Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bm böl. 4 sah. 7
  • Hudaý Ybraýym bilen äht baglaşýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaý Ybraýym bilen äht baglaşýar
  • Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Meňzeş maglumat
  • Ybraýym pygamber kim?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Ýehowa oňa «dostum» diýdi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Ybraýym bilen Bibisara Hudaýa gulak asdy
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Hudaý Ybraýymyň imanyny synaýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Başgalary
Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
bm böl. 4 sah. 7
Ybraýym pygamber ýyldyzlara seredýär

4-NJI BÖLÜM

Hudaý Ybraýym bilen äht baglaşýar

Ybraýym Hudaýa gulak asýar. Ýehowa Hudaý oňa ak pata berip, onuň neslini köpeltjekdigini wada edýär

TUPANDAN soň, takmynan 350 ýyl geçipdi. Ybraýym pygamber gülläp ösen Ur şäherinde, häzirki Yrakda ýaşaýardy. Ybraýym berk imanly adamdy. Emma onuň imany synalmalydy.

Ýehowa Hudaý Ybraýyma dogduk mekanyny goýup, keseki ýurda Kengana gitmegi buýurýar. Ybraýym ikirjiňlenmän gulak asýar. Ol aýaly Sarany, doganoglany Luty we hyzmatkärleriniň köpüsini öz ýanyna alyp, uzak ýola düşýär. Ol Kengana baryp, çadyr dikýär. Ýehowa Hudaý Ybraýym bilen äht baglaşyp, ondan beýik millet döretjekdigini, ýer ýüzündäki ähli milletleriň ondan pata aljakdygyny we onuň nesilleriniň Kengan ýurduny eýelejekdigini wada berýär.

Ybraýym bilen Lutuň ownuklyirili mallary juda köpelýär. Ybraýym ak ýürekden Luta islän ýerini saýlamaga rugsat berýär. Lut mes toprakly Iordan jülgesini saýlap, Sodom şäheriniň golaýynda ýaşap başlaýar. Emma Sodomyň ýaşaýjylary ahlaksyzdy we Ýehowa Hudaýa garşy agyr günä edýärdiler.

Ýehowa Hudaý Ybraýyma onuň neslini asmandaky ýyldyzlar kimin sansyz-sajaksyz etjekdigini wada berýär. Ybraýym Hudaýa ynanýar. Emma Ybraýymyň söýgüli aýaly Sara önelgesizdi. Ybraýym 99, Sara bolsa 90 ýaşlaryndaka, Hudaý olara oglunyň boljakdygyny aýdýar. Hudaýyň aýdyşy ýaly, Sara Yshagy dogurýar. Ybraýymyň başga-da çagalary bolýar, ýöne Eremde wada edilen Halasgär Yshagyň neslinden dogulmalydy.

Lut we onuň maşgalasy Sodomda ýaşaýardy. Ol ýeriň ýaşaýjylary ahlaksyzdy, emma Lut dogry adamdy. Ýehowa Hudaý Sodomy weýran etmek üçin höküm çykarýar. Ony Luta duýdurmak üçin öňünden perişdelerini ýollaýar. Perişdeler Luta we onuň maşgalasyna yzlaryna garaman Sodomdan gaçmagy tabşyrýar. Soňra Hudaý Sodoma otly kükürt ýagdyryp, onuň golaýyndaky Gomora şäheriniň hem ýaşaýjylaryny ýok edýär. Lut we onuň iki gyzy halas bolýar. Emma Lutuň aýaly galdyran emlägine gynanyp, yzyna seredýär. Ol gulak asmandygy üçin ölýär.

Gelip çykyş 11:10—19:38-nji aýatlaryna esaslanýar.

  • Näme üçin Ybraýym Kengana göçýär?

  • Ýehowa Hudaý Ybraýym bilen nähili äht baglaşdy?

  • Ýehowa Hudaý näme üçin Sodom bilen Gomorany weýran edýär?

ÄHT BAGLAŞÝAN HUDAÝ

adym döwürde äht baglaşylanda özara ýa-da resmi taýdan şertnama baglaşmak göz öňünde tutulýardy. Ýehowa Hudaý dabaraly ýagdaýda ençeme äht baglaşdy. Ol Erem bagynda Halasgär barada beren wadasynyň nädip ýerine ýetjekdigini kem-kemden aýan etdi. Ybraýym bilen baglaşylan ähtde wada edilen Nesliň Ybraýymyň neslinden gelmelidigi aýdylypdy. Wagtyň geçmegi bilen, geljekki Nesil barada has köp zatlar aýan bolmalydy.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş