Ýehowa «Parahatlyk Hudaýy»
«Parahatlyk Hudaýy siziň baryňyz bilen bolsun!» (RIM. 15:33).
1, 2. Gelip çykyş kitabynyň 32, 33-nji baplarynda haýsy waka barada aýdylýar? Onuň netijesi näme boldy?
GÖZ öňüne getiriň: iki dogan duşuşýar. Olar biri-biri bilen duşuşmak üçin Iordan derýasynyň gündogar kenarynda ýerleşýän Ýabok žülgesiniň golaýyndaky Peniýele barýarlar. Doganlaryň görüşmedigine köp ýyl boldy. Esawyň dogany Ýakuba nowbaharlyk hakyny satanyndan soň 20 ýyl geçipdi. Esaw Ýakubyň öýüne dolanyp gelýänini eşidip, 400 adam bilen ony garşylamaga çykýar. Ýakup muny eşidende gorkýar. Ol dogany oňa entegem gaharlanyp, öldürer öýdýär. Şol sebäpli Ýakup hyzmatkärleri arkaly Esawa sowgat hökmünde mal iberýär. Hyzmatkärler her sapar mallary Esawa eltende, olary doganynyň iberendigini aýdýar. Şeýlelikde, Ýakup oňa 550-den gowrak mal iberýär.
2 Iň soňy doganlar duşuşanda näme boldy? Ýakup mertdigini we kiçigöwünlidigini görkezdi. Ol Esawa tarap ýöräp, öňünde ýedi gezek iki bükülip tagzym etdi! Emma Ýakup mundan öň bir wajyp zady edipdi. Ol Ýehowa doga edip, Esawdan goramagy haýyş etdi. Ýehowa onuň dogasyna jogap berdi. Töwratda Esaw Ýakuba tarap ylgap, onuň boýnundan gujaklap, ogşady diýilýär (Gel. çyk. 32:11—20; 33:1—4).
3. Biz Ýakup we Esaw bilen bolan wakadan näme öwrenip bileris?
3 Bu waka ýygnakda doganlar bilen dörän düşünişmezligi çözmek üçin elimizde baryny etmelidigini görkezýär. Eger biz muny etmesek, ýygnakdaky agzybirlik we parahatlyk bozular. Ýakup hiç hili ýamanlyk etmändi. Ol Esawdan ötünç sorar ýaly, hiç zat diýmändi. Esaw nowbaharlyk hakynyň gadyryny bilmän, ony Ýakuba bir tabak aşa satypdy. Ýöne şonda-da Ýakup dogany bilen ýaraşmak üçin elinde baryny edýär (Gel. çyk. 25:31—34; Ýew. 12:16). Ýakubyň göreldesi bize mesihçi dogan-uýalar bilen agzybir bolmak üçin tagalla baryny etmelidigini görkezýär. Şeýle-de onuň mysaly kimdir-biri bilen ýaraşmak üçin Ýehowadan kömek dilesek, dogamyza jogap berjekdigini görkezýär. Mukaddes Ýazgylarda adamlar bilen nädip agzybir bolmalydygyny görkezýän ençeme mysallar bar. Geliň, şolaryň käbirine seredeliň.
Iň gowy göreldä eýeriň
4. Hudaý adamlary günäden we ölümden halas etmek üçin näme etdi?
4 Ýehowa parahat bolmakda iň gowy görelde görkezýär. Ol «parahatlyk Hudaýydyr» (Rim. 15:33). Ýehowanyň biziň bilen dost bolmak üçin eden ähli zatlary hakynda oýlanyp görüň. Biz Adam ata bilen How enäniň nesli bolanymyz üçin günäli. Günä edýänleriň hemmesi ölüm jezasyny alýar (Rim. 6:23). Emma Hudaý bizi şeýle güýçli söýýändigi üçin günäden we ölümden halas etmek isledi. Ol söwer ogly Isany kämil ynsan hökmünde doglup, günälerimiz üçin öler ýaly gökden ýere iberdi. Isa-da biziň üçin janyny gurban edip, Atasynyň islegini höwes bilen berjaý etdi (Ýahýa 10:17, 18). Soňra Ýehowa Isany gökdäki ýaşaýyş üçin direltdi. Gökde Isa töleg gurbanynyň bahasyny Ýehowa hödürledi. Ähli toba edýän günäli adamlar töleg gurbany arkaly ebedilik ölümden halas bolýar (Ýewreýler 9:14, 24-nji aýatlary okaň).
5, 6. Adamlar Isanyň töleg gurbany arkaly nädip Hudaýyň dosty bolýar?
5 Adamlar günälidigi sebäpli, Hudaýyň duşmany boldular. Isanyň töleg gurbany adamlara nädip kömek etdi. Işaýa 53:5-de şeýle diýilýär: «Rahatlygymyz üçin jeza onuň başyna geldi, onuň ýaralary bilen biz şypa tapdyk». Isanyň töleg gurbany esasynda Hudaýa gulak asýan adamlar Ýehowanyň dosty bolup bilýär. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda: «Biz Mesihde Onuň gany arkaly gutulyşa, ýazyklarymyzyň bagyşlanmagyna eýediris» diýilýär (Efes. 1:8).
6 Injilde Isa barada: «Hudaý bütin dolulygynyň Onda bolmagyna... razy boldy» diýilýär. Diýmek, Hudaý niýetini Isa arkaly amala aşyrýar. Hudaýyň niýeti näme? Ol Isanyň «gany arkaly parahatçylygy berkarar edip... baryny Özi bilen ýaraşdyrmak» isleýär. Munuň üçin Hudaý «ýerdäki zatlar» we «gökdäki zatlar» bilen ýaraşýar, ýagny dostlaşýar. Olar kim? (Koloseliler 1:19, 20-nji aýatlary okaň).
7. Gökdäki we ýerdäki zatlar kimler?
7 Isanyň töleg gurbany arkaly mesh edilen mesihçiler Hudaýyň ogullary hökmünde «aklanyp», «Hudaý bilen ýaraşdylar» (Rimliler 5:1-i okaň). Injilde olara «gökdäki zatlar» diýilýär, sebäbi Hudaý olary Isa bilen gökde ýaşamak üçin direldýär. Olar «dünýä üstünden höküm sürerler» we ruhanylar bolup gulluk ederler (Ylh. 5:10). «Ýerdäki zatlar» bolsa, günälerine toba edip, ýer ýüzünde ebedi ýaşajak adamlardyr (Zeb. 37:29).
8. Ýygnakda kynçylyklar dörände, Ýehowanyň göreldesi saňa nädip kömek eder?
8 Pawlus resul Efesdäki mesh edilen mesihçilere töleg gurbanyna minnetdardygyny aýtdy. Ol: «Rehime baý Hudaý... ýazyklarymyz zerarly öli hem bolsak, Mesih bilen bilelikde direltdi» diýdi. Pawlus resul Hudaýyň «merhemeti bilen gutuldyk» diýdi (Efes. 2:4, 5). Biziň ählimiz gökde ýaşamaga ýa-da ýerde ýaşamaga umyt edýändigimize garamazdan, Hudaýyň rehimine we merhemetine örän minnetdar. Biz Ýehowanyň adamlar bilen ýaraşmak üçin eden ähli zatlaryna minnetdar. Käte käbir kynçylyklar ýygnagyň agzybirligini bozmagy mümkin. Şeýle ýagdaýlarda biz Hudaýyň göreldesi barada oýlanyp, dogan-uýalar bilen agzybir bolmaly.
Ybraýymyň we Yshagyň göreldesinden öwreniň
9, 10. Ybraýym doganoglany bilen parahat ýaşamak isleýändigini nädip görkezdi?
9 Injilde Ybraýym barada şeýle diýilýär: «Ybraýym Hudaýa iman getirdi, bu oňa dogrulyk saýyldy» we «oňa Hudaýyň dosty diýildi» (Ýakup 2:23). Ybraýym pygamber adamlar bilen parahat ýaşap, Ýehowa iman edýändigini görkezdi. Bir gezek Ybraýym bilen doganoglany Lutuň çopanlarynyň arasynda dawa turýar (Gel. çyk. 12:5; 13:7). Ybraýym bilen Lut aýra ýaşamak gowy bolar diýen karara geldiler. Ybraýym şeýle kyn ýagdaýda özüni nähili alyp barandygyna üns beriň. Ol ýaşym uly we men Ýehowanyň dosty diýip, meseläni özi çözmedi, gaýtam doganoglany bilen parahat ýaşamak isleýändigini görkezdi.
10 Ybraýym Luta: «Öz aramyzda-da, çopanlarymyzyň arasynda-da dawa-jenjel bolmasyn... ine, tutuş ýurt seniň öňüňde ýaýylyp ýatyr. Biz aýrylyşaly. Sen saga gitseň, men sola giderin, sen sola gitseň, men saga giderin» diýdi. Lut ýurduň iň gowy we hasylly ýerini saýlady. Ybraýym Lutuň gelen karary bilen ylalaşdy we gaharlanmady (Gel. çyk. 13:8—11). Sebäbi soňra duşmanlary Luty ýesir alanda, Ybraýym ony derrew halas etmegiň ugruna çykdy (Gel. çyk. 14:14—16).
11. Ybraýym goňşy piliştliler bilen nädip parahat ýaşady?
11 Şeýle-de Ybraýymyň Kenganda piliştliler bilen parahat ýaşandygy barada oýlanyp görüň. Piliştliler Beýerşebadaky Ybraýymyň hyzmatkärleriniň gazan guýusyny zorluk bilen elinden alsa-da, Ybraýym olara hiç zat hem diýmedi we etmedi. Soňra piliştlileriň patyşasy Ybraýymyň ýanyna gelip äht baglaşdy. Ybraýym patyşanyň tohum-tijine ýagşylyk etjekdigini wada berdi. Şondan soň Ybraýym oňa guýusynyň alnandygyny aýdýar. Ol muny eşidip, örän geň galýar we Ybraýyma guýuny gaýdyp berýär. Ybraýym şol ýurtda gelmişek bolup parahat ýaşady (Gel. çyk. 21:22—31, 34).
12, 13. a) Yshak kakasynyň göreldesine nädip eýerdi? b) Ýehowa Yshagyň parahat ýaşamak üçin edýän tagallasyny nädip ýalkady?
12 Ybraýymyň ogly Yshak kakasy ýaly parahatçylygy söýýärdi. Ol piliştliler bilen parahat ýaşamak üçin elinde baryny edýärdi. Ýurtda açlyk başlanda, Yshak maşgalasy bilen Negep çöllükde ýerleşýän Beýer-lahaýroýdan hasylly Gerara göçdi. Bu ýer piliştlilere degişlidi. Ýehowa Yshaga gowy hasyl we köp mallar berip ýalkady. Piliştliler oňa göripçilik etdi. Olar Yshagyň baýamagyny islemediler, şonuň üçin olar guýularyny toprakdan dolduryp, gömüp taşladylar. Ahyry piliştlileriň patyşasy Yshaga: «Bu ýerden git» diýýär. Yshak piliştliler bilen parahatlygy saklamak üçin patyşanyň diýenini edýär (Gel. çyk. 24:62; 26:1, 12—17).
13 Yshak maşgalasy bilen göçensoň, çopanlary başga guýy gazýar. Piliştlileriň çopanlary suw biziňkidir diýip, Yshagyň çopanlary bilen dawa edýär. Yshak kakasynyň göreldesine eýerip, uruşmak islemeýärdi. Ol hyzmatkärlerine başga guýy gazdyrdy. Piliştliler oňa-da dawa etdiler. Yshak piliştliler bilen parahatlygy saklamak üçin ýene-de maşgalasy we mal-mülki bilen başga ýere göçüp, ol ýerde-de guýy gazyp, onuň adyna Rehobot dakdy. Soňra ol demirgazykda ýerleşýän has hasylly ýere Beýer-şeba göçdi. Ýehowa şol ýerde-de Yshaga ak pata berip: «Gorkma, men seniň bilendirin. Men Öz gulum Ybraýymyň hatyrasyna saňa pata bererin hem seniň nesliňi köpelderin» diýdi (Gel. çyk. 26:17—25).
14. Piliştlileriň patyşasy Yshak bilen äht baglaşmaga gelende, Yshak onuň bilen parahat ýaşamak isleýändigini nädip görkezdi?
14 Elbetde Yshak hyzmatkärleriniň gazan guýularyny almak üçin dawalaşyp bilerdi. Piliştlileriň patyşasy Yshagyň ähli edýän işlerine Ýehowanyň ak pata berýändigini bilýärdi. Ol Yshagyň ýanyna Beýer-şeba gelip, onuň bilen äht baglaşyp: «Rebbiň seniň bilen biledigine biziň gözümiz ýetdi» diýdi. Yshak parahatlygy saklamak üçin birnäçe gezek göçüpdi. Ol dawalaşmak islemeýärdi. Yshak piliştlileriň patyşasy we emeldarlary ýanyna gelende-de, patyşa bilen parahat ýaşamak isleýändigini görkezdi. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Yshak myhmanlary hezzetledi. Olar iýip-içdiler. Olar ir bilen turup, özara ant içişdiler. Yshak olary ugratdy. Myhmanlar Yshagyň ýanyndan razy bolup gaýtdylar» (Gel. çyk. 26:26—31).
Ýusubyň göreldesinden öwreniň
15. Doganlarynyň Ýusup bilen näme üçin sözleri alyşmady?
15 Töwratda Yshagyň ogly Ýakubyň «ýuwaş adam» bolandygy aýdylýar (Gel. çyk. 25:27). Ýokarda aýdylyşy ýaly, Ýakup Esaw dogany bilen ýaraşmak üçin elinde baryny edendigini bilýäris. Ýakup kakasy Yshagyň gowy göreldesine eýerdi. Ýakubyň ogullary onuň göreldesine eýerdimikä? Ýakup 12 oglundan Ýusuby has gowy görerdi. Ol kakasyna gulak asyp, ony sylaýardy. Ýakup hem oňa ynanardy (Gel. çyk. 37:2, 14). Emma Töwratda aýdylyşy ýaly, Ýusubyň uly doganlary ony şeýle gabanýardy welin, sözleri-de alyşmazdy. Olar Ýusuby şeýle ýigrenýärdi welin, hatda ony gulçulyga satyp, kakasyna ony bir ýyrtyjy haýwan iýipdir diýdiler (Gel. çyk. 37:4, 28, 31—33).
16, 17. Ýusup doganlary bilen parahatlygy saklamagy isleýändigini nädip görkezdi?
16 Ýehowa Ýusuba ak pata berdi. Ol wagtyň geçmegi bilen Müsüriň hökümdary bolup, faraondan soň ikinji adamdy. Kenganda açlyk bolanda, Ýusubyň doganlary Müsüre azyk satyn almaga geldi. Ýusup olary görende tanady, emma olar ony tanamadylar, çünki ol müsürliler ýaly geýinýärdi (Gel. çyk. 42:5—7). Ýusup doganlarynyň özüne we kakasyna eden ýamanlygyny ýatlap, ar alyp bilerdi. Ýöne ol doganlary bilen ýaraşmaga çalyşdy. Doganlarynyň eden etmişine ökünýändigini görende, özüni tanatdy. Ol şeýle diýdi: «Siz meni bu ýere satandygyňyz üçin gam çekip, puşman etmäň, çünki Hudaý adamlaryň janyny gorap saklamak üçin meni siziň öňüňizden Müsüre iberdi. Ýusup aglap, ähli doganlaryny gujaklap ogşady» (Gel. çyk. 45:1, 5, 15).
17 Ýakup ölende, Ýusubyň doganlary indi ol ar alar öýdýär. Olar muny Ýusuba aýdanlarynda, ol aglap: «Siz gorkmaň. Men siziň-de, siziň çagalaryňyzyň-da aladasyny ederin» diýdi. Şu ýagdaýda-da ol parahatlygy söýýändigini görkezdi. «Ýusup olara mähirli sözler bilen göwünlik berdi» (Gel. çyk. 50:15—21).
«Bize taglym üçin ýazylan» mysallar
18, 19. a) Şu makaladaky mysallardan näme öwrendiňiz? b) Indiki makaladan näme bileris?
18 Pawlus resul: «Çünki näme öňden ýazylan bolsa, bary çydam arkaly, Ýazgylaryň tesellisi arkaly umytly bolar ýaly, bize taglym üçin ýazylandyr» diýdi (Rim. 15:4). Biz Ýehowanyň iň gowy göreldesinden we Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň hem Ýusubyň mysallaryndan näme öwrenýäris?
19 Eger Ýehowanyň biz bilen dostlaşmak üçin eden tagallasy barada oýlansak, onda adamlar bilen parahat ýaşamak üçin elimizden gelenini ederis. Biz Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň we Ýusubyň mysallaryna seredip, ene-atalaryň çagalaryna gowy görelde bolup, olara adamlar bilen parahat ýaşamagy öwretmelidigini bildik. Şeýle-de biz Ýehowanyň parahat ýaşamaga çalyşýan adamlary ýalkaýandygyny bildik. Indi biz Pawlusyň näme üçin Ýehowa «parahatlyk Hudaýy» diýendigine düşünýäris (Rimliler 15:33; 16:20-nji aýatlary okaň). Indiki makalada Pawlusyň näme üçin parahatlygy saklamaly diýendigini we munuň üçin nämeler edip bilýändigimiz barada bileris.
Siz näme öwrendiňiz?
• Ýakup Esaw bilen duşuşmanka ýaraşmak üçin nämeler etdi?
• Ýehowa adamlar bilen dostlaşmak üçin köp zatlar etdi. Bu seni nämä höweslendirýär?
• Siz Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň we Ýusubyň mysallaryndan näme öwrendiňiz?