17-NJI HEKAÝA
Bir-birine meňzemeýän ekizler
BU OGLANLAR bir-birine asla meňzemeýär, şeýle gerek? Olaryň adyny bilýäňmi? Aw awlap ýören oglanyň ady Esaw, guzulary bakyp ýören oglanyň ady bolsa Ýakup.
Bu ekizler Yshak bilen Rebekanyň ogullary. Yshak Esawy gowy görýärdi, sebäbi ol ökde awçydy we maşgala üçin aw getirýärdi. Emma Rebeka ogly Ýakuby has gowy görýärdi, sebäbi ol ýuwaşdy.
Şol wagtlar olaryň garry atasy Ybraýym diridi. Ýakup onuň Ýehowa baradaky berýän gürrüňlerini diňlemegi halaýardy. Ybraýym 175 ýaşynda aradan çykdy. Ekizler şol wagt on bäş ýaşlaryndady.
Esaw 40 ýaşanda kenganly iki gyza öýlendi. Bu Yshak bilen Rebekany gaty gynandyrdy, sebäbi ol gyzlar Ýehowa sežde etmeýärdi.
Soňra bir waka boldy. Şol sebäpli Esaw dogany Ýakuba gaty gaharlandy. Yshagyň uly ogluna ak pata bermeli wagty geldi. Esaw Ýakupdan uly bolany üçin, elbetde, pata alaryn öýdýärdi. Ýöne ol pata almak hakyny Ýakuba satypdy. Şeýle-de oglanlar doglanda patany Ýakubyň aljagyny Hudaý öňünden aýdypdy. Şeýle-de boldy. Yshak ogly Ýakuba pata berdi.
Esaw muny bilende, Ýakuba gaty gaharlandy. Şeýle bir gaharlandy welin, hatda Ýakuby öldürjekdigini aýtdy. Muňa Rebeka howsala düşüp, adamsy Yshaga: «Ýakup kengan gyzlaryndan özüne aýal alsa, çydap bolmaz» diýdi.
Şonda Yshak ogly Ýakuby çagyryp: «Kenganlylara öýlenme. Babaň Bekueliň ýaşaýan ýeri Harana git-de, onuň ogly Labanyň gyzlarynyň birine öýlen» diýip, maslahat berdi.
Ýakup kakasyna gulak asyp, şol bada garyndaşlaryna tarap Harana uzak ýola düşdi.