Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 25
  • Maşgala Müsüre göçýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Maşgala Müsüre göçýär
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowa Ýusuby ýeke goýmady
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Doganlary Ýusuby ýigrenýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ol göreldeli maşgalabaşydy
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Gul edip satylan oglan
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 25

25-NJI HEKAÝA

Maşgala Müsüre göçýär

ÝUSUP mundan artyk özüni saklap bilmedi. Ol hyzmatkärlerine otagdan çykmagy buýurdy. Doganlary bilen ýeke galanda, Ýusup aglamaga başlady. Doganlary onuň näme üçin aglaýandygyna düşünmän, geň galýarlar. Ahyry ol: «Men Ýusup. Kakam entek dirimi?» diýýär.

Doganlary geň galyp, gürläp bilmediler. Gorkudan ýaňa doňup galdylar. Ýöne Ýusup: «Haýyş edýärin, ýanyma geliň» diýýär. Doganlary golaýlaşanda: «Siziň Müsüre satan iniňiz Ýusup men» diýýär.

Soňra doganlaryna mähir bilen ýüzlenip: «Meni bu ýere satanyňyz üçin özüňizi günäkärlemäň. Adamlary halas etmek üçin meni bu ýere Hudaý iberdi. Faraon meni bütin ýurda häkim edip belledi. Şonuň üçin basym gidip, bu zatlary kakama gürrüň beriň. Goý, ol şu ýere gelip ýaşasyn» diýdi.

Soňra Ýusup doganlarynyň ählisini gujaklap ogşaýar. Faraona Ýusubyň doganlarynyň gelenini aýdanlarynda: «Goý, doganlaryň arabalary alyp, kakaňy hem-de maşgalalaryny gidip getirsinler. Men size Müsüriň iň gowy ýerinden ýer bereýin» diýdi.

Olar şeýle-de etdiler. Aşakdaky suratda görşüň ýaly, kakasy bütin maşgalasy bilen Müsüre gelende, Ýusup ony garşylaýar.

Şoňa çenli Ýakubyň maşgalasy juda köpelipdi. Ýakuby, çagalaryny we agtyklaryny sanasaň, Müsüre 70 adam göçüp geldi. Ýakubyň maşgalasynda köp aýallar hem-de gullar bolan bolmaly. Olaryň ählisi Müsürde ýerleşdiler. Olara ysraýyllylar diýýärdiler, sebäbi Hudaý Ýakubyň adyny Ysraýyl diýip üýtgedipdi. Hudaý Ysraýyl halkyny gowy görýärdi, onuň sebäbini soňra bileris.

Barlyk 45:1—28; 46:1—27.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş