Ýehowa biziň agzybirlikde öwmegimize mynasyp
«Rebbe sena ediň» (ZEB. 111:1).
1, 2. «Haleluýa» diýen sözi nämäni aňladýar we Injilde ol nähili ulanylýar?
«HALELUÝA!» Bu sözi, adatça, hristian buthanalarynda eşitse bolýar. Muny käbir adamlar gündeki gürrüňinde-de aýdýarlar. Emma bu sözüň mukaddes manysyna düşünýänler az. Köp adamlar muny aýtsa-da, edýän işleri bilen Hudaýy masgaralaýar (Titus 1:16). Mukaddes Ýazgylaryň bir sözlüginde şeýle düşündirilýär: «Zebury ýazan adamlar «haleluýa» diýip, bilelikde Ýehowa sena aýtmaga ähli adamlary çagyrýar». Hakykatdan-da, Mukaddes Ýazgylary öwrenýän birnäçe alymlar «haleluýa» sözi «Rebbe (Ýehowa) sena ediň» diýmegi aňladýandygyny aýdýarlar.
2 Zebur 111:1-de: «Rebbe (Ýehowa, TD) sena ediň» diýilýär. Ylham 19:1—6-njy aýatlarda ýalan diniň ýok edilmegi barada aýdylýar, «haleluýa» sözi dört gezek ulanylýar. Ýalan din ýok edilende, mesihçiler üçin «haleluýa» diýmäge aýratyn bir sebäp bolar.
Onuň uly işleri
3. Yzygiderli ýygnanyşmagymyzyň esasy maksady näme?
3 111-nji Zebury ýazan mezmurçy biziň näme üçin bilelikde Ýehowa sena etmelidigimizi düşündirýär. Birinji aýatda şeýle diýilýär: «Men dogrularyň mejlisinde, ýygnakda Rebbe bütin ýüregim bilen şükür ederin». Şu günler Ýehowanyň Güwäçilerinde-de şeýle isleg bar. Biz, esasanam, Ýehowany öwmek maksady bilen, ýygnak duşuşyklarynda we kongreslerde yzygiderli ýygnanyşýarys.
4. Ynsan nädip Ýehowanyň işlerini agtaryp biler?
4 «Rebbiň işleri uludyr, ähli muşdaklary olary agtarýandyr» (Zeb. 111:2). «Agtarýandyr» diýen söze üns bereliň. Bir kitabyň düşündirşine görä, bu aýat Hudaýyň işlerini «dykgatly öwrenýän» we «olar barada oýlanýan» adamlara degişli. Ýehowanyň ýaradan zatlarynda onuň täsin niýeti aýan bolýar. Ol Güni, Ýeri, Aýy şeýle ýerleşdirdi welin, Ýerde ýylylyk, ýagtylyk bolar ýaly, gije-gündiz we pasyl çalşyp durar ýaly, deňziň suwy hem joşýar, hem peselýär.
5. Adamyň Älem barada köp zady bilmegi nämäni aýan edýär?
5 Alymlar Ýer şarynyň Gün sistemasynda nähili ýerleşýändigini we Ýeriň uly hemrasy bolan Aýyň orbitasy, ululygy we agramy barada köp zatlary bildiler. Ýer şaryň we Aýyň gurluşy hem biri-biri bilen baglynyşygy ýer ýüzünde owadan pasyllaryň çalyşmagyna mümkinçilik döredýär. Şeýle-de Älemiň tebigy sazlaşykly güýçleri barada köp zatlar mälim boldy. Maşyn gurluşygyndan ökde hünärment «Çyzgy boýunça ýaradylan Älem» diýen makalasynda şeýle ýazýar: «Soňky otuz ýylyň içinde köp alymlaryň pikirini üýtgedendigi geň galdyrmaýar. Älem heläkçilik esasynda döredi diýen pikir bilen ylalaşmak üçin uly ynam gerek. Biz ýaşaýan Ýer şarymyz barada näçe köp bildigimizçe, ony paýhasly Ýaradyjynyň döredendigi aýan bolýar».
6. Hudaýyň adamy nädip ýaradandygy size nähili täsir edýär?
6 Hudaý ynsany ýaradanda, onuň Ýaradyjy hökmünde Beýikligi aýan boldy (Zeb. 139:14). Ol adama akyl we ähli gerekli agzaly beden berdi. Şeýle-de Hudaý oňa dürli işleri eder ýaly ukyp berdi. Meselem: geplemek, diňlemek, ýazmak we okamak. Muňa gudrat diýse bolar. Bu ukyplar köp adamlarda bar. Şeýle-de biz aýagymyzda gös-göni durup bilýäris. Bu-da Ýaradyjynyň ajaýyp işi. Biziň beden agzalarymyzyň gurluşy we laýyklygy, onuň hereketlendiriji ukyplary hem-de onda bolýan himiki reaksiýalary täsir galdyrýar. Beýniniň we duýgy organlarynyň işlemegine ýardam edýän täsin nerw birleşmelerini häzirki ylmyň enjamlary bilen deňäp bolmaýar. Adamlar pikir etmek we daş-töwerekdäki zatlara akyl ýetirmek ukyplary arkaly köp üstünlikleri gazandylar. Hatda ökde we zehinli inžener-de täsin on barmak ýaly owadan hem baglanyşykly zady ýasap bilmezdi. Oýlanyp görüň: «şeýle köp işleri edýän on barmagy Hudaý döretmedik bolsa, sungat eserleri, täsin maşynlar we binalar bolarmydy?»
Hudaýyň uly işleri we häsiýetleri
7. Mukaddes Ýazgylara Hudaýyň uly işleriniň biri hökmünde garamaga nähili sebäpler bar?
7 Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň adamlara eden uly işleri barada aýdylýar. Ondaky kitaplaryň sazlaşyklydygy üçin, oňa ajaýyp nusga diýse bolar. Ol başga kitaplardan tapawutlylykda, «Hudaýyň ylhamy bolup... öwretmek... üçin peýdalydyr» (2 Tim. 3:16, 17). Meselem, Mukaddes Ýazgylaryň ilkinji kitaby Gelip çykyşda Nuhuň döwründe Hudaýyň ýeri erbetlikden arassalandygy hakynda gürrüň berilýär. Ikinji kitap Müsürden çykyşda ysraýyllylary Müsürden azat edip, Ýehowa özüniň hak Hudaýdygyny subut edeni barada aýdylýar. Mezmurçy, belki, şu wakalary göz öňünde tutup şeýle diýendir: «Onuň işi dabaraly, şöhratlydyr; Onuň dogrulygy ebedilik dowam eder. Ol ajaýyp işlerine bir ýadygärlik etdi; Reb mähriban we rehimdardyr» (Zeb. 111:3, 4). Taryhda we siziň durmuşyňyzda Hudaýyň eden işleri onuň «dabarasyny, şöhratyny» ýadygärlik edýändigine ylalaşýarsyňyzmy?
8, 9. a) Hudaýyň işleri adamlaryňkydan nädip tapawutlanýar? b) Hudaýyň haýsy häsiýetleri saňa has-da ýaraýar?
8 Şeýle-de mezmurçynyň Ýehowanyň dogrulyk, mähribanlyk we rehimdarlyk ýaly ajaýyp häsiýetlerini nygtandygyna üns beriň. Biz günäli adamlaryň käwagt dogry işler edýändigini bilýäris. Emma köplenç olar açgöz, görip we tekepbir bolýar. Pul gazanmak üçin olar köp ýarag öndürip, urşa öjükdirýärler. Netijede, millionlarça bigünä adamlar ölýär we horluk çekýär. Şeýle-de adamlar garamaýaklary ezip, ençeme işleri etdirýär. Meselem, tekepbir faraonlary jaýlamak üçin gullara gümmezleri gurdurdylar. Şu günler adamlaryň edýän işleriniň köpüsi diňe bir zulumlyga däl, eýsem, «ýeriň dargamagyna» getirýär (Ylham 11:18-i okaň).
9 Bu Ýehowanyň işlerinden, gör, nähili tapawutlanýar! Onuň işleri hemişe adalatlydyr. Ol günäli adamalary halas etmek üçin rehimdarlyk bilen töleg gurbanyny berdi. Şeýdip, ol «adalatyny görkezdi» (Rim. 3:25, 26). Hawa, «Onuň dogrulygy ebedilik dowam eder»! Hudaýyň mähribanlygy günäli adamlara bolan sabyrlygynda aýan bolýar. Ol günäli ysraýyllylaryň erbet ýollaryny goýup, dogry işleri etmäge çagyranda, hatda käwagt «haýyş edýärin» diýip ýalbardy (Ezekiýel 18:25-i okaň)a.
Ýehowa beren wadasynda durýar
10. Ýehowa Ybraýym bilen baglanyşan ähtini berjaý edip, wepalylygyň nähili göreldesini görkezdi?
10 «Ol Özünden gorkýanlara rysk berýändir, ähti bolsa ebedilik ýadyndadyr» (Zeb. 111:5). Bu aýatda mezmurçy Ybraýymyň ähti barada aýdan bolmaly. Ýehowa Ybraýymyň nesline ak pata berjegini wada etdi we duşmanlaryň derwezesine eltjegini aýtdy (Gel. çyk. 22:17, 18; Zeb. 105:8, 9). Ybraýymyň nesli baradaky wada, ilkinji gezek, ysraýyl halkynda berjaý boldy. Ysraýyllylar birnäçe ýyl Müsürde gulçulykda boldy, emma soňra Ýehowa Ybraýym bilen «eden ähtini ýadyna saldy» we olary azat etdi (Müs. çyk. 2:24). Ýehowa ysraýyllylar üçin soňky eden işlerinde jomartlygyny görkezdi. Ol ysraýyllylara maddy iýmit we aňy, ýüregi üçin ruhy iýmit berdi (Kanun. 6:1—3; 8:4; Neh. 9:21). Soňra ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda ysraýyllylar ýygy-ýygydan Hudaýdan ýüz öwürdi, muňa garamazdan, Ýehowa pygamberlerini iberip, olary dolanmaga çagyrdy. Hudaý ysraýyllylary Müsürden azat edenine 1 500 ýyldan gowrak wagt geçensoň, ýeke-täk Ogluny ýer ýüzüne iberdi. Ýehudylaryň köpüsi Isany ret edip, öldürilmegine ýol berdi. Şondan soň Ýehowa täze, ruhy milleti, ýagny «Hudaýyň Ysraýylyny» döretdi. Ýehowanyň pygamberlik edişi ýaly, bu halk Isa bilen Ybraýymyň ruhy neslini aňladyp, ol arkaly adamlar ak pata alar (Gal. 3:16, 29; 6:16).
11. Ýehowa Ybraýym bilen baglanyşan ähtini unutmandygyny nädip görkezdi?
11 Ýehowa ähtini we ol arkaly berjek ak patasyny unutmady. Ol şu günler 400-den gowrak dilde ruhy taýdan bol iýmit berýär. Şeýle-de biziň «gündelik çöregimizi bize günde ber» diýen maddy zerurlyklarymyz barada edeýän dogalarymyza jogap berýär (Luka 11:3; Zeb. 72:16, 17; Iş. 25:6—8).
Ýehowanyň uly güýji
12. Gadymy ysraýllylara nädip «milletleriň mirasy» berildi?
12 «Milletleriň mirasyny olara bermek bilen Ol halkyna Öz işleriniň gudratyny görkezdi» (Zeb. 111:6). Mezmurçy Ysraýyl taryhynda belli bolan wakany aýdan bolmaly. Ol ysraýyllylaryň Müsürden gudrat arkaly azat bolmagydy. Ýehowa ysraýyllylary Wada edilen diýara girizende, olara Iordan derýasynyň gündogar hem günbatar tarapyndaky patyşalyklary ýeňmäge kömek etdi (Nehemýa 9:22—25). Ýehowa ysraýyllylara, hakykatdan-da, «milletleriň mirasyny» berdi. Hudaý, gör, nähili uly güýjüni görkezdi!
13, 14. a) Mezmurçy Babyl bilen bagly Hudaýyň haýsy güýjüni göz öňünde tutan bolmaly? b) Ýehowa ýene nähili ýagdaýlarda halas etdi?
13 Ýehowanyň ysraýyllylara eden ähli ýagşylygyna garamazdan, biz olaryň Ýehowa hem-de ata-babalary Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba hormat goýmandygyny bilýäris. Ýehowa olary babyllylaryň ýesirligine düşürýänçä, olar Oňa garşy pitne turuzdylar (2 Tar. 36:15—17; Neh. 9:28—30). Mukaddes Ýazgylary öwrenýän käbir alymlaryň çak edişine görä, 111-nji Zebury ýazan mezmurçy ysraýyllylaryň Babyl ýesirliginden dolanyp gelenden soň ýaşandygyny aýdýarlar. Şol sebäpli mezmurçyda Ýehowanyň wepalylygy hem güýji üçin sena etmäge ençeme sebäp bardy. Çünki Hudaý ýehudylary Babyldan azat edip, bu häsiýetlerini görkezipdi. Babyllylarda bolsa gullaryny azat etmek barada hiç hili isleg ýokdy (Iş. 14:4, 17).
14 Takmynan V asyrdan soň, Ýehowa toba edýän adamlary günä we ölümiň gulçulygyndan azat edip, uly güýjüni görkezdi (Rim. 5:12). Netijede, 144 müň adama Isanyň mesh edilen mesihçisi bolmaga mümkinçilik berildi. 1919-njy ýylda Ýehowa mesh edilen mesihçileriň galyndysyny ýalan diniň ýesirliginden azat edip, güýjüni görkezdi. Olar şu soňky günlerde diňe Hudaýyň güýji arkaly üstünlikler gazandy. Olar ölýänçä wepaly galyp, ýer ýüzündäki toba edýän adamlaryň üstünden Isa Mesih bilen gökde höküm sürerler (Ylh. 2:26, 27; 5:9, 10). Gadymy ysraýyllylardan tapawutlylykda, olar has köp ýeri miras alar (Mat. 5:5).
Ebedi we ygtybarly prinsipler
15, 16. a) Hudaýyň elleriniň işlerine nämeler degişli? b) Hudaý gadymy ysraýyllara nähili tabşyryk berdi?
15 «Onuň elleriniň işleri hakdyr, adyldyr, ähli buýruklary ähtibarlydyr, ebedi we mydam berkdir. Olar hakykat we dogrulykda berkidilendir» (Zeb. 111:7, 8). Ýehowanyň «elleriniň işlerine» on sany esasy kanun ýazylan iki ýasy daş degişlidi. Olar ysraýyllylar üçin ýazylypdy (Müs. çyk. 31:18). Bu esasy kanunlar başga kanunlar bilen bilelikde Musanyň kanuny bolup, ebedi we ygtybarly prinsiplere esaslanandyr.
16 Meselem, daşlarda ýazylan kanunlaryň birinde: «Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn» diýilýär. Soňra Ýehowa şeýle diýýär: «Kim Meni söýüp, buýruklarymy ýerine ýetirse, onuň müňlerçe nesline tükeniksiz söýgimi görkezerin». Şeýle-de bu daşlarda «ata-eneňe hormat goý», «ogrulyk etme» ýaly, ebedi prinsipler we başga adamyň zadyna göz dikmezlik hakynda kanun bardy (Müs. çyk. 20:5, 6, 12, 15, 17).
Mukaddes we eýmenç Halasgärimiz
17. Hudaýyň mukaddes adyna hormat goýmaga ysraýyllylarda nähili sebäpler bardy?
17 «Ol Öz halkyna gutulyş iberdi, tabşyryk berip, ähtini ebedilik berkarar etdi. Onuň ady mukaddes we eýmençdir» (Zeb. 111:9). Mezmurçy bu aýatda-da, Ýehowanyň Ybraýym bilen baglanyşan ähtine we beren wadasyna wepalylygy barada aýdan bolmaly. Ýehowa halkyny Müsürden-de, Babyl gulçulygynda-da terk etmedi. Ýehowa halkyny olaryň ikisinden-de azat etdi. Hatda ysraýyllylar diňe şu iki edilen işi üçin Hudaýyň mukaddes adyna hormat goýmalydy (Müsürden çykyş 20:7; Rimliler 2:23, 24-nji aýatlary okaň)b.
18. Näme üçin Hudaýyň adyny götermek uly hormat?
18 Bu häzirki mesihçilere-de degişli, çünki olar hem günäniň we ölümiň gulçulygyndan azat edildi. Biz nusgalyk dogada «adyň mukaddes bolsun» diýen ilkinji dilege görä ýaşamaly (Mat. 6:9). Hudaýyň beýik we şöhratly ady barada oýlanyp, Hudaýdan gorkmagy öwrenmeli. 111-nji Zebury ýazan mezmurçy Hudaýdan gorkmaklyga dogry garaýyşda bolup, şeýle diýdi: «Rebden gorkmak paýhasyň başlangyjydyr; Onuň buýruklaryny ýerine ýetirýänleriň bary oňat düşünjelidir» diýdi (Zeb. 111:10).
19. Biz indiki makalada nämä serederis?
19 Hudaýdan dogry gorky bize erbet işleri ýigrenmäge we Hudaýyň ajaýyp häsiýetlerine eýermäge kömek edýär. Bu barada 112-nji mezmurda beýan edilen, oňa indiki makalada serederis. Bu mezmur Hudaýa ebedi sena etjek millionlarça adamlaryň arasynda bolmaga nämäniň kömek etjekdigini görkezýär. Ýehowa oňa mynasypdyr. «Onuň senasy ebedilik dowam eder» (Zeb. 111:10).
a Ezekiýel 18:25 Siz: «Ýehowanyň ýoly adalatsyz» diýýärsiňiz. Ýöne, haýyş edýärin, Ysraýyl öýi diňläň. Meniň ýolum adalatsyzmy? Siziň ýoluňyz adalatsyz dälmi näme?
b Müsürden çykyş 20:7 Hudaýyň Rebbiň adyny boş ýere agzamaň, çünki Reb Öz adyny boş ýere agzan adamy jezasyz goýmaz.
Oýlanmak üçin soraglar
• Biz Ýehowanyň näme üçin agyzybirlikde sena etmeli?
• Ýehowanyň işlerinde onuň haýsy häsiýetleri görünýär?
• Hudaýyň adyny götermäge sen nähili garaýarsyň?