Ýigrimi birinji bap
Ýehowanyň niýeti üstünlikli amala aşýar
1, 2. a) Ýehowa paýhasly mahluklar üçin näme isleýär? b) Hudaýa agzybir sežde edýän maşgala kimler girýär?
ÝEHOWA paýhasly mahluklaryň ählisiniň ýalňyz hak Hudaýa agzybir sežde etmegini we Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowuşmagyny isleýär. Dogrulygy söýýän adamlar hem şeýle bolmagyny ýürekden isleýär.
2 Ýehowa uly niýetini ýaradylyşyň başlangyjyndan bäri amala aşyrýar. Onuň ilkinji ýaradany Ogludy, ol direlenden soň «[Hudaýyň] şöhratynyň ýalkymy we Onuň barlygynyň keşbi» boldy (Ýewreýler 1:1—3). Bu Ogul ýeke-täkdi, sebäbi ony Hudaýyň hut özi ýaradypdy. Bu Ogul arkaly ilki gökde perişdeler, soňra ýer ýüzünde adamlar ýaradyldy (Eýýup 38:7; Luka 3:38). Olaryň bary bir agzybir maşgalady. Ýehowa olaryň hemmesi üçin Hudaýdy, Älemiň Hökümdary hem-de söýgüden doly Atasydy.
3. a) Biziň ählimiz Adam ata bilen How eneden nämäni miras aldyk? b) Ýehowa Adam atanyň nesline söýgi bilen näme eder?
3 Bilgeşleýin günä edeni üçin Adam ata bilen How ene ölüme höküm edilip, Erem bagyndan kowuldy. Soňra Hudaý olardan ýüz öwürdi. Olar Hudaýyň agzybir maşgalasyndan kowuldy (Barlyk 3:22—24; Kanunyň gaýtalanyşy 32:4, 5). Biziň hemmämiz olaryň nesli, şol sebäpli-de günäli dogulýarys. Ýöne Ýehowa Adam ata bilen How enäniň neslinden käbiriniň dogrulygy söýjekdigini bilýärdi. Şol sebäpli olary söýgi bilen «Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna» gowşurar (Rimliler 8:20, 21).
Ysraýyl Hudaýyň merhemetinden kesilýär
4. Ýehowa gadymy Ysraýyla nähili mümkinçilik berdi?
4 Adam atany ýaradandan takmynan 2500 ýyldan soň, Ýehowa käbir adamlara özi bilen gowy gatnaşykda bolmaga mümkinçilik berdi. Ol gadymy Ysraýyly öz halky edip saýlady, Kanun berdi (Barlyk 12:1, 2). Hudaý olardan täze halk döredip, niýetini amala aşyrmak üçin ulandy (Kanunyň gaýtalanyşy 14:1, 2; Işaýa 43:1). Emma ysraýyllylar öňküsi ýaly ölümiň hem günäniň gulçulygyndady, ýagny olarda Adam ata bilen How enäniň başdaky şöhratly erkinligi ýokdy.
5. Ysraýyllylar Ýehowa bilen gatnaşygyny nädip ýitirdiler?
5 Muňa garamazdan, Hudaý ysraýyllylara merhemet edýärdi. Olar Ýehowany öz Atasy hökmünde hormatlap, onuň islegini ýerine ýetirmelidiler. Isa hem munuň wajypdygyny belläp geçipdi (Matta 5:43—48). Ýöne Ysraýyl halky borçlaryny ýerine ýetirenokdy. Hatda ýehudylar: «Biziň diňe bir Atamyz bar, ol hem Hudaý» diýseler-de, Isa olaryň işleriniň we garaýyşlarynyň muňa ters gelýändigini aýtdy (Ýahýa 8:41, 44, 47). B. e. 33-nji ýylynda Hudaý beren Kanunyny ýatyryp, Ysraýyl bilen aýratyn gatnaşygyny kesdi. Ýöne Hudaý indi adamlara hiç haçan merhemet etmezmi näme?
«Gökdäkileriň» ýygymy
6. Pawlusyň Efesliler 1:9, 10-njy aýatlardaky «taslamasynyň» maksady näme?
6 Pawlus käbir adamlaryň Hudaý bilen aýratyn gatnaşykda bolup biljekdigini nygtady. Pawlus resul Ýehowa iman edýän adamlaryň Hudaýyň maşgalasyna goşulyp biljekdigi barada şeýle ýazdy: «Ol Mesihde öňden bellän ýagşy niýetine görä, öz töleginiň syryny açdy. Bu taslama görä wagty dolanda, [Hudaý] gökde hem ýerde bolan bar zatlary Mesihde birleşdirer» (Efesliler 1:9, 10). «Bu taslamada» Isa esasy orun tutýar. Adamlar Hudaýy Isa arkaly razy edip bilerler. Olaryň belli bir sany gökde ýaşar. Ýöne adamlaryň köpüsi bolsa, ýerde ebedi ýaşar.
7. «Gökdäkiler» kimler?
7 B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden başlap, Isa bilen gökdäki Patyşalygy miras aljak «gökdäkiler» ýygnanyp başlandy. Olar Isanyň töleg gurbanyna iman edip, Hudaýyň öňünde aklandylar (Rimliler 5:1, 2). Soňra olara ýehudylar we ýehudy däller hem goşulyp, olaryň sany 144 000 bolmalydy (Galatýalylar 3:26—29; Ylham 14:1). Häzir olaryň ýerde galanlarynyň sany has-da azaldy.
«Ýerdäkileriň» ýygymy
8. «Ýerdäkiler» kimler we olaryň Ýehowa bilen aragatnaşygy nähili?
8 «Taslama» «ýerdäkileriňem» ýygymy girýär. Häzir ýygnanýan millionlarça adamlar ýerde ebedi ýaşar. Olar Patyşalygyň mirasdaşlarynyň galyndysy bilen Ýehowanyň adyny dabaralandyryp, arassa seždäni şöhratlandyrýarlar (Işaýa 2:2, 3; Sefanýa 3:9). Şeýle-de olar Ýehowa «Atamyz» diýip ýüzlenýärler, sebäbi ol ýaşaýşyň gözbaşy. Olar Isanyň döken ganyna iman edip, Hudaýy razy edýärler (Ylham 7:9, 14). Ýöne olar kämilsizligi sebäpli diňe gelejekde sözüň doly manysynda Hudaýyň çagalary bolup biler.
9. Rimliler 8:21-de adamlara näme wada berilýär?
9 Ýerde ýaşamaga umyt edýän adamlar adamzadyň «çüýreme gullugyndan azat ediljek» wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar (Rimliler 8:21). Şol azatlyk Isa gökdäki goşuny bilen Armageddon urşunda uly muşakgady jemländen soň başlar. Şeýtanyň zalym dünýäsi bütinleý ýok edilip, soňra Isanyň köp eşretler getirjek Müňýyllyk hökümdarlygy başlanar (Ylham 19:17—21; 20:6).
10. Ýehowanyň gullukçylary nähili öwgüli aýdymy aýdarlar?
10 Ýehowanyň ýerdäki gullukçylary gökdäki gullukçylaryň joşgunly aýdýan aýdymyna goşulanlarynda nähili şatlyk bolar. Olar: «Güýji her zada ýetýän Reb Hudaý, Seniň işleriň uly hem geňdir. Eý milletler Patyşasy, Seniň ýollaryň dogry hem hakdyr! Ýa Reb Senden gorkman, adyňy şöhratlandyrmajak kimdir? Çünki mukaddes diňe Sensiň! Bütin milletler gelip, Seniň öňüňde sežde eder. Çünki Seniň adyl işleriň aýan boldy» diýýärler (Ylham 15:3, 4). Ýehowanyň gullukçylarynyň ählisi ýalňyz hak Hudaýa agzybir sežde edýärler. Hatda ölenler direlip, olar hem ähli adamlar bilen bilelikde Ýehowa öwgi aýdyp bilerler (Resullaryň işleri 24:15).
Öňümizde ajaýyp azatlyk!
11. Uly muşakgatda diri galanlar üçin nähili ajaýyp azatlyk bolar?
11 Uly muşakgatda we Armageddonda ýer ýüzi erbetlikden arassalanyp, Şeýtan «bu dünýäniň taňrysy» bolmaz. Indi Ýehowa sežde edýän adamlar Şeýtanyň erbet täsirine garşy göreşmeli bolmazlar (2 Korintoslylar 4:4; Ylham 20:1, 2). Mundan beýläk ýalan din Ýehowa barada ýalan sözläp, adamlaryň arasyna agzalalyk salmaz. Hakyky Hudaýyň gullukçylary adalatsyzlyga duş gelmez hem-de olary häkimiýetler yzarlamazlar. Gör, nähili ajaýyp azatlyk bolar!
12. Adamlar günäden we onuň täsirinden nädip azat bolar?
12 «Şu dünýäniň günäsini öz üstüne alan Hudaýyň Guzusy», ýagny Isa töleg gurbany bilen adamzadyň günäsini ýuwar (Ýahýa 1:29). Isa ýer ýüzündekä, käbir adamlaryň günäsini ötüp, soňra sagaltdy (Matta 9:1—7; 15:30, 31). Şoňa meňzeşlikde, Isa Mesih Hudaýyň gökdäki Patyşalygynyň Patyşasy hökmünde körleri, lallary, kerleri, agsaklary, ruhy kesellileri we dürli kesellerden ejir çekýän adamlary gudrat bilen sagaldar (Ylham 21:3, 4). Hudaýa gulak asýan adamlaryň ählisi «günä kanunynyň» astyndan çykar, şonda olaryň pikirleri we işleri diňe özlerine däl-de, Hudaýa-da ýarar (Rimliler 7:21—23). Isanyň Müňýyllyk hökümdarlygynyň soňunda olar Hudaýyň «suratyna we keşbine» görä kämillige ýeter (Barlyk 1:26).
13. Müňýyllyk hökümdarlygyň soňunda Isa näme eder we onuň netijesi näme bolar?
13 Isa adamlary kämillige ýetirip, berlen häkimiýeti Atasyna gaýtaryp berer: «Soňra Ol her hili baştutanlygy, her hili häkimiýeti hem gudraty ýok edip, Patyşalygy Ata Hudaýa tabşyranda, ahyrzaman bolar. Çünki Ol bütin duşmanlaryny aýak astyna salýança höküm sürmelidi» (1 Korintoslylar 15:24, 25). Patyşalygyň Müňýyllyk hökümdarlygy doly maksadyna ýetende, Ýehowa bilen adamzadyň arasyndaky kömekçi hökümet gerek bolmaz. Günä we ölüm doly ýok edilip, Isa Günäleri ýuwujy hökmünde gerek bolmaz. Injilde şeýle diýilýär: «Emma ähli zat oňa tabyn bolanda, Ogluň özi hem, Hudaý hem ähli zatda özi höküm sürer ýaly, Oňa ähli zady tabyn etdirene tabyn bolar» (1 Korintoslylar 15:28).
14. Kämillige ýeten adamlar nämeden geçerler we näme üçin?
14 Şondan soň, kämillige ýeten adamlara ýalňyz hak Hudaýa baky gulluk etmek isleýändigini subut etmäge mümkinçilik berler. Ýehowa kämillige ýeten adamlary soňky gezek synagdan geçirip, soňra çagalary hökmünde kabul eder. Şeýtan we onuň jynlary düýpsüz çuňlukdan boşadylar. Olar Ýehowany ýürekden söýýän adamlara düzedip bolmajak zyýan ýetirmez. Ýehowa tabyn bolmaýan, biwepa adamlar bolsa ilkinji pitneçi Şeýtan we onuň jynlary bilen hemişelik ýok ediler (Ylham 20:7—10).
15. Ýehowanyň paýhasly mahluklarynyň ählisi ýene-de nämä şatlanar?
15 Şeýlelikde, Hudaýyň hökümdarlygyny goldap, soňky synagdan geçen kämil adamlaryň hemmesini Ýehowa öz çagalary hökmünde kabul eder. Şol wagtdan başlap, olar Hudaýyň agzybir maşgalasynyň agzasy bolup, Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna doly gowşar. Gökdäki we ýerdäki paýhasly mahluklaryň ählisi ýene-de ýalňyz hak Hudaýa agzybir sežde ederler. Ýehowanyň niýeti üstünlikli amala aşar! Baky geljekli, agzybir, bagtly maşgala goşulasyň gelýärmi? Onda Injildäki: «Dünýä we onuň höwesleri geçip gider, kim Hudaýyň islegini ýerine ýetirse, baky galar» diýen sözleri ýürekden kabul et (1 Ýahýa 2:17).
Gaýtalamak üçin soraglar
• Erem bagynda pitne turmanka, Ýehowa bilen oňa sežde edýänleriň arasy nähilidi?
• Hudaýa gulluk edýän adamlardan näme talap edilýär?
• Ýene-de kimler Hudaýyň çagalary bolarlar we munuň Ýehowa agzybir sežde etmek bilen näme baglanyşygy bar?
[190-njy sahypadaky surat]
Ýer ýüzünde boljak Jennetde Hudaýa gulak asýan adamlar ýaşar