Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 14
  • Hudaý Ybraýymyň imanyny synaýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaý Ybraýymyň imanyny synaýar
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Ybraýymyň imany synalýar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ybraýym pygamber kim?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Ýehowa oňa «dostum» diýdi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Ybraýym bilen Bibisara Hudaýa gulak asdy
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 14

14-NJI HEKAÝA

Hudaý Ybraýymyň imanyny synaýar

YBRAÝYMYŇ näme edýänini görýäňmi? Onuň elinde pyçak bar, ol ogluny öldürmekçi bolýan ýaly-la. Näme üçin? Gel, ilki bilen, Ybraýym bilen Saranyň nädip ogully bolanyny bileli.

Ýadyňda bolsa, Hudaý olara ogul wada beripdi. Ýöne Ybraýym bilen Saranyň garrandygy sebäpli çagalary bolmajak ýalydy. Emma Ybraýym Hudaýyň ähli zady başarýandygyna iman edýärdi. Şeýlelikde, näme bolduka?

Hudaýyň wada beren gününden tutuş bir ýyl geçipdi. Ine, Ybraýym ýüz, Sara bolsa togsan ýaşyndaka, olaryň Yshak atly ogly boldy. Hudaý beren wadasyny ýerine ýetirdi.

Yshak ulalanda Ýehowa Ybraýymyň imanyny synady. Hudaý: «Eý Ybraýym!» diýip çagyrdy. Ybraýym: «Lepbeý!» diýip jogap berdi. Şonda Hudaý oňa: «Ogluňy, söýýän ýalňyz ogluňy Yshagy al-da, meniň görkezjek dagyma çyk. Ol ýerde ony öldürip, gurban getir» diýip buýurdy.

Bu sözler Ybraýymy nähili gynandyran bolsa gerek, çünki ol ogluny gaty eziz görýärdi. Ýene bir zady ýada sal. Hudaý Ybraýymyň çagalarynyň Kengan ýurdunda ýaşajagyny wada beripdi. Eger-de Yshak öläýse, bu nädip ýerine ýeter? Muňa Ybraýym düşünip bilmese-de, ol Hudaýa boýun boldy.

Ybraýym daga çykyp, Yshagyň el-aýagyny daňdy-da, gurban berilýän ýerde goýdy. Soňra ogluny öldürmek üçin, pyçagyny çykardy. Emma şol bada Hudaýyň perişdesi: «Ybraýym, Ybraýym!» diýip gygyrdy. Ol hem: «Lepbeý!» diýip jogap berdi.

Hudaý oňa buýrup: «Oglana eliňi degirme, oňa hiç bir zat etme. Indi maňa iman edýäniňi bildim, çünki meniň üçin ýalňyz ogluňy aýamadyň» diýdi.

Ybraýymyň Hudaýa bolan imany gör, nähili güýçlüdi! Ol Ýehowanyň ähli zady başarýandygyna, Yshagy bolsa ölümden direldip biljekdigine iman edýärdi. Aslynda, Hudaý Ybraýymyň Yshagy öldürmegini islemedi. Şonuň üçin Hudaý golaýdaky gyrymsy agaçlaryň arasyna goç iberdi. Soňra ogluny däl-de, şol goçy gurban etmegi Ybraýyma buýurdy.

Barlyk 21:1—7; 22:1—18.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş