Hudaýyň sözüni batyrlyk bilen sözle
1 Biz, mesihçiler, hoş habary wagyz edenimizde, hemmeleriň diňlemejegini bilýäris (Mat. 10:14). Emma käbir adamlar hoş habary diňlemese-de, biz wagyz etmegi bes etmeýäris (Sül. tym. 29:25). Hudaýyň sözüni batyrlyk bilen sözlemäge näme kömek edýär?
2 Pawlus resul «Mesih Isany tanamagyň» zerurdygyny bilýärdi. Şonuň üçin ol «uly ynam bilen» aýdýardy (Flp. 3:8; 1 Sel. 1:5). Käbir adamlar Pawlus biderek we manysyz zatlar barada wagyz edýär diýip düşünseler-de, onuň özi «ol her bir iman edene... Hudaýyň gutulma güýjüdigini» bilýärdi (Rim. 1:16). Şonuň üçin garşylyga garamazdan, Pawlus «Reb [Ýehowa] üçin gaýratly wagyz edýärdi» (Res. iş. 14:1—7; 20:18—21, 24).
3 Güýjümiziň gözbaşy. Pawlus öz güýji bilen batyrgaý güwälik etmändi. Ol özi we Silas barada şeýle diýdi: «Biz öň Filipide horluk çekip, kemsidilmelere sezewar bolduk; ýöne uly garşylyk bolsa-da, Hudaýyň hoş habaryny size wagyz etmek üçin Hudaý bize gaýrat berdi» (1 Sel. 2:2; Res. iş. 16:12, 37). Soňra Pawlus Rimde türmedekä, mundan beýlägem «hoş habary bolmalysy ýaly batyrgaýlyk bilen bildirmek üçin» doga edip, güýç dilemeklerini doganlardan haýyş etdi (Efes. 6:18—20). Pawlus özüne däl-de, Ýehowa bil baglany üçin, Hudaýyň sözüni batyrlyk bilen sözlemegi başardy (2 Kor. 4:7; Flp. 4:13).
4 Häzirem şeýle. Bir mesihçi doganymyz işleýän ýerinde özüniň Ýehowanyň Güwäçisidigini aýtmaga we wagyz etmäge çekinýärdi. Şonuň üçin bu barada Hudaýa doga edip, işdeşlerine wagyz etmäge başlady. Başda onuň bir işdeşi diňlemeýärdi, ýöne direliş barada eşidende, Mukaddes Ýazgylardan okuw geçmäge razy boldy. Şondan bäri doganymyz her bir pursatdan peýdalanyp wagyz edýärdi. Netijede, ol indiki iş ýerinde 14 ýylyň içinde 34 adama suwda çokundyrylmaga kömek etdi. Ýehowanyň bize-de «batyrlyk bilen onuň sözüni sözlemäge gaýrat berjekdigine» doly ynanyp bileris (Res. iş. 4:29).