«Hüşgärlik bilen doga ediň»
«Sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen doga ediň». 1 PET. 4:7
1, 2. a) «Hüşgärlik bilen doga» etmek näme üçin wajyp? b) Doga babatda özümize nähili soraglar bersek gowy bolar?
«DAŇA golaý oýa bolmak has-da kyn bolýar» diýip, gije işleýän bir adam aýdýar. Bütin gije işlemek üçin oýa bolmaly adamlar hem bu sözler bilen ylalaşsa gerek. Mesihçileriň ýagdaýyny-da şuňa meňzetse bolar. Sebäbi gijäniň tüm garaňkysy ýaly Şeýtanyň zalym dünýäsiniň soňy golaýlaşýar (Rim. 13:12). Şeýle wagt uklamaklyk örän howply. Şoňa görä-de biz «sagdyn düşünjeli» bolmaly we Mukaddes Ýazgylaryň «hüşgärlik bilen doga ediň» diýen maslahatyna eýermeli (1 Pet. 4:7).
2 Biz şeýle döwürde ýaşaýandygymyz üçin özümize şu soraglary bersek gowy bolar: «Men doga babatda nädip hüşgär bolmaly? Yzygider we her hili doga edýärinmi? Başgalar hakynda doga etmegi endik etdimmi ýa-da diňe öz zerurlyklarym we isleglerim barada doga edýärin? Halas bolmagym üçin doga etmek şeýle wajypmy?»
HER HILI DOGA WE DILEGDE BOLUŇ
3. Dogalaryň nähili görnüşleri bar?
3 Pawlus resul Efeslilere ýazan hatynda «her hili dogany» agzady (Efes. 6:18). Biz Ýehowa doga edenimizde, köplenç zerurlyklarymyzy kanagatlandyrmak we kynçylyklary ýeňmek üçin kömek soraýarys. «Dogalary eşidýän» Ýehowa biziň dogalarymyzy höwes bilen diňleýär (Zeb. 65:2). Emma biz dogalaryň beýleki görnüşlerini-de unutmaly däl. Olara şöhratlandyrmak, minnetdarlyk we ýalbarma dogalary degişlidir.
4. Biz dogalarymyzda Ýehowany näme üçin ýygy-ýygydan şöhratlandyrmaly?
4 Dogada Ýehowany şöhratlandyryp, Oňa öwgüli sözleri aýtmak üçin bizde ençeme sebäpler bar. Meselem, biz Ýehowanyň «gudratly işleri» we ajaýyp «belentligi» barada oýlansak, Ony şöhratlandyrmaga höwes dörär (Zebur 150:1—6-njy aýatlary okaň). Ine, şol sebäpli-de 150-nji mezmurda Ýehowa 13 gezek şöhratlandyrylýar! Başga bir mezmurçy Hudaýy şöhratlandyryp şeýle nagma aýtdy: «Dogry hökümleriň üçin Saňa günde ýedi gezek sena edýärin» (Zeb. 119:164). Dogrudan-da, Ýehowa öwgä mynasyp! Onda biz hem dogalarymyzda Hudaýy «günde ýedi gezek», ýagny ýygy-ýygydan şöhratlandyrmaly dälmi näme?!
5. Minnetdarlyk dogasy nädip goraýar?
5 Minnetdarlyk dogasy-da örän wajypdyr. Pawlus Filipidäki mesihçilere şeýle maslahat berdi: «Hiç zadyň aladasyny etmän, her zatda dilegleriňizi doga we ýalbarma arkaly şükür bilen Hudaýa bildiriň» (Flp. 4:6). Ýehowa doga edenimizde ýürekden minnetdarlyk bildirsek, bu bize gorag bolar. Şu soňky günlerde bu has-da wajypdyr, çünki biz «gadyr bilmez» adamlardan doly dünýäde ýaşaýarys (2 Tim. 3:1, 2). Dogrudan-da, dünýäde gadyr bilmezlik ruhy höküm sürýär. Eger seresap bolmasak, bu bize-de täsir edip biler. Minnetdarlyk dogasy kanagatly bolmaga höweslendirer we «hüňürdäp», ýaşaýşymyzdan nägile bolmakdan gorar (Ýahuda 16). Eger maşgalabaşy maşgala agzalary bilen doga edende minnetdarlyk sözlerini aýtsa, aýalyna we çagalaryna minnetdarlyk ruhuny ösdürmäge kömek eder.
6, 7. Ýalbarma dogasy näme we biz näme barada Ýehowa ýalbaryp bilýäris?
6 Ýalbarma dogasy — güýçli duýgular bilen dileg etmegi aňladýar. Ýehowa näme barada ýalbarsa bolar? Biz yzarlamalara ýa-da agyr kesele uçranymyzda, Ýehowadan kömek sorap bileris. Şonda biz Ýehowa ýalbaryp ýüz tutýarys. Ýöne biz diňe şeýle ýagdaýlarda ýalbarmalymy?
7 Geliň, Isanyň nusgalyk dogasyndaky Hudaýyň ady, Onuň Patyşalygy we islegi baradaky sözlerine seredeliň (Matta 6:9, 10-njy aýatlary okaň). Bu dünýä zalymlykdan doly we ynsan hökümetleri raýatlarynyň iň gerekli zerurlyklaryny-da kanagatlandyryp bilmeýärler. Şol sebäpli biz doga edenimizde, gökdäki Atamyzyň adynyň mukaddes bolmagy we Onuň Patyşalygynyň ýer ýüzüni Şeýtanyň hökümdarlygyndan azat etmegini dilemeli. Şeýle-de Ýehowanyň isleginiň gökde bolşy ýaly, ýerde-de amala aşmagy barada ýalbarmaly. Şonuň üçin, geliň, hüşgär bolup, dogalaryň hiç bir görnüşini unutmalyň.
YZYGIDER DOGA EDIŇ
8, 9. Biz näme üçin Getsemani bagynda uklan Petrusy we başga resullary ýazgarmaly däl?
8 Petrus resul mesihçilere hüşgärlik bilen doga etmegi maslahat berse-de, onuň özi bir gezek muňa eýerip bilmedi. Isa Getsemani bagynda doga edende, Petrus hem beýleki şägirtler ýaly uklapdy. Isa şägirtlerine «oýa boluň, doga ediň» diýip maslahat berse-de, olar oňa eýermediler (Matta 26:40—45-nji aýatlary okaň).
9 Biz Petrusy we beýleki resullary oýa bolmandyklary üçin ýazgarman, gaýtam, olaryň uzak gün birgiden iş edip ýadandyklaryny unutmasak gowy bolar. Şol güni olar Pasha baýramyna gerekli zatlary taýýarlapdylar we agşam ony bellediler. Soňra Isa «Rebbiň agşam nahary» diýen täze däbi girizdi we gelejekde ony nädip bellemelidigi barada görkezme berdi (1 Kor. 11:23—25). Olar «bir öwgüli aýdym aýdyp bolanlaryndan soň, Zeýtun dagyna çykmak» üçin Iýerusalimiň darajyk köçeleri bilen uzak ýol ýörediler (Mat. 26:30, 36). Wagt mazalyja gijäň ýaryndan geçen bolmaly. Eger biz şonda Getsemani bagynda bolan bolsak, onda biz hem uklardyk. Şol sebäpli Isa ýadaw resullary ýazgarman, olara «ruh islegli, ýöne ten ejizdir» diýip, teselli beriji sözleri aýtdy.
10, 11. a) Petrus Getsemani bagynda bolan wakadan nähili sapak edindi? b) Petrusyň mysaly size nähili täsir edýär?
10 Petrus Getsemani bagynda öz başyndan geçirenlerinden, hüşgärligi elden bermeli däldigini öwrendi. Isa şägirtlerine: «Bu gije siziň hemmäňiz Menden ýüz dönderersiňiz» diýende, Petrus: «Hemmeler Senden ýüz dönderse-de, men asla döndermerin» diýip janykdy. Şonda Isa Petrusyň üç gezek inkär etjekdigini aýtdy. Emma Petrus oňa: «Men Seniň bilen ölmeli bolsam-da, Seni asla inkär etmerin» diýdi (Mat. 26:31—35). Muňa garamazdan, Isanyň aýdyşy ýaly-da boldy. Petrus Isadan ýüz öwrendigine gynanyp, «möňňürip aglady» (Luka 22:60—62).
