Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 15
  • Lutuň aýaly yzyna seretdi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Lutuň aýaly yzyna seretdi
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Duza öwrülen aýal
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Hudaý Ybraýym bilen äht baglaşýar
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Başgalara kyn gününde kömek ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Lutuň aýalyny ýada salyň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 15

15-NJI HEKAÝA

Lutuň aýaly yzyna seretdi

LUT öz maşgalasy hem-de Ybraýym bilen Kengan ýurdunda ýaşaýardy. Bir gezek Ybraýym Luta ýüzlenip: «Bu ýer biziň mallarymyz üçin azlyk edýär. Haýyş edýärin, menden aýryl. Eger sen bir tarapa gitseň, men başga tarapa gideýin» diýdi.

Lut ýurda göz aýlady. Ol bir oňat ýer gördi. Ol ýerde suw köpdi, mallar üçin ot bardy. Bu ýer Iordan jülgesidi. Lut maşgalasy bilen ähli mallaryny alyp, şol ýere ugrady. Ahyry olar Sodom şäherinde ýerleşdiler.

Sodomyň ýaşaýjylary gaty erbetdi. Bu Luty gynandyrýardy, sebäbi onuň özi gowy adamdy. Bu Hudaýy-da gynandyrýardy. Ahyry Hudaý Sodomyň we goňşy şäheri Gomorranyň ýaşaýjylaryny ýok etmekçi boldy, sebäbi olar köp erbet iş edýärdiler. Bu barada Luta duýdurmak üçin iki perişdäni ýollady.

Perişdeler Luta: «Aýalyňy, iki gyzyňy al-da, bu ýerden çaltrak git!» diýdiler. Lut we onuň maşgalasy howlukmaýardy, şonuň üçin perişdeler olaryň elinden tutup, şäherden çykarmaly boldular. Soňra bir perişde: «Janyňyzy gutarmak üçin gaçyň, yzyňyza seretmäň. Heläk bolmaz ýaly, daglara gaçyň!» diýdi.

Lut we onuň gyzlary gulak asyp, Sodom şäherinden çykdylar. Olar birjigem säginmediler we yzlaryna-da seretmediler. Emma Lutuň aýaly gulak asmady. Olar Sodomdan biraz arany açanda, Lutuň aýaly säginip, yzyna seretdi. Şol pursat ol duz sütünine öwrüldi. Ony suratda görýäňmi?

Bu bize gowy sapak bolup biler. Hudaý gulak asýan adamlary halas edip, gulak asmaýanlary bolsa, ýok eder.

Barlyk 13:5—13; 18:20—33; 19:1—29; Luka 17:28—32; 2 Petrus 2:6—8.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş