Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bm böl. 5 sah. 8
  • Hudaý Ybraýyma we onuň maşgalasyna pata berýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaý Ybraýyma we onuň maşgalasyna pata berýär
  • Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Meňzeş maglumat
  • Bütindünýä tupanyndan, Müsürden azatlyga çenli
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ýehowa «Parahatlyk Hudaýy»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • 1 Musa kitabynyň mazmuny
    Mukaddes Kitap
  • Maşgala Müsüre göçýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Başgalary
Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
bm böl. 5 sah. 8
Ybraýym pygamber uly pyçagy tutup dur, Yshak gurbanlyk sypasynda ýatyr

5-NJI BÖLÜM

Hudaý Ybraýyma we onuň maşgalasyna pata berýär

Ybraýymyň nesline bereket berilýär. Hudaý Müsürde Ýusuby goraýar

ÝEHOWA söýgüli Oglunyň ejir çekip ölmelidigini bilýärdi. Gelip çykyş 3:15-däki sözler munuň şeýledigini tassyklaýar. Hudaý söýgüli Oglunyň gymmatly janyny adamlar üçin berip bilermi? Muny Mukaddes Ýazgylar aýdyň görkezýär. Hudaý Ybraýyma ogly Yshagy gurban bermegi haýyş edýär.

Ybraýym berk imanly adamdy. Ýadyňyzda bolsa, Hudaý oňa Halasgäriň, ýagny Nesliň Yshagyň neslinden gelmelidigini wada edipdi. Ybraýym Yshak ölse-de, ony Hudaýyň direldip biljekdigine ynanýardy. Şol sebäpli ogluny gurban bermäge razylaşýar. Ybraýym ogluny öldürjek bolup durka, Hudaýyň perişdesi ony saklaýar. Ybraýym iň eziz ogluny Hudaýa bagyş etmäge taýyn bolany üçin, Onuň göwnünden turýar. Şonda Hudaý beren wadasyny oňa ýatladýar.

Yshagyň Esaw we Ýakup atly ogullary bolýar. Esawdan tapawutlylykda, Ýakup ruhy zatlary gymmat saýýardy, şol sebäpli Hudaý ony sylaglaýar. Hudaý Ýakuba Ysraýyl diýip at berýär. Onuň on iki oglundan ysraýyl halky döreýär. Bu maşgaladan uly millet nädip peýda bolýar?

Bu waka Ýakubyň ogullarynyň Ýusup atly inisine göripçilik etmegi bilen başlanýar. Olar Ýusuby gul edip satýarlar we ol Müsüre düşýär. Emma Hudaý bu wepaly we batyrgaý ýaş ýigide pata berýär. Ýusup agyr kynçylyklary başdan geçirýär. Wagtyň geçmegi bilen, Faraon Ýusuby Müsüre hökümdar edip belleýär we oňa uly ygtyýar berýär. Şol wagtlar Ýakup ogullaryny azyk satyn almaga Müsüre iberýär. Ähli azyk bolsa, Ýusubyň ygtyýaryndady! Ýusup toba eden doganlaryny bagyşlap, olaryň bütin maşgalasy bilen Müsüre göçüp gelmeginiň aladasyny edýär. Olara köpelip, gowy ýaşamagy üçin ýurduň iň oňat ýeri berilýär. Ýusup bu wakalary Hudaýyň ugrukdyrandygyna we beren wadasyny berjaý edendigine düşünýärdi.

Ýusup doganlaryna özüniň kimdigini aýdýar

Gartaşan Ýakup Müsürde köpelýän maşgalasynyň arasynda parahat ýaşaýar. Ol ölmezinden öň, Wada edilen Nesil, ýagny Halasgär barada pygamberlik etdi. Nesil Ýakubyň ogly Ýahudanyň neslinden gelip, güýçli Hökümdar bolmalydy. Ýusup ölmeziniň öň ýanynda, Hudaýyň Ýakubyň maşgalasyny Müsürden çykarjakdygyny pygamberlik etdi.

Gelip çykyş kitabynyň 20—50-nji baplaryna we Ýewreýler 11:17—22-nji aýatlaryna esaslanýar.

  • Hudaý Ybraýymdan näme haýyş etdi we Ol adamlar üçin näme etdi?

  • Ýusup Müsüre nädip geldi we netijede näme boldy?

  • Ýusup ölmezinden öň nähili pygamberlik aýtdy?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş