45-NJI HEKAÝA
Iordan derýasyndan geçýärler
SERET! Ysraýyllylar Iordan derýasyndan geçýärler! Ýöne derýanyň suwuna näme bolduka? Bary-ýogy birnäçe minut mundan öň, derýanyň suwy kenaryndan joşýardy. Sebäbi şu wagtlar ýagyş köp ýagýardy. Ýöne indi bar suw çekilipdir! Birwagt Gyzyl deňzinden geçişi ýaly, ysraýyllylar häzir gury derýadan geçýärler! Emma derýanyň suwuna näme bolduka? Gel, bileli.
Ysraýyllylar Iordan derýasyndan geçmeli bolanda, Ýehowa Ýeşuwa halka şu sözleri aýtmagy tabşyrýar: «Ruhanylar äht sandygyny alyp, halkyň öňünden gitmeli. Olar Iordana giren badyna derýanyň akymy durar».
Ynha, ruhanylar äht sandygyny göterip, halkyň öňünden barýarlar. Iordan derýasyna baryp, suwa girýärler. Derýa örän joşgunly we çuňdy. Ýöne olar suwa giren badyna, derýanyň suwy azalyp başlaýar. Bu gudrat! Ýehowa derýanyň ýokardan gelýän akymyny bekledi. Şonuň üçinem derýanyň suwy derrew gutardy.
Ruhanylar äht sandygy bilen gury derýanyň ortasyna barýarlar. Olary suratda görýäňmi? Olar şol ýerde durýar, ysraýyllylar bolsa Iordan derýasynyň gury ýerinden geçýärler.
Ysraýyllylaryň hemmesi derýadan geçensoň, Ýehowa Ýeşuwa on iki sany güýçli adama şu sözleri aýtmagy tabşyrdy: «Äht sandygyny derýada göterip duran ruhanylaryň ýanyna baryň. Şol ýerden on iki sany daşy alyň-da, baryp düşlejek ýeriňizde goýuň. Gelejekde çagalaryňyz bu daşlaryň näme aňladýandygyny soranda, «Ýehowa äht sandygyny Iordan derýasyndan geçirende, derýanyň akymy durdy» diýip jogap beriň. Bu daşlar size şu gudraty ýatladar!» Mundan başga-da, Ýeşuw on iki sany daşy ruhanylaryň derýada duran ýerinde goýdy.
Soňra Ýeşuw äht sandygyny göterýän ruhanylara: «Iordandan çykyň» diýdi. Olar çykan badyna, derýanyň suwy ýene-de şaglap akyp başlady.