Nazaryňyzy sylaga dikiň!
«Baýraga mynasyp bolmak üçin pellehana tarap ylgaýaryn» (FLP. 3:14).
1. Pawlus resul nähili sylaga garaşýardy?
TARSUSLY Saul ady bilen tanalýan Pawlus resul tanymal maşgaladandy. Ol ata-babalarynyň dini barada görnükli mugallym Gamaliýelden tälim aldy (Res. iş. 22:3). Pawlusda abraýly käre eýe bolmak mümkinçiligi bolsa-da, ýehudy dinini inkär edip, mesihçi boldy. Şondan bäri, ol ebedi ýaşaýyş, Hudaýyň gökdäki Patyşalygynda ölmeýän hökümdar we ruhany bolmak sylagyny almaga umyt edýär. Şol Patyşalyk ýer ýüzünde boljak Jennetiň üstünden hökümdarlyk eder (Mat. 6:10; Ylh. 7:4; 20:6).
2, 3. Pawlus gökdäki ýaşaýyş sylagyny nädip gymmat saýdy?
2 Pawlus resul: «Maňa gazanç bolan her zady Mesihiň hatyrasyna zyýan saýdym. Hawa, ugrunda bar zadymy ýitiren Rebbim Mesih Isany tanamagyň artyk gymmaty üçin her zady zyýan saýýaryn, ...syr-süplük saýýaryn» diýip, sylagy gymmat saýýandygyny görkezdi (Flp. 3:7, 8). Pawlus Ýehowanyň adamzat üçin niýeti baradaky hakykaty bilip, köp adamlaryň wajyp hasaplaýan zatlaryny: abraýy, baýlygy, käri, wezipäni syr-süplük saýdy.
3 Şeýlelikde, ol Ýehowa we Isa baradaky gymmatly bilimi ýokary hasaplady. Bu bilim barada Isa Hudaýa doga edip: «Ebedi ýaşaýyş Seni, ýalňyz hak Hudaýy we Seniň ibereniň Isa Mesihi tanamakdyr» diýdi (Ýahýa 17:3). Pawlus ebedi ýaşaýşa ýetmek isleginiň bardygyny Filipililer 3:14-de beýan etdi: «Hudaýyň Mesih Isadaky arşa tarap çakylygynyň baýragyna mynasyp bolmak üçin, pellehana tarap ylgaýaryn». Hawa, ol nazaryny sylaga dikdi — bu Hudaýyň Patyşalygynda hökümdarlaryň biri bolup, gökde ebedi ýaşaýyş almak isleýärdi.
Ýer ýüzünde ebedi ýaşaýyş
4, 5. Şu günler Hudaýyň islegini berjaý edýän millionlarça adamlara nähili sylag garaşýar?
4 Hudaýyň islegini berjaý etmegi saýlanlaryň köpüsiniň täze dünýäde aljak ebedi ýaşaýyş sylagy edýän tagallalaryna degýär (Zeb. 37:11, 29). Isa bu umydyň berkdigini ynandyryp, şeýle diýdi: «Ýumşak adamlar bagtlydyr, çünki olar ýeri miras alarlar» (Mat. 5:5). Zebur 2:8-de aýdylyşy ýaly, Isa ýeriň esasy mirasdüşeridir. Gökde onuň bilen 144 müň adam höküm sürer (Dan. 7:13, 14, 22, 27). Ýer ýüzünde ýaşajak başga goýunlar «dünýä gurlaly... (olara) taýýarlanan patyşalygyň» ýer ýüzündäki emlägini «miras alar» (Mat. 25:34, 46). Bularyň ählisi hökman berjaý bolar, sebäbi «ýalan sözlemeýän» Hudaý wada berýär (Titus 1:2). Biz Hudaýyň wadalarynyň berjaý boljakdygyna Ýeşuw ýaly ynanyp bileris. Ol ysraýyllylara şeýle diýdi: «Hudaýyňyz Rebbiň size aýdan ähli ýagşy sözleriniň biride ýerine ýetmän galmady... olaryň bary ýerine ýetdi. Olaryň hiç biri berjaý bolman galmady» (Ýeş. 23:14).
5 Hudaýyň täze dünýäsindäki ýaşaýyş häzirki şatlyksyz durmuşa meňzemez. Täze dünýäde uruş, jenaýatçylyk, garyplyk, adalatsyzlyk, kesel we ölüm bolmaz. Adamlarda kämil saglyk bolup, jennete öwrülen ýerde ýaşarlar. Bu ýaşaýyş ähli arzuwlardan artyk bolup, kanagatly hem lezzetli bolar. Gör, nähili ajaýyp sylag!
6, 7. a) Hudaýyň täze dünýäsinde boljak zatlary Isa nädip görkezdi? b) Ölen adamlara täzeden ýaşamaga nädip mümkinçilik berler?
6 Isa ýer ýüzünde ýaşan mahaly, Hudaý oňa mukaddes ruhuny berdi. Ol mukaddes ruh arkaly täze dünýäde boljak ajaýyp özgerişleri görkezdi. Meselem, Isa otuz sekiz ýyl ysmaz keselinden azap çekýän adama: «Tur... ýöre!» diýdi. Mukaddes Ýazgylarda onuň ýörändigi barada aýdylýar (Ýahýa 5:5—9-njy aýatlary okaň). Isa ýene bir «doga kör adamy» sagaltdy. Ondan kimiň sagaldany barada soranlarynda, şeýle jogap berýär: «Doga körüň gözüniň açylmagy henize çenli eşidilen zat däl. Bu Adam Hudaýdan bolmadyk bolsa, onda hiç bir zat edip bilmezdi» (Ýahýa 9:1, 6, 7, 32, 33). Isa Hudaýyň berlen güýji arkaly bu zatlary edip bilýärdi. Isa nirä barsa-da, «mätäçleri sagaltdy» (Luka 9:11).
7 Isa diňe bir keselleri we maýyplary sagaltman, eýsem, ölen adamlary hem direltdi. Meselem, bir ata-ene on iki ýaşly gyzynyň öleni sebäpli ejir çekýär. Isa: «Gyzjagaz, saňa gal diýýärin» diýdi. Gyz derrew galdy! Ata-enäniň we şol ýerdäkileriň nähili begenendigini, siz, göz öňüne getrip görüň! (Markus 5:38—42-nji aýatlary okaň). Hudaýyň täze dünýäsinde ençeme «dogrular, hem egriler ölümden direlende», adamlar «gaty geň galarlar» (Res. iş. 24:15; Ýahýa 5:28, 29). Olara täzeden we ebedi ýaşamaga mümkinçilik berler.
8, 9. a) Isanyň Müňýyllyk hökümdarlygynda Adam atadan geçen günä näme bolar? b) Ölen adamlara nämäniň esasynda höküm ediler?
8 Direlen adamlara ebedi ýaşamaga ähli mümkinçilikler dörediler. Olar ölmezinden öň eden günäleri üçin höküm edilmez (Rim. 6:7). Isanyň Müňýyllyk patyşalygynda gulak asýan adamlar töleg gurbany arkaly bereketler alyp, kämillige ýeter we Adam atanyň günäsiniň ähli täsirinden azat bolar (Rim. 8:21). Ýehowa «ölümi ebedi ýuwudar we Hökümdar Reb Ýehowa ähli ýüzlerden gözýaşlary süpürer» (Iş. 25:8). Şeýle-de Hudaýyň Sözünde «ýaşaýyş kitaplaryň» açyljagy aýdylýar. Bu şol döwürde ýaşajaklara täze bilimiň beriljegini görkezýär (Ylh. 20:12). Ýer ýüzi Jennet bolanda, onuň «ýaşaýjylary dogrulygy öwrenerler» (Iş. 26:9).
9 Direlen adamlara Adam atadan geçen günäniň esasynda däl-de, etjek işlerine görä höküm ediler. Ylham 20:12-de: «Kitaplarda ýazylanlara seredilip... edenlerine görä (ýagny direlenden soň eden işlerine görä) höküm çykaryldy» diýilýär. Bu Ýehowanyň adalatynyň, mähribanlygynyň we söýgüsiniň, gör, nähili ajaýyp nusgasy! Galyberse-de, olar bu zalym dünýäniň geçmişde ýara salan zatlaryny unudar — «öňki zatlar ne ýada düşer, ne-de ýürege geler» (Iş. 65:17). Olar ruhlandyryjy bilim we ençeme bereketler alyp, geçmişde bolan erbet zatlary ýatlap, gynanmazlar. Olar ýatdan çykar (Ylh. 21:4). Bu Armageddondan geçen «uly märekä» hem degişli (Ylh. 7:9, 10, 14).
10. a) Hudaýyň täze dünýäsinde nähili ýaşaýyş bolar? b) Size nazaryňyzy sylaga dikmäge näme kömek eder?
10 Hudaýyň täze dünýäsinde adamlar keselden we ölümden ejir çekmez. «Ýaşaýjylaryň hiç biri: «Men ýaramok» diýmez» (Iş. 33:24). Täze dünýäniň ýaşaýjylary kämillikde, her gün irden ajaýyp güne guwanyp oýanar. Olaryň kanagatlandyryjy işi bolar we akýürekli adamlar bilen gatnaşarlar. Bu ýaşaýyş ajaýyp sylagdyr! Matta 11:5; 21:14; Ylham 22:2-nji aýatlary okamagyňyzy sizden haýyş edýäris! Şeýle-de bu pygamberlikleriň berjaý bolşuny göz öňüne getiriň. Bu size nazaryňyzy sylaga dikmäge kömek eder.
Olar nazaryny sylagdan sowdular
11. Süleýmanyň üstünlikli hökümdarlyk edip başlaýşyny gürrüň beriň.
11 Sylag hakynda bilenden soň, ondan nazarymyzy sowmazlyk üçin jan etmeli. Meselem, Süleýman gadymy Ysraýylyň patyşasy bolanda, halka adalatly höküm çykarar ýaly, Hudaýdan düşünje we düşgürligi diledi (3 Patyşalar 3:6—12-nji aýatlary okaň)a. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär «Hudaý Süleýmana köp akyldarlyk we düşünje berdi». Galyberse-de, «Süleýmanyň akyldarlygy gündogaryň ähli ýaşaýjylarynyň we Müsüriň bütin akyldarlygyndan artykdy» (3 Pat. 4:29—32).
12. Ysraýylyň patyşalaryna Ýehowa nähili duýduryş berdi?
12 Ýehowa Süleýmandan öňki patyşalara-da «atlarynyň sanyny köpeltmesin» we «ýüregi azmaz ýaly aýallarynyň sanyny köpeltmesin» diýip duýdurypdy (Kanun. 17:14—17). Patyşa atlaryň sanyny köpeldip, halkyny goramakda Ýehowa bil baglaman harby güýjüne daýanýandygyny görkezerdi. Aýalynyň sanyny-da köpeltmek howplydy, çünki olaryň köpüsi ýalan taňrylara sežde edýän goňşy halklardan bolup bilerdi. Olar patyşany Ýehowadan daşlaşdyryp bilerdi.
13. Süleýman berlen zatlardan nazaryny nädip sowdy?
13 Süleýman bu duýduryşlara gulak asmady. Ol Ýehowanyň hut patyşalara gadagan eden işini etdi. Ol atlaryň we atlylaryň sanyny köpeltdi (3 Pat. 4:26). Şeýle-de 700 sany aýal we 300 gyrnak aýal aldy. Olaryň köpüsi ýalan taňrylara sežde edýän goňşy halklardandy. Olar «onuň ýüregini başga taňrylara sežde etmäge boýun egdirdi we onuň ýüregi doly Ýehowa bilen däldi». Süleýmanyň özge milletlerden alan aýallary ýalan taňrylara sežde etmäge yrdylar. Şonuň üçin Ýehowa Süleýmana: «Patyşalygyňy eliňden dartyp alaryn» diýdi (3 Pat. 11:1—6, 11).
14. Süleýmanyň we ysraýyl halkynyň gulak asmazlygy nämä eltdi?
14 Süleýman hak Hudaýyň beren hormatyny wajyp saýmady. Patyşa ýalan taňrylara sežde edip başlady. Soňra halk hem imandan dändi we b. e. öň 607-nji ýylda weýran edildi. Birnäçe ýyldan ýehudylar hakyky dini dikeltse-de, ýüzelerçe ýyl soňra Isa: «Hudaýyň Patyşalygy sizden alnyp, Onuň miwelerini öndürjek millete berler» diýdi. Onuň aýdyşy ýaly hem boldy. Isa: «Öýüňiz size haraba bolup galar» diýdi (Mat. 21:43; 23:37, 38). Dönüklik eden halk hak Hudaýyň wekili bolmak hormatyndan mahrum boldy. B. e. 70-nji ýylynda rim goşuny Iýerusalimi we ybadathanany weýran edip, diri galan ýehudylaryň köpüsini sürgün etdiler.
15. Hakyky wajyp zatlardan nazaryny sowan adamlaryň mysalyny gürrüň beriň.
15 Iuda Iskariot Isanyň on iki resullarynyň biridi. Ol Isanyň täsin taglymatlaryny diňledi we Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly eden gudratlaryny gördi, emma ýüregini goramady. Oňa Isa bilen on iki resulyň puluny saklamak ynanylypdy. Ýöne ol «pul torbasyny göteren bolup, näme berilse, özi alyp ýördi» (Ýahýa 12:6). Ahyry, onuň açgözligi, ikiýüzli baş ruhanylar bilen gepleşip, Isany 30 kümüş pula satmaga iterdi (Mat. 26:14—16). Nazaryny sylagdan sowanlaryň ýene-de biri, Pawlusyň ýoldaşy Dimady. Ol hem ýüregini goramady. Pawlus şeýle ýazýar: «Dima häzirki dünýäni söýýänligi üçin, meni taşlap... gitdi» (2 Tim. 4:10; Sülleýmanyň tymsallary 4:23-i okaň).
Biziň her birimiz üçin sapak
16, 17. a) Bize nähili güýç garşy çykýar? b) Şeýtanyň ähli hüjümlerine garşy durmaga bize näme kömek eder?
16 Hudaýyň ähli gullukçylary Mukaddes Ýazgylardaky mysallar barada çuňňür oýlanmaly, çünki onda şeýle diýilýär: «Bu zatlaryň bary olaryň başyna görelde hökmünde inip, döwürleriň soňuna ýeten bize ündew üçin ýazyldy» (1 Kor. 10:11). Şu günler biz zalym dünýäniň soňky günlerinde ýaşaýarys (2 Tim. 3:1, 13).
17 «Bu dünýäniň taňrysy» Şeýtan Iblis «wagtynyň azlygyny bilýär» (2 Kor. 4:4; Ylh. 12:12). Ol Ýehowanyň gullukçylarynyň aýypsyzlygyny gowşatmak üçin her zat edýär. Şeýtan bu dünýä we şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýolbaşçylyk edýär. Emma Ýehowanyň halkynda uly güýç, «iň üstün gudrat» bar, çünki ol Iblisiň ähli ýaraglaryndan örän güýçlüdir (2 Kor. 4:7). Bu güýç arkaly Hudaý bize Şeýtana garşy durmaga kömek edýär. Şol sebäpli biz hemişe doga etmeli we Ýehowanyň «dilänlere has-da köp Mukaddes Ruhy berjegine» ynanmaly (Luka 11:13).
18. Biz bu zalym dünýä nähili garamaly?
18 Biz Şeýtanyň dünýäsiniň tizden ýok ediljegini we mesihçileriň diri galjagyny bilip, has-da ruhlanýarys. «Dünýä we onuň höwesleri geçip gider, kim Hudaýyň islegini ýerine ýetirse, baky galar» (1 Ýahýa 2:17). Muny göz öňünde tutup, Ýehowa bilen gatnaşykdan gymmatly zat bar diýip pikir etmek, nähili paýhasyzlykdyr! Şeýtanyň gol astyndaky dünýä gark bolup barýan gämi ýalydyr. Ýehowa wepaly gullukçylaryny ýygnak duşuşyklary arkaly goraýar. Olar täze dünýä garaşyp, şu wada ynamly bolar: «Ýaman iş edýänler kesilip taşlanar, Rebbe umyt baglaýanlar bolsa ýeri miras alar» (Zeb. 37:9). Şol sebäpli, nazaryňyzy bu ajaýyp sylaga dikiň!
a 3 Patyşalar 3:6 Süleýman şeýle diýdi: «Sen meniň atama, gullukçyň Dawuda uly söýgüden doly merhemetiňi görkezdiň, çünki ol seniň öňüňde hakykatda we dogry gezdi; seniň bilen ak ýüreklidi. Sen söýgüden doly merhemetiňi eçilip, şu gün bolşy ýaly, tagtyňda oturmak üçin ogul berdiň. 7 Indi, eý Rebbim Ýehowa, atam Dawudyň ýerine patyşa edip, guluňy bellediň, emma men entek ýaş we nädip çykmagy hem girmegi bilmeýärin. 8 Köplügi sebäpli hasaplap bolmaýan halkyň arasyndan seniň saýlan guluň, 9 ýagşyny we ýamany saýgaryp, halky höküm eder ýaly, guluňa gulak asyjy ýürek ber, çünki bu tekepbir halky kim höküm edip biler?» 10 Süleýmanyň bu dilegi Ýehowa ýarady. 11 Taňry oňa diýdi: «Seniň bu zady diläniň üçin — özüňe uzak ömür, baýlyk, duşmanlaryň janyny dilemän, höküm etmege düşünje diläniň üçin, 12 men saňa paýhasly we düşünjeli ýürek berip, haýyşyňy ýerine ýetirerin. Senden öň seniň ýaly adam ýokdy we senden soň hem seniň ýaly adam bolmaz.
Ýadyňyzdamy?
• Pawlus gelejekde aljak sylagyna nähili garady?
• Ýer ýüzünde ebedi ýaşajak adamlara nämäniň esasanyda höküm ediler?
• Şu günler biz näme etsek paýhasly bolar?