Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/8 sah. 22
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/8 sah. 22

Okyjylaryň sowallary

Ýyllyk hasabatyndaky maglumat näme aňladýar?

Her ýyl «Ýyllyk kitabynda» we fewral aýynyň «Hudaýa gullugymyzda» wagyz barada hasabat çap edilýär. Biz bütin dünýäde Ýehowanyň halkynyň Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edip, bu barada adamlara öwredilýändigi hakynda okap örän begenýäris. Emma bu hasabatyň manysyna düşünmek üçin, ondaky käbir sözleri we sanlary bilmeli. Käbir mysallara seredeliň.

Gulluk ýyly. Gulluk ýyly sentýabr aýyndan başlap, awgust aýynda tamamlanýar. Hasabat hemişe geçen gulluk ýyly barada berilýär. Meselem, 2011-nji ýylyň fewral aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzda» 2009-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda başlanan we 2010-njy ýylyň 31-nji awgustynda tamamlanan gulluk ýylynyň hasabaty berilýär.

Iň köp wagyzçy sany we ortaça wagyzçy sany. Bu Suwda çokundyrylan wagyzçylar we Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmäge rugsat berlen wagyzçylar. «Iň köp wagyzçy sany» bu gulluk ýylynyň iň köp hasabat tabşyrylan aýy. Bu sana geçen aý gijä galyp tabşyrylan hasabat hem girýär. «Ortaça wagyzçylar sanyna» her aý wagtynda wagyz gullugy barada hasabat berýän wagyzçylaryň sany girýär.

Jemi sagat. 2011-nji ýylyň ýyllyk kitabyndan Ýehowanyň Güwäçileriniň wagza bir milliard alty ýüz million sagat sarp edendigi görünýär. Emma bu sana biziň Ýehowa sejde etmek üçin sarp edýän hemme wagtymyz degişli däl. Meselem, muňa ýaşulularyň ýygnakdaky dogan-uýalary idemek üçin, ýagny olara kömek etmäge we ruhlandyrmaga sarp eden wagty degişli däl. Şeýle-de muňa ýygnak duşuşyklaryna, Mukaddes Ýazgylary okamaga we öwrenen zatlarymyz barada oýlanmaga sarp edýän wagtymyz hem girmeýär.

Pul. 2010-njy gulluk ýylynda Ýehowanyň Güwäçileri ýörite pionerleriň, missionerleriň, aýlanýan gözegçileriň aladasyny etmek üçin 155 milliondan gowrak amerikan dollaryny sarp etdi. Emma muňa Mukaddes Ýazgylary, kitaplary we žurnallary çap etmek üçin harç edilýän pul girmeýär. Şeýle-de muňa bütin dünýäde Beýtelde meýletin gulluk edýän ýigrimi müňden gowrak dogan-uýalara sarp edilýän pul girmeýär.

Ýatlama agşamynda nyşanlardan dadanlar. Bu Ýatlama agşamynda çörekden we şerapdan dadan hemme suwda çokundyrylan Güwäçileriň sany. Emma bu ýerdäki mesh edilen mesihçileriň takyk sanyny görkezmeýär. Meselem, käbirler öňki düşünjesi ýa-da psihiki ýa ruhy kesellililigi sebäpli göge gitmek babatda nädogry pikirde bolýarlar. Diýmek, ýerdäki mesh edilen mesihçileriň anyk sanyny bilmek mümkin däl, bize ony bilmegiň zerurlygy hem ýok. Ýolbaşçylyk maslahaty Ýatlama agşamynda çörekden we şerapdan datýan her bir adamyň spisogyny bermeýära.

Biz uly muşakgat başlanda, mesh edilenleriň, ýagny «Hudaýymyzyň gullarynyň» käbiri ýerde boljakdygyny bilýäris (Ylh. 7:1—3). Şol wagt ýerde bolan mesh edilen mesihçiler hoş habary yhlasly wagyz edip, öwrederler. Ýyllyk hasabatyna görä, Ýehowanyň halky bütin dünýäde adamzat taryhynda wajyp işi ýerine ýetirýär.

a 2009-njy ý. 15 iýun «Garawul diňiniň» «Sadyk iş dolandyryjy we onuň ýolbaşçylyk maslahaty» diýen makala seret, sah. 8.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş