Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 26
  • Eýýup Hudaýa wepaly galdy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Eýýup Hudaýa wepaly galdy
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Eýýup nähili adamdy?
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Eýýup Ýehowanyň adyny şöhratlandyrdy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • «Ýehowa umyt bagla»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Eýýup çydamly we aýypsyz adam
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 26

26-NJY HEKAÝA

Eýýup Hudaýa wepaly galdy

SURATDAKY ýaraly adama ýüregiň awaýarmy? Onuň ady Eýýup. Ýanyndaky onuň aýaly. Onuň Eýýuba näme diýýänini bilýäňmi? «Hudaýa garga-da öl» diýýär. Ol näme üçin beýle diýýärkä? Eýýup näme üçin ýaralyka? Gel, bileli.

Eýýup Hudaýa gulak asýan wepaly adamdy. Ol Kengana golaý ýerleşýän Us ýurdunda ýaşaýardy. Ýehowa Eýýuby gowy görýärdi, ýöne ony ýigrenýän hem bardy. Kimkä?

Ol Şeýtan Iblis. Ýadyňda bolsa, Şeýtan Ýehowany ýigrenýän zalym perişdedi. Şonuň üçin ol Adam ata bilen How enäni Ýehowa gulak asmazlyga iterdi. Şeýle-de ol hemme adamlary Ýehowa gulak asmaz ýaly edip bilerin diýdi. Ýöne ol maksadyna ýetdimikä? Ýok. Ýadyňda bolsa, biz köp wepaly erkekler we aýallar barada okapdyk. Şolar barada oýlanyp gör. Sen olaryň haýsysynyň adyny aýdyp biljek?

Ýakup bilen Ýusup Müsürde ölenden soň, ýer ýüzünde Ýehowa iň wepaly adam Eýýupdy. Ýehowa Şeýtana hemme adamlaryň erbetlik etmejegini görkezmek isledi. Şonuň üçin ol Şeýtana «Eýýuba seret, ol maňa nähili wepaly» diýdi.

Şeýtan: «Ol saňa wepaly, sebäbi sen oňa bereket hem baýlyk berdiň. Ýöne baýlygyny al, ol hem saňa gargar» diýip, nägilelik bildirdi.

Şonda Ýehowa: «Onda näme, synanyşyp gör. Onuň baýlygyny al. Eýýuba islän zadyňy et. Göreli, ol maňa gargarmyka. Ýöne seret, ony öldüräýme» diýdi.

Ilki Şeýtan adamlara Eýýubyň sygyrlaryny we düýelerini ogurlatdy. Soňra goýunlaryny öldürtdi. Onsoň, tüweleý Eýýubyň on ogluny hem-de gyzlaryny öldürdi. Soňra Şeýtan Eýýubyň özüni-de şu elhenç kesel bilen keselletdi. Eýýup köp görgi gördi. Ine, şonuň üçinem Eýýubyň aýaly oňa: «Hudaýa garga-da öl» diýdi. Ýöne Eýýup beýle etmedi. Onsoňam, ýanyna üç sany ýalan dosty gelip: «Öň erbet iş edensiň» diýdiler. Emma Eýýup şonda-da Hudaýa wepaly galdy.

Ýehowa muňa örän begendi. Suratda görşüň ýaly, Eýýuba bereket berdi. Ýehowa ony sagaltdy. Eýýubyň ýene-de on sany çagasy boldy. Sygyrlary, goýunlary we düýeleri bolsa öňküden-de iki esse köpeldi.

Sen Eýýup ýaly Ýehowa hemişe wepaly bolarmyň? Wepaly galsaň, Ýehowa saňa-da pata berer. Bütin ýer ýüzi Erem bagy ýaly bolanda, sen baky ýaşap bilersiň.

Eýýup 1:1—22; 2:1—13; 42:10—17.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş