Eýýup Ýehowanyň adyny şöhratlandyrdy
«Ýehowanyň ady mübärek bolsun!» (EÝÝUP 1:21).
1. Eýýup kitabyny kim ýazan bolmaly we haçan?
MUSA 40 ýaşynda, faraonyň gazabyndan halas bolmak üçin Müsürden gaçyp, Midýanda ýaşaýar (Res. iş. 7:23, 29). Şonda ol golaýda ýerleşen Usda ýaşaýan Eýýubyň başdan geçiren synaglary barada eşiden bolsa gerek. Ençeme ýyl çölde sergezdançylygynyň ahyrynda ysraýyllylar Usyň golaýynda düşleýär. Şonda bolsa Musa Eýýubyň soňky günleri hakynda eşiden bolmaly. Ýehudylaryň däbine görä, Eýýup ölenden birnäçe wagt geçensoň, Musa Eýýup kitabyny ýazýar.
2. Eýýup kitaby şu günlerem Ýehowanyň gullukçylaryny nädip ruhlandyrýar?
2 Eýýup kitaby şu günlerem Hudaýyň gullukçylarynyň imanyny berkidýär. Nädip? Bu kitapda gökde bolan wajyp wakalar we Hudaýyň hökümdarlygy baradaky örän möhüm jedelli mesele düşündirilýär. Eýýup bilen bolan waka aýypsyzlygyň nämedigine hem-de Ýehowa gullukçylarynyň horluk çekmegine näme üçin käwagt ýol berýändigine düşünmäge kömek edýär. Galyberse-de, Eýýup kitaby Şeýtan Iblisiň Ýehowanyň we adamlaryň esasy duşmanydygyny görkezýär. Şeýle-de bu kitap Eýýup ýaly bikämil adamlaryň agyr synaglarda-da, Ýehowa wepaly galyp bilýändigini görkezýär. Geliň, Eýýup kitabynda beýan edilýän käbir wakalara seredeliň.
Şeýtan Eýýuby synaýar
3. Biz Eýýup barada näme bilýäris we Şeýtan näme üçin oňa hüjüm etdi?
3 Eýýup baý, tanymal we ahlak taýdan arassa adamdy. Adamlar onuň berýän maslahatyny gymmat saýýardy; ol mätäçlere kömek berýärdi. Esasanam, Eýýup Hudaýdan gorkýardy. Oňa «dogruçyl, aýypsyz, Hudaýdan gorkýan we ýamanlykdan gaça durýan adam» diýilýärdi. Şeýtan Iblis Eýýubyň baýdygy we tanymaldygy üçin däl-de, Hudaýa wepalydygy sebäpli oňa hüjüm etdi (Eýýup 1:1; 29:7—16; 31:1).
4. Aýypsyzlyk näme?
4 Eýýup kitabynyň ilkinji baplarynda, gökde Hudaýyň öňünde perişdeleriň ýygnanyşandygy barada gürrüň berilýär. Olaryň arasynda Şeýtan hem bardy. Ol Eýýuba töhmet atdy (Eýýup 1:6—11-nji aýatlary okaň)a. Şeýtan Eýýubyň baýlygy barada aýtsa-da, esasanam, onuň aýypsyzlygyny şübhä goýdy. «Aýypsyzlyk» diýen söz dogruçyllygy, ýazyksyzlygy, adalatlygy we ahlaklylygy aňladýar. Mukaddes Ýazgylarda aýypsyz adam diýlende, onuň bütin ýüregi bilen Ýehowa wepalydygyny görkezýär.
5. Şeýtan Eýýuba nähili töhmet atdy?
5 Şeýtan Eýýubyň öz bähbidi üçin Hudaýa gulluk edýändigini we Ýehowa ony sylaglap, goraýança wepaly boljakdygyny aýtdy. Ýehowa Şeýtanyň atan töhmetine jogap bermek üçin wepaly gullukçysynyň synalmagyna ýol berdi. Şeýlelikde, bir günüň içinde, Eýýup ähli malynyň talanyp, gyrylandygyny, hyzmatkärleriniň öldürlendigini we on çagasynyň ölendigini eşidýär (Eýýup 1:13—19). Şeýtan Eýýubyň aýypsyzlygyny gowşadyp bildimi? Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, Eýýup uçran betbagtçylygy barada şeýle diýdi: «Ýehowanyň özi berdi, özi hem aldy. Ýehowanyň ady mübärek bolsun!» (Eýýup 1:21).
6. a) Gökde perişdeler ýene-de ýygnanyşanda näme boldy? b) Şeýtan Eýýubyň Ýehowa bolan aýypsyzlygyny şübhä goýanda, kimi göz öňüne tutdy?
6 Gökde ýene-de perişdeler ýygnanyşdy. Şeýtan ýene Eýýuba töhmet atyp, şeýle diýdi: «Deri ýerine deri! Adam jany üçin ähli zadyny berer. Eliňi uzat-da, onuň süňküne hem tenine degir, ol seniň ýüzüňe gargamazmy?» Şeýtanyň atan töhmetine üns beriň. Iblis «adam jany üçin ähli zadyny berer» diýmek bilen, Ýehowa sežde edýän her bir «adamyň» aýypsyzlygyny şübhä goýdy. Şol sebäpli, Hudaý Şeýtana Eýýuby elhenç kesel bilen synamaga ýol berdi (Eýýup 2:1—8). Emma munuň bilen Eýýubyň synalmagy tamamlanmady.
Eýýup kimiň tarapynda?
7. Eýýuba üç dosty we aýaly näme diýdi?
7 Başda Eýýubyň aýaly-da, Eýýup ýaly betbagtçylyga sezewar boldy. Ol çagalaryndan we ähli baýlygyndan mahrum bolup, örän hasrat çekýär. Äriniň elhenç keselden ejir çekýänini görüp, onuň ýüregi awan bolmaly. Ol Eýýuba: «Sen henizem aýypsyzlygyňda berk durmuň? Hudaýa garga-da, öl!» diýdi. Soňra Elifaz, Bildad, Sofar Eýýuba teselli bermäge gelenmiş. Aslynda, olar nädogry delilleri bilen, «içýakgyç teselli beriji» boldy. Meselem, Bildad Eýýubyň çagalary eden etmişlerine görä jeza alandygyny aýdýar. Elifaz bolsa, Eýýubyň öňki eden günäleri sebäpli horluk çekýändigini duýdurýar. Şeýle-de ol aýypsyzlygyny saklaýan adamlaryň Hudaý gadyryny bilýändigini şübhä goýdy (Eýýup 2:9, 11; 4:8; 8:4; 16:2; 22:2, 3). Şonda-da, Eýýup aýypsyz galýar. Ol «öz janyny Hudaýdan dogry hasaplap» ýalňyşsa-da, ähli synagda Hudaýa wepaly galýar (Eýýup 32:2).
8. Elihun şu günlerem maslahat berýänlere nähili görelde boldy?
8 Biz Eýýubyň ýanyna Elihunyň hem gelendigini bilýäris. Başda Elihu Eýýubyň we üç dostunyň aýdanlaryny diňledi. Elihu olardan ýaş bolsa-da, paýhaslydy. Ol Eýýuba ýüzlenende, onuň adyny tutup, sylady we dogruçyllygyny öwdi. Şeýle-de Eýýuba özüni aklamaga has köp üns berýändigini aýtdy. Soňra Elihu Hudaýa wepaly bolmagyň hemişe peýdalydygyny ynandyrdy (Eýýup 36:1, 11-nji aýatlary okaň)b. Bu şu günlerem maslahat berýänlere ajaýyp görelde! Elihu sabyrly bolup we ýerlikli öwüp, peýdaly maslahat berdi (Eýýup 32:6; 33:32).
9. Ýehowa Eýýuba nädip kömek etdi?
9 Ahyrsoňy, Eýýubyň ýanyna Ýehowa gelýär! Eýýup kitabynda: «Ýehowa Eýýuba tupandan jogap berdi» diýilýär. Ýehowa birnäçe soraglaryň esasynda, Eýýuba mähir bilen, berk düzediş berip, oňa dogry garaýyşda bolmaga kömek etdi. Eýýup ýalňyşyny boýun alyp: «Ine, men bir ujypsyz adam... gumda we külde toba edýärin» diýdi. Ýehowa Eýýup bilen gürrüňini tamamlandan soň, onuň üç dostuna gahary geldi; sebäbi olar «hakykaty aýtmady». Eýýup olar üçin doga etmelidi. «Eýýup üç dosty üçin doga edende, Ýehowa ony ýesirlikden azat etdi. Şeýle-de Ýehowa Eýýuba öňküden-de iki esse köp baýlyk berdi» (Eýýup 38:1; 40:4; 42:6—10).
Ýehowa bolan söýgimiz nähili derejede güýçli?
10. Ýehowa näme üçin Şeýtana jogap berdi, emma ony ýok etmedi?
10 Ýehowa — Älemiň Ýaradyjysy, dünýäniň Hökümdary. Ol näme üçin Şeýtanyň atan töhmetine üns berdi? Hudaý Şeýtanyň hereketine jogap bermese, ýa-da ony ýok etse, jedelli meseläniň çözülmejegini bilýärdi. Iblis aýypsyzlygy bilen tapawutlanýan Eýýubyň baýlygy elinden alynsa, Ýehowa wepaly galmajagyny aýtdy. Emma ol synaglara döz gelip, wepaly galdy. Soňra Şeýtan her bir adam beden taýdan horluk çekse, Hudaýdan ýüz öwrer diýdi. Eýýup ejir çekse-de, aýypsyzlygyny saklady. Şeýlelikde, Hudaýa wepaly Eýýup bikämil bolsa-da, Şeýtanyň ýalançydygyny subut etdi. Hudaýyň beýleki gullukçylary barada näme diýse bolar?
11. Isa nädip Şeýtanyň atan töhmetine doly jogap berdi?
11 Aslynda, aýypsyzlygyny saklaýan her bir Hudaýyň gullukçysy Şeýtanyň atan töhmetiniň ýalandygyny subut edýär. Isa ýer ýüzüne gelende, Şeýtanyň atan töhmetine doly jogap berdi. Isa Adam ata ýaly kämildi. Ol tä ömrüniň ahyryna çenli wepaly galyp, Şeýtanyň ýalançydygyny we atan töhmetiniň ýalandygyny subut etdi (Ylh. 12:10).
12. Ýehowanyň her bir gullukçysynda Hudaýyň öňünde nähili borjy we mümkinçiligi bar?
12 Şeýtan Ýehowanyň gullukçylaryny synamagyny dowam edýär. Biz öz bähbidimiz üçin däl-de, Ýehowany söýýändigimiz sebäpli oňa gulluk edýändigimizi subut etmäge biziň her birimiziň Hudaýyň öňünde borjumyz we mümkinçiligimiz bar. Bu borja biz nähili garaýarys? Biz Ýehowa wepaly galmagy uly hormat saýýarys. Şeýle-de Ýehowanyň bize ähli zada döz geler ýaly güýç berýändigini we Eýýup bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, güýjümizden öte synaga ýol bermeýändigini bilmek teselli berýär (1 Kor. 10:13).
Şeýtan— ganym duşman we dönük
13. Eýýup kitabynda Şeýtan barada näme giňişleýin gürrüň berilýär?
13 Töwrat, Pygamberler kitaby we Zeburda Şeýtanyň Ýehowa töhmet atandygy we adamlary aldaýandygy barada aýdylýar. Biz Injilden Şeýtanyň Ýehowa garşy çykýandygy barada has köp zatlary bilýäris. Ylham kitabyndan bolsa, Ýehowanyň hökümdarlygynyň aklanmagy we Şeýtanyň ýok edilmegi barada bilýäris. Eýýup kitabyndan Şeýtanyň pitne turuzandygy barada giňişleýin bilýäris. Şeýtan gökde perişdeleriň ýygnanyşygyna Ýehowany şöhratlandyrmak üçin barmady. Iblis gahar-gazaply we erbet niýetlidi. Ol Eýýuba töhmet atyp, ony synamaga rugsat alansoň, «Ýehowanyň ýanyndan gitdi» (Eýýup 1:12; 2:7).
14. Şeýtan Eýýuba nähili garaýardy?
14 Şeýlelikde, Eýýup kitabynda Şeýtan adamlaryň zalym duşmanydygy aýdylýar. Eýýup 1:6-da we 2:1-de gökde bolan iki ýygnak beýan edilýär. Birinji ýygnak geçirilenden birnäçe wagt geçensoň ikinji ýygnak geçirilýär, şol aralykda Eýýup agyr synaglara duçar bolýar. Eýýubyň wepalylygy Ýehowa Şeýtana jogap bermäge mümkinçilik döredýär. Ol şeýle diýýär: «Eýýuby hiç bir sebäpsiz ýere öldürmek üçin, maňa gyjalat berseň-de, ol henizem aýypsyzlygynda berk dur». Şeýtan bimamladygyny boýun almady. Ol, gaýtam, Eýýuby ýene bir agyr synaga sezewar etmegi talap edýär. Şeýlelikde, Iblis Eýýuby hem baý, hem garyp wagty synady. Bu Şeýtanyň garyplara-da, betbagtçylyga uçranlara-da haýpy gelmeýändigini görkezýär. Ol aýypsyz galýanlary ýigrenýär (Eýýup 2:3—5). Muňa garamazdan, Eýýup wepaly galyp, Şeýtanyň ýalançydygyny subut etdi.
15. Şu günler imandan dänenler bilen Şeýtanyň näme umumylygy bar?
15 Şeýtan Hudaýdan dänen ilkinji şahsyýetdi. Şu günler imandan dänenler Iblise eýerýärler. Olaryň aňy ýygnagyň käbir agzalaryny, ýaşulularyny we Ýolbaşçylyk maslahatyny tankyt etmek bilen zäherlenen. Şeýle-de olaryň käbiri Ýehowanyň adyny tutmak ýa-da Hudaý barada köp bilim alamak we oňa gulluk etmek islemeýärler. Olar atasy Şeýtan ýaly, aýypsyz galýanlara hüjüm edýär (Ýahýa 8:44). Adatça, Ýehowanyň gullukçylary olar bilen gatnaşyk etmekden gaça durýar! (2 Ýahýa 10, 11).
Eýýup Ýehowanyň adyny şöhratlandyrdy
16. Eýýup Ýehowa nähili garaýar?
16 Eýýup Ýehowanyň adyny tutdy we şöhratlandyrdy. Hatda ol çagalarynyň ölendigini eşidende, Hudaýy günäkärlemedi. Ol nädogry garaýyşda bolup, muny Hudaý edendir öýtse-de, Ýehowanyň adyny şöhratlandyrdy. Eýýup soňky dana sözlerinde: «Ýehowadan gorkmak paýhaslylykdyr; ýamanlykdan gaça durmak düşünjedir» diýdi (Eýýup 28:28).
17. Eýýuba aýypsyz galmaga näme kömek etdi?
17 Eýýuba aýypsyz galmaga näme kömek etdi? Ol betbagtçylyga uçramazyndan öň, Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykdady. Eýýup Şeýtanyň Ýehowa töhmet atanyny anyk bilmese-de, wepaly galmagy ýüregine düwdi. Ol: «Tä ölýänçäm, aýypsyz galaryn!» diýdi (Eýýup 27:5). Eýýup Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygyny nädip berkitdi? Ol daşgyn kowum-garyndaşy Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba Hudaýyň eden işleri barada bilýän zatlaryny gymmat saýýardy. Şeýle-de ol Ýehowanyň ýaradan zatlaryna syn edip, Hudaýyň birnäçe häsiýetlerini görýärdi (Eýýup 12:7—9, 13, 16-njy aýatlary okaň)c.
18. a) Eýýup Ýehowa wepalylygyny nädip görkezdi? b) Biz Eýýubyň ajaýyp göreldesine nädip eýerip bileris?
18 Eýýubyň Hudaý barada bilýän zatlary Ýehowa ýaranmaga höweslendirýär. Ol maşgala agzalarynyň Hudaýyň halamaýan işini edendir ýa-da «ýüreginde Hudaýa gargandyr» öýdüp, hemişe gurbanlyk berýärdi (Eýýup 1:5). Eýýup agyr synaga sezewar bolsa-da, Ýehowa barada diňe gowy zatlary aýtdy (Eýýup 10:12). Gör, nähili ajaýyp görelde! Biz-de Ýehowa we onuň niýetleri barada yzygiderli dogry bilimi almaly. Biz Mukaddes Ýazgylary okap, doga edip, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp we hoş habary wagyz edip, Hudaý bilen gatnaşygymyzy berkidýäris. Şeýle-de Ýehowanyň adyny yglan etmek üçin elimizde baryny etmeli. Eýýubyň aýypsyzlygy Ýehowa ýaraýşy ýaly, şu günlerki Hudaýyň gullukçylarynyň aýypsyzlygy-da, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrýar. Bu barada indiki makalada serederis.
a Eýýup 1:6 Günlerde bir gün, hak Hudaýyň ogullary Ýehowanyň ýanyna geldiler. Olar bilen Şeýtan hem geldi. 7 Ýehowa Şeýtandan: «Sen nireden geldiň?» diýip sorady. Şeýtan hem jogap berdi: «Ýer ýüzüni aýlanyp, oňa syn etdim». 8 Ýehowa Şeýtana: «Bendäm Eýýuba ýagşy üns berdiňmi? Onuň ýaly adam dünýäde ýokdur; ol aýypsyz hem adyl, Hudaýdan gorkup, ýamanlykdan gaça durýar» diýdi. 9 Şeýtan Ýehowa jogap berdi: «Eýýup Hudaýdan ýöne ýere gorkýarmy? 10 Sen ony, öýüni we ähli zadyny goramadyňmy? Onuň elleriniň işine bereket berdiň we malyny köpeltdiň. 11 Eliňi uzat-da, onuň ähli zadyna bir degip gör, seniň ýüzüňe gargamazmy?»
b Eýýup 36:1 Elihun sözüni dowam etdi: 11 Eger olar oňa gulak asyp, gulluk etseler, günleri sag-salamat we ýyllary eşretli geçer.
c Eýýup 12:7 Haýyş edýärin, mal-garadan sora, saňa öwüt berer. Gögüň guşlaryndan sora, saňa gürrüň berer. 8 Ýa-da topraga syn et, saňa ündew berer; deňziň balyklary-da, saňa habar berer. 9 Muny Ýehowanyň eliniň edendigini, bulardan kim bilmez. 13 Onda akyldarlyk, kuwwat, maslahat we düşünje bardyr. 16 Güýç we paýhaslylyk ondandyr. Aldanan-da, aldan-da onuňkydyr.
Ýadyňyzdamy?
• Şeýtan Iblis näme üçin Eýýuba üns berdi?
• Eýýup nähili synaglara döz geldi we synaglar oňa nähili täsir etdi?
• Eýýup ýaly, bize aýypsyzlygy saklamaga näme kömek eder?
• Biz Eýýup kitabyndan Şeýtan barada näme bildik?