73-NJI HEKAÝA
Ysraýylyň iň soňky gowy patyşasy
ÝOŞIÝA Ysraýylyň iki taýpaly günorta patyşalygyna patyşa bolanda, bary-ýogy sekiz ýaşyndady. Ol patyşa bolardan gaty ýaşdy. Şonuň üçin ilkibaşda oňa patyşa bolmaga ulular kömek edýär.
Ýedi ýyl patyşalyk edip, Ýoşiýa Ýehowany agtaryp başlaýar. Ol Dawut, Ýehoşafat we Hizkiýa ýaly patyşalaryň göreldesine eýerýär. Entek ýetginjekkä ol batyrgaýlyk bilen bir iş edýär.
Köp wagtdan bäri ysraýyllylaryň köpüsi gaty erbet iş edýärdi. Olar ýalan taňrylara sežde edýärdiler. Butlaryň öňünde dyza çökýärdiler. Şonuň üçin Ýoşiýa hyzmatkärleri bilen ýurdy ýalan seždeden arassalaýar. Munuň üçin köp güýç sarp etmeli bolýar. Sebäbi ýalan taňrylara sežde edýän adamlar gaty kändi. Ýokardaky suratda görşüň ýaly, Ýoşiýa hyzmatkärleri bilen butlary döwýär.
Soňra Ýoşiýa Ýehowanyň ybadathanasyny bejermek üçin üç adamy ýolbaşçy belleýär. Zerur işler üçin halkdan pul ýygnap, ýolbaşçylara getirip berýär. Ybadathanany bejerip ýörkäler, baş ruhany Hilkiýa örän wajyp bir zat tapýar. Bu birnäçe ýyl mundan ozal Ýehowanyň Musa ýazdyran kanun kitabydy. Olar köp ýyllap bu kitap ýitendir öýdýärdiler.
Kitaby Ýoşiýa getirip berýärler. Ol kitaby sesli okamagy haýyş edýär. Ýoşiýa kanuny diňläp, halk Ýehowanyň kanunyny ýerine ýetirmeýändigine düşünýär. Suratda görşüň ýaly, ol muňa gaty gynanyp eşigini-de ýyrtýar. Ol gamgyn bolup: «Ýehowa bize gaharlanýar, sebäbi atalarymyz kitapda ýazylan kanunlary ýerine ýetirmändir» diýýär.
Şonda Ýoşiýa baş ruhany Hilkiýadan Ýehowanyň näme etmekçidigini bilmegi haýyş edýär. Hilkiýa bolsa pygamber aýal Huldanyň ýanyna baryp, Ýehowadan şeýle jogap alýar: «Iýerusalime we ähli halka jeza berler, sebäbi olar ýalan taňrylara sežde edip, bütin ýer ýüzi erbet işlerden doldy. Emma sen, Ýoşiýa, dogrulyk edeniň üçin, bu jeza halka sen öleňden soň berler».