuda ýaşasa-da, Hizkiýa ölenden soň näme boldy?
Goşmaça soraglar:
2 Patyşalar 18:1—36-njy aýatlary oka.
Aşuryň wekili Rabşak ysraýyllylaryň imanyny nädip gowşatjak boldy? (2 Pat. 18:19, 21; Çyk. 5:2; Zeb. 64:3).
Ýehowanyň Güwäçileri Hizkiýanyň göreldesine eýerip, duşmanlary bilen özlerini nähili alyp barýarlar? (2 Pat. 18:36; Zeb. 39:1; Sül. tym. 26:4; 2 Tim. 2:24).
2 Patyşalar 19:1—37-nji aýatlary oka.
Ýehowanyň halky kyn günde Hizkiýadan nädip görelde alýar? (2 Pat. 19:1, 2; Sül. tym. 3:5, 6; Ýew. 10:24, 25; Ýakup 5:14, 15).
Sanherip patyşa nädip üç gezek ýeňildi we ol kim hakdaky pygamberligi aňladýar? (2 Pat. 19:32, 35, 37; Ylh. 20:2, 3).
2 Patyşalar 21:1—6, 16-njy aýatlary oka.
Näme üçin Manassä Iýerusalimde höküm süren zalym patyşalaryň biri diýse bolar? (2 Ýyl. 33:4—6, 9).
73-nji hekaýa
Ysraýylyň iň soňky gowy patyşasy
Ýoşiýa näçe ýaşynda patyşa boldy we ýedi ýyl patyşalyk edenden soň näme etdi?
Birinji suratdan görnüşi ýaly, Ýoşiýa näme edýär?
Ybadathana bejerilip ýörkä baş ruhany näme tapdy?
Ýoşiýa näme üçin eşigini ýyrtdy?
Pygamber aýal Hulda Ýehowanyň nähili habaryny Ýoşiýa ýetirdi?
Goşmaça soraglar:
2 Ýyl ýazgylary 34:1—28-nji aýatlary oka.
Çagalygy agyr geçen adamlara Ýoşiýa nähili görelde galdyrdy? (2 Ýyl. 33:21—25; 34:1, 2; Zeb. 27:10).
Ýoşiýa hakyky seždäniň ilerlemegi üçin patyşalygynyň 8, 12 we 18-nji ýyllarynda nähili möhüm çäreler gördi? (2 Ýyl. 34:3, 8).
Biz Ýoşiýa patyşa bilen baş ruhany Hilkiýanyň mysalyndan sežde edýän ýerimizi oňat ýagdaýda saklamak barada näme öwrenip bileris? (2 Ýyl. 34:9—13; Sül. tym. 11:14; 1 Kor. 10:31).
74-nji hekaýa
Gorkmaýan adam
Suratdaky ýaş ýigit kim?
Ýeremiýa özüniň pygamber bellenenine nähili garady we Ýehowa oňa näme diýdi?
Ýeremiýa nähili habary halka ýadaman aýdýardy?
Ruhanylar Ýeremiýa nädip päsgel berjek boldular, emma ol gorkmaýandygyny nädip görkezdi?
Ysraýyllylar erbetligini goýmany üçin, olara näme boldy?
Goşmaça soraglar:
Ýeremiýa 1:1—8-nji aýatlary oka.
Ýeremiýanyň mysalyndan görnüşi ýaly, Ýehowa gulluk etmäge adamy näme ukyply edýär? (2 Kor. 3:5, 6).
Ýeremiýanyň mysaly ýaş mesihçileri nädip ruhlandyrýar? (Wag. 12:1; 1 Tim. 4:12).
Ýeremiýa 10:1—5-nji aýatlary oka.
Ýeremiýa butlara bil baglamagyň biderekdigini görkezmek üçin, nähili mysal getirýär? (Ýerem. 10:5; Iş. 46:7; Hab. 2:19).
Ýeremiýa 26:1—16-njy aýatlary oka.
Ýehowanyň Ýeremiýa: «Hiç bir sözi aýyrma» diýen buýrugyna şu günler mesh edilen galyndy nädip eýerdi? (Ýerem. 26:2; Kanun. 4:2; Res. iş. 20:27).
Ýehowanyň duýduryş habaryny halklara wagyz etmekde, Ýehowanyň Güwäçilerine Ýeremiýa nähili gowy mysal bolup biler? (Ýerem. 26:8, 12, 14, 15; 2 Tim. 4:1—5).
2 Patyşalar 24:1—17-nji aýatlary oka.
Ýehowa wepasyzlygy sebäpli Ýahuda nähili gözgyny ýagdaýa düşdi? (2 Pat. 24:2—4, 14).
75-nji hekaýa
Babyldaky dört ýaş ýigit
Suratdaky dört sany ýaş ýigit kim we olar Babyla nädip düşdüler?
Nebukadnezar bu dört ýigidi näme etmekçidi we ol hyzmatkärlerine näme buýurdy?
Daniýel özi we üç dosty üçin iýip-içmäge näme sorady?
On günläp gök önüm iýeninden soň, Daniýel we üç dosty beýleki ýigitlere garanyňda nähilidi?
Daniýel bilen üç dosty şa köşgüne nädip düşdi we olar patyşanyň islendik ruhanysyndan ýa-da akyldaryndan näme üçin akyllydy?
Goşmaça soraglar:
Daniýel 1:1—21-nji aýatlary oka.
Özüne çekiji zatlara garşy durmaga we ejizliklerimize garşy göreşmäge biz nähili çäre görmeli? (Dan. 1:8; Bar. 39:7, 10; Gal. 6:9).
Ýaşlar käbir adamlaryň «nygmat» hasaplaýan zatlarynyň aldawyna nädip düşüp biler? (Dan. 1:8; Sül. tym. 20:1; 2 Kor. 6:17—7:1).
Dört ýaş ýewreý ýigit bilen bolan waka dünýewi bilim almak barada nämä düşünmäge kömek edýär? (Dan. 1:20; Iş. 54:13; 1 Kor. 3:18—20).
76-njy hekaýa
Iýerusalimiň ýykylmagy
Iýerusalime we ysraýyllylara näme boldy? (Surata seret.)
Ezekiýel kim we Ýehowa oňa nähili gorkunç zatlary görkezdi?
Ysraýyllylar Ýehowany sylamany üçin, Ol näme diýdi?
Ysraýyllylar Nebukadnezar patyşa garşy gozgalaň turzanda, ol näme etdi?
Ýehowa ysraýyllylaryň agyr ýagdaýa düşmegine näme üçin ýol berdi?
Ysraýyl ýurdy nädip we näçe wagtlap adamsyz galdy?
Goşmaça soraglar:
2 Patyşalar 25:1—26-njy aýatlary oka.
Zedekiýa kim, oňa näme boldy we pygamberlik nädip ýerine ýetdi? (2 Pat. 25:5—7; Ezek. 12:13—15).
Ýehowa Ysraýylyň wepasyzlygy üçin kimleri jogapkär saýdy? (2 Pat. 25:9, 11, 12, 18, 19; 2 Ýyl. 36:14, 17).
Ezekiýel 8:1—18-nji aýatlary oka.
Güne sežde edip, imandan dänen ysraýyllylar bilen hristian buthanasynyň näme meňzeşligi bar? (Ezek. 8:16; Iş. 5:20, 21; Ýahýa 3:19—21; 2 Tim. 4:3).
77-nji hekaýa
Olar dyza çökmediler
Nebukadnezar patyşa halkyna näme buýurdy?
Daniýel we üç dosty näme üçin altyn heýkeliň öňünde dyza çökmedi?
Nebukadnezar üç ýewreý ýigidi heýkeliň öňünde dyza çökdürjek bolanda, olar Ýehowa bil baglaýandygyny nädip görkezdi?
Nebukadnezar Şadragy, Meşagy we Abednegony näme etmegi buýurdy?
Nebukadnezar pejiň içinde näme gördi?
Patyşa Şadragyň, Meşagyň we Abednegonyň Hudaýyny näme üçin şöhratlandyrdy we üç ýewreý ýigit bize nähili görelde galdyrdy?
Goşmaça soraglar:
Daniýel 3:1—30-njy aýatlary oka.
Hudaýyň gullukçylarynyň imany synalanda, üç ýewreý ýigidiň wepalylygyndan näme öwrenip bilerler? (Dan. 3:17, 18; Mat. 10:28; Rim. 14:7, 8).
Ýehowa Hudaý Nebukadnezara nähili möhüm sapak berdi? (Dan. 3:28, 29; 4:34, 35).
78-nji hekaýa
El diwara hat ýazýar
Myhmanlar Babyl patyşasynyň gurnan uly baýramçylygynda, Ýehowanyň Iýerusalimdäki ybadathanasyndan alnan gaplardan şerap içip otyrka, näme boldy?
Belşazar akyldarlaryna näme diýdi, ýöne olar nämäni başarmadylar?
Patyşanyň ejesi näme diýdi?
Daniýeliň düşündirmegine görä, Hudaý bu sözleri diwarda näme üçin ýazdyrdy?
Daniýel diwardaky sözleri nähili düşündirdi?
Daniýel gürläp durka näme boldy?
Goşmaça soraglar:
Daniýel 5:1—31-nji aýatlary oka.
Diwardaky ýazgyny görende Belşazarda dörän gorky bilen, Hudaýa ýaramly gorkynyň tapawudyny görkez. (Dan. 5:6, 7; Zeb. 19:9; Rim. 8:35—39).
Belşazaryň hem-de onuň emeldarlarynyň öňünde durar ýaly, Daniýele näme üçin batyrlyk gerekdi? (Dan. 5:17, 18, 22, 26—28; Res. iş. 4:29).
Daniýel kitabynyň 5-nji babynda Ýehowanyň hökümdarlygy nähili suratlandyrylýar? (Dan. 4:17, 25; 5:21).
79-njy hekaýa
Daniýel ýolbarsly çukurda
Dariý kim we ol Daniýele nähili garaýardy?
Görip adamlaryň teklibi boýunça Dariý näme etdi?
Täze kanun barada bilende Daniýel näme etdi?
Dariý nämäniň gaýgysyny edip, ýatyp bilmedi we ol irden näme etdi?
Daniýel Dariýe näme jogap berdi?
Daniýeli öldürjek bolan erbet adamlara näme boldy we Dariý öz patyşalygynyň ähli ýaşaýjylaryna näme ýazdy?
Goşmaça soraglar:
Daniýel 6:1—28-nji aýatlary oka.
Daniýele garşy dildüwşük şu günler Ýehowanyň Güwäçileriniň işine päsgel berýänleri nädip ýatladýar? (Dan. 6:7; Zeb. 94:20; Iş. 10:1; Rim. 8:31).
«Ýokary häkimiýetlere» tabyn bolmak bilen, Hudaýyň gullukçylary Daniýelden nädip görelde alýarlar? (Dan. 6:5, 10; Rim. 13:1; Res. iş. 5:29).
Ýehowa «dowamly» gulluk edip, biz Daniýelden nädip görelde alyp bilýäris? (Dan. 6:16, 20; Flp. 3:16; Ylh. 7:15).
80-nji hekaýa
Hudaýyň halky Babyldan çykýar
Suratda görkezilişi ýaly ysraýyllylar näme edýärler?
Ýehowanyň Işaýa ýazdyran pygamberligini Kir nädip ýerine ýetirdi?
Iýerusalime dolanyp bilmedik adamlara Kir nähili buýruk berdi?
Iýerusalime gaýdyp barýan adamlara Kir näme berdi?
Ysraýyllylar Iýerusalime barýançalar näçe wagt gerek boldy?
Ýurt näçe wagtlap adamsyz galdy?
Goşmaça soraglar:
Işaýa 44:28 we 45:1—4-nji aýatlary oka.
Ýehowa Kir hakdaky pygamberligiň hökman ýerine ýetjekdigini nädip aýtdy? (Iş. 55:10, 11; Rim. 4:17).
Işaýanyň Kir hakdaky pygamberliginden Ýehowanyň gelejegi öňünden aýdyp bilýänligi barada näme bilse bolar? (Iş. 42:9; 45:21; 46:10, 11; 2 Pet. 1:20).
Ezra 1:1—11-nji aýatlary oka.
Iýerusalime gaýdyp bilmedik adamlaryň göreldesine eýerip, doly wagtly gulluk edýän dogan-uýalara nädip kömek edip bileris? (Ezra 1:4, 6; Rim. 12:13; Kol. 4:12).
81-nji hekaýa
Hudaýyň kömegine bil bagladylar
Babyldan Iýerusalime tarap uzak ýola näçe adam düşdi we olar baranlarynda näme gördüler?
Ysraýyllylar Iýerusalime gelen badyna näme gurup başladylar, emma olaryň duşmanlary näme etjek boldy?
Haggaý bilen Zakarýa kim we olar adamlary nämä höweslendirdiler?
Tattenaý Babyla näme üçin hat iberdi we ol nähili jogap aldy?
Ezra Hudaýyň ybadathanasynyň ýagdaýynyň erbetdigini bilende näme etdi?
Ezra näme hakda doga etdi we biz ondan näme öwrenýäris? (Surata seret.)
Goşmaça soraglar:
Ezra 3:1—13-nji aýatlary oka.
Eger baran ýerimizde Hudaýyň halkynyň ýygnagy ýok bolsa, näme etmegi dowam etmeli? (Ezra 3:3, 6; Res. iş. 17:16, 17; Ýew. 13:15).
Ezra 4:1—7-nji aýatlary oka.
Zerubabel Hudaýyň halkyna başga dindäki adamlar bilen gatnaşyk etmek babatda nähili görelde görkezdi? (Çyk. 34:12; 1 Kor. 15:33; 2 Kor. 6:14—17).
Ezra 5:1—5, 17 we 6:1—22-nji aýatlary oka.
Duşmanlara ybadathananyň gurluşygyna päsgel bermek näme üçin başartmady? (Ezra 5:5; Iş. 54:17).
Ýehudy ýaşulularyň göreldesi ýygnagyň ýaşulularyna garşylyga duşanda, Ýehowanyň görkezmesini gözlemäge nädip kömek eder? (Ezra 6:14; Zeb. 32:8; Rim. 8:31; Ýakup 1:5).
Ezra 8:21—23, 28—36-njy aýatlary oka.
Ezranyň göreldesine eýerip, bir işe başlamankak, öňünden näme etmeli? (Ezra 8:23; Zeb. 127:1; Sül. tym. 10:22; Ýakup 4:13—15).
82-nji hekaýa
Mordekaý we Ester
Mordekaý bilen Ester kim?
Ahaşweroş patyşa özüne näme üçin başga aýal gözleýär we kimi saýlaýar?
Haman kim we näme üçin gaharlandy?
Nähili kanun çykaryldy we Mordekaýyň habaryny eşidip, Ester näme etdi?
Hamana we Mordekaýa näme boldy?
Ysraýyllylar duşmanlaryndan nädip halas boldy?
Goşmaça soraglar:
Ester 2:12—18-nji aýatlary oka.
Ester «ýumşak, ýuwaş ruhuň» wajypdygyny nädip görkezdi? (Est. 2:15; 1 Pet. 3:1—5).
Ester 4:1—17-nji aýatlary oka.
Arassa seždäni goramaga Estere mümkinçilik berlişi ýaly, Ýehowa wepalydygymyzy bildirmek üçin şu günler bize nähili mümkinçilik berilýär? (Est. 4:13, 14; Mat. 5:14—16; 24:14).
Ester 7:1—6-njy aýatlary oka.
Şu günler Hudaýyň halky nädip Ester ýaly yzarlanýar? (Est. 7:4; Mat. 10:16—22; 1 Pet. 2:12).
83-nji hekaýa
Iýerusalimiň diwarlary
Ysraýyllylar Iýerusalimde diwarsyz ýaşap, özlerini nähili duýýardy?
Nehemýa kim?
Nehemýa nähili iş edýärdi we bu iş näme üçin jogapkärlidi?
Nehemýany nähili habar gaty gynandyrdy we ol näme etdi?
Artahşaşta patyşa Nehemýa nädip ýagşylyk etdi?
Duşmanlar gurluşyk işini togtadyp bilmez ýaly, Nehemýa näme etdi?
Goşmaça soraglar:
Nehemýa 1:4—6 we 2:1—20-nji aýatlary oka.
Nehemýa Ýehowanyň görkezmesini gözläp näme etdi? (Neh. 2:4, 5; Rim. 12:12; 1 Pet. 4:7).
Nehemýa 3:3—5-nji aýatlary oka.
Ýaşulular hem-de gulluk hyzmatçylary tekoalylar bilen olaryň «abraýly» adamlarynyň arasyndaky tapawutdan näme öwrenip bilerler? (Neh. 3:5, 27; 2 Sel. 3:7—10; 1 Pet. 5:5).
Nehemýa 4:1—23-nji aýatlary oka.
Güýçli garşylyklara garamazdan, ysraýyllylara gurluşygy dowam etmäge näme kömek etdi? (Neh. 4:6, 8, 9; Zeb. 50:15; Iş. 65:13, 14).
Şu günler ysraýyllylaryň göreldesi bizi nädip ruhlandyrýar?
Nehemýa 6:15-i oka.
Iýerusalimiň diwarlarynyň iki aýyň içinde gurlup gutarylmagyndan, imanyň güýji bara
84-nji hekaýa
Perişde Merýemiň ýanyna gelýär
Suratdaky gyz kim?
Jebraýyl perişde Merýeme näme diýdi?
Merýem durmuşa çykmadyk hem bolsa, onuň çagasynyň boljakdygyny Jebraýyl perişde nädip düşündirdi?
Merýem Elizabetiň ýanyna gelende näme boldy?
Ýusup Merýemiň göwrelidigini eşidende näme etjek boldy we soňra näme üçin pikirini üýtgetdi?
Goşmaça soraglar:
Luka 1:26—56-njy aýatlary oka.
Hudaýyň Oglunyň jany gökden Merýemiň göwresine geçirilende, Adam atadan miras galan bikämillik barada Luka 1:35-e esaslanyp näme diýse bolar? (Hag. 2:11—13; Ýahýa 6:69; Ýew. 7:26; 10:5).
Isa dogulmanka, oňa nädip hormat goýuldy? (Luka 1:41—43).
Gullugyň aýratyn görnüşine bellenen mesihçilere, Merýem nähili görelde galdyrdy? (Luka 1:38, 46—49; 17:10; Sül. tym. 11:2).
Matta 1:18—25-nji aýatlary oka.
Isa «Emanuel» ady dakylmasa-da, onuň ýer ýüzünde eden işi nädip şol adyň manysyna gabat gelýär? (Mat. 1:22, 23; Ýahýa 14:8—10; Ýew. 1:1—3).
85-nji hekaýa
Isa malýatakda dogulýar
Suratdaky bäbejik kim we ony Merýem nirede ýatyrýar?
Isanyň malýatakda dogulmagyna näme sebäp boldy?
Malýataga tarap gelýän adamlar kim we olara perişde näme diýdi? (Surata seret.)
Isa näme üçin üýtgeşik çagady?
Isa näme üçin Hudaýyň Ogly diýilýär?
Goşmaça soraglar:
Luka 2:1—20-nji aýatlary oka.
Isanyň dogluşy baradaky pygamberligiň ýerine ýetmegi üçin kaýsar Awgust näme etdi? (Luka 2:1—4; Mika 5:2).
Hudaýy «razy edýän ynsanlaryň» arasynda bolmak üçin näme etmeli? (Luka 2:14, çykgyda seret. Mat. 16:24; Ýahýa 17:3; Res. iş. 3:19; Ýew. 11:6).
Sada ýehudy çopanlaryň Halasgär doglandaky şatlygyny göz öňüne tutsak, Hudaýyň häzirki gullukçylarynyň begenmegine näme sebäp bar? (Luka 2:10, 11; Efes. 3:8, 9; Ylh. 11:15; 14:6).
86-njy hekaýa
Ýyldyz adamlara ýol görkezýär
Suratdaky adamlar kim we olaryň biri ýagty ýyldyzy näme üçin görkezýär?
Hirodes patyşa näme üçin howsala düşdi we ol näme etdi?
Ýyldyz adamlary nirä getirdi we olar ýurduna näme üçin başga ýol bilen dolandylar?
Hirodes patyşa näme etmegi buýurdy we näme üçin?
Ýehowa Ýusuba näme etmegi buýurdy?
Bu täze ýyldyzy kim iberdi we näme üçin?
Goşmaça sorag:
Matta 2:1—23-nji aýatlary oka.
Müneçjimler gelende Isa näçe ýaşyndady we şonda ol nirede ýaşaýardy? (Mat. 2:1, 11, 16).
87-nji hekaýa
Ýaş Isa ybadathanada
Isa nirede otyr we ol näçe ýaşynda? (Surata seret.)
Ýusup we onuň maşgalasy her ýyl näme edýärdi?
Bir gezek Ýusup bilen Merýem öýüne barýarka, näme üçin Iýerusalime dolanmaly boldular?
Ýusup bilen Merýem Isany nireden tapdylar we adamlar nämä haýran galdylar?
Isa ejesi Merýeme näme diýdi?
Hudaý barada köp bilim almakda, Isadan nädip görelde alyp bilýäris?
Goşmaça soraglar:
Luka 2:41—52-nji aýatlary oka.
Kanuna laýyklykda her ýylky baýramçylyga diňe erkek adamlar gelmeli bolsa-da, Ýusup bilen Merýem nähili ajaýyp görelde galdyrdy? (Luka 2:41; Kanun. 16:16; 31:12; Sül. tym. 22:6).
Ata-enelere gulak asmakda Isa çagalara nähili görelde galdyrdy? (Luka 2:51; Kanun. 5:16; Sül. tym. 23:22; Kol. 3:20).
Matta 13:53—56-njy aýatlary oka.
Mukaddes Ýazgylardan bilşimiz ýaly, Isanyň dört doganynyň ady näme we ýygnakda olaryň ikisine nähili işler ynanyldy? (Mat. 13:55; Res. iş. 12:17; 15:6, 13; 21:18; Gal. 1:19; Ýakup 1:1; Ýahuda 1).
88-nji hekaýa
Ýahýa Isany suwda çokundyrýar
Suratdakylar kimler?
Suwda nädip çokundyrylýar?
Ýahýa kimleri suwda çokundyrýardy?
Isa näme üçin Ýahýadan suwda çokundyrmagy haýyş etdi?
Hudaý Isanyň suwda çokundyrylmagyndan razydygyny nädip görkezdi?
Isa 40 günläp çola ýere gidende näme boldy?
Isanyň ilkinji şägirtleri kimler we Isa ilkinji gezek nähili gudrat görkezdi?
Goşmaça soraglar:
Matta 3:13—17-nji aýatlary oka.
Isa suwda çokundyrylyp, şägirtlerine nähili nusga galdyrdy? (Zeb. 40:7, 8; Mat. 28:19, 20; Luka 3:21, 22).
Matta 4:1—11-nji aýatlary oka.
Isanyň Ýazgylary ökdelik bilen ulanyşy bizi Mukaddes Ýazgylary yzygiderli öwrenmäge nädip höweslendirýär? (Mat. 4:5—7; 2 Pet. 3:17, 18; 1 Ýahýa 4:1).
Ýahýa 1:29—51-nji aýatlary oka.
Ýahýa öz şägirtlerine kimiň yzyna eýermelidigini görkezdi we şu günler biz ondan nädip görelde alyp bileris? (Ýahýa 1:29, 35, 36; 3:30; Mat. 23:10).
Ýahýa 2:1—12-nji aýatlary oka.
Isanyň ilkinji gudraty Ýehowanyň gullukçylaryndan «ýagşylygyny gaýgyrmaýandygyny» nädip görkezýär? (Ýahýa 2:9, 10; Zeb. 84:11; Ýakup 1:17).
89-njy hekaýa
Isa ybadathanany arassalaýar
Mallary näme üçin ybadathanada satýardylar?
Isa näme üçin gaharly?
Isa näme edýär we kepderi satýanlara näme buýurýar? (Surata seret.)
Isanyň eden işlerini görüp, şägirtleriniň näme ýadyna düşdi?
Isa Jelilä dolananda haýsy welaýatyň üsti bilen geçýär?
Goşmaça sorag:
Ýahýa 2:13—25-nji aýatlary oka.
Ybadathanada «pul çalyşýanlary» görüp, Isanyň gaharlanyşyny göz öňünde tutsaň, Patyşalyk Zalynda söwda-satyk işlerine nähili garamaly? (Ýahýa 2:15, 16; 1 Kor. 10:24, 31—33).
90-njy hekaýa
Samariýaly aýal bilen guýynyň başynda
Isa Samariýadaky guýynyň başynda näme üçin oturýar we ol ýerde duşan aýala näme diýýär?
Samariýaly aýal näme üçin haýran galdy, Isa oňa näme diýdi we näme üçin?
Samariýaly aýalyň pikiriçe Isa haýsy suw barada gürrüň edýär, ýöne aslynda ol nämäni göz öňünde tutýar?
Samariýaly aýal özi barada Isanyň bilýänine näme üçin haýran galýar we Isa bu zatlary nireden bilýärdi?
Bu wakadan biz näme öwrenýäris?
Goşmaça soraglar:
Ýahýa 4:5—43-nji aýatlary oka.
Isanyň göreldesine eýersek, jynsy we milleti başga adamlara nähili gararys? (Ýahýa 4:9; 1 Kor. 9:22; 1 Tim. 2:3, 4; Titus 2:11).
Adamlaryň Isanyň şägirdi bolmagy, olara ruhy taýdan nähili peýda getirýär? (Ýahýa 4:14; Iş. 58:11; 2 Kor. 4:16).
Alan biliminiň gadyryny bilip, ony şatlyk bilen adamlara gürrüň beren samariýaly aýaldan nädip görelde alyp bileris? (Ýahýa 4:7, 28; Mat. 6:33; Luka 10:40—42).
91-nji hekaýa
Isa dagda wagyz edýär
Isa adamlara nirede wagyz edýär we onuň golaýynda oturanlar kim?
Isanyň 12 resulynyň ady näme?
Hudaýyň Patyşalygy näme?
Isa adamlara näme barada doga etmegi öwredýär?
Isa adamlara nähili gatnaşykda bolmagy öwredýär?
Goşmaça soraglar:
Matta 5:1—12-nji aýatlary oka.
Ruhy taýdan mätäçdigimizi nädip görkezip bileris? (Mat. 5:3; Rim. 10:13—15; 1 Tim. 4:13, 15, 16).
Matta 5:21—26-njy aýatlary oka.
Doganlar bilen gatnaşygymyz Ýehowa bilen gatnaşygymyza täsir edýändigini Matta 5:23, 24-nji aýatlar nädip görkezýär? (Mat. 6:14, 15; Zeb. 133:1; Kol. 3:13; 1 Ýahýa 4:20).
Matta 6:1—8-nji aýatlary oka.
Öz gözüňe dogry görünmegiň haýsy görnüşlerinden gaça durmaly? (Luka 18:11, 12; 1 Kor. 4:6, 7; 2 Kor. 9:7).
Matta 6:25—34-nji aýatlary oka.
Isa Ýehowanyň maddy taýdan aladamyzy etjegine ynanmagy nädip öwretdi? (Çyk. 16:4; Zeb. 37:25; Flp. 4:6).
Matta 7:1—11-nji aýatlary oka.
Matta 7:5-de ýazylan mysaldan näme öwrenýäris? (Sül. tym. 26:12; Rim. 2:1; 14:10; Ýakup 4:11, 12).
92-nji hekaýa
Isa ölüleri direldýär
Suratdaky gyzjagazyň kakasy kim we ol aýaly bilen nämeden gaty gorkupdy?
Ýaýrus Isany tapanda näme etdi?
Ýaýrusyň öýüne barýarkalar ýolda näme bolýar we Ýaýrusa nähili habar ýetirýärler?
Ýaýrusyň öýündäki adamlar Isanyň üstünden näme üçin gülýärler?
Isa gyzjagazyň kakasy, ejesi we üç resuly bilen onuň ýatan otagyna girip näme edýär?
Isa başga kimi direltdi we biz mundan näme bilýäris?
Goşmaça soraglar:
Luka 8:40—56-njy aýatlary oka.
Isa gan akma keselinden ejir çekýän aýala haýpynyň gelýändigini görkezip, nädip paýhasly hereket etdi we ýaşulular mundan näme öwrenip biler? (Luka 8:43, 44, 47, 48; Lew. 15:25—27; Mat. 9:12, 13; Kol. 3:12—14).
Luka 7:11—17-nji aýatlary oka.
Isanyň Nain şäherindäki dul aýala aýdan sözlerinden hossary aradan çykan adamlar näme üçin teselli tapyp biler? (Luka 7:13; 2 Kor. 1:3, 4; Ýew. 4:15).
Ýahýa 11:17—44-nji aýatlary oka.
Isa hossaryň ölende hasrat çekmegiň ýerliklidigini nädip görkezdi? (Ýahýa 11:33—36, 38; 2 Şam. 18:33; 19:1—4).
93-nji hekaýa
Isa köp adamlary doýurýar
Ýahýa näme boldy we bu Isa nähili täsir etdi?
Isa adamlary nädip doýurdy we ýene näçe çörek artyp galdy?
Isanyň şägirtleri gije nämeden gorkdular we Petrus bilen nähili waka boldy?
Isa adamlary ikinji gezek nädip doýurdy?
Hudaýyň bellän Patyşasy hökmünde Isanyň ýeriň üstünden höküm sürjegine, biz näme üçin begenip bileris?
Goşmaça soraglar:
Matta 14:1—32-nji aýatlary oka.
Petrusyň häsiýetleri barada Matta 14:23—32-nji aýatlardan näme bilýäris?
Petrusyň ruhy taýdan tejribeli bolup, gyzma häsiýetine hötde gelendigini Injil nädip görkezýär? (Mat. 14:27—30; Ýahýa 18:10; 21:7; Res. iş. 2:14, 37—40; 1 Pet. 5:6, 10).
Matta 15:29—38-nji aýatlary oka.
Isa Atasynyň beren zatlaryna hormat goýýandygyny nädip görkezdi? (Mat. 15:37; Ýahýa 6:12; Kol. 3:15).
Ýahýa 6:1—21-nji aýatlary oka.
Mesihçiler häkimiýetlere hormat goýmak bilen Isanyň göreldesine nädip eýerýärler? (Ýahýa 6:15; Mat. 22:21; Rim. 12:2; 13:1—4).
94-nji hekaýa
Ol çagalary söýýär
Uzak ýoldan gelýärkäler, resullar näme barada jedel etdiler?
Isa oglanjygy ýanyna çagyryp, resullaryň öňünde näme üçin duruzdy?
Resullar haýsy manyda çaga ýaly bolmalydylar?
Isa çagalary söýýändigini birnäçe aýdan nädip görkezýär?
Goşmaça soraglar:
Matta 18:1—4-nji aýatlary oka.
Isa näme üçin mysal arkaly öwredýärdi? (Mat. 13:34, 36; Mar. 4:33, 34).
Matta 19:13—15-nji aýatlary oka.
Patyşalygyň bereketlerini almak üçin çagalara mahsus haýsy häsiýetleri öwrenmeli? (Zeb. 25:9; 138:6; 1 Kor. 14:20).
Markus 9:33—37-nji aýatlary oka.
Isa şägirtlerine wezipeparazlyk babatda näme öwretdi? (Mar. 9:35; Mat. 20:25, 26; Gal. 6:3; Flp. 2:5—8).
Markus 10:13—16-njy aýatlary oka.
Ýaşulular Isanyň kiçigöwünliliginden näme öwrenip biler? (Mar. 6:30—34; Flp. 2:1—4; 1 Tim. 4:12).
95-nji hekaýa
Isanyň öwredişi
Bir adam Isadan näme sorady we näme üçin?
Isa bir zady öwretjek bolanda näme gürrüň berýärdi we ýehudylar bilen samariýalylaryň gatnaşygy barada näme bilýäris?
Isanyň gürrüň berşi ýaly, Eriha barýan ýehuda näme boldy?
Şol ýoldan barýan ruhany hem-de lewili näme etdi?
Suratda görkezilişi ýaly, urlan ýehuda kim kömek etdi?