11 Petrus bu bolan wakadan sapak edinip, özüne erk etmekligi öwrendi. Elbetde, Petrus munuň üçin doga edendir. Dogrudan-da, Petrusyň «hüşgärlik bilen doga ediň» diýen maslahatyna sowuk-sala garamaly däl. Biz Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan bu maslahatyna eýerýärismi? Hemişe doga edip, Ýehowa bil baglaýandygymyzy görkezýärismi? Şeýle-de Pawlus resulyň: «Men dogrudyryn diýip pikir edýän adam öz ýykylmagyndan ägä bolsun» diýen sözlerini unutmalyň (1 Kor. 10:12).
NEHEMÝA DOGALARYNA JOGAP ALDY
12. Näme üçin Nehemýa bize gowy görelde görkezdi diýse bolar?
12 B. e. öň V asyrda ýaşan Pars patyşasy Artakserksiň şerap guýýançysy Nehemýa bilen bolan waka seredeliň. Ol Ýehowa gyzgyn doga etmekde ajaýyp görelde görkezdi. Nehemýa Iýerusalimdäki ýehudylaryň gözgyny ýagdaýa düşenini eşidip, «birnäçe günläp... agyz bekläp, gökdäki Hudaýdan dileg etdi» (Neh. 1:4). Artakserks Nehemýadan: «Ne beýle ýüzüň salyk?» diýip sorady. Nehemýa oňa Iýerusalim barada biynjalyklanýandygyny aýtdy. Şonda patyşa ondan: «Islegiň näme?» diýip soranda, Nehemýa dessine «gökdäki Hudaýa dileg etdi» (Neh. 2:2—4). Soňra näme boldy? Ýehowa halkyna kömek etmek üçin, onuň dogalaryna jogap berdi (Neh. 2:5, 6). Nehemýanyň imany, gör, nähili berkändir!
13, 14. Şeýtan ruhdan düşürjek bolanda, oňa garşy durmak we imanda berk galmak üçin näme etmeli?
13 Eger Nehemýa ýaly hemişe doga etsek, bu bize imanymyzy berk saklamaga kömek eder. Şeýtan rehimsiz; ol bize köplenç ejizlän wagtymyz topulýar. Meselem, biz agyr syrkawlanymyzda ýa-da göwnüçökgünlige düşenimizde, her aý wagza sarp edýän wagtymyzy Hudaý örän ujypsyz hasaplaýandyr öýtmegimiz mümkin. Käbirimiz bolsa, öňki etmişlerimiz üçin lapykeç bolup, gam-gussa batýandyrys. Şeýle ýagdaýda Şeýtan bizde «sen hiç zada peýdasyz» diýen pikiri döretjek bolýar. Onuň esasy maksady — bizi ruhdan düşürmek we imanymyzy gowşatmak. Emma biz «hüşgärlik bilen doga etsek», imanymyzy berk saklap bileris. Dogrudan-da, «iman galkanyny ele alsak», «onuň bilen şeýtanyň bütin otly oklaryny öçürmegi başararys» (Efes. 6:16).
14 Eger biz «hüşgärlik bilen doga etsek», garaşylmadyk ýagdaýda imanymyz synalsa-da, ýykylmarys we Ýehowa wepaly galarys. Synaglara we kynçylyklara uçranymyzda, geliň, Nehemýanyň göreldesine eýerip, şol bada Hudaýa doga edeliň. Biz diňe Ýehowanyň kömegi bilen kynçylyklara döz gelip bileris we synaglara garşy durmagy başararys.
BAŞGALAR ÜÇIN DOGA EDIŇ
15. Başgalar üçin doga etmek babatda özümize nähili soraglary bermeli?
15 Isa Petrus resulyň imany gowşamaz ýaly, Hudaýa ýalbaryp doga etdi (Luka 22:32). I asyrda ýaşan Epafra Isanyň göreldesine eýerip, Kolosedäki doganlar üçin jan edip doga edýärdi. Pawlus şeýle ýazdy: «Ol (Epafra) Hudaýyň her isleginde kämil bolup, doly ynam bilen duruň diýip, dogalarynda hemişe siziň üçin göreş edýär» (Kol. 4:12). Biz özümize şeýle soraglary bersek gowy bolardy: «Men bütin dünýäde ýaşaýan dogan-uýalar üçin erjellik bilen doga edýärinmi? Tebigy betbagtçylyklardan ejir çekýän imandaşlarym üçin ýygy-ýygydan dileg edýärinmi? Ýehowanyň guramasynda agyr borçlary ýerine ýetirýän doganlar üçin haçan soňky sapar doga etdim? Kynçylyk çekýän imandaşlarym üçin doga edýärinmi?»
16. Näme üçin başgalar hakda doga etmeli? Düşündiriň.
16 Biz başgalar üçin Ýehowa Hudaýa doga etsek, dogrudan-da, bu olara kömek eder (2 Korintoslylar 1:11-i okaň). Elbetde, Ýehowa gullukçylarynyň köpüsiniň gaýta-gaýta doga edýändigi üçin jogap bermäge borçly däl. Ol öz gullukçylarynyň bir-biri bilen ak ýürekden gyzyklanýandygyny, çuňňur alada edýändigini görüp begenýär we dogalaryna jogap berýär. Şol sebäpli biz başgalar üçin doga etmekligi hormat saýmaly we oňa jogapkärçilikli garamaly. Biz-de Epafra ýaly dogan-uýalarymyz üçin doga edip, olary ýürekden söýýändigimizi we aladasyny edýändigimizi görkezmeli. Bu biziň şatlygymyza şatlyk goşar, çünki «bermek almakdan bagtlydyr» (Res. iş. 20:35).
GUTULYŞYMYZ GOLAÝLADY
17, 18. «Hüşgärlik bilen doga etmeklik» nädip kömek eder?
17 Pawlus şeýle diýdi: «Muny häzirki zamana düşünip ediň. Biziň ukudan oýanmaly sagadymyz eýýäm geldi; çünki şu wagt gutulyşymyz iman eden wagtymyzdakydan ýakyndyr». Soňra ol: «Gije geçip, gündiz golaýlady» diýdi (Rim. 13:11, 12). Hawa, Hudaýyň wada eden täze dünýäsi golaýlaşýar we ol biziň pikir edişimizden-de has ýakyndyr. Biz ruhy taýdan uklamaly däl we wagtymyzy dünýäniň ünsüňi sowýan zatlaryna ýitirmeli däl. Muňa derek, geliň, «hüşgärlik bilen doga edeliň». Bu bize Ýehowanyň gününe garaşanymyzda, «mukaddes ýaşaýyşda, takwalykda gezmäge» kömek eder (2 Pet. 3:11, 12). Şeýdip, biz özümizi alyp barşymyz bilen ruhy taýdan oýadygymyzy we zalym dünýäniň soňunyň golaýdygyna ynanýandygymyzy görkezeris. Geliň, şol sebäpli «dyngysyz doga edeliň» (1 Sel. 5:17). Şeýle-de Isanyň göreldesine eýerip, ýekelikde doga etmek üçin jan edeliň. Eger biz Ýehowa doga etmek üçin ýeterlikli wagt sarp etsek, onda Oňa has-da ýakynlaşarys (Ýakup 4:7, 8). Eýsem, şundan uly bereket barmy näme?!
18 Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Mesih ýer ýüzünde bolan günlerinde Özüni ölümden gutarmagy başarýan Hudaýa uly perýat, gözýaşlar bilen dogalar hem ýalbaryşlar hödürläp, takwalygy üçin eşidildi» (Ýew. 5:7). Isa Hudaýa ýalbaryp doga edendigi üçin, tä ölüminiň ahyryna çenli wepaly galyp bildi. Şol sebäpli Ýehowa söýgüli Ogluny direldip, gökde ölümsiz ýaşaýyş bilen sylaglady. Synaglara we kynçylyklara uçrasak-da, biz hem gökdäki Atamyza wepaly galyp bileris. Hawa, eger biz hemişe «hüşgärlik bilen doga etsek», ebedi ýaşaýyş sylagyny alarys.