Hüşgär boluň
«Bütin zatlaryň soňy ýakynlady. Hüşgärlik bilen doga ediň» (1 PET. 4:7).
1. Isa, esasanam, näme barada öwretdi?
ISA MESIH ýer ýüzünde ýaşanda, esasanam, Hudaýyň Patyşalygy barada öwretdi. Ýehowa şol Patyşalyk arkaly ýokary häkimiýetini aklar we adyny mukaddes eder. Şol sebäpli Isa şägirtlerine Hudaýa şeýle doga etmegi öwretdi: «Patyşalygyň gelsin; gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn» (Mat. 4:17; 6:9, 10). Tizden Hudaýyň Patyşalygy Şeýtanyň dünýäsini ýok eder we ýer ýüzünde Hudaýyň isleginiň amala aşmagyna gözegçilik eder. Daniýeliň pygamberlik edişi ýaly, Hudaýyň Patyşalygy «häzirki patyşalyklaryň ählisini ýumrup ýok eder, özi bolsa ebedi galar» (Dan. 2:44).
2. a) Isanyň şägirtleri onuň patyşa bolandygyny nädip gördüler? b) Alamat ýene-de nämäni görkezýär?
2 Isanyň şägirtlerine Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi ähmiýetlidi. Şol sebäpli olar: «Bize aýt, bu zatlar haçan bolar? Seniň gelmegiňiň we ahyrzamanyň alamaty näme bolar?» diýip soradylar (Mat. 24:3). Isanyň patyşa bolanyny ýerdäki adamlar gözi bilen görmedi, emma göze görünýän alamat arkaly görüp bildiler. Ol alamata Mukaddes Ýazgylarda aýdylan birnäçe wakalar girýär. Mesihçiler alamat arkaly Isanyň hökümdarlyk edip başlandygyny saýgarmalydy. Şeýle-de şol alamat bilen häzirki zalym dünýäniň «soňky günleri» başlanýar (2 Tim. 3:1—5, 13; Mat. 24:7—14).
Soňky günlerde hüşgär boluň
3. Näme üçin mesihçiler hüşgär bolmaly?
3 Petrus resul: «Bütin zatlaryň soňy ýakynlady. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen doga ediň» diýdi (1 Pet. 4:7). Onuň şägirtleri hüşgär bolup, Isanyň höküm sürüp başlanyny görkezýän dünýädäki wakalara üns bermelidi. Zalym dünýäniň soňy tiz ýetip gelýändigi üçin, olara hüşgär bolmak has wajyp bolar. Isa şägirtlerine: «Oýa boluň; çünki siz öý eýesiniň... haçan geljegini (Şeýtanyň dünýäsiniň höküm etjegini) bilmeýärsiňiz» diýdi (Mar. 13:35, 36).
4. Dünýäde bolýan wakalara Ýehowanyň gullukçylarynyň we Şeýtanyň dünýäsine degişli adamlaryň garaýşyny tapawutlandyryň. (Şeýle-de çarçuwa serediň).
4 Adamlaryň köpüsi Şeýtanyň täsiri astyndadygy we dünýä wakalarynyň näme aňladýandygy barada oýlanmaýarlar. Olar Isanyň patyşa bolandygyna düşünmeýär. Emma Isanyň şägirtleri hüşgär bolup, XX asyrdaky bolan wakalaryň näme aňladýandygyna düşündiler. Ýehowanyň Güwäçileri 1925-nji ýyldan başlap, Birinji Jahan urşy we şondan soň bolan wakalara görä, 1914-nji ýylda Isanyň gökde Patyşa bolandygyny bilýärler. Şol ýyldan bäri Şeýtanyň gol astyndaky zalym dünýäniň soňky günleri başlandy. Wakalara üns berýän adamlar bolýan zatlara düşünmese-de, Birinji Jahan uruşdan öňki we soňky döwrüň tapawutlanýandygyny aýdýarlar. («Howsalaly döwür başlandy» diýen çarçuwa serediň).
5. Oýa bolmak näme üçin wajyp?
5 Takmynan ýüz ýylyň dowamynda dünýäde bolýan elhenç wakalar biziň soňky günlerde ýaşaýandygymyzy görkezýär. Tizden Ýehowa Isa we perişdelere Şeýtanyň dünýäsine garşy çykmaga buýruk berer (Ylh. 19:11—21). Mesihçilere bolsa, oýa bolmak tabşyrylýar. Biz zalym dünýäniň soňuna garaşyp, oýa bolmagyň wajyplygyna düşünýäris (Mat. 24:42). Biz Isanyň ýolbaşçylygy astynda ýeriň ähli künjeginde ähmiýetli ýumşy ýerine ýetirmeli.
Bütindünýä wagyz işi
6, 7. Şu soňky günlerde Patyşalyk baradaky wagyz işinde nähili üstünlikler gazanyldy?
6 Alamat hökmünde pygamberlik edilip, Ýehowanyň gullukçylaryna berlen iş, zalym dünýäniň soňky günlerinde ýaşaýandygymyzy subut edýär. Isa soňky günlerde boljak wakalary aýdanda, bütindünýä işi barada-da aýdypdy. Ol bu pygamberlik barada şeýle diýdi: «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler; ahyrzamana şonda geler» (Mat. 24:14).
7 Isanyň aýdan pygamberligine giňişleýin seredeliň. 1914-nji ýylda soňky günler başlanda, hoş habary wagyz edýän adamlaryň sany örän azdy. Emma şu günler olaryň sany örän köpeldi. Bütin ýer ýüzünde 100 müňden gowrak ýygnaklarda 7 milliondan gowrak Ýehowanyň Güwäçileri wagyz edýär. 2008-nji ýylda 10 million adam Ýehowanyň Güwäçileri bilen Isanyň Ýatlama agşamyny bellediler. Geçen ýyla seredeniňde, Ýatlama agşamyna örän köp adam geldi.
8. Duşmanlar näme üçin wagyz işimizi togtadyp bilmeýär?
8 Soňky günlerde «bu dünýäniň taňrysy» bolan Şeýtanyň berýän päsgeline garamazdan, ähli milletlere Hudaýyň Patyşalygy barada uly güwälik edilýär (2 Kor. 4:4). Iblis bu zalym dünýäniň ähli syýasy güýçlerine, dinlerine, telekeçilerine we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine täsir edýär. Wagyz işi nädip üstünlikli geçirilýär? Bu işi Ýehowa goldaýar. Şeýtan wagyz işini togtatmak üçin näçe jan etse-de, ol Hudaýyň kömegi bilen geçirilýär.
9. Hudaýyň halkynyň ruhy taýdan gülläp ösmegine näme üçin gudrat diýse bolar?
9 Ýehowanyň Patyşalyk baradaky wagyz işiniň üstünlikli geçirilmegine, Onuň halkynyň köpelmegine we ruhy taýdan gülläp ösmegine, hakyky gudrat diýse bolar. Hudaý halkyny goldamadyk, goramadyk we görkezme bermedik bolsa, wagyz edip bolmazdy (Matta 19:26-ny okaň). Bu dünýäniň ahyryna çenli wagyz edip, hemişe gulluk etmäge taýyn we hüşgär adamlaryň ýüregine Hudaýyň mukaddes ruhunyň täsir edýändigine ynanyp bileris. Zalym dünýäniň soňy tiz ýetip gelýär.
«Agyr muşakgat»
10. Isa geljekde boljak agyr muşakgaty nädip beýan etdi?
10 Zalym dünýäniň soňunyň gelmegine «agyr muşakgat» diýilýär (Ylh. 7:14). Mukaddes Ýazgylarda onuň näçe wagt we nähili boljagy aýdylmasa-da, Isa şeýle diýdi: «Şonda uly muşakgat bolar, beýle muşakgat dünýäniň başyndan tä şu wagta çenli ne bolandyr, ne-de bolar» (Mat. 24:21). Bu dünýäde bolan muşakgat, ýagny Ikinji Jahan urşunda 50 milliondan tä 60 milliona çenli adam wepat boldy, emma indi boljak agyr muşakgat has gazaply bolar. Agyr muşakgat beýik derejesine Armageddonda ýeter. Şonda Ýehowa ýer ýüzündäki Şeýtanyň dünýäsini ýok eder (Ylh. 16:14, 16).
11, 12. Agyr muşakgat nähili waka bilen başlanar?
11 Mukaddes Ýazgylaryň pygamberliginde agyr muşakgatyň haçan boljagy däl-de, bir waka bilen başlanjagy aýdylýar. Ol syýasy güýçleriň ýalan dinleri ýok etmegi bilen başlanar. Ylham kitabynyň 17 we 18-nji baplaryndaky pygamberlikde ýalan din ýer ýüzündäki syýasy güýçler bilen ahlaksyzlyk edýän kemçine meňzedilýär. Ylham 17:16-da tizden şol syýasy güýçler «kemçini ýigrenip, daşyny çolardyp, ony ýalaňaçlar. Onuň etini iýip, özüni-de otlajagy» barada aýdylýar.
12 Bu döwür gelende, Hudaý ähli ýalan dini ýok etmek «maksadyny amala aşyrma islegini olaryň (syýasy güýçleriň) ýüregine guýar» (Ylh. 17:17). Şeýdip, ýalan dinler Hudaýyň islegi boýunça ýok ediler. Hudaý ikiýüzli dinleri islegine garşy gelýän ýalan taglymatlary öwredeni üçin, gullukçylaryny yzarlany üçin höküm eder. Bu dünýädäki adamlaryň köpüsi ýalan diniň ýok ediljegi barada bilmeýär. Emma Ýehowanyň wepaly gullukçylary bilýär we şu soňky günlerde adamlara gürrüň berýärler.
13. Ýalan diniň tizden ýok ediljegi nämeden görünýär?
13 Adamlar ýalan diniň ýok edilmegine geň galar. Mukaddes Ýazgylardaky pygamberligiň görkezişine görä, hatda käbir «bu dünýäniň patyşalary» onuň ýok edilişini görüp, şeýle diýer: «Waý, waý... bir sagadyň içinde ýogaldy» (Ylh. 18:9, 10, 16, 19). Mukaddes Ýazgylarda «bir sagat» diýilmegi bu wakanyň tiz boljagyny görkezýär.
14. Duşmanlar Ýehowanyň gullukçylaryna hüjüm edende, Hudaý näme eder?
14 Bize mälim bolşy ýaly, ýalan din ýok edilenden soň birnäçe wagtdan Hudaýyň hökümini yglan edýän Ýehowanyň gullukçylaryna hüjüm ediler (Ezek. 38:14—16). Şonda duşmanlar wepaly halkyny goramaga wada beren Ýehowa garşy çykarlar. Ýehowa şeýle diýýär: «Gaharymyň gazaby we ody bilen aýdaryn... olar meniň Ýehowadygymy bilerler» (Ezekiýel 38:19, 23). Hudaý şeýle diýýär: «Size (wepaly gullukçylaryma) degen, meniň gözümiň görejine degýändir» (Zak. 2:8). Ýehowanyň duşmanlary bütin dünýäde onuň gullukçylaryna hüjüm edende, Hudaý aýgytly hereket eder — agyr muşakgatyň iň soňky döwri, Armageddon başlar. Isanyň baştutanlygynda perişdeleriň goşuny Ýehowa arkaly Şeýtanyň dünýäsine çykaran hökümini berjaý eder.
Bize nähili täsir etmeli
15. Zalym dünýäniň soňunyň ýetip gelýändigi bize nähili täsir etmeli?
15 Zalym dünýäniň tizden ýok ediljegi bize nähili täsir etmeli? Petrus resul şeýle diýdi: «Bularyň ählisi şeýle dargajak bolsa, onda siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek? ...mukaddes ýaşaýyşda, takwalykda gezmelisiňiz» (2 Pet. 3:11). Diýmek, biz Hudaýyň talaplaryna görä ýaşamaly we Ýehowa wepaly bolup, oňa bolan söýgimizi görkezýän işleri etmeli. Şeýle-de zalym dünýäniň soňy gelmänkä, biz Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etmek üçin elimizde baryny etmeli. Petrus resul: «Bütin zatlaryň soňy ýakynlady. Munuň üçin... hüşgärlik bilen doga ediň» diýdi (1 Pet. 4:7). Biz hemişe Ýehowa dogada ýüzlenip, mukaddes ruh we bütindünýä ýygnagy arkaly görkezme sorap, oňa ýakynlaşýarys hem-de söýgimizi bildirýäris.
16. Näme üçin biz Hudaýyň nesihatyna gulak asmaly?
16 Şu howply döwürde biz Mukaddes Ýazgylardaky: «Akylsyzlar ýaly däl-de, akyldarlar ýaly, ünsüňizi dykgatly gezmäge gönükdiriň. Pursatdan peýdalanyň, çünki günler ýamandyr» diýen nesihata gulak asmaly (Efes. 5:15, 16). Geçmişe göz aýlanyňda, şu günler zalymlyk has hem möwç urýar. Ýehowanyň halky onuň islegini berjaý etmez ýaly, iň bolmanda, ünsüni gullukdan sowar ýaly, Şeýtan dürli ýollary oýlap tapdy. Biz, Hudaýyň gullukçylary, muny bilip, wepalylygymyzy hiç zada gowşatmaga ýol bermek islemeýäris. Biz tizden näme boljagyny bilýäris we Ýehowanyň niýetiniň hökmän amala aşjagyny bilip, Hudaýa bil baglaýarys (1 Ýahýa 2:15—17-nji aýatlary okaň).
17. Armageddondan geçenlere direliş nähili täsir eder?
17 Tizden Hudaýyň «hem dogrularyň, hem egrileriň ölümden direltmek» barada beren täsin wadasy berjaý bolar (Res. iş. 24:15). «Ölümden direltmek» diýen sözlere üns beriň. Muňa biz şübhelenmeli däl, sebäbi bu Ýehowanyň sözleri! Işaýa 26:19-da şeýle wada berilýär: «Seniň ölüleriň ýaşar... Toprakda ýatanlar oýanyň we şadyýan gygyryň! ... ýer ölülerini tabşyrar». Bu sözler gadymy döwürde Hudaýyň halky watanyna dolanyp gelende berjaý boldy. Şol sebäpli biz bu sözleriň täze dünýäde, göni manyda, berjaý boljagyna ynanýarys. Direlenler dogan-garyndaşlaryna gowşanda nähili uly şatlyk bolar! Hawa, Şeýtanyň dünýäsiniň soňy ýetip gelýär, ondan soňra Hudaýyň täze dünýäsi bolar. Bize hüşgär bolmak örän wajyp!
Ýadyňyzdamy?
• Isa näme barada öwretdi?
• Şu günler wagyz işi nädip giňişleýin geçirilýär?
• Näme üçin hüşgär bolmak wajyp?
• Resullaryň işleri 24:15-de nähili teselli beriji wada ýazylan?
[16, 17-nji sahypalardaky çarçuwa/surat]
HOWSALALY DÖWÜR BAŞLANDY
2007-nji ýylda Alan Grinspanyň «Howsalaly döwür: syrly we howply täze dünýä» atly kitaby çykdy. Ol ýigrimi ýyla golaý ABŞ-nyň merkezi banklaryna gözegçilik edýän Federal ätiýaçdan saklanýan sistemasynyň müdiri bolup işledi. Grinspan 1914-nji ýyldan öň we soň dünýä ýagdaýynyň düýpli tapawutlanandygyny belläp geçdi.
«1914-nji ýyldan öňki hasabatlara görä, adamlar biri-birine hormat goýýardy, medeniýet we tehnika ösýärdi. Ynsan jemgyýeti kämillige ýetip biljek ýaly görünýärdi. XIX asyrda gul satmak bes edildi. Adamy kemsidýän zalymlyk geçmişde galan ýaly göründi... XIX asyrda ylmy-tehnika ösdi. Şeýlelikde, demir ýol, telefon, elektrik togy, kino, maşyn we sansyz-sajaksyz ýaşaýşa gerekli enjamlary öndürildi. Medisinanyň ösmegi, iýmitiň gowulanmagy we agyz suwunyň elýeter bolmagy ynsanyň ömrüni uzaltdy... Adamlar ähli ýerde bu ösüş dowam eder öýdýärdi».
Emma... «Birinji Jahan urşy Ikinji Jahan urşuna garanyňda, adamlaryň biri-birine hormat goýmagyna, medeniýet we tehnika has köp zeper ýetirdi. Ilkinji dawa we düşünje ýok boldy. Men şol uruşdan öň adamlaryň gelejegi bagtly we ebedi boljak ýaly görünýän ýyllar barada pikir edýärin. Şu günler geçen asyra garanyňda, gelejege bolan garaýşymyz düýbünden tapawutlanýar. Bu garaýyş hakykata ýakyn bolsa gerek. Birinji Jahan urşundan öňki asyra täsir edişi ýaly, terrorçylyk, bütin dünýäde howanyň maýlamagy we populizmiň dikeldilmegi häzirki döwre täsir etmezmi? Bu soraga hiç kim anyk jogap berip bilmeýär».
Grinspan uniwersitetde okan döwründe ykdysadyýet ugrundan professor M. Bendžamin Andersonyň (1886—1949) aýdan sözlerini ýatlaýar: «Gartaşan adamlar Birinji Jahan uruşdan öňki durmuşyny ýatlap, ony küýseýärler. Adamlarda hemişelik ýok bolan howpsuzlyk duýgusy bardy».
2006-njy ýylda çap edilen «Dünýä weýran edildi» atly kitabynda J. Meýer hem şeýle netijä geldi: «Köplenç taryhy wakalar ähli zady üýtgedýär diýilýär. Bu Beýik urşa (1914—1918) degişli diýse bolar. Hakykatdan-da, uruş ähli zady: diňe bir serhetleri, hökümetleri, halklaryň durmuşyny däl-de, adamlaryň dünýä we özüne bolan garaýşyny üýtgetdi. Ol uruşdan öň we soň bolan durmuşy düýpgöter üýtgetdi».