Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 14 sah. 40—sah. 41 abz. 2
  • Gul edip satylan oglan

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gul edip satylan oglan
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Doganlary Ýusuby ýigrenýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ýehowanyň goldawyny görüň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Ýusuby türmä basýarlar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ol göreldeli maşgalabaşydy
    Olaryň imanyndan görelde alyň
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 14 sah. 40—sah. 41 abz. 2
Ýusup Potifaryň aýalyndan gaçýar

14-NJI SAPAK

Gul edip satylan oglan

Ýusup Ýakubyň kiçi ogullarynyň biridi. Ýakup ony beýleki ogullaryndan has gowy görýärdi. Agalary kakasynyň Ýusuby gowy görýändigini bilýärdi. Olar muny haladymy? Ýok, olar Ýusuba göriplik etdiler we ýigrendiler. Bir gezek Ýusup üýtgeşik düýş görýär. Düýşünde agalary oňa baş egýär. Ýusup muny agalaryna gürrüň berýär. Şonda olar Ýusuby öňküden hem beter ýigrendiler.

Doganlary Ýusuby guýa taşlaýar

Bir gezek Ýusubyň agalary Şekem şäheriniň ýanynda goýun bakyp ýördüler. Ýakup olaryň ýagdaýyny bilmek üçin Ýusuby iberýär. Agalary Ýusubyň gelýänini görüp: «Hanha, düýş görýän inimiz gelýär. Ony öldüreliň!» diýişdiler. Ýusuby tutup, çuň guýa taşladylar. Ýöne Ýahuda inisini öldürmek islemeýärdi. Şonuň üçin doganlaryna: «Ýusuby öldürmäliň, gul edip satalyň» diýdi. Şol wagt olaryň ýanyndan midýan söwdagärleri Müsüre geçip barýardy. Agalary Ýusuby şolara 20 kümüş pula satdy.

Soňra olar Ýusubyň donuny geçiniň ganyna bulap, kakasyna iberdiler. Olar kakasyna: «Şu dony gör hany, ogluň dony dälmi?» diýdiler. Ýakubam dony görüp, Ýusuby ýyrtyjy haýwanlar iýendir öýdüp aglady. Ýakuby hiç kim köşeşdirip bilmedi.

Ýusup türmede

Ýusuby Müsüre getirdiler. Ony patyşanyň köşgünde işleýän Potifara gul edip satdylar. Ýöne Ýehowa Ýusuba şol ýerde-de kömek edýärdi. Potifar Ýusubyň gowy işleýändigini görüp, oňa ynanyp başlady. Ol Ýusuba öý-içerisine, ekin meýdanyna we hemme zadyna seretmegi tabşyrdy.

Ýusup örän owadan we güýçlüdi. Potifaryň aýaly oňa aşyk bolup: «Meniň bilen ýat» diýýärdi. Bilýäňmi, Ýusup näme diýdi? Ol: «Men beýle iş etmerin! Sen hojaýynyň aýaly. Onsoňam, Hudaý şeýle iş edýänleri ýigrenýär» diýdi.

Bir gezek Potifaryň aýaly: «Meniň bilen ýat!» diýip, Ýusubyň ýüregine düşdi. Ol Ýusuby özi bilen ýatyrjak bolup, eşiginden hem çekdi. Ýöne Ýusup gaçyp gitdi. Potifar öýüne gelende aýaly: «Ýusup üstüme topuldy» diýip ýamanlady. Ýöne ol ýalan sözleýärdi. Potifar aýalyna ynanyp, gaty gaharlandy. Ýusuby türmä basdyrdy. Ýehowa Ýusuba türmede-de kömek edýärdi.

«Hudaýyň güýçli gollarynyň astynda pesgöwünli boluň, ol hem sizi öz wagtynda beýgelder» (1 Petrus 5:6).

Soraglar: Doganlary Ýusuba näme etdi? Ýusup nädip türmä düşdi?

1 Musa 37:1—36; 39:1—23; Resullar 7:9

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş