Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 46
  • Erihanyň diwarlary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Erihanyň diwarlary
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Rahaw iki adamy gizleýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Rahaw içalylary gizleýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Rahaw Ýehowa ynandy
    Çagalaryňyza öwrediň
  • Ysraýyl halky Kengana girýär
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 46

46-NJY HEKAÝA

Erihanyň diwarlary

ERIHANYŇ diwarlary näme üçin ýykylýarka? Onuň üstüne uly bomba gaçan ýaly. Ýöne ol wagtlar bomba, hatda tüpeňem ýokdy. Bu Ýehowanyň ýene-de bir gudraty! Gel, munuň nädip bolanyny bileli.

Ýehowanyň Ýeşuwa beren buýrugyny diňle: «Esgerler bilen şäheriň daşyndan, günde bir gezek, alty günläp aýlanyň. Ýanyňyz bilen äht sandygyny göteriň. Sandygyň öňünden ýedi ruhany surnaý çalyp ýöresin.

Ýedinji gün şäheriň daşyndan ýedi gezek aýlanyň. Soňra surnaýy uzak wagtlap çalyň. Her biriňiz batly gygyryň. Şonda diwarlar düýbüne çenli ýykylar!»

Ýeşuw hem-de halk Ýehowanyň buýrugyny aýdyşy ýaly ýerine ýetirýär. Ýörüş wagty ümsümlikdi. Hiç kimden ses çykmaýar. Diňe surnaýyň we ýörüşiň sesi eşidilýär. Hudaýyň Erihadaky duşmanlary gorkan bolsalar gerek. Äpişgeden asylyp duran gyzyl ýüpi görýäňmi? Bu kimiň äpişgesikä? Hawa, Rahaw içalylaryň aýdyşy ýaly-da etdi. Ol bütin maşgalasy bilen bilelikde bu bolýan zatlara syn edýär.

Ine-de ýedinji gün ýetip geldi. Halk söweşe çagyrýan surnaý sesini çalyp, şäheriň daşyndan ýedi gezek aýlanýar. Diwarlar ýykylýar. Şonda Ýeşuw: «Şäheriň ýaşaýjylaryny öldüriň, şäheri bolsa otlaň. Bar zady otlaň. Diňe kümşi, altyny, misi hem-de demri galdyryp, Ýehowanyň çadyrynyň hazynasyna eltiň» diýip buýurdy.

Ýeşuw iki içala: «Rahawyň öýüne baryň-da, ony bütin maşgalasy bilen çykaryň» diýdi. Içalylaryň söz berşi ýaly, Rahaw bütin maşgalasy bilen diri galdy.

Ýeşuw 6:1—25.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş