Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 44
  • Rahaw içalylary gizleýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Rahaw içalylary gizleýär
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Rahaw Ýehowa ynandy
    Çagalaryňyza öwrediň
  • Rahaw iki adamy gizleýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Erihanyň diwarlary
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ysraýyl halky Kengana girýär
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 44

44-NJI HEKAÝA

Rahaw içalylary gizleýär

BU ADAMLAR howp astynda. Bu ýerden tizräk gitmeseler, olary öldürerler. Olar Ysraýyl içalylary, olara kömek edýän aýalyň ady bolsa Rahaw. Rahaw Eriha şäheriniň galasynda ýaşaýar. Gel, bu adamlara näme üçin howp abananyny bileli.

Ysraýyllylar Iordan derýasyndan geçip, Kengan ýurduna girmäge taýýardylar. Ýöne olar entek ýurda girmänkä, Ýeşuw iki sany içala: «Gidiňde, ýurdy we Eriha şäherini görüp geliň» diýip tabşyrýar.

Içalylar Eriha baryp, Rahawyň öýüne tarap ugraýarlar. Ýöne kimdir biri: «Şu gün agşam iki sany ysraýylly biziň ýurdumyzy görmek üçin şähere geldi» diýip, Erihanyň patyşasyna şugullaýar. Muny bilip, ol Rahawyň öýüne adam iberýär. Olar: «Öýüňe gelen adamlary daşaryk çykar!» diýip buýurýar. Emma Rahaw içalylary jaýyň üçeginde gizleýär. Şonuň üçinem: «Bir nätanyş adamlar-a geldi, ýöne olaryň niredendigini bilemok. Garaňky düşüp başlanda derwezeler ýapylmanka gitdiler. Eger tizleşseňiz, olary tutup bilersiňiz!» diýdi. Ol adamlar hem olaryň yzyndan gitdiler.

Olar gidensoň, Rahaw howlukmaçlyk bilen üçege çykyp: «Bu ýurdy Ýehowanyň size berjekdigini bilýärin. Müsürden çykanyňyzda onuň Gyzyl deňzi guradandygyny we siziň iki patyşany, ýagny Sihony hem-de Ogy öldürendigiňizi eşitdik. Men size ýagşylyk etdim, haýyş edýän, siz-de maňa ýagşylyk ediň. Meniň kakamy, ejemi hem-de doganlarymy we uýalarymy diri galdyrjakdygyňyza söz beriň» diýip, içalylardan haýyş edýär.

Içalylar Rahawyň haýyşyny bitirjekdigini söz berýärler, ýöne şonda-da ol aýalyň käbir etmeli zatlary bardy. Içalylar oňa: «Bu gyzyl ýüpi alyp, äpişgäňe daň we hemme garyndaşlaryňy öýüňe ýygna. Biz Erihany basyp almaga gelenimizde, äpişgäňdäki ýüpi görüp seniň öýüňden hiç kimi öldürmeris» diýdiler. Içalylar Ýeşuwyň ýanyna gaýdyp gelenlerinde, bolan bar zady gürrüň berdiler.

Ýeşuw 2:1—24; Ýewreýler 11:31.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş