40-NJY HEKAÝA
Musa hasasyny gaýa urýar
ARADAN on ýyl geçdi, ýigrimi ýyl geçdi, otuz ýyl geçdi we otuz dokuz ýyl geçdi! Ysraýyllylar bolsa henizem çölde gezip ýördüler. Emma Ýehowa şol ýyllarda-da halkynyň aladasyny etdi. Ol halkyna iýmit hökmünde manna berýär. Ýehowa olary gündizine bulut sütüni, gijesine bolsa ot sütüni bilen alyp barýardy. Şol ýyllaryň dowamynda olaryň eşikleri könelmedi, aýaklary hem gabarmady.
Olar Müsürden çykaly bäri, 40-njy ýylyň birinji aýy başlapdy. Ysraýyllylar Kadeşde ýene-de birnäçe toparlara bölünýärler. Bu ýer 40 ýyl mundan ozal Kengan ýurduna 12 içalynyň gelen ýeridi. Kadeşde Musanyň aýal dogany Merýem aradan çykýar. Bu ýerde ýene-de kynçylyk bolýar.
Halk içmäge suw tapmaýar. Olar Musa zeýrenip: «Biz ölen bolsak gowy bolardy. Näme üçin sen bizi Müsürden çykaryp, hiç zat bitmeýän şu gorkunç ýere getirdiň? Bu ýerde ne çörek, ne injir, ne üzüm, ne-de nar bar. Hatda içmäge suwam ýok» diýdiler.
Musa bilen Harun doga etmäge çadyra gelenlerinde, Ýehowa Musa şeýle diýýär: «Ähli halky ýygna we olaryň gözüniň öňünde şu gaýa ýüzlen. Şonda ähli adamlara we haýwanlara ýeter ýaly suw akar».
Musa halky ýygnap: «Eý, Hudaýa ynanmaýanlar, diňläň! Bu gaýadan size suwy Harun bilen men bermelimi?» diýýär. Soňra ol hasasyny gaýa iki gezek urýar welin, ondan şaglap suw akýar. Şol suw hemme adamlara we haýwanlara ýetýär.
Ýöne Ýehowa Musa bilen Haruna gaharlanýar. Bilýäňmi näme üçin? Sebäbi Musa bilen Harun gaýadan suwy biz berdik diýdiler. Aslyýetinde, suwy Ýehowa beripdi. Musa bilen Harun hakykaty aýtmandygy üçin, Ýehowa olara temmi berjekdigini aýdýar. Ol: «Meniň halkymy Kengana siz eltmersiňiz» diýýär.
Tiz wagtdan ysraýyllylar Kadeşden gidip, Or dagyna barýarlar. Şol dagyň depesinde Harun aradan çykýar. Ol aradan çykanda 123 ýaşyndady. Ysraýyllylar gaty gynanyp, 30 günläp Harunyň ýasyny tutýar. Şondan soň onuň ogly Eliýazar Ysraýyl halkyna baş ruhany bolýar.