Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 26 sah. 66—sah. 67 abz. 1
  • Kengana giden 12 adam

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Kengana giden 12 adam
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • On iki içaly
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ýehowa bütin ýüregiňiz bilen gulak asyň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
  • Rahaw içalylary gizleýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ýehowa Ýuşany saýlady
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 26 sah. 66—sah. 67 abz. 1
Ysraýylly 12 adam Kengan ýurduny gözden geçirýär

26-NJY SAPAK

Kengana giden 12 adam

Ysraýyllar Sinaý dagynyň golaýyndan göçüp gaýtdylar. Olar Paran çölünden geçip, Kadeşe geldiler. Ýehowa Musa: «Her taýpadan 12 adamy saýla. Olar gidip Kengany görüp gelsinler. Men ysraýyllara Kengan ýurduny bererin» diýdi. Musa 12 adamy saýlady. Olara şeýle diýdi: «Baryň, Kengan ýurduny görüp geliň. Ol ýerde ekin ekip bolýarmy? Adamlary nähili? Bizden güýçlümi? Olar çadyrda ýaşaýarmy ýa-da uly jaýlarda? Hemme zady bilip geliň». Olar Musanyň aýdyşy ýaly, Kengana gitdiler. Olaryň arasynda Ýuşa bilen Kalep hem bardy.

Ysraýyllar gorkup, goh turuzýar

Kengana giden 12 adam 40 günden yzyna geldi. Olar injir, nar we üzüm getirdiler. Olaryň käbiri: «Ýurt gowy eken. Ýöne adamlary bizden güýçli. Şäheriň diwarlary hem beýik eken» diýdi. Kalep bolsa: «Gorkmaň! Biz olary ýeňeris. Ýurt biziňki bolar» diýdi. Kalep näme üçin şeýle diýdi? Kalep bilen Ýuşa Ýehowanyň kömek etjegine ynanýardy. Beýleki on adam bolsa: «Ol ýerdäki adamlar uzyn hem daýaw. Biz olaryň ýanynda çekirtge ýaly» diýdiler.

Ysraýyllar gorkup, goh turzup başladylar. Olar: «Kengana gitmäliň, olar bizi öldürerler. Başga birini ýolbaşçy belläp, Müsüre gaýdalyň» diýdiler. Ýuşa bilen Kalep bolsa: «Gorkmaň, Ýehowany diňläliň! Ol bizi gorar» diýdi. Ýöne ysraýyllar diňlemedi. Olar Ýuşa bilen Kalebi öldürjek hem boldular.

Ýehowa näme etdi? Ol Musa şeýle diýdi: «Men ysraýyllara köp ýagşylyk etdim, ýöne olar şonda-da maňa gulak asmady. Indi olar 40 ýyllap çölde ýaşar, şol ýerde-de öler. Wada beren ýurdumda diňe olaryň çagalary, Ýuşa we Kalep ýaşar».

«Eý imany azlar, nämä gorkýaňyz?!» (Matta 8:26).

Soraglar: Kengandan 12 adam yzyna gelende näme boldy? Ýuşa bilen Kalep näme diýdi we näme üçin?

4 Musa 13:1—14:38; 5 Musa 1:22—33; Zebur 78:22; Ýewreýler 3:17—19

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş