74-NJI HEKAÝA
Gorkmaýan adam
HALKYŇ ýaş ýigidiň üstünden gülşüne seret. Onuň kimdigini bilýäňmi? Ol Hudaýyň belli pygamberi Ýeremiýa.
Ýoşiýa patyşa ýurtdaky butlary ýok edip başlanda, Ýehowa Ýeremiýany pygamber belleýär. Ýeremiýa bolsa özüni gaty ýaş saýýar. Ýöne Ýehowa ony goldajakdygyny wada berýär.
Ýeremiýa ysraýyllylara erbetligiňizi goýuň diýýär. Ol «milletleriň sežde edýän taňrylary ýalan» diýýär. Emma ysraýyllylaryň köpüsi hak Hudaý Ýehowa sežde edenden, butlara sežde edenini gowy görýärdi. Ýeremiýa adamlara Hudaýyň berjek jezasy barada aýdanda, onuň üstünden gülýärler.
Birnäçe ýyldan Ýoşiýa aradan çykýar, üç aýdan onuň ogly Ýehoýakim patyşa bolýar. Ýeremiýa ýene-de halka: «Siz düzelmeseňiz, Iýerusalim harabaçylyga öwrüler» diýýär. Ruhanylar ony tutup: «Bu sözleriň üçin seni öldürmeli» diýip gygyryşýarlar. Soňra olar Ysraýylyň şazadalaryna: «Ýeremiýa şäherimize dil ýetirýär, ony öldürmeli» diýýärler.
Ýeremiýa indi näme ederkä? Ol gorkmady! Gaýtam, olara: «Men size Ýehowanyň sözlerini aýdýaryn. Eger-de siz düzelmeseňiz, Ýehowa Iýerusalimi harabaçylyga öwrer. Ýöne siz bir zady biliň, siz meni öldürseňiz, dogry adamy öldürdigiňiz bolar» diýýär.
Şazadalar Ýeremiýany öldürmeýär, ýöne ysraýyllylar erbetligine galýar. Soňra Babylyň patyşasy Nebukadnezar Iýerusalime garşy söweşýär. Ahyrsoňy Nebukadnezar ysraýyllylary gul edýär. Müňlerçe adamy bolsa Babyla alyp gidýär. Keseki adamlar seni öýüňden nätanyş ýurda alyp gitseler, nähili bolardy?