On dokuzynjy bap
Hudaýyň sözüni batyrgaý wagyz etmegi dowam ediň
1. a) Isanyň şägirtleri haýsy hoş habary wagyz etdiler we ýehudylaryň käbiri muňa nähili garadylar? b) Nähili soraglar ýüze çykmagy mümkin?
TAKMYNAN 2000 ýyl mundan ozal Hudaýyň Ogly Isa Mesih ýeriň üstünden geljekki Patyşa bellendi. Dini duşmanlaryň gepine gidip, Isany öldürdiler, ýöne Ýehowa ony direltdi. Şeýdip Isa arkaly ebedi ýaşaýşa ýol açyldy. Şu hoş habary şägirtleri ähli halklara wagyz edenlerinde yzarlamalara duşdular. Käbir şägirtleri türmä basdylar, Isa barada geplemezligi tabşyryp, gamçyladylar (Resullaryň işleri 4:1—3, 17; 5:17, 18, 40). Olar näme etmelidi? Sen näme ederdiň? Batyrgaý wagyz etmegi dowam edermidiň?
2. a) Şu günler nähili ajaýyp habar wagyz edilmeli? b) Hoş habary kim wagyz etmeli?
2 1914-nji ýylda Isa Mesih Hudaýyň patyşalygynyň Patyşasy hökmünde «duşmanlarynyň ortasynda» höküm sürmek üçin tagta çykdy (Zebur 110:2). Soňra Şeýtan we onuň jynlary ýer ýüzüne zyňyldy (Ylham 12:1—5, 7—12). Şonda Şeýtanyň dünýäsiniň soňky günleri başlandy. Şol soňky günler gutaranda, Hudaý Şeýtanyň zalym dünýäsini ýok eder (Daniýel 2:44; Matta 24:21). Halas bolan adamlar ýer ýüzünde boljak Jennetde ýaşarlar. Eger-de sen hoş habary kabul eden bolsaň, ony başgalara aýdasyň gelýändir (Matta 24:14). Ýöne olar seni diňlärmi?
3. a) Patyşalyk baradaky hoş habara adamlar nähili garaýarlar? b) Biz özümize nähili sorag bermeli?
3 Sen hoş habary wagyz edeňde, mümkin, käbir adamlar diňlär, käbirleri biperwaý garar (Matta 24:37—39). Kimdir biriniň gülmegi ýa-da garşylyk görkezmegi mümkin. Isa garyndaşlaryň hem garşylyk görkezjekdigini aýtdy (Luka 21:16—19). Belki, sen muňa işde ýa mekdepde duşarsyň. Käbir döwletlerde Ýehowanyň Güwäçileriniň işini hökümet düýbünden gadagan etdi. Eger-de sen şeýle ýagdaýa düşseň, Hudaýyň sözüni batyrgaý wagyz edip, «imanda berk durmagyňy» dowam edermiň? (1 Korintoslylar 16:13).
Güýjüňe daýanma
4. a) Hudaýa wepaly gulluk etmek üçin nämä daýanmaly? b) Mesihi duşuşyklar näme üçin wajyp?
4 Ýehowa wepaly gulluk etmek üçin onuň berýän ruhy zatlaryna daýanmaly. Şolaryň biri ýygnagyň duşuşyklary. Injil olary äsgermezçilik etmäň diýýär (Ýewreýler 10:23—25). Ýehowanyň wepaly gullukçylary imandaşlary bilen duşuşyklara yzygiderli gatnaşmak üçin jan edýärler. Bu duşuşyklara gatnaşyp, biz Mukaddes Ýazgylar barada bilimimizi artdyrýarys. Mundan başga-da, gowy bilýän zatlarmyza has giň düşünip, durmuşda ulanylyşyny öwrenýäris. Hudaýa agzybir sežde edýän mesihçi doganlar bilen ýakyndan gatnaşsak, Hudaýyň islegini mundan beýläk-de ýerine ýetirmäge höwesimiz artar. Ýehowanyň ruhy ýygnagyň üsti bilen görkezme berýär. Isa şol mukaddes ruh arkaly biziň aramyzda (Matta 18:20; Ylham 3:6).
5. Ýehowanyň Güwäçileriniň işi gadagan edilende, duşuşyklary nähili geçirýärler?
5 Duşuşyklaryň ählisine yzygiderli gatnaşýaňmy? Ol ýerde aýdylýanlary durmuşyňda ulanýaňmy? Ýehowanyň Güwäçileriniň işi gadagan edilen döwletlerde ýygnaklary hususy öýlerde kiçi toparlarda geçirmeli bolýar. Duşuşyklaryň geçirilýän ýeri we wagty üýtgäp durýar. Şonuň üçin elmydama amatly däl. Mysal üçin, käbir duşuşyklar örän giç geçirilýär. Ýöne amatsyzlyga ýa howpa garamazdan, wepaly dogan-uýalar her duşuşyga gatnaşmak üçin jan edýärler.
6. Ýehowa nädip bil baglaýarys we bu batyrgaý wagyz etmäge nädip kömek eder?
6 Hudaýyň kömegine mätäçdigimize düşünip, yzygiderli we ak ýürekden doga etsek, Ýehowa has-da köp bil baglarys. Sen şeýle edýäňmi? Isa ýer ýüzünde gulluk edende ýygy-ýygydan doga edýärdi (Luka 3:21; 6:12, 13; 22:39—44). Ony pürse çüýlemezlerinden öňki gije şägirtlerine: «Synaga düşmez ýaly oýa boluň, doga ediň» diýdi (Markus 14:38). Adamlar Patyşalyk habaryna biperwaý garasalar, gullukdaky yhlasymyz gowşamagy mümkin. Eger-de biziň üstümizden gülseler, yzarlasalar, kynçylykdan gaçmak üçin wagyz etmegi bes edesimiz gelmegi mümkin. Ýöne biz batyrgaý wagyz etmek üçin Hudaýyň ruhuny ýürekden dilesek, şeýle synagda berk durmaga kömek eder (Luka 11:13; Efesliler 6:18, 20).
Olar batyrgaý wagyz etdiler
7. a) Resullaryň işleri kitaby bizi näme üçin aýratyn gyzyklandyrýar? b) Abzasyň soňundaky soraglara jogap bereňde, munuň peýdasy barada pikirlen.
7 Resullaryň işleri kitaby bizi aýratyn gyzyklandyrýar. Şol kitapda biziňki ýaly duýgulary bolan resullaryň we beýleki irki şägirtleriň Ýehowanyň batyr we wepaly güwäçileri hökmünde kynçylyklary ýeňip geçendigi barada gürrüň berilýär. Geliň, aşakdaky soraglar we aýatlar arkaly bu kitabyň käbir aýatlaryna seredeli. Okan zadyň nähili kömek etjekdigi barada pikirlen.
Resullaryň ýokary bilimi bardymy? Olar hiç bir ýagdaýda-da gorkmaýan adamlardymy? (Ýahýa 18:17, 25—27; 20:19; Resullaryň işleri 4:13).
Petrusa Hudaýyň Ogluny ölüme höküm eden ýehudy sudunyň öňünde batyrgaý gürlemäge näme kömek etdi? (Matta 10:19, 20; Resullaryň işleri 4:8).
Resullar mejlise getirilmezlerinden öň birnäçe hepdeläp näme etdiler? (Resullaryň işleri 1:14; 2:1, 42).
Häkimler resullardan Isanyň ady bilen wagyz etmegi bes etmeklerini talap edenlerinde, Petrus bilen Ýahýa näme jogap berdi? (Resullaryň işleri 4:19, 20).
Boşadylanlaryndan soň, resullar kimden kömege garaşdylar? Olar yzarlamalaryň bolmazlygy barada doga etdilermi ýa-da başga zat barada diledilermi? (Resullaryň işleri 4:24—31).
Duşmanlar wagyz işini togtatjak bolanlarynda, Ýehowa kimiň üsti bilen kömek etdi? (Resullaryň işleri 5:17—20).
Resullaryň näme üçin boşanyna düşünýändigi nämeden görünýär? (Resullaryň işleri 5:21, 41, 42).
Şägirtler yzarlamalar sebäpli dagasa-da, näme etmegi dowam etdiler? (Resullaryň işleri 8:3, 4; 11:19—21).
8. Irki şägirtleriň gullugy nähili üýtgeşik netije getirdi we biz hem şol işe näme üçin gatnaşyp bileris?
8 Hoş habary wagyz etmek işi netijesiz däldi. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni 3000-e golaý adam suwda çokundyryldy. «Ýene-de Rebbe iman eden köp adamlar, topar-topar erkekdir aýallar olara goşulýardy» (Resullaryň işleri 2:41; 4:4; 5:14). Hudaýyň halkyny rehimsiz yzarlan tarsusly Saul, wagtyň geçmegi bilen, mesihçi bolup, hakykat barada batyrgaý wagyz edip başlady. Soňra ol Pawlus resul diýlip tanaldy (Galatýalylar 1:22—24). Birinji asyrda başlanan iş togtamady. Soňky günler ol täze güýç bilen giň gerim alyp, ýer ýüzüniň ähli künjegine ýaýrady. Biz hem oňa gatnaşyp bilýäris. Şu babatda, biz Ýehowa öň wepaly gulluk eden Güwäçileriň mysalyndan öwrenip bileris.
9. a) Pawlus wagyz edende haýsy mümkinçilikleri ulandy? b) Patyşalyk baradaky habary wagyz edeňde, sen haýsy mümkinçiliklerden peýdalanýarsyň?
9 Pawlus Isa Mesih hakyndaky hakykaty bilende näme etdi? Ol: «Derrew... Isanyň Hudaýyň Ogludygy barada... wagyz etmäge başlady» (Resullaryň işleri 9:20). Pawlus Hudaýyň eden merhemetine minnetdardy we eşiden hoş habarynyň her kese gerekdigine düşünýärdi. Pawlus ýehudy bolany üçin şol döwrüň däbine görä, sinagoga baryp wagyz edýärdi. Şeýle-de ol öýden-öýe wagyz edip, bazarlarda adamlar bilen gürrüň edýärdi. Ol wagyz edilmedik ýerlere hem uly höwes bilen gidýärdi (Resullaryň işleri 17:17; 20:20, 21; Rimliler 15:23, 24).
10. a) Pawlusyň wagyz edende diňe bir batyrgaý däl-de, şeýle hem ýiti akyllydygy nämeden görünýär? b) Garyndaşlara, işdeşlere, klasdaşlara wagyz edenimizde, Pawlusdan nädip görelde alyp bileris?
10 Pawlus diňe bir batyrgaý däl-de, şeýle hem ýiti akyllydy. Biz hem şeýle bolmaly. Pawlus ýehudylar bilen gürleşende Hudaýyň olaryň atalaryna beren wadasyna esaslanýardy. Grekler bilen bolsa, olara tanyş bolan zatlar barada gürleşýärdi. Käwagt wagyz etmek üçin özüniň hakykaty nädip eşidendigini gürrüň berýärdi. Pawlus şeýle diýdi: «Men bulary Hoş Habardan paýym bolsun diýip, Hoş Habar üçin edýärin» (1 Korintoslylar 9:20—23; Resullaryň işleri 22:3—21).
11. a) Pawlus duşmanlary bilen jedelleşmekden gaça durmak üçin näme etdi? b) Haçan Pawlusyň göreldesine eýermek paýhasly bolardy we muny nädip etmeli? w) Batyrgaý gürlemegi dowam etmek üçin güýji nireden alyp bileris?
11 Pawlus garşylyk sebäpli duşmanlary bilen jedelleşmekden gaça durup, başga ýere gidip wagyz etmegi amatly görýärdi (Resullaryň işi 14:5—7; 18:5—7; Rimliler 12:18). Ol hiç wagt hoş habardan utanmandyr (Rimliler 1:16). Pawlus duşmanlaryň berýän azaryndan hem-de kemsitmesinden hiç hili lezzet tapanokdy, ýöne wagyzy dowam etmek üçin «Hudaý oňa gaýrat berdi». Ol şeýle diýdi: «Ýöne Hudaýyň wagzy men arkaly doly yglan bolup, bütin milletler ony eşider ýaly, Reb ýanymda durup meni güýçlendirdi» (1 Selanikliler 2:2; 2 Timoteos 4:17). Bu işi şu günler hem ýerine ýetirmek üçin ýygnagyň baştutany Isa bize hemişekisi ýaly ýeterlik güýç berýär (Markus 13:10).
12. Mesihçileriň batyrgaýlygy nämeden görünýär we ol nämä esaslanýar?
12 Hudaýyň birinji asyrdaky wepaly gullukçylaryndan hem-de Isadan görelde alyp, biz hem Hudaýyň sözüni batyrgaý aýtmaly. Bu özüňi sypaýyçylyksyz alyp barmagy ýa-da diňlemek islemeýän adamlara wagyz etmegi aňlatmaýar. Adamlaryň biperwaýlygyna garamazdan, biz gowşamyzok, garşylyk görkezseler-de, biz dymamyzok. Biz Isanyň göreldesine eýerip, Hudaýyň Patyşalygy ýer ýüzüniň kanuny hökümeti diýip wagyz edýäris. Biz Ýehowany Älemiň Hökümdary hasaplap, ynamly gürleýäris, sebäbi aýdýan habarymyz biziňki däl-de, Hudaýyňky. Ýehowa öwgi aýtmaga höweslendirýän iň esasy zat — oňa bolan söýgidir (Filipililer 1:27, 28; 1 Selanikliler 2:13).
Gaýtalamak üçin soraglar
• Patyşalyk baradaky habary her bir adama aýtmak näme üçin wajyp we adamlar muňa nähili garamagy mümkin?
• Ýehowa gulluk etmek üçin öz güýjümize daýanmaýandygymyzy nädip görkezip bileris?
• Resullaryň işleri kitabyndan näme öwrenip bileris?
[173-nji sahypadaky surat]
Ýehowanyň gullukçylary şu günler hem geçmişdäki ýaly Hudaýyň sözüni batyrgaý wagyz edýärler