Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • yc sap. 9 sah. 20—21
  • Ýermeýa Ýehowa barada gürrüň bermegini goýmady

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýermeýa Ýehowa barada gürrüň bermegini goýmady
  • Çagalaryňyza öwrediň
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowa Ýermeýany iberýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Gorkmaýan adam
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ýeremiýa kitabyndan peýdaly pikirler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Ýeremiýa ýaly oýa boluň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
Başgalary
Çagalaryňyza öwrediň
yc sap. 9 sah. 20—21

9-NJY SAPAK

Ýermeýa Ýehowa barada gürrüň bermegini goýmady

Gaharly adamlar Ýermeýanyň daşyna üýşdüler

Adamlar Ýermeýa näme üçin gaharlanýar?

Ýehowa Ýermeýany halas etdi

Biz Ýehowa barada adamlara gürrüň berenimizde, olar käte biziň üstümizden gülýärler ýa-da olaryň gahary gelýär. Şeýle ýagdaýda biziň Hudaý barada gürrüň beresimiz gelmezligi mümkin. Käwagt sende-de şeýle bolýarmy? ~ Mukaddes Ýazgylarda Ýehowany söýýän ýaş oglan barada aýdylýar. Onuň ady Ýermeýa. Bir gezek ol Ýehowa barada gürrüň bermegini goýjak bolýar. Gel, ol barada köpräk bileli.

Ýermeýa ýaş oglanka, Ýehowa oňa bir tabşyryk berýär. Ol adamlara erbet işlerini goýmaklaryny aýtmalydy. Ýermeýa muny etmek örän kyndy, sebäbi ol adamlardan gorkýardy. Ol Ýehowa şeýle diýýär: «Men näme diýjegimi bilemok. Men heniz ýaş oglan ahyryn». Emma Ýehowa oňa: «Sen gorkma, men saňa kömek ederin» diýýär.

Şol sebäpli Ýermeýa adamlara erbet işlerini goýmasalar, Hudaýyň olary jezalandyrjakdygyny aýdýar. Seniň pikiriňçe, adamlar Ýermeýany diňledilermi? ~ Ýok, olar diňlemediler. Gaýtam, olar onuň üstünden gülüp, oňa örän gaharlandylar. Hatda käbirleri ony öldürjek boldular! Seniň pikiriňçe, Ýermeýa özüni nähili duýduka? ~ Ol gorkup: «Indi men Ýehowa barada hiç zat aýtmaryn» diýýär. Ol hakykatdanam şeýle etdimi? ~ Ýok, beýle etmedi. Ol Ýehowany söýýärdi, şonuň üçin Hudaý barada gürrüň bermegini dowam etdi. Şonuň üçin Ýehowa ony halas etdi.

Bir gezek erbet adamlar Ýermeýany tutup, palçykly guýa taşlaýarlar. Ol ýerde iýmitem, suwam ýokdy! Şol adamlar Ýermeýanyň guýynyň içinde ölmegini islediler. Emma ol Ýehowanyň kömegi bilen halas boldy!

Sen Ýermeýadan näme öwrenip bilersiň? ~ Ol käwagt adamlardan gorksa-da, Ýehowa barada gürrüň bermegini dowam etdi. Sen hem Ýehowa barada adamlara gürrüň bereniňde, olar seniň üstüňden gülmekleri ýa-da gaharlanmaklary mümkin. Şeýle ýagdaýda seniň hem çekinmegiň, hatda gorkmagyňam mümkin. Emma sen Ýehowa barada gürrüň bermegi hiç haçan goýma. Ol Ýermeýa kömek edişi ýaly saňa-da hemişe kömek eder!

ŞU AÝATLARY OKAŇ

  • Ýermeýa 1:4—8; 20:7—9; 26:8—19, 24; 38:6—13

SORAGLAR:

  • Ýehowa Ýermeýa näme tabşyrdy?

  • Ýermeýa Ýehowa barada gürrüň bermegini näme üçin goýjak boldy?

  • Ýehowa Ýermeýa nädip kömek etdi?

  • Sen Ýermeýadan näme öwrenip bilersiň?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş