Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 21
  • Doganlary Ýusuby ýigrenýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Doganlary Ýusuby ýigrenýär
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Gul edip satylan oglan
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ýehowa Ýusuby ýeke goýmady
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ol göreldeli maşgalabaşydy
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Maşgala Müsüre göçýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 21

21-NJI HEKAÝA

Doganlary Ýusuby ýigrenýär

BU GAÝGYLY we lapykeç ýaş ýigide seret. Bu Ýusup. Edil şu wagt doganlary ony Müsüre barýan adamlara satdylar. Ol ýerde Ýusup gul bolar. Ýöne näme üçin onuň atabir doganlary beýle ýamanlyk etdilerkä? Sebäbi olar Ýusuba göriplik edýärdiler.

Atasy Ýakup Ýusuby gowy görýärdi. Şol sebäpli oňa uzyn hem owadan geýim tikip berdi. Muňa on dogany göriplik edip, ony ýigrendiler. Ýöne olaryň ýigrenmeginiň başga-da sebäbi bardy.

Ýusup iki sany düýş gördi. Düýşleriniň ikisinde-de doganlary oňa baş egdiler. Haçan-da Ýusup düýşüni gürrüň berende, ony has-da beter ýigrendiler.

Bir gezek Ýusubyň doganlary atasynyň sürüsini bakyp ýörkä, Ýakup Ýusuby doganlaryndan habar tutmaga iberýär. Doganlary Ýusubyň gelýänini görende: «Geliň, ony öldüreliň!» diýdiler. Emma iň uly dogany Ruben: «Ýok, öldürmäliň!» diýdi. Şonda onuň geýimini çykaryp, Ýusuby suwsuz guýa taşladylar. Soňra näme etmelidigini maslahatlaşdylar.

Şol wagt ysmaýylylaryň kerweni geçip barýardy. Ýahuda doganlaryna ýüzlenip: «Geliň, ony ysmaýylylara satalyň» diýdi. Olar şeýle-de etdiler. Olar Ýusuby ýigrimi kümüş teňňä satdylar. Nähili nejislik hem doňýüreklik!

Ýöne doganlar atasyna näme diýerkä? Olar geçini öldürip, Ýusubyň geýimini gana batyrdylar. Soňra geýimi atasy Ýakubyň ýanyna getirip: «Ynha, biziň tapan zadymyz. Seret, bu Ýusubyň geýimi-hä däldir-le?» diýdiler.

Ýakup Ýusubyň geýimini tanady. Ol: «Ony ýyrtyjy haýwan öldürendir» diýip aglady. Şeýlelikde, doganlaryň etjek işi başa bardy. Ýakup gaty gam çekdi. Ol köp günläp aglady. Emma Ýusup diridi. Geliň, oňa ýesirlikde näme bolanyny bileliň.

Barlyk 37:1—35.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş