23-NJI HEKAÝA
Faraonyň düýşi
ARADAN iki ýyl geçdi. Ýusup henizem türmededi. Şerapçy bolsa Ýusuby ýadyna-da salmady. Ine, bir gezek gije faraon iki sany üýtgeşik düýş görýär. Olary ýormaga synanyşýar. Sen suratda uklap ýatan faraony görýäňmi? Ol ertir irden akyldarlaryny çagyryp, düýşüni gürrüň berýär. Ýöne olar düýşi ýorup bilmeýär.
Edil şol wagt şerapçynyň ýadyna Ýusup düşýär. Ol faraona: «Men türmedekäm, düýş ýorup bilýän bir adam bardy» diýýär. Faraon şol wagtyň özünde Ýusuby türmeden getirdýär.
Soňra faraon Ýusuba düýşüni gürrüň berýär: «Men düýşümde ýedi sany owadan, semiz sygyr gördüm. Soňra ýedi sany gapyrgasy sanaýmaly hor sygyr gördüm. Onsoň hor sygyrlar semiz sygyrlary iýdiler.
Ikinji gezek düýşümde bir baldakda oňat ýetişen ýedi başly bugdaý gördüm. Soňra başga bir ýuka baldakda ýedi başly, däneleri guran bugdaýy gördüm. Onsoň ýuka baldakdaky bugdaýlar, oňat ýetişen bugdaýy ýuwutdylar».
Ýusup faraona: «Iki düýşüň hem manysy bir. Ýedi semiz sygyr we ýedi oňat ýetişen bugdaý, ýedi ýyly aňladýar. Ýedi hor sygyr we ýedi başly däneleri guran bugdaý bolsa, başga bir ýedi ýyly aňladýar. Ýedi ýyl Müsürde bolçulyk bolar, soňra ýedi ýyl açlyk geler» diýýär.
Şonuň üçin Ýusup faraona: «Akyldar bir adam saýlap, ony bolçulyk döwründe bugdaý ýygnamak üçin baş edip belle. Şonda ýedi ýyl açlyk döwründe, adamlar hor bolmaz» diýýär.
Bu pikir faraona ýaraýar. Bugdaý ýygnamaga Ýusuby baş edip belleýär. Şeýdip Ýusup Müsürde faraondan soň ikinji adam bolýar.
Sekiz ýyldan açlyk başlanda, Ýusup ýanyna gelýän birnäçe adamy görýär. Olaryň kimdigini bilýäňmi? Be, olar Ýusubyň on dogany ýaly-la! Ýakup olary çörek üçin Müsüre iberdi, sebäbi Kenganda çörek gutarypdy. Ýusup doganlaryny tanaýar, ýöne olar ony tanamaýar. Sebäbini bilýäňmi? Sebäbi Ýusup uly ýigit bolup ýetişipdi we başgaça geýnendi.
Ýusup çagalykda gören düýşünde doganlarynyň gelip, baş egenini ýadyna saldy. Ýadyňdamy, biz bu barada okapdyk? Şonda Ýusup özüni Hudaýyň Müsüre ýagşy niýet bilen iberendigine düşündi. Seniň pikiriňçe, Ýusup indi näme ederkä? Gel, bileli.