Biz mätäç adamlara nädip kömek edip bileris?
GARYP ýurtda ýaşaýan Fransua atly ýaşuly şeýle diýýär: «Saýlawdan soň bolan zalym uruş sebäpli, müňlerçe Ýehowanyň Şaýatlary öýünden gaçmaly boldy. Iýmit we däri-dermanlar gytdy, galanjasy-da, gaty gymmatdy. Banklar ýapylypdy, bankomatlarda hem pul ýokdy ýa-da işlemeýärdi».
Filialdaky doganlar bütin ýurtda Patyşalyk Zallarynda ýygnanyşan Ýehowanyň Şaýatlaryna kömek etmek üçin pul we iň zerur zatlary derrew iberip başladylar. Uruşýan iki tarap hem ýollarda post goýupdy, emma olar Ýehowanyň Şaýatlarynyň bitaraplygy saklaýandyklaryny bilýändikleri üçin, köplenç filialyň maşynlaryny geçirýärdi.
Fransua dogan sözüni şeýle dowam edýär: «Bir Patyşalyk zalynyň öňünde biziň ýük maşynymyza ok atyp başladylar. Emma ok bize degmedi. Eli ýaragly esgerleriň ýanymyza gelýändiklerini görüp, maşynymyzy yza sürüp, öwürdik-de, filiala gaýtdyk. Biz diri galanymyza Ýehowa minnetdarlygymyzy bildirdik. Ertesi şol Patyşalyk zalyndaky 130 sany dogan-uýa howpsuz ýere geçirildi. Olaryň käbiri filiala geldiler, biz şol kyn döwürde olaryň ruhy we maddy taýdan aladasyny etdik».
Fransua dogan sözüni şeýle jemleýär: «Ýurduň ähli künjeginden dogan-uýalar filiala hat ýazyp, çuňňur minnetdarlygyny bildirdiler. Başga ýerdäki dogan-uýalaryň kömek edendikleri üçin, olaryň Ýehowa bolan ynamy has hem berkedi».
Dogan-uýalar tebigy ýa-da adamlaryň döredýän betbagtçylyklaryna uçrap, mätäçlik çekende, biz olara diňe «ýylynyň, doýuň» diýmeýäris (Ýakup 2:15, 16). Gaýtam, biz olaryň zerur zatlarynyň aladasyny edýäris. I asyrda hem dogan-uýalara açlyk boljakdygyny duýduranlarynda, «Ýahudada ýaşaýan doganlara goldaw üçin şägirtleriň her biri gurbunyň çatdygyndan pul ýollamagy karar etdiler» (Res. iş. 11:28—30).
Biz, Ýehowanyň gullukçylary mätäçlik çekýän adamlara kömek etmek isleýäris. Emma adamlaryň ruhy taýdan hem zerurlyklary bar (Mat. 5:3). Biz olara ruhy zerurlyklarynyň wajypdygyna düşünmäge we ony kanagatlandyrmaga kömek edip, Isanyň şägirt taýýarlaň diýen tabşyrygyny berjaý edýäris (Mat. 28:19, 20). Biz bu ynanylan işi ýerine ýetirmek üçin wagtymyzy, güýjümizi we serişdämizi sarp edýäris. Biziň guramamyz sowgat berlen pullaryň käbir bölegini mätäçlik çekýän dogan-uýalara kömek etmek üçin sarp etse-de, köplenç şol sowgatlary Hudaýyň hoş habaryny wagyz etmek üçin harç edýär. Şeýdip, biz Hudaýa we ýakynymyza bolan söýgimizi görkezýäris (Mat. 22:37—39).
Ýehowanyň Şaýatlarynyň bütindünýä wagyz işini goldaýanlar meýletin sowgatlarynyň dogry we ýerlikli sarp edilýändigine ynanyp biler. Sen mätäçlik çekýän dogan-uýalara kömek edip bilermiň? Şägirt taýýarlamak işini goldamak isleýärmiň? Onda «eliňden gelse, ýagşylyk etmegi adamlardan gaýgyrma» (Sül. tym. 3:27).
[8-nji sahypadaky surat]
[9-njy sahypadaky çarçuwa]
KÄBIR ADAMLAR BÜTINDÜNÝÄ IŞI ÜÇIN MEÝLETIN SOWGAT BERÝÄRLER
Pawlus resulyň günlerindäki ýaly, şu günler hem köpler belli bir mukdarda «pul süýşürip», ony ýygnaklardaky «Bütindünýä wagyz işi üçin meýletin sowgat (Matta 24:14)» diýen guta atýarlar (1 Kor. 16:2). Ýygnaklar her aý berilýän bu meýletin pul sowgatlaryny Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýerli filialyna ýollaýarlar. Şeýle-de pul sowgatlaryny öz ýurduňyza gözegçilik edýän filiala hem ýollap bilersiňiz. Şeýle ýagdaýda pul sowgadyňyzy meýletin berýändigiňizi tassyklaýan gysgaça hat hem ýazmaly. Käbir ýurtlarda pul sowgatlary üçin döwlet tarapyndan salgyt salynýar.