Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 49
  • Gün saklanýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gün saklanýar
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýuşa bilen gibgonlylar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Paýhasly gibeonlylar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 49

49-NJY HEKAÝA

Gün saklanýar

ÝEŞUWA seret. Ol: «Eý, Gün saklan!» diýýär. Ol hem saklanýar. Uzakly günüň dowamynda ol al-asmanda durýar. Muny Ýehowa etdi. Ýöne gel, günüň ýagtylygynyň Ýeşuwa näme üçin gerek bolandygyny bileli.

Kengan ýurdunyň bäş sany erbet patyşasy gibeonlylaryň üstüne çozanda, olar kömek sorap Ýeşuwyň ýanyna adam ýollaýar. Ol: «Daglyk ýurdunyň bäş patyşasy seniň hyzmatkärleriň bilen söweşmäge geldi. Tiz gel-de, bizi halas et!» diýip, ýalbarýar.

Ýeşuw goşuny bilen derrew kömege ugraýar. Olar uzak gije ýörüş etdiler. Olar Gibeona gelende, bäş patyşanyň esgerleri gorkup, gaçyp başlaýarlar. Şonda Ýehowa gökden güýçli daş ýagdyrýar. Daşdan ölen esgerler, Ysraýyl esgerleriniň öldürenindenem kändi.

Ýeşuw basym gün ýaşyp garaňky düşende, bäş sany erbet patyşanyň esgerleriniň gaçjagyny bilýärdi. Şonuň üçin Ýeşuw Ýehowa doga edýär we: «Eý, Gün saklan!» diýýär. Gün saklanany üçin, ysraýyllylar ýeňiş gazanýar.

Kenganda Hudaýyň halkyny ýigrenýän başga-da erbet patyşalar bardy. Bu ýeriň 31 sany patyşysyny ýeňmek üçin Ýeşuwa we onuň goşunyna alty ýyla golaý wagt gerek boldy. Ýeňişden soň bolsa, Ýeşuw Kengan ýurduny heniz ýeri bolmadyk taýpalara paýlaýar.

Birnäçe ýyldan Ýeşuw 110 ýaşynda aradan çykýar. Ýeşuw we onuň dostlary dirikä, halk Ýehowany diňleýärdi. Emma bu gowy adamlar aradan çykansoň, halk erbetlik edip başlaýar, şonuň üçinem olarda kynçylyk döreýär. Şonda halka Hudaýyň kömegi gerek bolýar.

Ýeşuw 10:6—15; 12:7—24; 14:1—5; Kazylar 2:8—13.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş