Ybraýym pygamber kim?
ADAMLAR dürli-dürli dine uýsa-da, köpüsi Ybraýymyňa pygamber bolandygyna ynanýarlar. Meselem, ýehudylaram, musulmanlaram, hristianlaram Ybraýym pygamberiň imanyndan görelde alýarlar. Dogrudanam, Mukaddes Kitapda Ybraýyma «iman eden ähli... adamlaryň atasy» diýilýär (Rimliler 4:11).
Adamlar näme üçin Ybraýymy beýik pygamber hasaplaýarlar? Bir sebäbi, Mukaddes Kitapda diňe Ybraýyma Hudaýyň dosty diýilýär, özem üç gezek aýdylýar (2 Taryh 20:7; Işaýa 41:8; Ýakup 2:23).
Ybraýym pygamberem biz ýaly ýönekeý, sada adamdy. Ol birgiden kynçylyklary başdan geçirdi, olara mertlerçe döz geldi. Ybraýyma näme kömek etdi? Geliň, Mukaddes Kitabyň gatyny açyp, imany daş ýarýan pygamber bilen tanyş bolalyň.
Pygamberiň önüp-ösen ýeri
Ybraýym pygamber b. e. öň 2018-nji ýylda dünýä inýär we Ur şäherinde önüp-ösýär (1 Musa 11:27—31). Ur şäheri uly, gülläp ösen şäher bolupdyr, ilaty hem butlara sežde edipdir. Ybraýymyň kakasy Tarah hem butlara çokunan bolmaly (Ýuşa 24:2). Ýöne Ybraýym jansyz butlara däl-de, hak Hudaý Ýehowab sežde edipdir.
Ybraýym näme üçin Ýehowa sežde etdi? Ol Nuh pygamberiň ogly Sam bilen köp gatnaşan bolmaly. Ol Ybraýym pygamber 150 ýaşyndaka aradan çykdy. Sam Ybraýyma bütindünýä tupanynda halas bolandygyny gürrüň berendir. Şeýle-de diňe Ýehowa sežde etmelidigini, ondan başga Hudaýyň ýokdugyny aýdandyr.
Ybraýym pygamberiň hak Hudaýa imanyny diňe Sam däl-de, öz gören-eşiden zatlary hem berkiden bolmaly. «Ýürekleri barlaýan Ýehowa» Ybraýymyň ýagşy adamdygyny gördi, onuň bilen dost boldy (Nakyllar 17:3; 2 Taryh 16:9).
Pygamberiň ömri
Ybraýym pygamber ajy günlerem, süýji günlerem gördi, ýöne ol durmuşyndan doly razydy. Geliň, onuň başdan geçiren käbir wakalaryna seredeliň.
▪ Ybraýym pygamber Ur şäherinde ýaşaýarka, Hudaý oňa dogduk mekanyny goýup, görkezjek ýerine gitmegi tabşyrdy. Ybraýym bilen Bibisara nirä barýandygyny, näme üçin barýandygyny bilmese-de, tabşyryga gulak asdy. Olar galan ömrüne Kengan topragynda çarwalar ýaly göçüp-gonup ýaşamaly boldy (Resullar 7:2, 3; Ýewreýler 11:8, 9, 13).
▪ Ybraýym bilen Bibisara heniz perzent ýüzüni görmänkä, Ýehowa Ybraýymyň neslinden ägirt uly milletiň dörejekdigini wada berdi. Şeýle-de ýer ýüzündäki ähli halklaryň Ybraýymyň neslinden bereket aljakdygyny söz berdi (1 Musa 11:30; 12:1—3). Ýehowa beren wadasyny ýene bir gezek gaýtalap, Ybraýymyň nesliniň asmandaky ýyldyzlar ýaly köp boljakdygyny aýtdy (1 Musa 15:5, 6).
▪ Ybraýym 99, Bibisara bolsa 90 ýaşlaryna golaýlapdy. Ýehowa olara oglunyň boljagyny wada berdi. Heý-de, garry mama bilen babadan perzent dünýä inermi? Ýöne olar «Ýehowanyň başarmajak zadynyň» ýokdugyna iman etdiler (1 Musa 18:14). Bir ýyldan 100 ýaşly gojanyň ogly boldy, adyna Yshak dakdy (1 Musa 17:21; 21:1—5). Hudaý Ybraýyma ýer ýüzündäki milletleriň Yshak oglundan bereket aljakdygyny aýtdy.
▪ Aradan birnäçe ýyl geçdi. Ýehowa Ybraýyma ýeke-täk söýgüli ogly Yshagy gurban bermegi tabşyrdy. Allatagaladan şeýle tabşyryk alaryn diýip, Ybraýymyň ýatsa-tursa kellesine gelen däldir. Sebäbi Yshak öýlenmedik boý ýigitdi, perzent ýüzüni görmändic. Oglundan jyda düşjekdigi barada oýlananda Ybraýym pygamberiň ýüregi para-para bolandyr. Ol şonda-da tabşyryga gulak asyp, Yshagy gurban bermek üçin ýola düşdi. Ybraýym pygamber Hudaýyň beren wadasynda durmak üçin Yshagy direltmäge güýjüniň ýetjegine ynanýardy (Ýewreýler 11:19). Ol eline pyçak alyp, ogluny gurban berjek bolup durka, Hudaý ony saklady. Allatagala Ybraýymy gulak asandygy üçin öwüp, wadasyny ýene bir gezek gaýtalady (1 Musa 22:1—18).
▪ Ybraýym pygamber 175 ýaşynda aradan çykdy. Mukaddes Kitapda onuň «uzak ömür sürüp, durmuşyndan razy bolup, dünýäden ötendigi» aýdylýar (1 Musa 25:7, 8). Ybraýym pygamber Hudaýyň wada berişi ýaly uzak ýaşady, gowy günleri görüp ýagty jahan bilen hoşlaşdy (1 Musa 15:15).
Pygamberiň göreldesi
Ybraýym pygamber diňe bir geçmişde ýaşap geçen görnükli adam däl, biz ondan köp zat öwrenip bilýäris (Ýewreýler 11:8—10, 17—19). Geliň, Ybraýym pygamberiň dört häsiýetine seredeliň. Ilki, onuň imanyndan näme öwrenip biljegimiz hakda gürrüň ederis.
[Çykgyt]
a Aslynda, Ybraýymyň ady Ybram, aýalynyň ady bolsa Sarady. Ýöne Hudaý onuň adyny Ybraýym, Saranyň adyny bolsa Bibisara diýip üýtgetdi. Ybraýym «köpleriň atasy», Bibisara bolsa «şa aýaly» diýmegi aňladýardy (1 Musa 17:5, 15). Şu makalada olaryň Ybraýym we Bibisara atlary ulanylar.
b Mukaddes Kitapda Allatagalanyň adynyň Ýehowadygy aýdylýar.
c Şu žurnalyň 23-nji sahypasyndaky «Okyjylaryň sowallary. Hudaý näme üçin Ybraýym pygambere ogluny gurban bermegi tabşyrdy?» diýen makalany okap bilersiňiz.