Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/11 sah. 7—11
  • Mukaddes Ýazgylar arkaly doga etmegi öwreniň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylar arkaly doga etmegi öwreniň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaýyň görkezmesini gözläň we oňa eýeriň
  • Doga rahatlyk berýär
  • Akyldarlyk barada doga ediň
  • Ýürekden doga ediň
  • Zebur kitaby gowy doga etmegi öwredýär
  • Iman bilen doga ediň
  • Hudaýa alkyş aýtmagy we şükür etmegi unutmaň
  • Hudaýa hormat bilen doga ediň
  • Gowy doga etmegi dowam ediň
  • Hudaýa doga arkaly ýakynlaş
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Dogalaryň sen barada nämäni aýan edýär?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Doga edip, Hudaýa ýakynlaş
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Doga-dilegleriňiz ýürekden çyksyn!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/11 sah. 7—11

Mukaddes Ýazgylar arkaly doga etmegi öwreniň

«Eý Ýehowa, haýyş edýärin, gullukçyň dogasyny ünsli diňle» (NEH. 1:11).

1, 2. Mukaddes Ýazgylardaky dogalara seretmek näme üçin peýdaly?

DOGA ETMEK we Mukaddes Ýazgylary öwrenmek hakyky seždäniň esasy bölegidir (1 Sel. 5:17; 2 Tim. 3:16, 17). Elbetde, Mukaddes Ýazgylar dogalar kitaby däl, emma onda, esasanam, Zebur kitabynda birnäçe dogalar ýazylan.

2 Siz Mukaddes Ýazgylary okasaňyz we öwrenseňiz, özüňize degişli dogalary taparsyňyz. Hudaýyň Sözünde ýazylan dogalar gowy we mazmunly doga etmäge kömek edýär. Siz şol dogalardan we olaryň mazmunyndan näme öwrenip bilersiňiz?

Hudaýyň görkezmesini gözläň we oňa eýeriň

3, 4. Ybraýym hyzmatkärine nähili ýumuş tabşyrdy we hyzmatkäriň dogasyna Ýehowanyň jogap berşinden näme öwrenip bileris?

3 Mukaddes Ýazgylar Hudaýa hemişe doga etmegi we ondan görkezme dilemegi maslahat berýär. Geliň, Ybraýymyň hyzmatkärleriniň iň ulusy (megerem, Eliýezer) bilen bolan waka seredeliň. Ybraýym ony Mesopotamiýa iberip, ogly Yshaga hudaýhon gelinlik tapmagy tabşyrýar. Şäheriň gelin-gyzlary guýudan suw çekmäge gelenlerinde, Eliýezer şeýle doga edýär: «Eý... Reb!.. Men bir gyza: “Küýzäňi egniňden düşür-de, maňa birazajyk suw bersene, içeýin-le“ diýerin. Eger ol gyz maňa: “Al, iç, men seniň düýeleriňi-de suwa ýakaryn“ diýse, ol Seniň guluň Yshak üçin saýlan gyzyň bolar. Şonda men Seniň jenabyma merhemet edendigiňi bilerin» (Gel. çyk. 24:12—14).

4 Rebeka düýeleri suwa ýakanda, Eliýezer dogasyna jogap alandygyna düşünýär. Ol biraz wagtdan Rebeka bilen Kengana ýola düşýär. Şeýdip, Rebeka Yshagyň söýgüli gelni bolýar. Hudaý bize-de bir alamat berer öýtmeli däl. Emma Ýehowa doga etseňiz we onuň ruhunyň görkezmesine eýerseňiz, ol size-de kömek eder (Gal. 5:18).

Doga rahatlyk berýär

5, 6. Ýakup Esawa duşuşmazdan öň näme barada doga etdi?

5 Doga rahatlyk berip biler. Ýakup dogany Esawdan gorkup, şeýle dileg etdi: «Eý... Hudaý! Men Seniň söýgiňe we wepalylygyňa mynasyp däldirin... Ýalbarýaryn, meni öz doganym Esawyň elinden halas et! Men onuň gelip, biziň hemmämizi, çagalary hem olaryň ejelerini öldürerinden gorkýaryn. Sen maňa: “Men saňa ýagşylyk ederin, seniň nesliňi deňiz ýakasyndaky san-sajaksyz çägeler deý köpelderin“ diýipdiň» (Gel. çyk. 32:9—12).

6 Ýakup uruşmazlyk üçin çäre görse-de, oňa Esaw bilen ýaraşmaga dogasy kömek etdi (Gel. çyk. 33:1—4). Emma onuň dogasyny ünsli okasaňyz, diňe bir doganyň kömek etmändigine düşünersiňiz. Ol wada edilen Nesle we Hudaýyň söýgüsine ynanýardy. Sizde-de gorky bolýarmy? (2 Kor. 7:5). Eger bolýan bolsa, Ýakubyň dogasy size-de doganyň rahatlyk berýändigini ýatladar. Şonuň üçin diňe bir dilemän, iman bilen doga etmeli.

Akyldarlyk barada doga ediň

7. Näme üçin Musa Ýehowadan Öz ýollaryny görkezmegi haýyş etdi?

7 Ýehowa ýaranmak islesek, akyldarlyk barada doga etmäge höweslendirer. Musa pygamber Hudaýdan Öz ýollaryny görkezmegi haýyş etdi: «Ine, Sen maňa bu halky (Müsürden) äkit diýdiň... Eger men, dogrudan-da, Seniň göwnüňden turan bolsam, maňa Öz ýollaryňy görkez. Şonda men... nazaryňda ýene-de merhemet taparyn» (Müs. çyk. 33:12, 13). Ýehowa Musanyň dogasyna jogap berip, Öz ýollaryny görkezdi; sebäbi ol halka görkezme bermelidi.

8. 1 Patyşalar 3:10—13-nji aýatlar barada oýlanmak näme üçin peýdaly?

8 Dawut hem: «Ýa Reb, ýollaryňy maňa salgy ber» diýip doga etdi (Zeb. 25:4). Onuň ogly Süleýman hem ysraýyllylara hökümdarlyk edip biler ýaly, Hudaýdan akyldarlyk sorady. Onuň dogasy Ýehowa ýaraýar, şonuň üçin oňa diňe dilän zadyny däl, eýsem, baýlyk hem şöhrat berdi (1 Patyşalar 3:10—13-nji aýatlary okaň)a. Saňa-da ýygnakda kyn ýumuş berlen bolsa, ýaýdanma-da, akyldarlyk barada doga edip, pes göwünli bol. Şonda Hudaý saňa bilim hem akyldarlyk berip, berlen ýumşy dogry we söýgi bilen ýerine ýetirmäge kömek eder.

Ýürekden doga ediň

9, 10. Ybadathananyň açylyşynda Süleýmanyň ýürek barada aýdan nähili sözlerine üns berdiňiz?

9 Hudaý eşider ýaly ýürekden doga etmeli. 1 Patyşalar kitabynyň 8-nji babynda Süleýmanyň ýürekden aýdan dogasy ýazylan. B. e. öň 1026-njy ýylda Iýerusalimdäki ybadathananyň açylyş dabarasyna ýygnanan märekäniň öňünde, ol doga etdi. Äht sandygy Iň mukaddes otaga salnanda, Ýehowanyň buludy ybadathanany doldurdy, şonda Süleýman Hudaýy şöhratlandyrdy.

10 Süleýmanyň dogasyny okanyňyzda, ýürek barada aýdan sözlerine üns beriň. Ol ynsan ýüregini diňe Ýehowanyň bilýändigine düşünýärdi (1 Pat. 8:38, 39). Şeýle-de günäkär adamyň ýürekden Ýehowa dolanmaga mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy. Ýehowanyň halky ýesirlige düşende, ýürekden doga etse, Ol eşider (1 Pat. 8:48, 58, 61). Siz hem ýürekden doga etmeli.

Zebur kitaby gowy doga etmegi öwredýär

11, 12. Hudaýyň öýüne köp wagtlap baryp bilmedik lewiniň dogasyndan näme öwrenýäris?

11 Zebur kitaby size gowy doga etmäge we Hudaýyň berjek jogabyna garaşmaga kömek eder. Geliň, lewiniň sabyr-takatlylygyna seredeliň. Ol sürgün edilendigi üçin Hudaýyň öýüne baryp bilmeýärdi. Muňa garamazdan, ol şeýle doga edýär: «Eý janym, sen näme üçin sussupes we içimde yňranýarsyň? Hudaýa umyt bagla, çünki gutaryşy üçin men Oňa ýene şükür ederin» (Zeb. 42:5, 11; 43:5).

12 Siz mundan näme öwrenip bilersiňiz? Hakykat üçin tussag edilip, imandaşlaryňyz bilen sežde edip bilmeýän bolsaňyz, Hudaýyň alada etjekdigine sabyrly garaşyň (Zeb. 37:5). Ýehowa şatlyk bilen eden gullugyňyzy ýatlaň we çydamlylyk barada doga edip, Onuň halkyna gowuşmak üçin «umyt baglaň».

Iman bilen doga ediň

13. Ýakup 1:5—8-nji aýatlara görä, näme üçin Hudaýa iman bilen doga etmeli?

13 Nähili ýagdaýa düşseňiz-de, hemişe iman bilen doga ediň. Aýypsyzlygyňyz synalanda, Ýakubyň maslahatyna eýeriň. Ýehowa doga edeniňizde, synaga döz gelmäge akyldarlyk berjekdigine şübhelenmäň (Ýakup 1:5—8-nji aýatlary okaň). Hudaý siziň kynçylyklaryňyzy bilýär. Şol sebäpli ol ruhy arkaly görkezme we teselli berýär. «Hiç hili şübhesiz» Hudaýa iman edip, aladaňyzy aýdyň we ruhuň görkezmesini kabul edip, Onuň Sözündäki maslahata eýeriň.

14, 15. Näme üçin Hanna doga edip, iman bilen hereket etdi diýip bileris?

14 Lewili Elkananyň Hanna atly aýaly Ýehowa doga edip, iman bilen hereket etdi. Onuň Penina atly aýalynyň birnäçe çagasy bardy. Şol sebäpli ol önelgesiz Hannanyň üstünden gülýär. Ogul dogursa, Hanna ony Ýehowa bagyş etjekdigini söz berýär. Ol bu barada çadyrda Ýehowa içinden doga edýär; baş ruhany Eli onuň diňe dodaklarynyň gymyldaýanyny görüp, serhoşdyr öýdýär. Ýöne hakykaty bilenden soň: «Goý, Ysraýylyň Hudaýy dilegiňi eşitsin» diýýär. Hanna dileginiň nädip berjaý boljagyny bilmese-de, dogasynyň eşidiljegine ynamy bardy. Şondan soň ol gaýgyly görünmeýär (1 Sam. 1:9—18).

15 Hanna ogul dogurýar. Ogly Samueli süýtden aýrandan soň, ony çadyrda Ýehowa gulluk etmäge eltýär (1 Sam. 1:19—28). Hannanyň dogasy barada oýlansaňyz, gowy doga etmegi öwrenersiňiz. Şeýle-de iman bilen Ýehowa doga etseňiz, kynçylyk sebäpli çekýän gam-gussaňyzy-da ýeňmäge kömek eder (1 Sam. 2:1—10).

16, 17. Nehemýa doga edip, iman bilen hereket edende näme boldy?

16 B. e. öň V asyrda ýaşan hudaýhon Nehemýa Ýehowa doga edip, iman bilen hereket etdi. Ol Hudaýa ýalbaryp, şeýle diýdi: «Eý Ýehowa, haýyş edýärin, guluň we seniň adyňdan gorkmakdan şatlyk tapýan gullukçylaryň dogasyny ünsli diňle. Ýalbarýaryn, şu gün gullukçyňa üstünlik hemra bolsun we bu adamyň maňa haýpy gelsin». «Bu adam» diýýäni kimkä? Ol pars patyşasy Artahşaştady. Nehemýa bolsa onuň baş şerapçysydy (Neh. 1:11).

17 Ýehudylar Babyl ýesirliginden azat bolsalar-da, olaryň uly muşakgat hem utanç içindedigini we Iýerusalimiň diwarlarynyň dikeldilmändigini eşidip, Nehemýa ençeme günläp iman bilen doga edýär (Neh. 1:3, 4). Ýehowa Nehemýanyň dogasyna artygy bilen jogap berdi, çünki Artahşaşta oňa Iýerusalimiň diwarlaryny dikeltmäge rugsat berdi (Neh. 2:1—8). Şäheriň diwarlary gysga wagtyň içinde dikeldildi. Halk hakyky seždäni birinji orunda goýup, iman bilen hereket edeni üçin, Nehemýa dogasyna jogap aldy. Siz hem iman bilen doga edýärsiňizmi?

Hudaýa alkyş aýtmagy we şükür etmegi unutmaň

18, 19. Ýehowanyň gullukçysy näme üçin Oňa alkyş aýdyp, şükür etmeli?

18 Dogaňyzda Ýehowa alkyş aýtmagy we şükür etmegi unutmaň. Şeýle etmäge ençeme sebäpler bar. Meselem, Dawut Ýehowanyň patyşalygyny şöhratlandyrmak isleýärdi (Zebur 145:10—13-nji aýatlary oka). Dogalaryňyz Ýehowanyň Patyşalygy barada wagyz etmegi hormat saýýandygyňyzy görkezýärmi? Mezmurçynyň sözleri size dogaňyzda ýygnak duşuşyklary we kongresler üçin ýürekden minnetdarlyk bildirmäge kömek eder (Zeb. 27:4; 122:1).

19 Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygyňyzy gymmat saýsaňyz, siz hem şu sözleri ýürekden aýdyp bilersiňiz: «Saňa halklar arasynda sena ederin, ýa Reb, Saňa milletler arasynda nagma aýdaryn. Çünki Seniň merhemetiň uludyr, Seniň hakykatyň göklere, bulutlara ýetýändir. Eý Hudaý, ýokaryk göklere beýgel; şöhratyň bütin ýeriň üstünde bolsun» (Zeb. 57:9—11). Gör, nähili ruhlandyryjy sözler! Siz hem Zebur kitabyndaky ajaýyp sözleri ulanyp, gowy we mazmunly dogap edip bilermisiňiz?

Hudaýa hormat bilen doga ediň

20. Merýem Hudaýa wepalylygyny nädip görkezdi?

20 Biz Hudaýa uly hormat goýup doga etmeli. Meselem, Merýem Hudaýyň Ogluny dogurmalydygyny eşidende, onuň aýdan sözleri Hannanyň ogluny çadyra gulluk etmäge getirende aýdan sözlerine meňzeýär. Merýemiň Hudaýa uly hormat goýýandygy şu sözlerden görünýär: «Janym Rebbi öwgi bilen beýgeldýär, Halasgärim Hudaýa ruhum şatlanýar» (Luka 1:46, 47). Siz-de şeýle duýgular bilen doga edýärsiňizmi? Hawa, Hudaý Merýemi Isa Mesihiň ejesi bolmaga saýlandygy geň galdyrmaýar!

21. Isanyň dogalary onuň Hudaýa hormat goýup, iman edýändigini nädip görkezýär?

21 Isa hem Hudaýa uly hormat bilen ýürekden doga edýärdi. Ol Lazary direltmänkä, asmana seredip, Hudaýa şeýle doga etdi: «Eý Ata, dilegimi eşideniň üçin Saňa şükür edýärin. Meni hemişe eşidýändigiňi bilýärin» (Ýahýa 11:41, 42). Siz hem Hudaýa hormat goýup, iman bilen doga edýärmisiňiz? Siz Isanyň hormat bilen aýdan nusgalyk dogasyny okap, Ýehowanyň adyny şöhratlandyrandygyna, Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi we Onuň islegini berjaý etmegine has köp üns berendigine göz ýetirensiňiz (Mat. 6:9, 10). Siz hem edýän dogalaryňyz barada oýlanyp görüň. Olar Ýehowanyň Patyşalygy barada, Onuň islegini berjaý etmek we adyny mukaddes etmek barada alada edýändigiňizi görkezýärmi? Bu örän wajypdyr.

22. Ýehowanyň size-de hoş habary wagyz etmäge güýç berjekdigine näme üçin ynanyp bilersiňiz?

22 Biz yzarlananymyzda we başga-da synaglara duçar bolanymyzda, mertlik bilen gulluk etmek üçin Ýehowa ýalbarýarys. Petrus bilen Ýahýa «Isanyň ady bilen asla hiç zat» öwretmezligi tabşyranlarynda, olar boýun bolmadylar (Res. iş. 4:18—20). Olar tussaglykdan boşandan soň, bolan wakany imandaşlaryna gürrüň berdiler. Şondan soňra olaryň ählisi batyrgaýlyk bilen wagyz etmek üçin Hudaýdan kömek soradylar. Olar dogalaryna jogap alanda örän şatlanan bolsalar gerek, çünki «hemmeler Mukaddes Ruh bilen dolup, Hudaýyň sözüni gaýratly sözlemäge başladylar» (Resullaryň işleri 4:24—31-nji aýatlary okaň). Netijede, ençeme adamlar Ýehowa sežde edip başlady. Doga size-de batyrgaýlyk bilen wagyz etmäge kömek eder.

Gowy doga etmegi dowam ediň

23, 24. a) Mukaddes Ýazgylardaky haýsy mysallar gowy doga etmäge kömek edýär? b) Gowy doga etmek üçin näme edip bilersiňiz?

23 Mukaddes Ýazgylardaky başga-da köp mysallar bize gowy doga etmegi öwredýär. Meselem, Ýunus ýaly siz hem dogaňyzda «gutulyş Ýehowadandyr» diýip bilersiňiz (Ýunus 2:1—10). Agyr günä edip, ýygnak ýaşulularyndan kömek soran bolsaňyz, onda Dawudyň mezmurda beýan eden duýgulary şahsy dogaňyzda toba etmäge kömek eder (Zeb. 51:1—12). Ýeremiýa ýaly siz hem dogaňyzda Ýehowany şöhratlandyryp bilersiňiz (Ýerem. 32:16—19). Eger siz ýanýoldaş gözleýän bolsaňyz, Ezra kitabynyň 9-njy babyny okasaňyz we Ýehowa doga etseňiz, «Rebde» durmuş gurmagy berk ýüregiňe düwüp bilersiňiz (1 Kor. 7:39; Ezra 9:6, 10—15).

24 Mukaddes Ýazgylary okamagy we öwrenmegi dowam ediň. Şeýle-de dogaňyzda ulanyp biljek sözleriňizi agtaryň. Hudaýa alkyş aýdyp, şükür edeniňizde, Ýazgylardaky pikirleri ulanyp bilersiňiz. Mukaddes Ýazgylary okap, gowy doga etmegi öwrenseňiz, Ýehowa bilen has ýakyn dostlaşarsyňyz.

a 1 Patyşalar 3:10 Süleýmanyň bu dilegi Ýehowa ýarady. 11 Taňry oňa diýdi: «Menden şuny dilediň; özüňe uzak ömür dilemediň, baýlyk, duşmanlaryň janyny-da islemediň, emma höküm etmege düşünje diläniň üçin, 12 men saňa paýhasly we düşünjeli ýürek berip, haýyşyňy ýerine ýetirerin. Senden öň seniň ýaly adam ýokdy we senden soň hem bolmaz. 13 Men saňa dilemedik zadyňy hem baýlyk, hem şöhrat bererin, seniň ýaşan döwrüňde patyşalar arasynda seniň ýaly patyşa bolmaz.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Biz näme üçin Hudaýyň görkezmesini gözläp, oňa eýermeli?

• Näme üçin akyldarlyk barada doga etmeli?

• Zebur kitaby gowy doga etmäge nädip kömek edýär?

• Biz näme üçin hormat we iman bilen doga etmeli?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş