24-NJI HEKAÝA
Ýusup doganlaryny synaýar
ÝUSUP birwagtky nejis we doňýürek doganlarynyň üýtgänini ýa-da üýtgemänini biljek bolýar. Şonuň üçin: «Siz içaly. Siz ýurdumyzyň gowşak ýerlerini görmäge geldiňiz» diýýär.
Olar: «Ýok, biz içaly däl. Biz dogruçyl adamlar. Biziň barymyz dogan. Biz on iki dogandyk. Ýöne biri ýok, kiçi inimiz bolsa kakamyzyň ýanynda galdy» diýýärler.
Ýusup olara ynanmadyk bolýar. Ol Şimeon diýen doganyny türmä salyp, beýleki doganlaryna bolsa: «Indiki gezek geleniňizde, kiçi iniňizi ýanyňyz bilen getiriň» diýip, olara bugdaý berip ugradýar.
Olar Kengan ýurduna, ýagny öýüne baranda, bolan zatlary kakasyna gürrüň berýärler. Ýakup gaty gaýga batýar. Ol: «Ýusup ýok, indi bolsa Şimeon-da ýok. Kiçi oglum Benýamini ibermerin» diýip aglaýar. Emma olaryň iýere zady gutarýar. Şonda Ýakup maşgalasy üçin bugdaý getirmäge, doganlary bilen Benýamini Müsüre ibermeli bolýar.
Şeýlelikde, Ýusup doganlarynyň gelýänini görýär. Ol inisi Benýamini görenine gaty begenýär. Elbetde, olar bu abraýly adamyň Ýusupdygyny bilmeýärdi. Bu gezek Ýusup atabir doganlaryny başgaça synaýar.
Ol hyzmatkärlerine doganlarynyň haltalaryny bugdaýdan doldurmagy buýurýar. Soňra Benýaminiň haltasyna öz kümüş käsesini bildirmän salýar. Olar ýaňy arany açanda, Ýusup yzyndan hyzmatkärlerini iberýär. Hyzmatkärler yzyndan ýetip: «Biziň hojaýynymyzyň kümüş käsesini näme üçin ogurladyňyz?» diýýärler.
Olar: «Biz onuň käsesini almadyk. Eger-de käse kimden çyksa, goý, ol öldürilsin» diýdiler.
Şeýlelikde, seniň suratda görşüň ýaly, hyzmatkärler haltalary döküşdirip, kümüş käsäni Benýaminiň haltasyndan tapýarlar. Şonda olar: «Hemmäňiz gidip bilersiňiz, emma Benýamin biziň bilen galar» diýdiler. On dogan indi näme ederkä?
Olaryň hemmesi Benýamin bilen Ýusubyň öýüne dolanýarlar. Ýusup doganlaryna: «Siz öýüňize gidip bilersiňiz, Benýamin bolsa maňa gul bolar» diýýär.
Şonda Ýahuda ýalbaryp: «Eger-de men öýe bu oglansyz barsam, kakam öler, sebäbi ony gowy görýär. Haýyş edýän, meni gul ediň, oglany öýe goýberäýiň» diýýär.
Ýusup doganlarynyň üýtgänini görýär. Indi olar öňküsi ýaly nejis hem doňýürek däl. Gel, Ýusubyň soňra näme edenini bileli.