Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/8 sah. 18—21
  • Taryhda ähmiýetli duşuşyk

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Taryhda ähmiýetli duşuşyk
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ruhlandyryjy hasabat we göwnüňi göteriji interwýular
  • Ýolbaşçylyk Maslahatynyň başga agzalarynyň çykyşy
  • Agzybirligiň we ägirt uly taslamalaryň duşuşygy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Ýolbaşçylyk maslahatynyň täze agzasy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Söýgüde birikmek — Ýyllyk ýygnagynyň hasabaty
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty kim?
    Ýehowanyň Şaýatlary barada köplenç berilýän soraglar
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/8 sah. 18—21

Taryhda ähmiýetli duşuşyk

«SIZ bu duşuşykdan birnäçe wagt geçensoň, hakykatdanam, taryhda ähmiýetli ýyllyk teokratik duşuşygy boldy!» diýersiňiz. Ýolbaşçylyk Maslahatynyň agzasy Stiwen Lett sabyrsyzlyk bilen garaşýan ençeme diňleýjilere şeýle gyzyklandyryjy sözler bilen ýüzlendi. Olar 2010-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda Garawul diňi jemgyýetiniň (Pensilwaniýa) 126-njy ýyllyk duşuşygyna Jersi-Sitide (ABŞ, Nýu-Jersi ştaty) Ýehowanyň Güwäçileriniň kongres zalynda ýygnanyşdy. Bu taryhy ähmiýetli duşuşykda nähili wajyp habarlar aýdyldy?

Lett dogan Mukaddes Ýazgylaryň Ezekiýel kitabynda beýan edilýän Ýehowanyň gökdäki arabasyny joşgunly gürrüň berip, duşuşygy açdy. Bu ägirt uly, şöhratly araba Ýehowanyň doly gözegçiligi astyndaky Hudaýyň guramasyny suratlandyrýar. Hudaýyň gökdäki guramasy ruhy şahsyýetlerden ybarat bolup, ýyldyrym çaltlygyndaky tizlikde, ýagny Ýehowanyň pikiri ýaly tizlik bilen ýöreýär. Ýehowa Hudaýyň ýerdäki guramasy hem şeýle hereket edýär. Lett dogan soňky ýyllarda Ýehowanyň göze görünýän guramasyndaky käbir özgerişleri nygtap geçdi.

Meselem, birnäçe filiallaryň birleşmegi şol ýurtlarda Beýtelde gulluk edýänleriň köpüsine wagyz işine köpräk üns bermäge mümkinçilik berer. Lett dogan hyzmatkär toparynyň wekili bolan Ýolbaşçylyk Maslahatynyň diňe bir sadyk däl, eýsem paýhasly bolmagy üçin, diňleýjileri hemişe doga etmäge höweslendirdi (Mat. 24:45—47).

Ruhlandyryjy hasabat we göwnüňi göteriji interwýular

Gaitidäki filialyň komitetinde gulluk edýän Tab Honsberger 2010-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda bolan ýer titreme barada tolgundyryjy hasabat berdi. Şonda 300 müňe golaý adam heläk boldy. Ol ruhanynyň adamlara: «Erbetleri Hudaý jezalandyrdy, ýagşy adamlary bolsa gorady» diýen sözlerini nygtady. Emma türmäniň diwarlary ýykylanda, jenaýatçylaryň müňlerçesi gaçyp gutuldy. Gaitide ak ýürekli adamlaryň köpüsi şu günler näme üçin ejir çekýändigini bilip, teselli tapdylar. Honsberger dogan, betbagtçylykda aýalyny ýitiren Gaitili wepaly doganyň diýen sözlerini ýatlady: «Henize çenli gözüm ýaşdan dolýar. Men näçe wagt gam-gussa çekjegimi bilmeýärin, ýöne Ýehowanyň guramasynyň söýgüsini duýdum. Men umydym barada adamlara gürrüň bermegi ýüregime düwdüm».

Häzir Bruklindäki Beýtelde gulluk edýän Mark Sanderson Filippiny barada hasabat berdi. Ol öň şol ýerde filialyň komitetinde gulluk edipdi we Filippinde wagyzçylaryň 32-nji gezek iň ýokary sana ýetendigini hem-de Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adamlaryň sanynyň wagyzçylardan artykdygyny şatlyk bilen aýtdy. Ol agtygy öldürilen Migel atly dogan barada gürrüň berdi. Migel jenaýatçyny tussag etmek üçin elinde baryny edipdi. Soňra Migel türmede wagyz edende, şol jenaýatça duşýar. Ol gaty binjalyk bolsa-da, Migel onuň bilen ýumşak we mähirli gürleşýär. Iň soňy Migel onuň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlaýar. Ol hakykaty kabul edýär we Ýehowany söýýär. Häzir ol suwda çokundyrylan wagyzçy. Migel onuň bilen ýakyndan dostlaşýar we täze doganyny gazanmak üçin türmeden irräk çykar ýaly tagalla edýära.

Soňra teokratik okuw bölüminiň mugallymy Mark Numar programmany dowam etdi. Ol Reýnmýuller Aleks bilen Saradan, Deýwid bilen Krista Şeýferden, Siranko Robert bilen Ketradan interwýu aldy. Neşir komitetinde kömek edýän dogan Reýnmýuller Aleks heniz 15 ýaşyndaka Kanadada pioner bolup gulluk edýän wagty nädip hakykaty söýendigini, häsiýetlerini gowulandyrmak üçin hemişe jan edendigini gürrüň berdi. Reýnmýuller dogandan Beýtelde kimiň oňa has gowy täsir edendigi barada soralanda, ol üç wepaly doganyň oňa ruhy taýdan ösmäge kömek edendigini nygtady. Onuň aýaly Sara Hytaýda imany üçin ençeme ýyl tussaglyga çydan bir uýa bilen jora bolandygyny gürrüň berdi. Sara Ýehowa doga arkaly bil baglamagy öwrenendigini hem aýtdy.

Okuw komitetiniň kömekçisi Deýwid Şeýfer, ejesiniň imanynyň berkdigi üçin minnetdarlyk bildirip, doganlarynyň bolsa ol ýaşka kömekçi pioner bolup gulluk eder ýaly, agaç kesiji bolup işläp ýardam edendiklerini aýtdy. Onuň aýaly Krista Beýteldäki gartaşan dogan-uýalardan Isanyň «az zatda ynamly boluň» diýen tabşyrygyna gulak asmagy öwrenendigini söýgi bilen gürrüň berdi (Luka 16:10).

Ýazyjylar komitetinde kömek edýän Robert Siranko ejesi bilen kakasynyň Wengriýadan göçüp gelen we mesh edilen mesihçi bolan ata-enelerini ýatlady. Ol oglanka 1950-nji ýyllarda geçirilen kongresleriň onda täsir galdyryp, Ýehowanyň guramasynyň öz ýygnagyndan has uludygyna göz ýetirdi. Onuň aýaly Ketra pioner bolup gulluk eden ýygnagynda imandan dänenleriň hem başga kynçylyklaryň zyýan ýetirýändigini görüp, wepaly bolmagy öwrenendigini gürrüň berdi. Ol bu synaglara çydaýar we ahyry bir ýygnaga ýörite pioner bolup bellenýär we şol ýygnagyň agzybirligi onuň ýüregine çuňňur täsir edýär.

Manfred Tonak dogan Efiopiýa barada indiki hasabaty berdi. Bu ýurt barada Mukaddes Ýazgylarda aýdylypdy. Häzir hem ol ýere Hudaý ak patasyny berýär, sebäbi 9 münden gowrak wagyzçylar hoş habary wagyz edýär. Olaryň köpüsi ýurduň paýtagty Addis-Abebanyň töwereginde ýaşaýar. Efiopiýanyň daş ýerlerinde bolsa, wagyzçylar ýetmeýärdi. Şol sebäpli başga ýurtda ýaşaýan efiopiýaly dogan-uýalar wagyz etmäge çagyryldy. Gelen dogan-uýalaryň köpüsi ýerli Güwäçileri ruhlandyrdylar we hakykat bilen gyzyklanýan adamlara duşdular.

Programmada Russiýadaky Ýehowanyň Güwäçileri we olaryň kanun arkaly göreşi hakynda nygtaldy. Russiýadaky filialyň komitetiniň wekili Aulis Beridal Russiýada, esasanam, Moskwada Ýehowanyň Güwäçileriniň yzarlanandygy barada gürrüň berdi. ABŞ-daky filialyň Ýuridiki bölüminiň wekili Filip Bramli Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýetiniň (ÝEAHBK) soňky aýlarda Güwäçileri aýyplaýan dokuz karara seredilendigini habar berdi. Kazy biragyzdan ähli aýyplamalaryň nädogrudygyny aýtdy, hatda käbir ýagdaýlarda subutnamalaryň ýalandygyny jikme-jik düşündirdi. Bramli dogan kazyýetiň kararlarynyň başga ýerlere täsir edişini göreris diýip, umyt bilen aýtdy.

Lett dogan indiki tolgundyryjy täzeligi bildiriş etdi. (ÝEAHBK) Ýehowanyň Güwäçileriniň Fransiýa hökümetine salgyt tölemek işine köpräk wagt seretmegi makul bildi. Bu hormat goýulýan kazyýete käbir ýagdaýlary seretmäge mümkinçilik berdi. Şeýle habary eşitmek örän tolgundyryjydy. Şeýdip, (ÝEAHBK) Ýehowanyň Güwäçileriniň 39 işine seredip, onuň 37-sini akladylar. Lett dogan Hudaýyň halkynyň hemmesini bu mesele barada Ýehowa doga etmäge höweslendirdi.

Ýygnak ýaşululary üçin mekdebiň mugallymy Riçard Morlan soňky hasabat bilen çykyş etdi. Ol mekdebe gatnaşan ýaşulularyň minnetdar bolandygyny hyjuwly gürrüň berdi.

Ýolbaşçylyk Maslahatynyň başga agzalarynyň çykyşy

Ýolbaşçylyk Maslahatynyň agzasy Gaý Pirs 2011-nji ýylyň «Ýehowanyň adyna sygynyň» diýen ýyllyk aýadyna üns berdi (Sef. 3:12). Ol şeýle agyr, kyn ýagdaýlarda Ýehowanyň halky üçin begenmäge ençeme sebäpler bar diýdi. Ýehowanyň beýik güni golaýlasa-da, adamlar ýalan dinlerde, syýasy guramalarda, baýlykda we şoňa meňzeş zatlarda pena gözläp, durmuşda bolýan zatlara bolsa üns bermeýärler. Biz hakyky penany tapmak üçin Ýehowanyň adyny çagyrmaly. Munuň üçin bu ady göterýän Hudaý barada bilim almaly, ony çuňňur sylamaly, bil baglamaly we bar zadymyz bilen söýmeli.

Indiki dokladçy Ýolbaşçylyk Maslahatynyň agzasy Deýwid Spleýn «Hudaýyň dynçlygyna girdiňmi?» diýip oýlandyryjy sorag bilen başlady. Ol Hudaýyň dynçlygynyň, hiç zat etmeli däldigini aňlatmaýandygyny, çünki Ýehowa we onuň Ogly göçme manydaky dynç güni adamlar üçin ýer babatda niýetini üstünlikli amala aşyrmak üçin, henize çenli zähmet çekýändigini aýtdy (Ýahýa 5:17). Biz nädip Hudaýyň dynçlygyna girip bileris? Biz günä etmejek we özümizi aklamajak bolmaly. Şeýle-de iman etmeli we Hudaýyň niýetini ýatdan çykarman ýaşamaly, şol niýet amala aşar ýaly goşandymyzy goşmaly. Käte bu bize has kyn bolmagy mümkin, ýöne maslahaty kabul etmeli we Ýehowanyň guramasynyň görkezmesine eýermeli. Spleýn dogan diňleýjilere Hudaýyň dynçlygyna girmek üçin eliňizde baryny ediň diýdi.

Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Entoni Morris «Biz nämä garaşýarys?» diýen soňky doklad bilen çykyş etdi. Morris dogan diňleýjilere wepaly gullukçylaryň öňden bäri pygamberlikleriň berjaý bolmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny ýatlatdy. Bu pygamberliklere «her zat parahatlyk, aman» diýip yglan edilmegi we ýalan dinleriň ýok edilmegi degişli (1 Sel. 5:2, 3; Ylh. 17:15—17). Morris dogan täzeliklerdäki habarlary eşidip, şeýle pygamberlikler berjaý bolmaýar «bu Armageddon bolaýmasyn» diýmekden ägä bolmalydygyny duýdurdy. Ol Mika 7:7-de aýdylyşy ýaly, şatlyk bilen sabyrly garaşmagy maslahat berdi. Şeýle-de ol mesihçileriň ählisini esgerleriň gyzgalaňly söweşde bile bolşy ýaly, Ýolbşaçylyk maslahaty bilen ýakyn gatnaşykda bolmagy ündedi. Ol «Rebbe umyt baglaýanlar, hemmäňiz batyr boluň» diýdi (Zeb. 31:24).

Programmanyň soňunda tolgundyryjy, taryhda ähmiýetli bildirişler edildi. Ýolbaşçylyk Maslahatynyň agzasy Jeffri Jekson iňlis dilini kän bir gowy bilmeýän adamlar üçin «Garawul diňiniň» ýönekeýleşdirilen sanynyň synag üçin çap ediljekdigini bildiriş etdi. Soňra Stiwen Lett Birleşen ştatlarda Ýolbaşçylyk Maslahatynyň etrap gözegçilerine we olaryň aýallaryna çopan idegini etjekdigini bildiriş etdi. Indiki bildiriş bolsa, Gullugy kämilleşdiriş mekdebini Sallah doganlar üçin Mukaddes Ýazgylar mekdebi diýip atlandyryljakdygy hakyndady. Ol tizden mesihçi är-aýal üçin täze Mukaddes Ýazgylar mekdebiniň açyljakdygyny aýtdy. Bu mekdepde mesihçi är-aýallar Ýehowanyň guramasyna has peýdaly bolar ýaly okadylar. Şeýle-de Lett dogan Pattersonda her ýyl Aýlanýan gözegçiler we olaryň aýallary üçin mekdebiň, Filial komitetiniň agzalary we olaryň aýallary üçin mekdebiň iki klasynyň okadyljakdygyny hem-de bu mekdepde öň okanlar, ikinji sapar hem çagyryljakdygyny aýtdy.

Programmany köp ýyldan bäri Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolup gulluk edýän 97 ýaşly Jon Barr kiçigöwünlik we ýürekden doga edip, ruhlandyryjy sözler bilen jemledib. Taryhda ähmiýetli bolan bu gün ähli dogan-uýalarda uly täsir galdyrdy.

[Çykgytlar]

a «Ýehowanyň Güwäçileriniň ýyllyk kitaby» 2011-nji ýyl (rus.) sah. 62, 63 seret.

b Barr dogan ýerdäki ýaşaýşyny 2010-njy ýylyň 4-nji dekabrynda tamamlady.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş