Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 48
  • Paýhasly gibeonlylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Paýhasly gibeonlylar
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýuşa bilen gibgonlylar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Gibgonlylardan näme öwrenýäris
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
  • Gün saklanýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Okyjylaryň sowallary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 48

48-NJI HEKAÝA

Paýhasly gibeonlylar

KENGAN şäherleriniň köpüsi söweşmäge taýyndy. Olar ýeňiş gazanarys öýdýärdiler. Ýöne Gibeon şäheriniň golaýynda ýaşaýanlar beýle pikirde däldiler. Olar ysraýyllylara Hudaýyň kömek edýändigine ynanýardy. Şonuň üçin Hudaýa garşy söweşmek islemediler. Şeýlelikde, gibeonlylaryň näme edendigini bilýäňmi?

Olar uzakda ýerleşýän bir ýurduň ýaşaýjylary bolan bolýarlar. Birnäçe adam ýyrtyk eşik we köne aýakgap geýip, ýyrtyk haltalary eşeklere ýükläp, ýanlary bilen gatan çörek alýar. Soňra Ýeşuwyň ýanyna gelip: «Biz siziň beýik Hudaýyňyz Ýehowa hakda, onuň Müsürde siziň üçin eden işleri barada eşidip, uzak ýurtdan geldik. Şonuň üçin biziň ýolbaşçylarymyz ýol üçin iýmit alyň diýdiler we size: «Biz siziň guluňyz. Bize garşy söweşmejegiňize söz beriň» diýip, aýtmagy tabşyrdylar. Bu uzak ýolda eşigimiziň könelip, çöregimiziň gatanyna bir serediň» diýdiler.

Ýeşuwdyr beýleki ýolbaşçylar gibeonlylaryň diýenine ynanyp, olara garşy söweşmejegine söz berdiler. Emma olar üç günden gibeonlylaryň has golaýda ýaşaýandygyny bildiler.

— Siz näme üçin bize daş ýurtdan geldik diýdiňiz? — diýip, Ýeşuw olardan sorady.

— Biz Ýehowa Hudaýyň bütin Kengan ýurduny size bermegi wada edenini eşitdik. Şonuň üçin bizi öldürersiňiz öýdüp, gorkymyza şeýle etdik — diýip, gibeonlylar jogap berdi. Ysraýyllylar bolsa beren sözünde durup, gibeonlylary öldürmän, özlerine gul etdiler.

Iýerusalimiň patyşasy gibeonlylaryň ysraýyllylar bilen parahatlyk baglanyşanyna gaty gaharlanýar. Şol sebäpli ol beýleki dört patyşa: «Geliň-de, maňa gibeonlylar bilen söweşmäge kömek ediň» diýip haýyş edýär. Şeýdip, bäş patyşa gibeonlylara garşy söweşe çykýar. Eýsem, gibeonlylaryň parahatlyk baglaşmagy paýhasly boldumyka? Gel, bileli.

Ýeşuw 9:1—27; 10:1—5.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş