Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 43
  • Ýeşuw Serdar bellenýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýeşuw Serdar bellenýär
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowa Ýuşany saýlady
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Musa hasasyny gaýa urýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • On iki içaly
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Siziň gözleriňiz Ýehowa dikilenmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 43
Ýeşuw, Musa we baş ruhany Elýazar

43-NJI HEKAÝA

Ýeşuw serdar bellenýär

MUSANYŇ ysraýyllylar bilen Kengan ýurduna giresi gelýär. Şonuň üçin ol: «Ýehowa, Iordan derýasyny geçip, bu ajaýyp ýurdy görmäge maňa rugsat ber» diýip haýyş edýär. Emma Ýehowa oňa: «Besdir, muny menden gaýdyp sorama!» diýýär. Ýehowanyň näme üçin şeýle jogap berenini bilýäňmi?

Musa hasasyny gaýa uranda bolan zatlary ýadyňa sal. Harun ikisi dagdan suwy Ýehowanyň berendigini aýtmadylar we Ony şöhratlandyrmadylar. Şonda Ýehowa onuň Kengan ýurduna girmejegini aýdypdy.

Ine, Harunyň ölüminden soň birnäçe aý geçende, Ýehowa Musa ýüzlenip: «Ýeşuwy Eliýazar ruhanynyň we halkyň öňüne çykar. Indi Ýeşuw serdar bolar diýip, hemmeleriň öňünde yglan et» diýýär. Surata seret, Musa Ýehowanyň aýdyşy ýaly edýär.

Soňra Ýehowa Ýeşuwa ýüzlenip: «Mert bol, gorkma. Sen ysraýyllylary meniň wada beren ýerime, Kengan ýurduna alyp bararsyň, men seniň bilen bolaryn» diýýär.

Şondan soň Ýehowa Musa Moab ýurdundaky Nebo dagyna çykmalydygyny aýtdy. Musa dagyň depesinden Iordan derýasynyň aňyrsyndaky ajaýyp Kengan ýurduny görýär. Ýehowa oňa: «Ine, Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň çagalaryna meniň wada beren ýurdum. Sen bu ýurdy gördüň, emma oňa girmersiň» diýýär.

Şol Nebo dagynyň depesinde Musa aradan çykdy. Ol 120 ýaşyndady. Emma ol henizem sagdyndy, gözi-de gowy görýärdi. Musanyň ölümine halk gaty gynanyp, ýas tutýar. Muňa garamazdan, halk Ýeşuwyň serdar bolanyna begenýärdi

Çykyş 27:12—23; Kanunyň gaýtalanyşy 3:23—29; 31:1—8, 14—23; 32:45—52; 34:1—12.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş