Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 38
  • On iki içaly

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • On iki içaly
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Kengana giden 12 adam
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ýeşuw Serdar bellenýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Musa hasasyny gaýa urýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Rahaw içalylary gizleýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 38

38-NJI HEKAÝA

On iki içaly

BU ADAMLARYŇ getirýän miwelerine bir seret. Üzümiň ululygyny görsene! Bu üzümi uzyn taýakda getirmek üçin iki adam gerek boldy. Şeýle-de injire we nara seret. Bu üýtgeşik miweleri nireden getirdilerkä? Olary Kengan ýurdundan getirdiler. Ýadyňda bolsa, Ybraýym, Yshak we Ýakup Kenganda ýaşapdy. Emma ol ýerde açlyk bolanda, Ýakup maşgalasy bilen Müsüre göçdi. Musa takmynan 216 ýyldan ysraýyllylary ýene-de Kengan ýurduna eltýär. Olar çöldäki Kadeş diýen ýere barýarlar.

Kengan ýurdunda erbet adamlar ýaşaýardy. Şol sebäpli Musa 12 sany içalyny ýollap: «Ol ýerde näçe adamyň ýaşaýandygyny we olaryň güýjüni biliň. Hasyl almak üçin ýeri oňatmy. Ol ýeriň miwesinden hökman getiriň» diýip tabşyrdy.

Içalylar Kadeşe gaýdyp gelende: «Hakykatdan-da ajaýyp ýurt» diýdiler. Diýenlerini subut etmek üçin bolsa, miweleriň käbirlerini görkezdiler. Ýöne olaryň onusy: «Ol ýerde uzyn boýly we güýçli adamlar ýaşaýar, eger-de biz ol ýurdy eýelejek bolsak, heläk bolarys» diýip zeýrendiler.

Muny eşidende ysraýyllylar gaty gorkdular. Olar: «Müsürde ýa-da şu çölde ölen bolsak hem gowy bolardy. Biz söweşde heläk bolarys, aýallarymyzy we çagalarymyzy bolsa ýesir alarlar. Geliň, Musanyň ýerine başga ýolbaşçy saýlap Müsüre dolanalyň!» diýip zeýrenýärler.

Içalylaryň ikisi bolsa Ýehowa bil baglap, halky köşeşdirjek bolýar. Olaryň ady Ýeşuw we Kalebdi. Olar halka: «Gorkmaň, Ýehowa biz bilen bolar. Ýurdy aňsatlyk bilen eýeläris» diýip göwünlik berýär. Emma halk olara gulak asmaýar, gaýtam Ýeşuwdyr Kalebi öldürjek bolýarlar.

Ýehowanyň muňa gaty gahary gelýär. Ol Musa: «20 ýaşdan uly hiç bir adam Kengan ýurduna girmez. Olar Müsürde we çölde görkezen gudratlarymy görseler-de, maňa ynanmadylar. Şonuň üçin olaryň hemmesi ölýänçä, 40 ýyllap çölde gezerler. Diňe Ýeşuw bilen Kaleb Kengan ýurduna girer» diýdi.

Sanlar 13:2—34; 14:1—38.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş