47-NJI HEKAÝA
Ysraýyldaky ogry
BU ADAMYŇ çadyrynda gizläp duran zadyna seret! Ol owadan egin-eşik, guýma altyn, birnäçe kümüş teňňe gizleýär. Olary Erihadan aldy. Ýöne Erihadan alnan zatlary näme etmelidi? Ýadyňdamy?
Olary otlamalydy, altyny hem-de kümşi bolsa Ýehowanyň çadyrynyň hazynasyna eltmelidi. Diýmek, bu adamlar Hudaýa gulak asmadylar. Olar Hudaýa degişli zady ogurladylar. Bu adamyň ady Ahan, ýanyndakylar bolsa onuň maşgalasy. Indi, näme bolarka? Gel, bileli.
Bu adam ogrulyk edenden soň, Ýeşuw birnäçe adamy Gaý şäherine söweşe iberýär. Emma olar söweşde ýeňilýärler. Olaryň birnäçesi öldürilýär, galany bolsa gaçýar. Ýeşuw gaty gynanýar. Ol ýere ýüzin ýykylyp, Ýehowa: «Sen näme üçin bu zatlara ýol berdiň?» diýip doga edýär.
Ýehowa jogap berip: «Tur, Ysraýyl günä etdi. Olar otlanmaly hem-de Ýehowanyň çadyryna berilmeli zady özüne aldylar. Owadan egin-eşigi ogurlap gizlediler. Bu zatlary we ony alan adamy ýok etmeseňiz, men size pata bermerin» diýýär. Ýehowa bu adamyň kimdigini görkezmäge Ýeşuwa söz berýär.
Ýeşuw bütin halky ýygnanda, Ýehowa Ahan atly erbet adamy görkezýär. Ahan: «Men günä etdim. Men owadan egin-eşik, guýma altyn we kümüş teňňe gördüm. Bu zatlar maňa juda ýaransoň, men olary aldym. Olary çadyrda gizledim» diýip, boýun alýar.
Bu zatlary tapyp Ýeşuwa getirip berenlerinde, ol Ahana: «Sen näme üçin biziň başymyza bela getirdiň? Muny edeniň üçin Ýehowa saňa göz görkezer!» diýýär. Bu sözlerden soň, halk Ahany we onuň maşgalasyny daşlap öldürýär. Bu waka kişiniň zadyny hiç haçan almaly däldigini görkezmeýärmi näme?
Mundan soň, Ysraýyl ýene-de Gaý şäherine söweşe gidýär. Bu sapar Ýehowa halkyna kömek edýär. Olar söweşde ýeňiş gazanýar.