Isa bu wakany gürrüň berip bolanda nähili sorag berdi we ol adam näme jogap berdi?
Goşmaça soraglar:
Luka 10:25—37-nji aýatlary oka.
Isa kanunçynyň soragyna göni jogap bermän, gaýtam oňa oýlanmaga nädip kömek etdi? (Luka 10:26; Mat. 16:13—16).
Isa diňleýjilerine mysallar arkaly ters pikirini üýtgetmäge nädip kömek etdi? (Luka 10:36, 37; 18:9—14; Titus 1:9).
96-njy hekaýa
Isa syrkawlary sagaldýar
Isa ýurt aýlanyp näme edýärdi?
Isanyň suwda çokundyrylanyna üç ýyl geçende şägirtlerine näme diýdi?
Suratdaky aýal kim we Isa oňa näme etdi?
Isanyň sözleri dini ýolbaşçylary näme üçin utandyrdy?
Isa şägirtleri bilen Eriha şäherinden çykan badyna, iki sany kör gedaýa näme etdi?
Isa näme üçin gudrat görkezýärdi?
Goşmaça soraglar:
Matta 15:30, 31-nji aýatlary oka.
Isanyň eden işlerinde Hudaýyň güýji nähili görünýärdi we Hudaýyň täze dünýäde etjek işlerine düşünmäge bize nädip kömek edýär? (Zeb. 37:29; Iş. 33:24).
Luka 13:10—17-nji aýatlary oka.
Isanyň sabat güni görkezen gudratlary Müňýyllyk hökümdarlygynda adamzada etjek ýagşylygyny nädip görkezýär? (Luka 13:10—13; Zeb. 46:9; Mat. 12:8; Kol. 2:16, 17; Ylh. 21:1—4).
Matta 20:29—34-nji aýatlary oka.
Bu waka Isanyň adamlara hemişe kömek etmäge taýýardygyny nädip görkezýär we biz mundan näme öwrenýäris? (Kanun. 15:7; Ýakup 2:15, 16; 1 Ýahýa 3:17).
97-nji hekaýa
Isa patyşa hökmünde gelýär
Isa Iýerusalimiň golaýyndaky kiçiräk oba gelende, şägirtlerinden näme haýyş etdi?
Isa şähere golaýlaşanda näme boldy? (Surata seret.)
Isanyň körleri we agsaklary sagaldanyny görüp, çagalar näme etdiler?
Isa gahary gelen ruhanylara näme diýdi?
Biz Isany şöhratlandyran çagalara nädip meňzäp bileris?
Isanyň şägirtleriniň näme bilesi gelýär?
Goşmaça soraglar:
Matta 21:1—17-nji aýatlary oka.
Isanyň patyşa hökmünde Iýerusalime girişi, Rim imperiýasy döwründäki goşun baştutanlaryň ýeňiş bilen şähere girişinden nämede tapawutlanýar? (Mat. 21:4, 5; Zak. 9:9; Flp. 2:5—8; Kol. 2:15).
Isa ybadathana girende çagalaryň Zebur 118-däki sözleri aýdyp «gygyryşlaryndan» häzirki ýaşlar näme öwrenip bilýär? (Mat. 21:9, 15; Zeb. 118:25, 26; 2 Tim. 3:15; 2 Pet. 3:18).
Resullaryň işleri 12:12—16-njy aýatlary oka.
Isany garşylaýan adamlaryň ellerindäki hurma agajynyň pürleri näme aňladýar? (Ýahýa 12:13; Flp. 2:10; Ylh. 7:9, 10).
98-nji hekaýa
Zeýtun dagynda
Suratda Isany görkez. Onuň ýanyndakylar kimler?
Isa ybadathanadaka ruhanylar näme etjek boldy we Isa olara näme diýdi?
Resullar Isadan näme soradylar?
Gökde Patyşa bolup höküm sürende ýer ýüzünde boljak wakalary, Isa resullaryna näme üçin gürrüň berýär?
Isanyň aýtmagyna görä, ýer ýüzünden erbetlik ýok edilmezinden öň, nähili wakalar bolmaly?
Goşmaça soraglar:
Matta 23:1—39-njy aýatlary oka.
Ýazgylara görä, wezipeli adama hormat goýmak ýerlikli bolsa-da, mesihçiler ýygnagynda jogapkär doganlara ýaranjaňlyk etmek babatda Isanyň Matta 23:8—11-nji aýatlardaky sözleri näme görkezýär? (Res. iş. 26:25; Rim. 13:7; 1 Pet. 2:13, 14).
Fariseýler adamlaryň mesihçi bolmagyna päsgel bermek üçin näme edýärdiler we şuňa meňzeş usullary häzirki dini ýolbaşçylar nädip ulanýar? (Mat. 23:13; Luka 11:52; Ýahýa 9:22; 12:42; 1 Sel. 2:16).
Matta 24:1—14-nji aýatlary oka.
Çydamyň wajypdygyny Matta 24:13 nädip görkezýär?
Matta 24:13-däki «soňuna» diýen söz nämäni aňladýar? (Mat. 16:27; Rim. 14:10—12; 2 Kor. 5:10).
Markus 13:3—10-njy aýatlary oka.
Markus 13:10-da hoş habaryň wajypdygyny haýsy söz görkezýär we Isanyň bu pygamberligi bize nähili täsir etmeli? (Rim. 13:11, 12; 1 Kor. 7:29—31; 2 Tim. 4:2).
99-njy hekaýa
Ýokarky otagda
Isa bilen 12 resuly ýokarky giň otagda näme üçin ýygnanyşdylar? (Surata seret.)
Otagdan çykyp barýan kim we ol näme etmekçi?
Pasha nahary tamamlanandan soň, Isa nähili üýgeşik agşam naharyna başlady?
Pasha ysraýyllylara nämäni ýatlatmalydy we bu üýtgeşik agşam nahary Isanyň şägirtlerine nämäni ýatladýar?
Rebbiň agşam naharyndan soň Isa şägirtlerine nähili bolmalydygyny aýtdy we soňra olar näme etdiler?
Goşmaça soraglar:
Matta 26:14—30-njy aýatlary oka.
Iudanyň Isa bilgeşleýin haýynlyk edendigini Matta 26:15 nädip görkezýär?
Isanyň özüni gurban bermeginiň nähili iki sebäbi bar? (Mat. 26:27, 28; Ýerem. 31:31—33; Efes. 1:7; Ýew. 9:19, 20).
Luka 22:1—39-njy aýatlary oka.
Şeýtan Iudanyň ýüregine haýsy manyda girdi? (Luka 22:3; Ýahýa 13:2; Res. iş. 1:24, 25).
Ýahýa 13:1—20-nji aýatlary oka.
Ýahýa 13:2-ä laýyklykda Iudany günäkär hasaplap bolarmy we mesihçilere bu nähili sapak bolup biler? (Bar. 4:7; 2 Kor. 2:11; Gal. 6:1; Ýakup 1:13, 14).
Isa şägirtlerine nähili görelde galdyrdy? (Ýahýa 13:15; Mat. 23:11; 1 Pet. 2:21).
Ýahýa 17:1—26-njy aýatlary oka.
Isa haýsy manyda şägirtleriniň «bir bolmagy» barada doga edýär? (Ýahýa 17:11, 21—23; Rim. 13:8; 14:19; Kol. 3:14).
100-nji hekaýa
Isa bagda
Isa we resullary ýokarky otagdan çykyp nirä gitdiler we Isa şägirtlerine näme diýdi?
Isa resullarynyň ýanyna gaýdyp baranda näme gördi we bu näçe gezek gaýtalandy?
Suratda görkezilişi ýaly, Getsemani bagyna kim geldi we Iuda Iskariot näme etdi?
Iuda Isany näme üçin ogşady we Petrus näme etdi?
Isa Petrusa näme diýdi we ol Hudaýdan perişde ibermegini näme üçin dilemedi?
Goşmaça soraglar:
Matta 26:36—56-njy aýatlary oka.
Isanyň şägirtlerine maslahat berşi, ýygnak ýaşulularyna näme üçin görelde bolup durýar? (Mat. 20:25—28; 26:40, 41; Gal. 5:17; Efes. 4:29, 31, 32).
Isa ýakynyňa garşy ýarag ulanmaga nähili garady? (Mat. 26:52; Luka 6:27, 28; Ýahýa 18:36).
Luka 22:39—53-nji aýatlary oka.
Getsemani bagynda bir perişdäniň Isa goldaw bermegi, onuň imanynyň gowşaklygyny aňladýarmy? Düşündir. (Luka 22:41—43; Iş. 49:8; Mat. 4:10, 11; Ýew. 5:7).
Ýahýa 18:1—12-nji aýatlary oka.
Isa şägirtlerini duşmanlaryndan nädip gorady we biz onuň mysalyndan näme öwrenýäris? (Ýahýa 10:11, 12; 18:1, 6—9; Ýew. 13:6; Ýakup 2:25).
101-nji hekaýa
Isany öldürýärler
Isanyň ölümine ilki bilen kim jogapkär?
Dini ýolbaşçylar Isany tutanda, resullar näme etdiler?
Baş ruhany Kaýafanyň öýünde näme boldy?
Petrus näme üçin daşaryk çykyp aglady?
Isany yzyna Pilatusyň ýanyna iberende, ruhanylar näme diýip gygyryşdylar?
Bäşinji güni gündiz näme boldy we Isa ýanyndaky pürse çüýlenen jenaýatça näme diýdi?
Isanyň aýdan Jenneti nirede bolar?
Goşmaça soraglar:
Matta 26:57—75-nji aýatlary oka.
Ýehudy ýokary sudunyň agzalarynyň ýürekleri erbetdigi nämeden görünýär? (Mat. 26:59, 67, 68).
Matta 27:1—50-nji aýatlary oka.
Näme üçin Iuda ýürekden ökünmedi diýip bolar? (Mat. 27:3, 4; Mar. 3:29; 14:21; 2 Kor. 7:10, 11).
Luka 22:54—71-nji aýatlary oka.
Isa tutulan gijesi Petrusyň ony inkär etmeginden näme sapak edinip bolar? (Luka 22:60—62; Mat. 26:31—35; 1 Kor. 10:12).
Luka 23:1—49-njy aýatlary oka.
Isa adalatsyzlyga nähili garady we biz mundan näme öwrenýäris? (Luka 23:33, 34; Rim. 12:17—19; 1 Pet. 2:23).
Ýahýa 18:12—40-njy aýatlary oka.
Bir gezek Petrus adamlardan gorkan hem bolsa, soňra gorkusyna hötde gelip, abraýly resullaryň biri bolandygy nämeden görünýär? (Ýahýa 18:25—27; 1 Kor. 4:2; 1 Pet. 3:14, 15; 5:8, 9).
Ýahýa 19:1—30-njy aýatlary oka.
Isa maddy zatlara nähili garaýardy? (Ýahýa 2:1, 2, 9, 10; 19:23, 24; Mat. 6:31, 32; 8:20).
Isanyň ölmänkä aýdan sözleri onuň soňuna çenli Ýehowanyň hökümdarlygynyň tarapyny tutandygyny nädip subut edýär? (Ýahýa 16:33; 19:30; 2 Pet. 3:14; 1 Ýahýa 5:4).
102-nji hekaýa
Isa diri
Suratdakylar kim we olar nirede?
Pilatus ruhanylara Isanyň mazaryny goramaga esger ibermegi näme üçin buýurdy?
Isanyň ölenine üç gün diýlende daň bilen perişde näme etdi we ruhanylar näme etdi?
Aýallar mazara gelende näme üçin haýran galdylar?
Petrus bilen Ýahýa näme üçin mazara tarap ylgadylar we ol ýerde näme gördüler?
Isanyň ölüsine näme boldy, emma ol özüniň direlendigini görkezmek üçin näme etdi?
Goşmaça soraglar:
Matta 27:62—66 we 28:1—15-nji aýatlary oka.
Isa direlende baş ruhanylar, fariseýler hem-de ýaşulular mukaddes ruha garşy nädip günä etdiler? (Mat. 12:24, 31, 32; 28:11—15).
Luka 24:1—12-nji aýatlary oka.
Isa direlende bolan waka Ýehowanyň aýallary ynamdar güwäçi hasaplaýandygyny nädip görkezýär? (Luka 24:4, 9, 10; Mat. 28:1—7).
Ýahýa 20:1—12-nji aýatlary oka.
Eger biz Mukaddes Ýazgylardaky pygamberligiň ýerine ýetişine doly düşünmesek, sabyrly bolmagyň wajypdygyny Ýahýa 20:8, 9-njy aýatlar nädip görkezýär? (Sül. tym. 4:18; Mat. 17:22, 23; Luka 24:5—8; Ýahýa 16:12).
103-nji hekaýa
Ýapyk gapydan otaga girýär
Merýem bagbandyr öýden adamyna näme diýdi we aslynda onuň Isadygyny nädip bilýär?
Emmaus diýen oba barýan iki şägirt bilen nähili waka bolýar?
Iki şägirt Isany görendigini resullara aýdanda näme bolýar?
Isa şägirtlerine näçe gezek göründi?
Şägirtler Rebbi görendigini aýdanda Tomas näme jogap berdi we sekiz günden näme boldy?
Goşmaça soraglar:
Ýahýa 20:11—29-njy aýatlary oka.
Isanyň Ýahýa 20:23-de aýdan sözleri adamlaryň günäni bagyşlap bilýändigini aňladýarmy? Düşündir. (Zeb. 49:2, 7; Iş. 55:7; 1 Tim. 2:5, 6; 1 Ýahýa 2:1, 2).
Luka 24:13—43-nji aýatlary oka.
Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty ýürekden kabul etmek üçin näme etmeli? (Luka 24:32, 33; Ezra 7:10; Mat. 5:3; Res. iş. 16:14; Ýew. 5:11—14).
104-nji hekaýa
Isa göge dolanýar
Isa direlenden soň bir gezek ony näçe şägirdi görýär we Isa olara näme hakda gürrüň berýär?
Hudaýyň Patyşalygy näme we Isa müň ýyl höküm sürende ýer ýüzünde nähili ýaşaýyş bolar?
Isa şägirtlerine näçe günüň dowamynda göründi we indi onuň näme etmeli wagty geldi?
Isa şägirtleri bilen hoşlaşmanka näme diýdi?
Suratda görýän zatlaryňy we Isanyň gözden ýitişini gürrüň ber.
Goşmaça soraglar:
1 Korintoslylar 15:3—8-nji aýatlary oka.
Pawlus resul Isanyň direlişi barada näme üçin ynamly aýdýar we häzirki mesihçiler ynamly näme diýip biler? (1 Kor. 15:4, 7, 8; Iş. 2:2, 3; Mat. 24:14; 2 Tim. 3:1—5).
Resullaryň işleri 1:1—11-nji atlary oka.
Resullaryň işleri 1:8-däki pygamberlige laýyklykda, nirelerde wagyz edildi? (Res. iş. 6:7; 9:31; 11:19—21; Kol. 1:23).
105-nji hekaýa
Iýerusalimde garaşýarlar
Isanyň Iýerusalimde galan şägirtlerine näme bolýar? (Surata seret.)
Iýerusalime gelen adamlar nähili gudratyň şaýady bolýarlar?
Petrus ýygnanan adamlara näme gürrüň berdi?
Petrusy diňlän adamlar özüni nähili duýdular we Petrus olara näme ediň diýýär?
B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününde näçe adam suwda çokundyrylýar?
Goşmaça soraglar:
Resullaryň işleri 2:1—47-nji aýatlary oka.
Petrusyň Resullaryň işleri 2:23, 36-njy aýatlardaky sözleri Isanyň ölümine bütin ýehudy halkynyň günäkärdigini nädip görkezýär? (1 Sel. 2:14, 15).
Petrus Ýazgylar esasynda düşündirmekde nädip gowy görelde galdyrdy? (Res. iş. 2:16, 17, 29, 31, 36, 39; Kol. 4:6).
Isanyň Petrusa wada beren «Göklerdäki Patyşalygyň açarynyň» ilkinjisini ol nädip ulandy? (Res. iş. 2:14, 22—24, 37, 38; Mat. 16:19).
106-njy hekaýa
Türmeden boşadyldylar
Bir gezek Petrus bilen Ýahýa Iýerusalimdäki ybadathana barýarka näme bolýar?
Petrus agsak adama näme diýýär we oňa puldan-da gymmatly näme berýär?
Dini ýolbaşçylar näme üçin gaharlandylar we olar Petrusdyr Ýahýa näme edýärler?
Petrus dini ýolbaşçylara näme diýýär we olar resullardan näme talap edýärler?
Dini ýolbaşçylar näme üçin içigaralyk edýärler we resullary ikilenç türmä basanlarynda näme bolýar?
Resullary mejlise getirenlerinde, olar näme diýýärler?
Goşmaça soraglar:
Resullaryň işleri 3:1—10-njy aýatlary oka.
Biz şu günler gudrat görkezip bilmesek-de, Patyşalyk baradaky habaryň gymmatyny bilmäge, Resullaryň işleri 3:6-daky sözler nädip kömek edýär? (Ýahýa 17:3; 2 Kor. 5:18—20; Flp. 3:8).
Resullaryň işleri 4:1—31-nji aýatlary oka.
Wagyzda garşylyklara duş gelenimizde, I asyrda ýaşan mesihçi doganlardan nädip görelde alyp bileris? (Res. iş. 4:29, 31; Efes. 6:18—20; 1 Sel. 2:2).
Resullaryň işleri 5:17—42-nji aýatlary oka.
Ýehowanyň Güwäçisi bolmadyk käbir adamlar nädip biziň wagyz işimizi oňladylar we oňlaýarlar? Mysal getir. (Res. iş. 5:34—39).
107-nji hekaýa
Stefanusy daşlaýarlar
Stefanus kim we ol Hudaýyň kömegi bilen näme edip bilýär?
Stefanusyň haýsy sözleri dini ýolbaşçylaryň gaharyny getirýär?
Bu adamlar Stefanusy şäherden çykaryp näme etdiler?
Geýimleri saklap duran ýaş ýigidiň ady näme? (Surata seret.)
Stefanus ölüminiň öň ýany Ýehowa näme diýip doga edýär?
Biri bize ýamanlyk edende, Stefanus ýaly biz näme edip bileris?
Goşmaça soraglar:
Resullaryň işleri 6:8—15-nji aýatlary oka.
Ýehowanyň Güwäçileriniň wagyz işini togtatmak üçin, dini ýolbaşçylar nähili hileleri ulandylar? (Res. iş. 6:9, 11, 13).
Resullaryň işleri 7:1—60-njy aýatlary oka.
Mejlisiň öňünde hoş habary ussatlyk bilen goramaga, Stefanusa näme kömek etdi we biz onuň mysalyndan nämäni öwrenýäris? (Res. iş. 7:51—53; Rim. 15:4; 2 Tim. 3:14—17; 1 Pet. 3:15).
Wagyz işimize garşy çykýanlara nähili garamaly? (Res. iş. 7:58—60; Mat. 5:44; Luka 23:33, 34).
108-nji hekaýa
Şama barýan ýolda
Stefanus öldürilenden soň, Saul näme edýär?
Saul Şama barýarka ýolda näme bolýar?
Isa Saula näme buýurýar?
Isa Hananýa näme buýurýar we Saulyň gözi nädip ýene-de görüp başlaýar?
Indi Saul kim diýip tanalýar we ol näme edýär?
Goşmaça soraglar:
Resullaryň işleri 8:1—4-nji aýatlary oka.
Mesihçileriň ýaňy dörän ýygnagyna garşy yzarlamalar, mesihçiligiň ýaýramagyna nädip ýardam etdi we şoňa meňzeş zatlar biziň döwrümizde-de boldumy? (Res. iş. 8:4; Iş. 54:17).
Resullaryň işleri 9:1—20-nji aýatlary oka.
Isa Saula nähili üç ýumuş tabşyrdy? (Res. iş. 9:15; 13:5; 26:1; 27:24; Rim. 11:13).
Resullaryň işleri 22:6—16-njy aýatlary oka.
Biz Hananýadan nädip görelde alyp bileris we bu näme üçin wajyp? (Res. iş. 22:12; 1 Tim. 3:7; 1 Pet. 1:14—16; 2:12).
Resullaryň işleri 26:8—20-nji aýatlary oka.
Biriniň äri ýa-da aýaly hakykaty kabul etmeýän bolsa, onda Saulyň mesihçi bolmagy olary nädip ruhlandyryp biler? (Res. iş. 26:11; 1 Tim. 1:14—16; 2 Tim. 4:2; 1 Pet. 3:1—3).
109-njy hekaýa
Petrus Korneliusyň öýüne gelýär
Dyza çöküp duran adam kim? (Surata seret.)
Perişde Korneliusa näme diýýär?
Petrus Ýafadaky Simunyň tamynyň üstündekä, Hudaý oňa näme görkezýär?
Petrus Korneliusa näme üçin adama sežde etmeli däl diýýär?
Petrus bilen gelen ýehudy şägirtler näme üçin haýran galýarlar?
Korneliusyň öýüne Petrusyň gelmegi bize nähili sapak bolup biler?
Goşmaça soraglar:
Resullaryň işleri 10:1—48-nji aýatlary oka.
Resullaryň işleri 10:42-den Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmek barada näme bilýäris? (Mat. 28:19; Mar. 13:10; Res. iş. 1:8).
Resullaryň işleri 11:1—18-nji aýatlary oka.
Özge milletler babatda Ýehowanyň islegi aýan bolanda, Petrus näme etdi we bu bize nähili görelde bolup biler? (Res. iş. 11:17, 18; 2 Kor. 10:5; Efes. 5:17).
110-njy hekaýa
Timoteos — Pawlusyň täze kömekçisi
Suratdaky ýaş ýigit kim, ol nirede ýaşaýar we onuň ejesiniň hem-de mamasynyň ady näme?
Pawlus Timoteosy uzak ýurtlara wagyz etmäge çagyranda, ol näme jogap berýär?
Isanyň şägirtlerine «mesihçiler» diýen at ilkinji gezek nirede berildi?
Pawlusyň, Silasyň hem-de Timoteosyň Antakiýadan soň baran käbir şäherleriniň atlary näme?
Timoteos Pawlusa nädip kömek edýär we ýaşlar özüne nähili sorag berip biler?
Goşmaça soraglar:
Resullaryň işleri 9:19—30-njy aýatlary oka.
Hoş habary wagyz edýärkä garşylyk görkezenlerinde, Pawlus nädip seresap boldy? (Res. iş. 9:22—25, 29, 30; Mat. 10:16).
Resullaryň işleri 11:19—26-njy aýatlary oka.
Resullaryň işleri 11:19—21, 26-njy aýatlardan Ýehowanyň ruhunyň wagyz işini ugrukdyrýandygy nädip görünýär?
Resullaryň işleri 13:13—16, 42—52-nji aýatlary oka.
Resullaryň işleri 13:51, 52-nji aýatlar yzarlamalara garamazdan, şägirtleriň ruhdan düşmändigini nädip görkezýär? (Mat. 10:14; Res. iş. 18:6; 1 Pet. 4:14).
Resullaryň işleri 14:1—6, 19—28-nji aýatlary oka.
«Hudaýa tabşyrdylar» diýen jümle barada oýlansak, täze şägirtlere kömek edenimizde aşa köp aladalanmazlyga nädip kömek edýär? (Res. iş. 14:21—23; 20:32; Ýahýa 6:44).
Resullaryň işleri 16:1—5-nji aýatlary oka.
Timoteosyň sünnetlenmäge taýýarlygy, hemme zady «Hoş Habar üçin etmegiň» wajypdygyny nädip görkezýär? (Res. iş. 16:3; 1 Kor. 9:23; 1 Sel. 2:8).
Resullaryň işleri 18:1—11, 18—22-nji aýatlary oka.
Resullaryň işleri 18:9, 10-njy aýatlardan Isanyň wagyz işini goldaýandygy barada näme bilýäris we biz şu günler nämä ynanyp bileris? (Mat. 28:20).
111-nji hekaýa
Bir oglanyň uka gidişi
Ýerde ýatan oglan kim we oňa näme boldy? (Surata seret.)
Oglanyň ölendigini görüp, Pawlus näme edýär?
Pawlus, Timoteos we ýoldaşlary nirä gidýärler we Militosda bolanlarynda näme bolýar?
Agabus pygamber Pawlusa näme diýýär we pygamberlik nädip ýerine ýetýär?
Goşmaça soraglar:
Resullaryň işleri 20:7—38-nji aýatlary oka.
Pawlusyň Resullaryň işleri 20:26, 27-nji aýatlardaky sözlerine laýyklykda, nädip «adamlaryň ganyndan tämiz» bolup bileris? (Ezek. 33:8; Res. iş. 18:6, 7).
Ýaşulular öwredende näme üçin «sagdyn sözleri... gaýym saklamaly»? (Res. iş. 20:17, 29, 30; Titus 1:7—9; 2 Tim. 1:13).
Resullaryň işleri 26:24—32-nji aýatlary oka.
Hoş habary wagyz etmek üçin Pawlus Rim raýatlygyny nädip ulandy? (Res. iş. 9:15; 16:37, 38; 25:11, 12; 26:32; Luka 21:12, 13).
112-nji hekaýa
Gämi gark bolýar
Girit (Krit) adasynyň golaýynda Pawlusyň barýan gämisine näme bolýar?
Pawlus gämidäki adamlara näme diýýär?
Gämi nädip dargady?
Gäminiň ýolbaşçysy nähili buýruk berýär we kenara näçe adam çykýar?
Olar haýsy ada çykdylar we howa açylanda Pawlusa näme bolýar?
Goşmaça soraglar:
Resullaryň işleri 27:1—44-nji aýatlary oka.
Pawlusyň Rime syýahat edişi barada okanymyzda Mukaddes Ýazgylaryň dogrudygyna ynamymyz nädip artýar? (Res. iş. 27:16—19, 27—32; Luka 1:3; 2 Tim. 3:16, 17).
Resullaryň işleri 28:1—14-nji aýatlary oka.
Eger Maltadaky özge milletler Pawlusa we onuň bilen bir gämide gelýän adamlara «adatdan daşary ynsanperwerlik» eden bolsalar, onda mesihçiler näme etmeli we nädip? (Res. iş. 28:1, 2; Ýew. 13:1, 2; 1 Pet. 4:9).
113-nji hekaýa
Pawlus Rimde
Pawlus Rim türmesindekä kime wagyz edýär?
Stoluň başynda oturan kim we ol Pawlusa nädip kömek edýär? (Surata seret.)
Epafrodit kim we ol ýany bilen näme getirýär?
Pawlus ýakyn dosty Filimuna näme üçin hat ýazýar?
Pawlus türmeden boşanda näme edýär we soňra oňa näme bolýar?
Ýehowa Mukaddes Ýazgylaryň iň soňky kitaplaryny kime ýazdyrdy we Ylham kitabynda näme barada aýdylýar?
Goşmaça soraglar:
Resullaryň işleri 28:16—31 we Filipililer 1:13-nji aýatlary oka.
Pawlus Rim türmesindekä, wagtyny nädip geçirdi we onuň berk imany mesihçi ýygnaklara nähili täsir etdi? (Res. iş. 28:23, 30; Flp. 1:14).
Filipililer 2:19—30-njy aýatlary oka.
Pawlus Timoteos bilen Epafraditiň gadyryny bilýändigini nädip görkezdi we biz Pawlusdan nädip görelde alyp bileris? (Flp. 2:20, 22, 25, 29, 30; 1 Kor. 16:18; 1 Sel. 5:12, 13).
Filimun 1—25-nji aýatlary oka.
Pawlus nämä esaslanyp Filimuna dogry zatlary etmegi tabşyrdy we bu ýygnak ýaşulularyna nähili mysal bolup biler? (Flm. 9; 2 Kor. 8:8; Gal. 5:13).
Pawlusyň Filimun 13, 14-nji aýatlardaky sözleri ýygnakdakylaryň ynsabyna hormat goýýandygyny nädip görkezýär? (1 Kor. 8:7, 13; 10:31—33).
2 Timoteos 4:7—9-njy aýatlary oka.
Eger soňuna çenli Pawlus ýaly wepaly bolsak, Ýehowanyň sylaglajakdygyna näme üçin ynamly bolup bileris? (Mat. 24:13; Ýew. 6:10).
114-nji hekaýa
Erbetlik ýok ediler
Mukaddes Ýazgylarda gökdäki atlylar barada näme diýilýär?
Hudaýyň ýerdäki erbet adamlara garşy urşuna näme diýilýär we bu uruşda Hudaý näme eder?
Hudaýyň urşuna kim baştutanlyk eder, onuň kellesinde näme üçin täç bar we gylyç näme aňladýar? (Surata seret.)
10, 15, 33-nji hekaýalardan görnüşi ýaly, Hudaýyň erbet adamlary ýok etjekdigine näme üçin haýran galmaly däl?
36-njy we 76-njy hekaýalardan özüni Hudaýyň gullukçysy hasaplaýan erbet adamlary-da Hudaýyň ýok etjekdigi, nähili görünýär?
Goşmaça soraglar:
Ylham 19:11—16-njy aýatlary oka.
Ak atlynyň Isa Mesihdigini Ýazgylar nädip görkezýär? (Ylh. 1:5; 3:14; 19:11; Iş. 11:4).
Isanyň geýimindäki gan onuň doly we gutarnykly ýeňiş gazanjagyny nädip görkezýär? (Ylh. 14:18—20; 19:13; Iş. 63:1—6)
Ak atly Isanyň yzyndaky goşuna kimler degişli? (Ylh. 12:7; 19:14; Mat. 25:31, 32).
115-nji hekaýa
Ýer ýüzi ýene-de Jennet
Injilden görnüşi ýaly, ýer ýüzi Jennet bolanda biz nähili ýaşarys?
Jennetde ýaşajak adamlara Injilde näme wada berilýär?
Isa bularyň baryny haçan eder?
Isa Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy bolanda etjek zatlaryny, ýerde ýaşanda nädip görkezdi?
Isa bilen gökden höküm sürjekler näme barada alada eder?
Goşmaça soraglar:
Ylham 5:9, 10-njy aýatlary oka.
Müňýyllyk patyşalykda ýeriň üstünden höküm sürjek patyşadyr ruhanylaryň duýgudaş we rehimdar boljakdygyna näme üçin ynamly bolup bileris? (Efes. 4:20—24; 1 Pet. 1:7; 3:8; 5:6—10).
Ylham 14:1—3-nji aýatlary oka.
144 000-leriň maňlaýynda Atasynyň we Guzynyň adynyň ýazylmagy näme aňladýar? (1 Kor. 3:23; 2 Tim. 2:19; Ylh. 3:12).
116-njy hekaýa
Ebedi ýaşamak üçin näme etmeli?
Eger biz ebedi ýaşamak islesek, kim barada bilim almaly?
Dostlary bilen kitap okaýan gyzjagaza seret. Biz Ýehowa Hudaý hem-de Isa barada nädip bilim alyp bileris?
Suratda ýene haýsy kitaby görýäň we ony näme üçin her gün okamaly?
Ebedi ýaşaýşy almak üçin Ýehowa we Isa barada bilip, soňra ýene näme etmeli?
69-njy hekaýadan biz näme öwrenýäris?
55-nji hekaýadaky kiçijik Samueliň göreldesi nämäni görkezýär?
Biz nädip Isadan görelde alyp bilýäris we oňa eýerýänlere nähili gelejek garaşýar?
Goşmaça soraglar:
Ýahýa 17:3-i oka.
Mukaddes Ýazgylar Ýehowa Hudaý hem-de Isa barada ýöne bilim almagyň ýeterlik däldigini nädip görkezýär? (Mat. 7:21; Ýakup 2:18—20; 1 Ýahýa 2:17).
Zebur 145:1—21-nji aýatlary oka.
Ýehowany näme üçin şöhratlandyrmaly? (Zeb. 145:8—11; Ylh. 4:11).
Ýehowa nädip «hemmelere gowulyk» edýär we bu bizi oňa nädip has-da ýakynlaşdyrýar? (Zeb. 145:9; Mat. 5:43—45).
Ýehowany söýýän bolsak, biz näme ederis? (Zeb. 119:171, 172, 175; 145:11, 12, 21).