41-NJI HEKAÝA
Misden ýasalan ýylan
ŞU SURATDAKY uzyn taýagyň daşyna oralan ýylan hakyky ýylana meňzeýärmi? Ýok, meňzänok. Bu ýylan misden ýasalan. Ýehowa Musa ýylany pürse berkitmegi tabşyrdy. Adamlar oňa seredip halas bolmalydy. Ýerdäki ýylanlar bolsa hakyky ýylanlar. Ýylanlar adamlary çakyp ýaralaýardy. Bu zatlaryň näme üçin bolýandygyny bilýäňmi?
Sebäbi ysraýyllylar Hudaýa we Musa garşy gaharlandylar. Olar: «Sen bizi şu çölde öldürmek üçin Müsürden çykardyňmy? Bu ýerde iýere-içere hiç zat ýok. Bu mannany biz indi iýip biljek däl» diýip zeýrendiler.
Aslynda, manna tagamly iýmitdi. Ýehowa mannany hem-de suwy gudrat bilen berdi. Ýöne halk onuň gadyryny bilmedi. Şol sebäpli Ýehowa olary jezalandyrmak üçin zäherli ýylanlary iberýär. Ýylan çakanda, olaryň köpüsi ölýär.
Ahyry adamlar Musanyň ýanyna gelip: «Biz Ýehowa we saňa gaharlanyp günä etdik. Ýylanlar aýrylar ýaly biziň üçin Ýehowa dileg edäý» diýip ýalbarýarlar.
Musa halk üçin Ýehowa dileg edýär. Musanyň dilegine jogap berip, Ýehowa misden ýylan ýasamagy buýurýar. Soňra şol ýylany pürse berkidip, ýylan çakan her bir adamyň misden ýasalan ýylana seretmegini tabşyrýar. Musa Hudaýyň tabşyrygyny edil aýdyşy ýaly-da edýär. Şeýdip, ýylan çakan adamlar misden ýasalan ýylana seredip sagalýar.
Bu bize gowy sapak bolup biler. Biziň hemmämiz ýylan çakan ysraýyllylara meňzeýäris. Iň soňy hemme adamlar ölýär. Daş töweregiňe göz aýlasaň, adamlaryň garraýandygyny, keselleýändigini we ölýändigini görersiň. Bu zatlar Adam ata bilen How enäniň Ýehowadan ýüz öwreni üçin bolýar. Biz bolsa olaryň çagalary. Emma Ýehowa bize ebedi ýaşamaga mümkinçilik berýär.
Ýehowa Ogly Isa Mesihi ýere iberdi. Köp adamlar Isany erbet adam hasaplap, ony pürse çüýlediler. Ýöne Ýehowa bizi halas etmek üçin, Isany ölüme berdi. Eger biz oňa seredip, onuň yzyna eýerip bilsek, onda ebedi ýaşap bileris. Bu barada biz indiki baplardan köpräk bileris.