Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 57 sah. 138—sah. 139 abz. 2
  • Ýehowa Ýermeýany iberýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa Ýermeýany iberýär
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Ýermeýa Ýehowa barada gürrüň bermegini goýmady
    Çagalaryňyza öwrediň
  • Ýeremiýa kitabyndan peýdaly pikirler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Ýeremiýa ýaly oýa boluň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Gorkmaýan adam
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 57 sah. 138—sah. 139 abz. 2
Ýermeýa ýaşulularyň öňünde küýzäni çym-pytrak edýär

57-NJI SAPAK

Ýehowa Ýermeýany iberýär

Ýehowa Ýermeýany pygamber belledi. Ol ýahuda halkyna wagyz etmelidi, erbet işleriňizi goýuň diýmelidi. Ýöne Ýermeýa: «Ýehowa, men entek ýaş. Halka näme diýmelidigini hem bilmeýärin» diýýär. Ýehowa: «Gorkma, men saňa näme aýtmalydygyny öwrederin, kömek ederin» diýýär.

Ýehowa Ýermeýa pygambere şeýle diýýär: «Halkyň ýaşulularyny ýygna. Olaryň gözüniň öňünde bir küýzäni döw. Soňra adamlara: „Iýerusalim hem şu küýze ýaly çym-pytrak bolar“ diý». Ýermeýa Ýehowanyň aýdyşy ýaly edýär. Oňa ýaşulularyň gahary gelýär. Paşhur atly ruhany Ýermeýany urýar. Soňra el-aýagyny zynjyr bilen daňýar. Ýermeýa uzak gije gymyldap bilmeýär. Ertesi gün irden Paşhur ony boşadýar. Şondan soň Ýermeýa: «Men halys ýadadym. Indi adamlara wagyz etmerin» diýýär. Ýermeýa wagyz etmegini goýdumy? Ýok. Ol: «Ýehowanyň sözi içimde ot ýaly ýanýar. Wagyz etmän durup bilmeýärin» diýýär. Ýermeýa ýene-de adamlara Hudaýyň sözüni aýtdy.

Birnäçe ýyldan soň, Ýahudada başga biri patyşa boldy. Ruhanylar we ýalan pygamberler Ýermeýany diňlemek islemeýärdi. Şonuň üçin hanlara: «Ýermeýany öldürmeli» diýýärler. Ýermeýa olara: «Meniň hiç hili günäm ýok. Meni öldürseňiz günä edersiňiz. Men öz sözümi däl, Ýehowanyň sözüni wagyz edýärin» diýýär. Şondan soň hanlar: «Ýermeýany öldürmäň. Ol erbet iş etmändir» diýýär.

Ýermeýa ýene wagyz edýär. Hanlaryň oňa gaty gahary gelýär. Olar patyşa: «Ýermeýany öldür» diýýärler. Patyşa: «Ýermeýa siziň eliňizde. Näme edesiňiz gelse ediň» diýýär. Olar Ýermeýany öldürmek üçin guýa taşladylar. Guýy çuňdy, içi hem batgady. Ýermeýa batga batdy.

Abdymälik bilen ýanyndakylar Ýermeýany guýudan çykarýar

Abdymälik diýen bir adam köşkde işleýärdi. Ol patyşanyň ýanyna baryp: «Hanlar Ýermeýany guýa taşlapdyr. Ony halas etmesek öler» diýýär. Patyşa-da: «Ýanyňa 30 adam al. Ýermeýany guýudan çykar» diýýär. Ýermeýa şondan soňam wagyz etdi. Ony hiç kim, hiç zat saklap bilmedi. Biz hem Ýermeýa ýaly hiç kimden gorkman wagyz ederismi?

«Meniň şägirdim bolanyňyz üçin hemmeler sizi ýigrener. Emma soňuna çenli çydan halas bolar» (Matta 10:22).

Soraglar: Ýermeýa ýaş bolsa-da näme üçin Ýehowany diňledi? Oňa kimler wagyz etdirmejek boldy?

Ýermeýa 1:1—19; 19:1—11; 20:1—13; 25:8—11; 26:7—16; 38:1—13

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş