Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/11 sah. 3—7
  • Dogalaryň sen barada nämäni aýan edýär?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dogalaryň sen barada nämäni aýan edýär?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Pes göwünli doga ediň
  • Ýalbarma we minnetdarlyk bilen doga ediň
  • Dogan-uýalar üçin doga ediň
  • Dogamyz ýene nämäni aýan edýär
  • Adamlaryň öňünde doga etmek
  • Näme barada doga etmeli?
  • Hudaýa doga arkaly ýakynlaş
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • «Dilegleriňizi... Hudaýa bildiriň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Doga edip, Hudaýa ýakynlaş
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Hudaýa nädip ýakynlaşmaly?
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/11 sah. 3—7

Dogalaryň sen barada nämäni aýan edýär?

«Ähli adamzat dogalary eşidýän Saňa gelýär» (ZEB. 65:2).

1, 2. Ýehowanyň gullukçylary näme üçin ynamly doga edip biler?

ÝEHOWA wepaly gullukçylarynyň dogasyny hemişe eşidýär. Biz hem dogalarymyzyň eşidilýändigine ynanyp bileris. Millionlarça Güwäçiler bir wagtda doga etseler-de, Ýehowa olaryň dogasyny eşidýär.

2 Mezmurçy Dawut dilegini Hudaýyň eşidýändigine ynanýardy. Ol: «Ähli adamzat dogalary eşidýän Saňa gelýär» diýdi (Zeb. 65:2). Ýehowa Dawudyň dogasyny eşitdi, sebäbi oňa wepaly gulluk edýärdi. Biz hem özümize şeýle soraglar bersek gowy bolar: «Meniň edýän dogalarym Ýehowa bil baglaýandygymy we hakyky seždäni birinji orunda goýýandygymy görkezýärmi? Edýän dogalarym men barada nämäni aýan edýär?»

Pes göwünli doga ediň

3, 4. a) Biz Ýehowa nädip doga etmeli? b) Agyr günä sebäpli her hili «pikirler» biynjalyk edýän bolsa näme etmeli?

3 Hudaý bizi eşider ýaly, pes göwünli doga etmeli (Zeb. 138:6). Biz hem Dawut ýaly, Ýehowadan bizi barlamagy haýyş etmeli. Ol şeýle doga etdi: «Eý Hudaý, meni barla-da, ýüregimi bil, meni syna-da, pikirlerimi bil; gör, mende erbet ýol bar bolsa, meni ebedi ýola sal» (Zeb. 139:23, 24). Geliň, diňe bir doga etmän, Hudaýyň bizi barlamagyna ýol bereliň we onuň Sözündäki maslahata eýereliň. Şonda Ýehowa bizi ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin «ebedi ýola salyp» biler.

4 Agyr günä sebäpli her hili «pikirler» biynjalyk edýän bolsa näme etmeli? (Zebur 32:1—5-nji aýatlary okaň). Ezýet berýän ynsabymyzy köşeşdirjek bolsak, tomsuň yssysynda otuň guraýşy ýaly, biz hem ysgyndan gaçyp «gurarys». Dawut eden günäsi sebäpli şatlygyny ýitirip, syrkawlady. Emma Hudaýyň öňünde günäsini boýun alanda, ol teselli tapdy. Günäsi geçilip, «jenaýaty bagyşlananda», Dawut nähili begenendir! Hudaýyň öňünde günäsini boýun alan adam hem teselli tapar. Şeýle-de ol Ýehowa bilen dostlugyny dikeltmek üçin mesihçi ýaşululardan kömek soramaly (Sül. tym. 28:13; Ýakup 5:13—16).

Ýalbarma we minnetdarlyk bilen doga ediň

5. Ýehowa ýalbarmak nämäni aňladýar?

5 Bizi bir zat biynjalyk edýän bolsa, onda Pawlusyň beren maslahatyna eýerip bileris. Ol: «Hiç zadyň aladasyny etmän, her zatda dilegleriňizi doga we ýalbarma arkaly şükür bilen Hudaýa bildiriň» diýdi (Flp. 4:6). Ýalbarmak — bu pes göwünli we gyzgyn doga etmegi aňladýar. Esasanam, howply ýagdaýa düşende ýa-da yzarlananda, Ýehowadan kömek hem görkezme soramaly.

6, 7. Biz näme üçin Ýehowa minnetdarlyk bilen doga etmeli?

6 Eger diňe zat gerek bolanda doga etsek, bu biziň nähili niýetdedigimizi görkezýär. Pawlus haýyşymyzy «şükür bilen Hudaýa bildirmelidigimizi» aýtdy. Dawut ýaly Hudaýa şükür etmäge bizde-de sebäpler bar. Ol şeýle diýdi: «Beýiklik, gudrat, gözellik, ajaýyplyk hem mertebe Seniňkidir, eý Ýehowa; gökdäki we ýerdäki ähli zat Seniňkidir. Patyşalyk-da Seniňki, eý Ýehowa. Sen her zatdan beýiksiň we Sen baş hökmünde ähli zadyň üstünden belentsiň... Eý Hudaýymyz, Saňa şükür edýäris we ajaýyp adyňy şöhratlandyrýarys» (1 Tar. 29:11—13).

7 Isa iýmit üçin Hudaýa şükür edýärdi. Ol Rebbiň agşam naharynda çörek hem şerap üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirdi (Mat. 15:36; Luka 22:18, 19). Biz hem Ýehowanyň berýän iýmiti, «dogry hökümleri», «adam ogullaryna bolan ajaýyp işleri» we Mukaddes Ýazgylary üçin şükür etmeli (Zeb. 107:15; 119:62, 105).

Dogan-uýalar üçin doga ediň

8, 9. Biz näme üçin imandaşlarymyz barada doga etmeli?

8 Biz diňe özümiz üçin däl, tanamaýan dogan-uýalarymyz üçin-de doga etmeli. Pawlus resul Kolosedäki tanamaýan imandaşlary barada şeýle ýazdy: «Biz mydama siziň üçin doga edip, Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa şükür edýäris. Siziň Mesih Isa bolan imanyňyzy, bütin mukaddeslere bolan söýgiňizi eşitdik» (Kol. 1:3, 5). Pawlus selanikli mesihçiler üçin hem doga edýärdi (2 Sel. 1:11, 12). Şeýle dogalar biziň nähili adamdygymyzy we imandaşlarymyza bolan garaýşymyzy görkezýär.

9 Biz mesh edilen mesihçiler we olaryň ýoldaşlary bolan «başga goýunlar» üçin doga edip, Hudaýyň guramasynyň aladasyny edýändigimizi görkezýäris (Ýahýa 10:16). Pawlus imandaşlaryna: «Hoş Habaryň syryny batyrgaýlyk bilen wagyz etmek üçin, agzymy her açamda gerekli sözler berler ýaly, meniň üçin hem doga ediň» diýip haýyş etdi (Efes. 6:17—20). Biz hem dogan-uýalar üçin doga edýärismi?

10. Dogan-uýalar üçin eden dogamyz bize nähili täsir eder?

10 Dogan-uýalar üçin doga etsek, olara bolan garaýşymyz üýtgär. Eger gowy görmeýän doganymyz barada doga etsek, ony ýigrenip bilerismi? (1 Ýahýa 4:20, 21). Şeýle dogalar doganlaryň arasynda agzybirligi berkidýär we doganlara bolan söýgimizi görkezýär. Galyberse-de, biz Isa Mesihiňki ýaly söýgini bildirýäris (Ýahýa 13:34, 35). Söýgi — mukaddes ruhuň miwesi. Biz mukaddes ruh barada dileg edende, Ýehowadan «söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk we nebsiňe buýurmaklyk» ýaly häsiýetleri ösdürmegi haýyş etmeýärismi? (Luka 11:13; Gal. 5:22, 23) Eger edýän bolsak, biziň sözlerimiz we işlerimiz ruhda gezýändigimizi görkezer (Galatýalylar 5:16, 25-nji aýatlary okaň).

11. Dogan-uýalardan biziň üçin doga etmegi haýyş etmek näme üçin ýerlikli?

11 Eger çagalarymyz mekdepde berlen ýumuşlary kimdir birinden göçürýän bolsa, olar üçin doga edip, Mukaddes Ýazgylaryň kömegi bilen, olara erbet işlerden gaça durmagy we dogruçyl bolmagy öwretmeli. Pawlus Korintosdaky mesihçilere: «Biz siziň asla erbet iş etmezligiňiz üçin, Hudaýa doga edýäris» diýdi (2 Kor. 13:7). Pes göwünli edilen doga Hudaýa ýaraýar we biziň ýagşy niýetdedigimizi görkezýär (Süleýmanyň tymsallary 15:8-i okaň). Pawlusyň göreldesine eýerip, dogan-uýalardan biziň üçin doga etmegi haýyş edip bileris. Ol şeýle diýdi: «Biziň üçin doga ediň. Biz özümiziň sap ynsaply, her babatda oňat gezmegi isleýändigimizi bilýäris» (Ýew. 13:18).

Dogamyz ýene nämäni aýan edýär

12. Biz, esasan, näme barada doga etmeli?

12 Dogalarymyz biziň yhlasly we bagtly Güwäçidigimizi görkezýärmi? Doga edenimizde Hudaýyň islegini berjaý etmek, hoş habary wagyz etmek, Ýehowanyň hökümdarlygyny goldamak we onuň adyny mukaddes etmek barada dileýärismi? Isa-da nusgalyk dogasynda, esasan, şu zatlar barada doga etdi. Şonuň üçin onuň dogasy şeýle sözler bilen başlanýar: «Eý göklerdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun, Patyşalygyň gelsin; gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn» (Mat. 6:9, 10).

13, 14. Dogalarymyz biz barada nämäni aýan edýär?

13 Biziň Hudaýa edýän dogalarymyz niýetimizi, höwesimizi we islegimizi aýan edýär. Ýehowa biziň nähili adamdygymyzy bilýär. Süleýmanyň tymsallary 17:3-de şeýle diýilýär: «Eretme gaby kümüş üçin we küre altyn üçindir; ýürekleri barlaýan bolsa Rebdir». Hawa, Hudaý biziň ýüregimizi görýär (1 Sam. 16:7). Ol biziň ýygnaga, gulluga, dogan-uýalara we Isanyň «doganlaryna» nähili garaýandygymyzy bilýär (Mat. 25:40). Ýehowa ýürekden ýa-da ýat tutup aýdylan dogalary-da bilýär. Isa şeýle diýdi: «Siz doga edeniňizde milletler ýaly, boş sözleri gaýtalap durmaň, çünki olar köp sözlemek bilen eşidileris öýdýärler» (Mat. 6:7).

14 Dogada aýdýan sözlerimiz Hudaýa bil baglaýşymyzy görkezýär. Dawut şeýle diýdi: «Sen maňa pena, duşman öňünde berk gala bolduň. Men ebedilik Seniň çadyryňda mesgen tutaryn, Seniň ganatlaryň astyna sygynaryn» (Zeb. 61:3, 4). Göçme manyda, Ýehowa «çadyryny üstümize bürände», biz özümizi rahat we howpsuzlykda duýýarys (Ylh. 7:15). Imanymyz synalanda, Ýehowanyň biziň bilendigine düşünip, oňa doga arkaly ýakynlaşsak, gör, nähili teselli berer! (Zebur 118:5—9-njy aýatlary okaň).

15, 16. Doga bize niýetimizi barlamaga nädip kömek edýär?

15 Ýürekden edýän dogalarymyz bize niýetimizi bilmäge kömek edýär. Meselem: biz näme üçin ýygnakda gözegçi bolmak isleýäris? Kiçigöwünlilik bilen wagyz edip, ýygnagy goldamak üçinmi ýa-da agalyk edip, «başlyk» bolmak üçin? Hudaýyň halky beýle bolmaly däl (3 Ýahýa 9, 10; Luka 22:24—27-nji aýatlary okaň). Şeýle nädogry isleg ýüregimizde kök urmanka, Ýehowa gyzgyn doga etsek, garaýşymyzy düzetmäge kömek eder.

16 Uýalar ýanýoldaşynyň gulluk hyzmatçy, gözegçi we ýaşuly bolup gulluk etmegini isleýän bolsa, Hudaýa doga etmeli hem özlerini göreldeli alyp barmaly. Sebäbi maşgala agzalarynyň aýdýan sözleri we özlerini alyp barşy, ýygnakda doganyň abraýyna täsir edýär.

Adamlaryň öňünde doga etmek

17. Näme üçin ýekelikde doga etmek peýdaly?

17 Isa köplenç Atasyna ýekelikde doga ederdi (Mat. 14:13; Luka 5:16; 6:12). Bizde-de şeýle isleg bar. Ümsümlik ýerde we rahatlyk ýagdaýda doga etsek, Ýehowany razy edýän karara gelmäge we ruhy taýdan berkemäge kömek eder. Isa märekäniň öňünde-de doga ederdi; onuň doga edişine seredip geçsek peýdaly bolar.

18. Ýygnakda doga edýän dogan nämäni unutmaly däl?

18 Ýygnak duşuşyklarynda wepaly doganlar doga edýär (1 Tim. 2:8). Doganyň soňunda dogan-uýalar «omyn», ýagny «goý, şeýle bolsun» diýip biler ýaly doga etmeli. Isa nusgalyk dogasynda adamy büdredýän ýa-da gödek sözleri aýtmady (Luka 11:2—4). Her bir adamyň kynçylyklaryny-da agzap geçmedi. Bir adam üçin doga etjek bolsaň, adamlaryň öňünde däl-de, şahsy dogaňda aýdyp bilersiň. Şeýle-de adamlaryň öňünde doga edilende, bilinmeli däl meseleler barada aýtmaly däl.

19. Adamlaryň öňünde doga edilende, özümizi nähili alyp barmaly?

19 Ýygnakda doga edilende, hemmelerde «Hudaýdan gorky» ruhy bolmaly (1 Pet. 2:17). Ýygnak duşuşyklarynda käbir zatlary etmek ýerliksiz (Wag. 3:1). Meselem, doga edilende, käbirleri topar bolup el tutuşyp durýar. Bu ýygnak duşuşygyna gelen gyzyklanýan adamlary büdredip, olaryň ünsüni sowup biler. Adamlaryň öňünde doga edilende, är-aýal biri-biriniň elinden tutup biler, ýöne gujaklaşyp dursa, beýlekileri büdretmegi mümkin. Käbirleri olar Ýehowa hormat goýman öz duýgularyna köp üns berýär diýip pikir eder. Şol sebäpli, geliň, Ýehowa hormat goýup, hiç kimiň ünsüni sowman we büdretmän, «baryny Hudaýyň şöhraty üçin edeliň»! (1 Kor. 10:31, 32; 2 Kor. 6:3).

Näme barada doga etmeli?

20. Rimliler 8:26, 27-nji aýatlary nähili düşündirersiňiz?

20 Käte biz dogamyzda näme aýtjagymyzy bilmeýäris. Pawlus resul şeýle diýdi: «Ruh hem ejizligimizde bize kömek berer; çünki biz nähili doga etmelidigimizi bilmeýäris, ýöne Ruhuň Özi aýdyp bolmaz iňňildiler bilen biziň üçin töwella eder. Emma ýürekleri Derňeýän Ruhuň (Hudaýyň) pikiriniň nämedigini bilýändir, çünki Ruh mukaddesler üçin Hudaýyň islegine görä töwella edýändir» (Rim. 8:26, 27). Ýehowa Mukaddes Ýazgylara ençeme dogalary ýazdyrtdy. Şol dogalary ulansak, Ýehowa olary edil biziň dogamyz ýaly kabul eder we jogap berer. Sebäbi Ol bizi we mukaddes ruh arkaly dogalary ýazan adamlaryň nähili duýguda bolandygyny bilýär. Mukaddes ruh biziň üçin «töwella edende», Ýehowa dileglerimize jogap berer. Şonuň üçin Hudaýyň Sözüni gowy bilsek, okan zatlarymyz ýadymyza düşüp, doga etmäge kömek eder.

21. Indiki makalada nämä serederis?

21 Görşümiz ýaly, dogalarymyz özümiz barada köp zady aýan edýär. Meselem, olar biziň Ýehowa bilen nähili gatnaşykdadygymyzy we onuň Sözüni nähili derejede bilýändigimizi görkezýär (Ýakup 4:8). Indiki makalada Mukaddes Ýazgylarda ýazylan dogalara we ondaky pikirlere serederis. Olar biziň doga arkaly Hudaýa ýakynlaşmagymyza nädip kömek eder?

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Biz Ýehowa nähili niýet bilen doga etmeli?

• Biz näme üçin imandaşlarymyz hakda doga etmeli?

• Dogalarymyz özümiz we niýetimiz barada nämäni aýan edýär?

• Ýygnakda doga edilende özümizi nähili alyp barmaly?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş