Okyjylaryň sowallary
Töwrat, Pygamberler kitaby we Zeburda Isa Mesih barada anyk näçe pygamberligiň bardygyny aýdyp bolýarmy?
Töwrat, Pygamberler kitaby we Zebury ünsli okasak, Isa Mesihde ençeme pygamberlikleriň berjaý bolandygyna göz ýetireris. Bu pygamberliklerde Mesihiň dogluşy, peýda bolşy, etjek işleri, adamlara bolan garaýşy we Hudaýyň niýetindäki orny barada jikme-jik aýdylýar. Ähli pygamberlikler bütewilikde Isanyň Mesihdigini kesgitlemäge kömek edýär. Emma Töwrat, Pygamberler kitaby we Zeburda Mesih barada anyk näçe pygamberligiň bardygyny kesgitlemekden ägä bolmaly.
Käbir adamlar Mesih baradaky pygamberlikler bilen ylalaşmaýar. Alfred Edershaým «Isa Mesihiň ömri we döwri» atly kitabynda rawwin ýazgylarynda Töwrat, Pygamberler kitaby we Zeburda Mesih barada 456 sany parça bar diýseler-de, olaryň köpüsinde Mesih barada aýdylmaýar diýýär. Şol 456 sany parçany ünsli okasaň, olaryň haýsysy Isa Mesih hakyndaky pygamberlik diýen sorag ýüze çykýar. Meselem, Edershaýmyň aýtmagyna görä, ýewreýler Gelip çykyş 8:11-däki sözler Isa Mesihe degişlidir öýdýärdi. Olaryň pikirine görä, kepderiniň «agzyndaky zeýtun agajynyň täze ýolnan ýapragy» Mesihiň dagdan inmegini aňladýar. Edershaým Müsürden çykyş 12:42 barada hem aýdýar. Ol bu aýady ýewreýleriň nädogry düşündirişini «Musa pygamberiň çölden gelşi ýaly, Mesihde Rimden geler» diýip ýazýar. Käbir alymlar we adamlar bu iki aýady Isa Mesih bilen baglanyşdyryp bilmän, oňa degişli däl hasaplaýarlar.
Hatda biz Isada berjaý bolan pygamberlikleri göz öňünde tutsak-da, olaryň anyk sanyny bilmek kyn bolýar. Mysal üçin, Işaýa kitabynyň 53-nji babynda Mesih barada birnäçe pygamberlikler bar. Işaýa 53:2—7-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Onda ne şekil... bardy. Ol äsgerilmedi, ynsanlar ony ret etdi... hassalygymyzy öz üstüne aldy... ýazyklarymyz üçin ýaralandy... soýulmaga äkidilip barýan guzy dek... hiç agzyny açmady». Işaýa kitabynyň 53-nji babyndaky bu parçalary Mesih barada bir pygamberlik hasaplamalymy ýa-da Mesihi suratlandyrýan sözleriň her birini aýratyn pygamberlik hasaplamaly?
Işaýa 11:1-däki: «Ýessäniň kötüginden bir pudak çykar, kökünden gögeren şaha miwe berer» diýen sözlere seredeliň. Bu pygamberlikdäki sözler onunjy aýatda hem agzalýar. Biz bu iki aýady aýratyn iki pygamberlik ýa-da şol bir pygamberligiň gaýtalanyşy ýaly hasaplamalymy? Işaýa kitabynyň 53 we 11-nji baplaryndaky pygamberliklere bolan garaýşymyz, Mesih baradaky pygamberlikleriň umumy sanyna täsir edýär.
Şeýlelikde, Töwrat, Pygamberler kitaby we Zeburdaky Mesih baradaky pygamberlikleriň anyk sanyny bilmek hakynda biynjalyklanmasak gowy bolardy. Ýehowanyň guramasy Isa barada ençeme pygamberlikleri we olaryň berjaý bolşuny edebiýatlarynda çap etdia. Olar bize şahsy ýa-da maşgala okuwynda hem-de wagyzda kömek eder we ruhlandyrar. Mesih baradaky pygamberlikleriň sanynyň näçedigine garamazdan, Isanyň Mesihdigine berk ynanýarys.
a «Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy we peýdaly» (rus.) sah. 374, 375; «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» sah. 200.