Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/3 sah. 24—28
  • Dogry adamlar Hudaýy ebedi şöhratlandyrar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dogry adamlar Hudaýy ebedi şöhratlandyrar
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Bagt nämä bagly
  • Baýlygy paýhasly ulanyň
  • Rehimdar we adalatly
  • Dogry adamlar üçin bereketler
  • «Hormat içinde beýgeler»
  • Ýehowa biziň agzybirlikde öwmegimize mynasyp
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/3 sah. 24—28

Dogry adamlar Hudaýy ebedi şöhratlandyrar

«Dogry adam ebedilik ýatlanar... dogrulygy ebedilik dowam eder» (ZEB. 112:6, 9).

1. a) Hudaýyň öňünde ähli dogry adamlara nähili bagtly gelejek garaşýar? b) Nähili sorag ýüze çykýar?

HUDAÝYŇ öňünde dogry adamlaryň ählisine ajaýyp bagtly gelejek garaşýar! Olar ebediligiň dowamynda şatlyk bilen Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri barada has-da gowy bilerler. Olar Hudaýyň eden işlerini näçe köp bildigiçe, ýüregi minnetdarlykdan dolup, köp öwgi aýdarlar. Şeýle ajaýyp gelejege «dogrulyk» bolmasa, ýetip bolmaýar. Bu dogrulyk barada 112-nji Zeburda birnäçe gezek aýdylýar. Emma nädip mukaddes we dogry Ýehowa Hudaý günäli adamlary dogry hasaplaýar? Biz dogry iş etmegä näçe çalyşsak-da, ýalňyşýarys, käte agyr günä edýäris (Rim. 3:23; Ýakup 3:2).

2. Ýehowa söýýändigi sebäpli haýsy iki gudraty görkezdi?

2 Ýehowa söýýändigi sebäpli bu meseläni gowy çözdi. Nädip? Birinjiden, ol gudrat bilen gökdäki oglunyň janyny bir gyzyň göwresine geçirdi. Şeýdip, ol kämil ynsan bolup doguldy (Luka 1:30—35). Duşmanlary Isany öldürenden soň, Ýehowa ýene-de uly gudrat görkezdi. Ýehowa Isany direltdi we ol şöhratly ruhy şahsyýet boldy (1 Pet. 3:18).

3. Hudaý näme üçin ogluna gökdäki ýaşaýyş sylagyny şatlyk bilen berdi?

3 Ýehowa Isa gökde tükenmez ýaşaýyş sylagyny berdi. Isada bu sylag ýere gelmezinden öň ýokdy (Ýew. 7:15—17, 28). Muny Ýehowa şatlyk bilen etdi, çünki Isa agyr synagda aýypsyzlygyny saklady. Şeýtmek bilen, Isa adamlar Hudaýy söýýändigi üçin däl-de, öz bähbidi üçin gulluk edýär diýen Şeýtanyň töhmetine berk jogap berer ýaly, Atasyna mümkinçilik döretdi (Sül. tym. 27:11).

4. a) Isa göge baranda biziň üçin näme etdi we Ýehowa näme etdi? b) Ýehowa bilen Isanyň seniň üçin eden işine nähili garaýarsyň?

4 Gökde Isa «öz gany bilen... biziň üçin Hudaýyň öňünde göründi». Söýgüden doly we rehimdar Atamyz Isanyň biziň günälerimize «bagyşlanma gazandyran gurbanyny» kabul etdi. Şol sebäpli, biz arassa ynsap bilen «diri Hudaýa ybadat» edip bilýäris. 112-nji mezmurda: «Rebbe (Ýehowa, TD) sena ediň» diýen sözlere goşulmaga bizde birnäçe sebäp bar (Ýew. 9:12—14, 24; 1 Ýahýa 2:2).

5. a) Biz Hudaýyň öňünde dogry adam bolmak üçin näme etmeli? b) 111 we 112-nji mezmur nähili düzülen?

5 Hudaýyň öňünde dogry adam bolmak üçin, biz Isanyň döken ganyna iman etmeli. Ýehowanyň görkezen bu uly söýgüsine her gün minnetdarlygymyzy bildirmeli (Ýahýa 3:16). Şeýle-de Hudaýyň Sözüni öwrenmegi dowam etmeli we şoňa görä ýaşamaga tagalla etmeli. Hudaýyň öňünde arassa ynsaply bolmak isleýän adamlara 112-nji Zeburda gowy maslahat berilýär. Bu mezmur 111-nji mezmuryň üstini doldurýar. Olaryň ikisi-de «Rebbe sena ediň» diýen sözler bilen başlanýar. Şeýle-de bu sözlerden soň 22 setir dowam edýär we hersi ýewreý elipbiýiniň 22 harpynyň biri bilen başlanýara.

Bagt nämä bagly

6. 112-nji mezmurda aýdylan Hudaýdan gorkýan adam nähili bereket alýar?

6 «Rebden gorkýan, Onuň tabşyryklaryndan köp lezzet alýan nähili bagtly! Onuň zürýady ýer ýüzünde güýçli bolar; dogrular nesli bereket tapar» (Zeb. 112:1, 2). Üns beren bolsaňyz, mezmurçy «gorkýan» diýip birlik sanda, soňra «dogrular» diýip köplük sanda aýdýar. 112-nji mezmurda köp adamlar barada aýdylýandygy görünýär. Zebur 112:9-y Pawlus resul I asyryň mesihçilerine degişli edip aýtdy (2 Korintoslylar 9:8, 9-njy aýatlary okaň). Bu mezmur şu günler hem Isanyň şägirtleriniň bagtly bolup bilýändigini aýdyň görkezýär!

7. Näme üçin mesihçilerde Hudaýa bolan paýhasly gorky bolmaly we Hudaýyň tabşyryklaryna biz nähili garamaly?

7 Zebur 112:1-den görnüşi ýaly, mesihçiler Hudaýdan gorkýandygy sebäpli bagtly. Bu paýhasly gorky mesihçilere Şeýtanyň dünýäsiniň ruhuna garşy durmaga ýardam berýär. Olar Hudaýyň Sözüni öwrenmekden we tabşyryklaryny ýerine ýetirmekden «köp lezzet» alýarlar. Şeýle-de Hudaýyň tabşyrygyna hoş habary wagyz etmek degişli. Mesihçiler zalym dünýäni höküm etjek Hudaýyň gününiň ýetip gelýändigini duýduryp, yhlas bilen ähli milletlerden şägirt taýýarlamaga tagalla edýärler (Ezek. 3:17, 18; Mat. 28:19, 20).

8. a) Şu günler Hudaýyň wepaly halky yhlasy üçin nähili sylag alýar? b) Ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän adamlar gelejekde nähili bereketler alar?

8 Bu tabşyryklaryň berjaý edilýändigi üçin Hudaýyň halkynyň sany artýar. Şu günler bütin dünýäde ýedi milliondan gowrak Hudaýyň gullukçylary bar. Hudaýyň halkynyň «ýer ýüzünde güýçli» bolanyny kim inkär edip biler?! (Ýahýa 10:16; Ylh. 7:9, 14). Hudaý niýetini amala aşyranda, olar ajaýyp «bereket» alar! Ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän adamlar topar bolup, «agyr muşakgatdan» geçip, «dogrulyk höküm sürjek» «täze ýeri» miras alar. Olar Armageddondan soň has köp «bereket tapar». Olar millionlarça direlen adamlary garşylar. Gör, nähili ajaýyp gelejek! Hudaýyň tabşyryklaryndan «köp lezzet alýan» adamlar kämillige ýetende, «Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna» ebedi şatlanarlar .

Baýlygy paýhasly ulanyň

9, 10. Mesihçiler ruhy baýlygyny nädip ulanýar we haýsy manyda olaryň dogrulygy ebedilik dowam eder?

9 «Bolelinlik, baýlyk onuň öýünde bolar; dogrulygy ebedilik dowam eder. Dogrulara garaňkyda nur dogar; ol mähribandyr, rehimdar we dogrudyr» (Zeb. 112:3, 4). Gadymy döwürde Hudaýyň käbir gullukçylary örän baýdy. Emma Hudaýyň halaýan adamlaryna başga manyda baý diýse bolýar. Isanyň günlerinde bolşy ýaly, Hudaýyň öňünde pesgöwünli bolmaga saýlananlaryň köpüsi garyp we adamlar tarapyndan ýigrenilýär (Luka 4:18; 7:22; Ýahýa 7:49). Emma baýlar-da, garyplar-da ruhy taýdan baý bolup biler (Mat. 6:20; 1 Tim. 6:18, 19; Ýakup 2:5-i okaň).

10 Mesh edilen mesihçiler we olaryň ýoldaşlary ruhy baýlygy diňe özünde gizlemeýär. Olar Şeýtanyň dünýäsinde «dogrulara garaňkyda nur» bolýar. Olar ruhy hazynanyň paýhasyndan, Hudaý barada alan biliminden adamlaryň peýdalanmagyna kömek edýär. Duşmanlar wagyz işini togtatmak üçin näçe jan etseler-de, şowsuzlyga uçradylar. Bu dogry işiň miwesi «ebedilik dowam eder». Hudaýyň gullukçylary synagda wepaly galsalar, «ebedi» ýaşajagyna ynanyp bilerler.

11, 12. Hudaýyň halky maddy zatlaryny nämä sarp edýär?

11 Hudaýyň halky, ýagny mesh edilen hyzmatkär topary we «uly märeke» maddy taýdan jomartlygyny görkezýärler. Zebur 112:9-da: «Ol paýlap, (jomartlyk bilen, TD) mätäçlere berýändir» diýilýär. Şu günler mesihçiler mätäçlik çekýän imandaşlaryna, hatda goňşularyna maddy kömegini berýärler. Şeýle-de tebigy betbagtçylyk sebäpli geçirilýän dikeldiliş işlerine ýardam edýärler. Isanyň aýtmagyna görä, bularyň bary bagt getirýär (Resullaryň işleri 20:35; 2 Korintoslylar 9:7-nji aýatlary okaň).

12 Galyberse-de, 172 dilde «Garawul diňi» žurnalyny çap etmek üçin nähili çykdaýjy edilýändigi barada oýlanyp görüň. Köp ýurtlarda şol dillerde gepleýän adamlar garyp ýaşaýar. Şeýle-de «Garawul diňi» žurnaly dürli lal dilinde we körler üçin Braýlyň harpynda çap edilýär.

Rehimdar we adalatly

13. Rehimdarlyk bilen bermegiň iň gowy göreldesini kim görkezdi we biz olaryň göreldesine nädip eýerip bileris?

13 «Kerem edýän, karz berýän adam gowudyr» (Zeb. 112:5). Siz kömek berýän adamlaryň hemişe rehimdar bolmaýanyna üns berensiňiz. Käbir adamlar muny ulumsylyk ýa-da göwünsizlik bilen edýärler. Saňa ulumsylyk bilen seredýän we gaharlanyp, ýük bolandygyňy duýduryp, kömek berenlerinde, erbet bolýarsyň. Rehimlilik bilen berýän adamlardan kömek almak nähili ýakymly. Ýehowa rehimlilik we şatlyk bilen bermegiň iň gowy göreldesini görkezdi (1 Tim. 1:11; Ýakup 1:5, 17). Isa Atasynyň bu häsiýetiniň göreldesine kämillikde eýerdi (Mar. 1:40—42). Biz-de Hudaýyň öňünde dogry adam bolmak üçin rehimdarlyk we höwes bilen berýäris. Aýratyn-da, wagyzda adamlara ruhy taýdan kömek edýäris.

14. Biz haýsy işlerde adalatly bolmaly?

14 «Ol işlerini ynsap (adalatlyk, TD) bilen ýola goýýandyr» (Zeb. 112:5). Pygamberlik edilişi ýaly, sadyk hem akylly iş dolandyryjysy Agasynyň mülküni Ýehowanyň adalatlygy bilen dolandyrýar (Luka 12:42—44-nji aýatlary okaň). Muny, esasanam, Mukaddes Ýazgylarda ýaşulular üçin berilýän görkezmeden görse bolýar. Käwagt olar ýygnakda edilen agyr günä seretmeli bolýar. Hyzmatkär toparynyň adalatlygy ähli ýygnaklaryň, missioner we Beýtel öýleriniň nähili hereket etmelidigi barada Mukaddes Ýazgylaryň esasynda berýän görkezmesinde aýan bolýar. Diňe bir ýaşulular däl, eýsem, başga mesihçiler-de adalatly bolmaly — öz aralarynda, iman etmeýän adamlar bilen gatnaşanda we iş meselesinde (Mika 6:8, 11-nji aýatlary okaň)b.

Dogry adamlar üçin bereketler

15, 16. a) Dünýädäki erbet habarlar dogry adamlara nähili täsir edýär? b) Hudaýyň gullukçylary näme etmegi ýüregine düwdüler?

15 «Ol asla sarsmaz; dogry adam ebedilik ýatlanar. Ol erbet habardan gorkmaz, Rebbe bil baglap, ýüregi berkdir. Ýüregi mäkämdir, gorkmaz; soňunda bolsa ganymlarynyň ýeňlişini görer» (Zeb. 112:6—8). Taryhda öň hiç haçan uruş, terrorçylyk, täze we öňki keselleriň ýaýramagy, jenaýatçylyk, garyplyk, tebigatyň hapalanmagy ýaly erbet habarlar bolmaýardy. Hudaýyň nazarynda dogry adamlar bulardan gaçyp bilmeýär, emma gorkmaýarlar. Olaryň ýüregi «mäkäm» we «gorkmaýar», sebäbi Hudaýyň täze dünýäsiniň ýakyndygyny bilip, gelejege umyt bilen garaýarlar. Olar betbagtçylyga uçranda, Ýehowanyň goldajagyna bil baglap, onuň hötdesinden gelýärler. Ol hiç haçan dogry adamlary «sarsdyrmaz» — olara çydamak üçin güýç we kömek berýär (Flp. 4:13).

16 Şeýle-de dogry adamlar duşmanlaryň ýigrenjine we töhmetine duş gelýär. Emma bu zatlar olara wagyz etmäge päsgel bermeýär we hiç haçan bermezem. Olar Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etmek we oňa seslenýän adamlardan şägirt taýýarlamak ýaly, Hudaýyň beren işini berk we ynamly ýerine ýetirýärler. Zalym dünýäniň soňy golaýlaşdygyça, dogry adamlar has-da yzarlanar. Bütin dünýäde şeýle yzarlamalar Şeýtan Iblis Äjit-mäjit hökmünde olaryň üstüne hüjüm edende, iň ýokary derejesine ýeter. Şonda biz «ganymlaryň ýeňlişini» we doly weýran edilişini göreris. Ýehowanyň adynyň doly mukaddes bolmagyny görmek, ne ajap! (Ezek. 38:18, 22, 23).

«Hormat içinde beýgeler»

17. Nädip dogry adamlar «hormat içinde beýgeler»?

17 Iblisiň we onuň dünýäsiniň garşylygy bolmasa, Ýehowa ählimiz bilelikde sena etmek nähili şatlykly bolar! Hudaýa wepaly galan adamlaryň ählisi oňa ebedi sena eder. Olar ýok edilmez, çünki Ýehowa dogry adamlaryň «güýji hormat içinde beýgeler» diýip wada berýär (Zeb. 112:9). Dogry adamlar Ýehowanyň hökümdarlygynyň ähli duşmanlaryň ýok edilenini görüp, şatlanarlar.

18. 112-nji mezmuryň soňky sözleri nädip berjaý bolar?

18 «Erbet adam muny görüp gaharlanar, dişlerini gyjyrdadyp eräp gider; erbetleriň dilegi ýok bolar» (Zeb. 112:10). Hudaýyň halkyna garşy çykýan ähli adamlar tizden göriplikden we gahardan ýaňa «eräp gider». «Uly muşakgatda» olar biziň edýän işimiziň soňuny görmek islär, emma olaryň höwesi-de, özi-de ýok ediler (Mat. 24:21).

19. Biz näme ynanyp bileris?

19 Sen bu uly ýeňşi görjek bagtly adamlaryň arasynda bolarsyňmy? Ýa-da Şeýtanyň dünýäsiniň soňy gelmezden öň, kesel ýa-da gartaşandygy sebäpli aradan çykan ýagdaýyňyzda, direlen «dogrularyň» arasynda bolarsyňmy? (Res. iş. 24:15). Siz Isanyň töleg gurbanyna iman etseňiz we 112-nji mezmurda beýan edilen dogry adam ýaly, Ýehowanyň göreldesine eýerseňiz, bu soraglara «hawa» diýip jogap berip bilersiňiz (Efesliler 5:1, 2-nji aýatlary okaň). Ýehowa şeýle adamlary we olaryň dogry işlerini ebedi unutmaz. Ýehowa olary hemişe ýatlar we söýer (Zeb. 112:3, 6, 9).

a Bu iki mezmuryň düzülişine we kontekstine görä, biri-biriniň üstüni ýetirýär. 111-nji mezmurda Hudaýyň häsiýetleri wasp edilýär. 112-nji mezmur bolsa, Hudaýdan gorkýan adamlaryň onuň häsiýetine eýerýändigi görkezilýär. Zebur 111:3, 4-nji aýatlary we Zebur 112:3, 4-nji aýatlary deňeşdirsek, muňa göz ýetireris.

b Mika 6:8 Eý adam, ol saňa nämäniň ýagşydygyny aýtdy. Ýehowa senden adalatly bolmagy, ýagşylygy söýmegi, kiçigöwünli bolmagy we Hudaý bilen ýöremekden başga zady talap etdimi näme? 11 Men nädogry terezi we torbamdaky nädogry terezi daşy bilen arassa bolup bilerinmi?

Oýlanmak üçin soraglar

• Bizde «haleluýa» diýmäge nähili sebäpler bar?

• Şu günler mesihçiler nähili üstünliklere begenýär?

• Ýehowa nädip berýänleri söýýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş