Ýigriminji bap
Ýehowanyň gününi berk ýatda saklaň
1. Köne dünýäde agydan hem hasratdan ejir çekýän adamlaryň gutulyşynyň golaýdygyny ilki bileniňde saňa nähili täsir etdi?
SEN Mukaddes Ýazgylary ýaňy öwrenip başlanyňda, Ýehowanyň bütin ýer ýüzüni Jennet etjekdigini bildiň. Şol täze dünýäde ne uruş, ne jenaýatçylyk, ne gedaýçylyk, ne keselçilik, ne hasrat, ne-de ölüm bolar. Ölen adamlar-da direler. Hakykatdan-da, ajaýyp gelejek! Biz munuň golaýdygyny bilýäris, sebäbi Isa Mesihiň 1914-nji ýyldan bäri gökdäki Patyşadygynyň hem-de bu zalym dünýäniň soňky günleriniň başlandygynyň köp subutnamalary bar. Soňky günler geçensoň, Ýehowa zalym dünýäni ýok edip, wada eden täze dünýäsini berkarar eder!
2. «Ýehowanyň güni» näme?
2 Mukaddes Ýazgylarda golaýlaşýan heläkçilige «Ýehowanyň güni» diýilýär (2 Petrus 3:10. TD). «Ýehowanyň gahar güni» Şeýtanyň bütin dünýäsine garşy bolar (Sefanýa 2:3, TD). «Ýewreýçe Armageddon» diýilýän şol gün «ähli zada güýji ýetýän Hudaýyň uly gününde boljak söweşde» tamamlanar. Şonda «bütin dünýäniň patyşalary» ýok ediler (Ylham 16:14, 16). Seniň durmuşyň «Ýehowanyň gününiň» golaýdygyna ynaýandygyňy görkezýärmi? (Sefanýa 1:14—18; Ýeremiýa 25:33).
3. a) Ýehowanyň güni haçan geler? b) Ýehowanyň «ol güni hem sagady» aýtmandygy sebäpli näme aýan bolýar?
3 Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň hökümini Isa Mesih ýerine ýetirer diýilýär, ýöne Şeýtanyň zalym dünýäsiniň ýok ediljek sagady anyk aýdylmaýar. Isa şeýle diýdi: «Emma ol güni hem sagady hiç kim bilýän däldir, ne gökdäki perişdeler, ne-de Ogul, diňe Ata bilýändir» (Markus 13:32). Ýehowany ýürekden söýmeýän adamlar dünýewi höweslere kowalaşyp, ol güni pikirinde soňa goýýarlar. Ýehowany söýýän adamlar bolsa, bu zalym dünýäniň soňunyň haçan geljegine garamazdan, Hudaýa ýürekden gulluk ederler (Zebur 37:4; 1 Ýahýa 5:3).
4. Isa näme barada duýdurdy?
4 Isa Ýehowany söýýän ähli adamlara şeýle duýduryş berdi: «Ägä, oýa boluň, doga ediň! Çünki siz ol wagtyň haçandygyny bilmeýärsiňiz» (Markus 13:33—37). Ol bize iýmek-içmek ýa-da «ýaşaýşyň gaýgylary» bilen başagaý bolup, haýsy döwürde ýaşaýandygymyzy unutmazlygy ündedi (Luka 21:34—36; Matta 24:37—42).
5. Petrusyň düşündirişi ýaly, Ýehowanyň gününde näme bolar?
5 Edil şonuň ýaly Petrus hem: «Şol gün zerarly gökler ot alyp dargajak, elementler ýanyp erär» diýip, Hudaýyň gününi berk ýatda saklamagy ündedi. «Gökler», ýagny ähli ynsan hökümetleri hem-de «ýer» we onuň «elementleri», ýagny erbet adamlaryň hemmesi we bu zalym dünýäniň garaýyşlary we işleri, meselem, Hudaýdan garaşsyzlygy, ahlaksyzlygy, harsydünýäligi ýok bolar. Bularyň ählisi dogrulyk höküm sürjek «täze göge» [Hudaýyň gökdäki Patyşalygyna] we täze ýere [erdäki täze jemgyýete]» ornuny berer (2 Petrus 3:10—13). Dünýäni bütinleý üýtgetjek bu wakalar duýdansyz başlar, ol güni hem sagady öňünden bilip bolmaz (Matta 24:44).
Alamatlaryň ýerine ýetişine has ünsli boluň
6. a) Isanyň şägirtlerine beren jogaby ýehudylarda nähili ýerine ýetdi? b) Isanyň jogabynyň haýsy böleginde 1914-nji ýyldan soňky bolýan wakalar hem ýagdaý barada aýdylýar?
6 Ýaşaýan döwrümizi göz öňünde tutup, soňky günleriň alamatlaryny jikme-jik öwrenmeli. Isa şägirtleriniň Matta 24:3-däki sowalyna jogap berip, 4—22-nji aýatlardaky alamatlary aýtdy. Geliň, şol alamatlaryň kiçi möçberde b. e. 33-nji ýylyndan başlap, tä 70-nji ýyla çenli ýehudylarda ýerine ýetendigini ýatda saklalyň. Şol pygamberlik, esasan, 1914-nji ýyldan, Isa Mesihiň «barlygy» döwründen bäri ýerine ýetýär. Matta 24:23—28-nji aýatlar b. e. 70-nji ýylyndan başlap, tä Isa Mesihiň «barlygy» döwrüne çenli we şondan soňky döwürde bolžak wakalar hakda aýdýar. Matta 24:29—25:46-njy aýatlarda aýdylanlar bolsa, soňky günlerde bolup geçýär.
7. a) Şu günler alamatyň ýerine ýetişine näme üçin biziň hemmämiz syn etmeli? b) Abzasyň soňunda getirilen soraglara jogap berip, 1914-nji ýyldan bäri alamatyň ýerine ýetişi barada pikirleniň.
7 Biziň ählimiz alamatda aýdylýan wakalara hem ýagdaýa has köp syn etmeli. Syn edýän zatlarymyz bilen Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleri deňeşdirsek, Ýehowanyň gününi berk ýatda saklamaga kömek eder we ol günüň golaýdygy barada adamlara duýduraňda ynamly gürrüň bermäge ýardam eder (Işaýa 61:1, 2). Şonuň üçin geliň, Matta 24:7 we Luka 21:10, 11-nji aýatlarda aýdylýan alamatlar bilen baglanyşykly soraglara seredeliň.
1914-nji ýyldan başlap «millet-millete, patyşalyk-patyşalyga garşy çykar» diýen pygamberlik nädip ýerine ýetdi? Şondan bäri, uruşlar baradaky pygamberlik nädip ýerine ýetýär?
1918-nji ýylda haýsy gyrgynçylyk Birinji Jahan urşundakydan hem köp adamy heläk etdi? (Seret: «Bilim» kitaby, 11-nji bap, 7-nji abz.) Adamlaryň medisina taýdan bilimi artsa-da, nähili keselçilikler millionlarça adamlary heläk etdi?
Soňky asyrda ylmyň ösüşine garamazdan, azyk önümleriniň ýetmezçiligi ýer ýüzüne nähili täsir edýär?
2 Timoteos 3:1—5, 13-nji aýatlarda durmuşyň hemişe şeýle bolandygy barada däl-de, soňky günlerde ýagdaýyň has-da erbetleşjegi barada aýdylýandygyna seni näme ynandyrýar?
Adamlaryň bölünmegi
8. a) Matta 13:24—30, 36—43-de ýazylyşy ýaly, Isa dünýäniň soňy bilen baglanyşykly ýene nämeleri aýtdy? b) Isanyň tymsaly näme aňladýar?
8 Isa dünýäniň soňy bilen baglanyşykly başga-da üýtgeşik wakalary aýtdy. Olaryň biri «Hudaýyň Patyşalygynyň ogullaryndan iblisiň ogullarynyň» bölünmegi. Isa bu barada haşal ot tymsalynda gürrüň berdi. Bu tymsaldaky «bugdaý» mesh edilen wepaly mesihçileri aňladýar. «Haşal ot» bolsa, özüne mesihçi diýýän, ýöne aslynda «iblisiň ogullary» bolan adamlar. Sebäbi olar Iblisiň höküm sürýän dünýäsinden. «Hudaýyň Patyşalygynyň ogullaryndan» tapawutlykda «iblisiň ogullaryna» heläkçilik garaşýar (Matta 13:24—30, 36—43). Hakykatdan-da, şeýle bölünişik boldumyka?
9. a) Birinji Jahan urşundan soň, özüne mesihçi diýýänleriň arasynda nähili uly bölünişik boldy? b) Mesh edilen mesihçileriň Hudaýyň Patyşalygynyň hakyky gullukçylarydygy nämeden mälim boldy?
9 Birinji Jahan urşundan soň, özüne mesihçi diýýänleriň arasynda bölünişik boldy. Netijede, iki topar emele geldi: 1) milli bähbidini gözleýän hem-de Milletler Ligasyny (häzirki Birleşen Milletler Guramasyny) goldaýan hristian dünýäsiniň dini ýolbaşçylary we olaryň tarapdarlary, 2) şol uruşdan soň, bu dünýäniň milletlerini däl-de, Hudaýyň Mesihi Patyşalygyny bütinleý goldaýan hakyky mesihçiler (Ýahýa 17:16). Olar «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habary wagyz etmek» bilen, Hudaýyň Patyşalygynyň hakyky gullukçylarydygyny bütin ýer ýüzünde subut etdiler (Matta 24:14). Olaryň wagyz işiniň netijesi nähili boldy?
10. Patyşalyk barada wagyz edilmek bilen ilki kimler ýygnandy?
10 Ilki bilen, Hudaýyň ruhunyň kömegi bilen mesh edilenleriň galyndysy, ýagny gökdäki Patyşalykda Isa Mesih bilen höküm sürjek adamlar ýygnandy. Olar halklaryň arasynda dagynyk bolsalar-da, bir guramanyň agzalary boldular. Mesh edilenleriň möhürlenmegi tizden gutarar (Ylham 7:3, 4).
11. Häzir kimleriň ýygymy dowam edýär we haýsy pygamberlik ýerine ýetýär?
11 Soňra Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda «her milletden, her taýpadan, her halkdan we her dilden... uly märekäniň» ýygymy başlandy. «Başga goýunlaryň» sanyna degişli bu adamlar «agyr muşakgatdan» geçip, Hudaýyň täze düýnäsine girerler (Ylham 7:9, 14; Ýahýa 10:16). Hudaýyň Patyşalygy baradaky wagyz bilen baglanyşykly iş şu günler hem dowam edýär. Millionlarça adamdan ybarat bolan başga goýunlaryň uly märekesi mesh edilen galynda Patyşalyk baradaky gutulyş habaryny wagyz etmäge wepaly kömek edýär. Bu habary ähli halklar eşidýär.
Gelejekde ýene-de nämeler bolar?
12. Ýehowanyň güni gelýänçä, wagyz bilen baglanyşykly ýene näçeräk iş etmeli?
12 Ýokarda agzalanlaryň ählisi soňky günleriň tamamlanýandygyna we Ýehowanyň gününiň golaýlandygyna güwä geçýär. Ol gorkunç gün başlamanka, başga-da pygamberlikler ýerine ýetmelimikä? Hawa. Birinjiden, Patyşalyk meselesi boýunça adamlaryň bölünmegi heniz gutarmady. Birnäçe ýyllap Patyşalyk baradaky wagza güýçli garşylyk görkezilen käbir ýurtlarda häzir täze şägirtler köpelýär. Ýöne biz adamlaryň hoş habary kabul etmeýän ýerlerinde-de wagyz edip, Ýehowanyň rehimdardygyny görkezýäris. Geliň, bu işi ýerine ýetirmekden elimiz sowamasyn! Isanyň aýtmagyna görä, bu iş gutaranda, dünýäniň soňy geler.
13. 1 Selanikliler 5:2, 3-e görä, nähili ähmiýetli waka indi bolmaly we bu biziň üçin nämäni aňladar?
13 Mukaddes Ýazgylaryň başga bir wajyp pygamberliginde şeýle diýilýär: «Adamlar: «Her zat parahatlyk, aman» diýen badyna, göwreli aýalyň burgusynyň tutuşy ýaly, birdenkä olaryň üstüne heläkçilik iner, gaçyp bilmezler» (1 Selanikliler 5:2, 3). «Her zat parahatlyk, aman» diýip, yglan edilişini indi göreris. Emma bu adamzadyň kynçylyklaryny dünýä ýolbaşçylarynyň çözjekdigini aňlatmaýar. «Her zat parahatlyk, aman» diýip yglan edilende, Ýehowanyň gününi ýatda berk saklaýan adamlar aldanmazlar. Olar şondan soň derrew duýdansyz heläkçiligiň geljekdigini bilýärler.
14. Uly muşakgatda nähili wakalar bolar we nähili yzygiderlikde?
14 Uly muşakgat hökümdarlaryň Beýik Babyla, ýagny ýalan diniň dünýä şalygyna garşy hüjüm edip, ony ýok etmegi bilen başlar (Matta 24:21; Ylham 17:15, 16). Şondan soň, halklar Ýehowanyň hökümdarlygynyň tarapyny tutýan adamlara topularlar, netijede, Hudaý hökümetlere we olaryň tarapdarlaryna gahary gelip, olary Armageddonda doly ýok eder. Soňra Şeýtan we onuň jynlary düýpsüz çuňluga zyňylar we adamlara täsir edip bilmez. Şol gün Ýehowanyň adynyň aklanmagy bilen gutarar (Ezekiýel 38:18, 22, 23; Ylham 19:11—20:3).
15. Ýehowanyň güni tiz gelmez öýtsek näme üçin akylsyzlyk bolar?
15 Bu dünýäniň soňy Hudaýyň anyk bellän wagty geler. Ol «gijä galmaz» (Habakkuk 2:3). B. e. 70-nji ýylynda Iýerusalimiň heläkçiliginiň tiz gelendigini ýada salyň, şonda ýehudylar howp geçdi diýip, oňa garaşmaýardylar. Eýsem, gadymy Babyla näme boldy? Ol abraýly hem örän berk diwarly güýçli şäherdi. Emma bir gijede ýykyldy. Edil şonuň ýaly bu zalym dünýäniň heläkçiligi-de duýdansyz geler. Şol gün gelýänçä Ýehowanyň gününi hemişe berk ýatda saklap, agzybir hakyky sežde edeliň!
Gaýtalamak üçin soraglar
• Ýehowanyň gününi berk ýatda saklamak näme üçin wajyp? Muňa näme kömek eder?
• Şu günler adamlaryň bölünmegi bize nähili täsir edýär?
• Ýehowanyň güni başlaýança, ýene nämeler bolmaly? Şoňa görä, biziň her birimiz näme etmeli?
[180, 181-nji sahypalardaky surat]
Tizden soňky günler Şeýtanyň dünýäsiniň ýok edilmegi bilen gutarar