Hudaýyň Sözüni batyrgaýlyk bilen wagyz ediň
«Hemmeler Mukaddes Ruh bilen dolup, Hudaýyň sözüni gaýratly sözlemäge başladylar». (RES. IŞ. 4:31)
1, 2. Biz näme üçin gowy wagyz etmäge jan etmeli?
ISA ölmezinden üç gün öň şägirtlerine: «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler; ahyrzamana şonda geler» diýdi. Ol direlip, göge galmazyndan öň şägirtlerine şeýle tabşyryk berdi: «Bütin milletleri şägirt ediň... Size tabşyran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» (Mat. 24:14; 26:1, 2; 28:19, 20).
2 Biz, Ýehowanyň Güwäçileri, I asyrda başlanan wagyz işine yhlasly gatnaşýarys. Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmek we şägirt taýýarlamak ýaly halas ediji zerur iş ýokdur. Şol sebäpli gowy wagyz etmek nähili wajyp! Biz şu makalada mukaddes ruhuň görkezmesine eýersek, batyrgaýlyk bilen wagyz etmäge nädip kömek edýänine serederis. Soňra indiki iki makaladan, Ýehowanyň ruhunyň yzygiderli wagyz etmäge we ökdelik bilen öwretmäge ýardam edýändigini bileris.
Biz batyrgaý bolmaly
3. Hudaýyň Patyşalygyny wagyz eder ýaly, näme üçin batyrgaý bolmaly?
3 Hudaýyň wagyz etmek tabşyrygyny berjaý etmek biziň üçin uly hormatdyr. Emma käwagt bu tabşyrygy ýerine ýetirmek kyn bolýar. Käbir adamlar Hudaýyň Patyşalygy baradaky habary höwes bilen kabul etse-de, köpüsi Nuhuň günlerindäki adamlar ýaly «tupan turup hemmesini äkidýänçä, olar hiç zat bilmeýär» (Mat. 24:38, 39). Adamlaryň käbiri bolsa, biziň üstümizden gülýär ýa-da garşy bolýar (2 Pet. 3:3). Bize hökümet ýolbaşçylary, klasdaşlar, işgärler hatda dogan-garyndaşlar hem garşy bolýar. Şeýle-de bizde çekinjeňlik we adamlardan gorky bolup biler. Başga-da ençeme sebäplere görä, Hudaýyň sözüni «batyrgaýlyk bilen wagyz etmek» kyn bolýar (Efes. 6:19, 20). Hudaýyň sözüni yzygiderli wagyz etmek üçin batyrgaý bolmaly. Batyrgaý bolmaga näme kömek edip biler?
4. a) Batyrgaýlyk näme? b) Pawlus resul Selanikde näme üçin batyrgaýlyk bilen wagyz etdi?
4 «Batyrgaý» diýip terjime edilen grek sözi «hiç zatdan çekinmän, gorkman hereket etmegi, gaýduwsyz, dogumly we batyrlarça bolmagy» aňladýar. Emma batyrgaý bolmak gödek ýa-da edepsiz bolmagy aňlatmaýar (Kol. 4:6). Şeýle-de biz batyrgaý bolup, ähli adamlar bilen oňşukly ýaşamak isleýäris (Rim. 12:18). Galyberse-de, biz Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmek üçin adamlaryň göwnüne bilgeşleýin degmez ýaly, batyrgaý we sypaýy bolmaly. Batyrgaý bolar ýaly, başga-da häsiýetleri ösdürmäge tagalla etmeli. Biz öz güýjümiz bilen batyrgaý bolup bilmeýäris. Pawlus resul we onuň ýoldaşlary «Filipide horluk çekensoň», näme üçin Selanikde batyrgaýlyk bilen wagyz etdi? Pawlus: «Hudaý bize gaýrat berdi» diýip ýazdy (1 Selanikliler 2:2-ni okaň). Ýehowa Hudaý bize-de, gorkman şeýle batyrgaý bolmaga kömek edýär.
5. Petrus, Ýahýa we başga şägirtlere Ýehowa batyrgaý bolmaga nädip kömek etdi?
5 Petrus we Ýahýa resula «başlyklar, ýaşulylar we kanunçylar» garşy bolanlarynda, olar: «Hudaýdan zyýada size gulak asmak Hudaýyň ýanynda dogrumydyr? Özüňiz oýlanyp görüň! Çünki görenimizi, eşidenimizi sözlemezlik biziň üçin mümkin däl» diýip jogap berdiler. Olar we imandaşlary yzarlamalaryň bes edilmegi barada doga etmän, gaýtam «Reb, indi, olaryň howp salyşlaryna seret, gullaryňa bütin batyrlyk bilen Öz sözüňi sezlemäge gaýrat ber» diýip ýalbardylar (Res. iş. 4:5, 19, 20, 29). Ýehowa olaryň dogasyna nähili jogap berdi? (Resullaryň işleri 4:31-i okaň). Ýehowa mukaddes ruh arkaly olara batyrgaý wagyz etmäge kömek etdi. Hudaýyň ruhy bize-de kömek edýär. Biz Hudaýyň ruhuny nädip alyp we oňa wagyzda eýerip bileris?
Nädip batyrgaý bolmaly?
6, 7. Mukaddes ruhy almak üçin näme etmeli? Mysallar getir.
6 Mukaddes ruhy almak üçin bu barada Hudaýa doga etmeli. Isa şeýle diýdi: «Erbet bolan siz öz oglanlaryňyza oňat sylaglar bermegi bilýän bolsaňyz, Gökdäki Ataňyz Özünden dilänlere has-da köp Mukaddes Ruhy berer!» (Luka 11:13). Şol sebäpli biz dyngysyz mukaddes ruhy dilemeli. Eger biz köçede, resmi däl ýagdaýda ýa-da adamlaryň işleýän ýerlerinde wagyz etmäge gorkýan bolsak, batyrgaý bolmak üçin mukaddes ruh barada Ýehowa doga etmeli (1 Sel. 5:17).
7 Roza atly uýa hem şeýle etdia. Bir gün ol işdekä, onuň bilen işleýän mugallyma başga mekdepde mugallymlaryň çagalar bilen özüni gödek alyp barşy hakynda bir maglumaty okaýanyny eşidýär. Mugallyma muňa gaharlanyp: «Eýsem, şu ahyr zamana dälmi näme?!» diýýär. Roza wagyz etmek mümkinçiligi elden bermedi. Batyrgaýlyk bilen wagyz eder ýaly, ol näme etdi? Roza şeýle diýýär: «Men Ýehowadan mukaddes ruhy arkaly kömek etmegini diledim». Ol gowy wagyz edýär we indiki gezek gürrüňi dowam etmegi teklip edýär. Şeýle-de Nýu Ýork şäherinden bäş ýaşly Milana atly gyzjagyzyň mysalyna seredeliň. Milana şeýle diýýär: «Men mekdebe gitmezden öňürti, ejem bilen hemişe Ýehowa doga edýärin». Olar näme barada doga edýär? Milananyň hakykatda berk durup, Hudaý barada batyrgaýlyk bilen wagyz etmegini dileýärler. Onuň ejesi şeýle diýýär: «Bu Milana doglan güne we baýramçylyklara bolan garaýşyny hem-de olary näme üçin bellemeýändigini düşündirmäge kömek edýär». Bu mysallar batyrgaý bolmak üçin doganyň güýjüni görkezmeýärmi näme?
8. Ýeremiýa pygamberiň batyrgaýlygyndan nähili sapak edinýäris?
8 Ýeremiýa pygambere batyrgaý bolmaga näme kömek edendigine seredeliň. Ýehowa ony halklara pygamber edip bellände, Ýeremiýa şeýle diýdi: «Men gepläp bilmeýärin, men örän ýaş» (Ýerem. 1:4—6). Bir az wagt geçensoň, Ýeremiýa şeýle batyrgaý we dyngysyz wagyz edýär welin, bu köp adamlary howsala salýar (Ýerem. 38:4). Ol 65 ýyldan gowrak Ýehowanyň hökümlerini wagyz edýär. Ýeremiýa Ysraýylda mert we batyrgaý wagyz edýän adam hökmünde tanaldy. Şol sebäpli takmynan 600 ýyl geçensoň, Isa batyrgaýlyk bilen wagyz edende, käbir adamlar oňa Ýeremiýa pygamber diýýärdiler (Mat. 16:13, 14). Öň özüne göwni ýetmeýän Ýeremiýa pygamber çekinjeňligini nädip ýeňdi? Ol: «Hudaýyň sözi süňkümde ornaşyp, ýüregimde ýanýan ot ýalydy, men ony içimde saklamakdan ýadadym» diýdi (Ýerem. 20:9). Hawa, Ýeremiýa Ýehowanyň güýjüniň täsiri bilen wagyz etdi.
9. Näme üçin Hudaýyň sözi Ýeremiýa täsir edişi ýaly, bize-de täsir edýär?
9 Pawlus resul Ýewreýlere ýazan hatynda şeýle diýdi: «Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan hem ruhy, bogunlary hem ýiligi bölýänçä batýandyr, ýüregiň düşünjeleridir niýetlerine höküm edýändir» (Ýew. 4:12). Hudaýyň Sözi bize hem Ýeremiýa täsir edişi ýaly täsir edýär. Mukaddes Ýazgylary adamlar ýazsa-da, ol Hudaý tarapyndan ylhamlanan kitapdyr. 2 Petrus 1:21-de şeýle diýilýär: «Welilik hiç haçan adam islegi bilen dile gelen däldir; Hudaýyň mukaddes adamlary Mukaddes Ruh tarapyndan herekete gelip gepländirler». Biz Mukaddes Ýazgylary özbaşdak okamaga wagt sarp etsek, aňymyz mukaddes ruh bilen ylhamlanan pikirlerden dolýar (1 Korintoslylar 2:10-y okaň). Şeýle pikirler ýüregimizde «ýanýan ot ýaly» bolany üçin, biz ony içimizde saklap bilmeris.
10, 11. a) Batyrgaýlyk bilen wagyz etmek üçin biz Mukaddes Ýazgylary nädip okamaly? b) Şahsy okuwyň hilini gowulandyrmak üçin sen näme etmekçi?
10 Mukaddes Ýazgylary özbaşdak okamak bize güýçli täsir edýär, şol sebäpli biz ony ýüregimize çuňňur ornaşar ýaly edip okamaly. Meselem, Ezekiýel pygamber görnüş görýär. Görnüşde Ýehowa oňa kesir adamlar üçin güýçli habar ýazylan düýrlenen kagyzy iýmegi buýurýar. Ezekiýel bu habary doly özleşdirmelidi we ol bedeniniň agzasy bolup, duýgusyna täsir etmelidi. Şonuň üçin ol wagyz etmegi süýji bal ýaly gowy görýärdi (Ezekiýel 2:8; 3:2—4-nji aýatlary okaň)b.
11 Biziň ýagdaýymyz hem Ezekiýeliňkä meňzeýär. Şu günler adamlaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylarda näme aýdylýandygyny diňlemek islemeýär. Şol sebäpli biz Hudaýyň sözüni dyngysyz wagyz etmek üçin, Mukaddes Ýazgylardaky sözler doly düşnükli bolar ýaly okamaly. Biz şahsy okuwy käwagt däl-de, yzygiderli geçirmeli. Biziň islegimiz aýdymda Ýehowany wasp eden mezmurçyňky ýaly bolmaly: «Agzymyň sözleri, ýüregimiň oý-pikirleri Seniň göwnüňden tursun, ýa Reb, meniň Gaýam, Halasgärim» (Zeb. 19:14). Mukaddes Ýazgylardaky hakykat ýüregimize berk ornaşar ýaly, okan zatlarymyz barada oýlanmaga wagt sarp etmek örän wajyp! Şol sebäpli biz şahsy okuwymyzyň hilini gowulandyrmaga çalyşmalyc.
12. Ýygnak duşuşyklary näme üçin bize mukaddes ruhuň görkezmesine eýermäge kömek edýär?
12 Şeýle-de, Ýehowanyň mukaddes ruhuny almak üçin «birek-biregi söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrjak bolalyň... ýygnanyşmagy goýmalyň» (Ýew. 10:24, 25). Mukaddes ruhuň görkezmesine eýermek üçin ýygnaklara yzygiderli gatnaşmaga, ünsli diňlemäge we öwrenen zatlarymyzy durmuşda ulanmaga tagalla etmeli. Eýsem biz ýygnak arkaly Ýehowanyň ruhuny almaýarysmy näme? (Ylham 3:6-ny okaň).
Batyrgaýlygyň peýdasy
13. I asyrda mesihçileriň wagyz edip bilşinden, biz näme öwrenýäris?
13 Mukaddes ruh älemde iň kuwwatly güýç bolany üçin adamlara Ýehowanyň islegini berjaý etmäge kömek edýär. I asyrda mesihçiler mukaddes ruhuň kömegi bilen ägirt uly wagyz işini ýerine ýetirip bildi. Olar hoş habary «gök astyndaky bütin ýaradylyşa wagyz etdiler» (Kol. 1:23). Mesihçileriň köpüsiniň «okuwsyz, garamaýak adamlardygyny» göz öňünde tutsak, olaryň kuwwatly güýç arkaly wagyz edendigi aýan bolýar (Res. iş. 4:13).
14. «Ruhda hyjuwly bolmaga» näme kömek edýär?
14 Biz mukaddes ruhuň görkezmesine eýersek, batyrgaýlyk bilen wagyz ederis. Biz hemişe mukaddes ruhy dilesek, şahsy okuwyny erjellik bilen geçirsek, okan zatlarymyz barada doga edip oýlansak, ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşsak «ruhda hyjuwly» bolmaga kömek eder (Rim. 12:11). Hudaýyň Sözünde «asly isgenderiýaly bolan Apollos atly bir dilewar, Mukaddes Ýazgylara ökde ýehudynyň Efesosa gelendigi» barada aýdylýar. Ol «ruhda hyjuwly bolup, Reb hakda anyk gürrüňler bilen ders bererdi» (Res. iş. 18:24, 25). Biz hem «ruhda hyjuwly bolsak», öýden-öýe we resmi däl ýagdaýda has-da batyrgaý wagyz ederis.
15. Batyrgaýlyk bilen wagyz etmegiň bize näme peýdasy bar?
15 Has batyrgaýlyk bilen wagyz etsek, bize gowy täsir edýär. Biz wagyz işiniň wajyplygyna gowy düşünip, ony gymmat saýýarys, şol sebäpli özümizi has ynamly duýýarys. Biz ökdelik bilen wagyz edip şatlyk tapýarys we hyjuwymyz artýar. Şeýle-de biz wagyz işiniň gaýragoýulmasyzdygyna düşünip, yhlas bilen gulluk edýäris.
16. Yhlasymyz sowaşsa, näme etmeli?
16 Öňki ýaly yhlasly wagyz etmeýän bolsak, näme? Onda özümizi barlap görmeli. Pawlus resul: «Imandadygyňyzy özüňiz barlap görüň. Özüňizi synaň» diýdi (2 Kor. 13:5). Özüňe şeýle soraglar ber: Men ruhda hyjuwlymy? Ýehowadan mukaddes ruhy dileýärinmi? Meniň dogalarym Hudaýyň islegini berjaý edýändigimi görkezýärmi? Bize ynanylan wagyz işi üçin dogamda minnetdarlyk bildirýärinmi? Şahsy okuwyny yzygiderli geçirýärinmi? Okan we eşiden zatlarym barada oýlanmaga näçe wagt sarp edýärin? Men ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşýarynmy? Şeýle soraglaryň üstünde oýlansaň, ýalňyşyňa düşünip, olary düzedip bilersiň.
Hudaýyň ruhy batyrgaý bolmaga kömek edýär
17, 18. a) Şu günler wagyz işi nähili alnyp barylýar? b) Biz Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary nädip wagyz edip bileris?
17 Isa direlensoň, şägirtlerine şeýle diýdi: «Ýöne Mukaddes Ruh üstüňize inende, güýç-kuwwat alyp, Iýerusalimde, bütin Ýahudada, Samariýada, ýeriň tä soňuna çenli Meniň güwälerim bolarsyňyz» (Res. iş. 1:8). Şol wagt başlan wagyz işi şu günler güýçli depginde alnyp barylýar. Ýedi milliondan gowrak Ýehowanyň Güwäçileri 230-dan gowrak ýurtlarda takmynan bir million bäş ýüz müň sagat Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýärler. Hiç haçan gaýtalanmajak wagyz işine yhlasly gatnaşmak nähili şatlykly!
18 Şu günler bütindünýä wagyz işi I asyrdaky ýaly Hudaýyň ruhunyň kömegi bilen ýerine ýetirilýär. Biz ruhuň görkezmesine eýersek, «gaýratlylyk bilen» wagyz ederis (Res. iş. 28:31). Şol sebäpli geliň, mukaddes ruhuň görkezmesine eýerip, Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz edeliň!
a Atlary üýtgedilen.
b Ezekiýel 2:8 «Sen, ynsan ogly diýýän zatlaryma gulak as-da, pitneçi öý ýaly pitneçi bolma. Agzyňy aç-da, berýän zadymy iý». 3:2 Men agzymy açdym we ol maňa düýrlenen kagyzy iýdirdi. 3 Ol maňa: «Ynsan ogly saňa berýän düýrlenen kagyz bilen garnyňy doýrup, içiňi doldur» diýdi. Men ony iýmäge başladym, ol meniň agzymda bal ýaly süýjüdi. 4 Soňra ol maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly Ysraýyl öýüne bar-da, olara sözlerimi aýt».
c Mukaddes Ýazgylary okamak we şahsy okuw barada köpräk bilmek üçin «Teokratik gulluk mekdebi» (rus.) kitabynyň 21—32-nji sahypalaryndaky «Okamak üçin wagt sarp et» we «Sylaglanylýan okuw» diýen baplara serediň.
Siz näme öwrendiňiz?
• Hudaýyň sözüni wagyz eder ýaly, näme üçin batyrgaý bolmaly?
• I asyrdaky mesihçilere batyrgaý wagyz etmäge näme kömek etdi?
• Biz nädip batyrgaý bolup bileris?
• Batyrgaýlygyň bize näme peýdasy bar?