Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 56 sah. 134—sah. 135 abz. 1
  • Ýoşyýa Hudaýyň Kanunyny gowy görýärdi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýoşyýa Hudaýyň Kanunyny gowy görýärdi
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Ýoşyýanyň gowy dostlary bardy
    Çagalaryňyza öwrediň
  • Ysraýylyň iň soňky gowy patyşasy
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ýaşlar, size nähili gelejek garaşýar?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 56 sah. 134—sah. 135 abz. 1
Şapan Kanuny Ýoşyýa patyşa okap berýär

56-NJY SAPAK

Ýoşyýa Hudaýyň Kanunyny gowy görýärdi

Ýoşyýa Ýahudanyň patyşasy bolýar. Ol sekiz ýaşyndady. Şol döwür adamlar jadygöýlik edýärdiler, butlara sežde edýärdiler. Ýoşyýa 16 ýaşaýar. Ol Ýehowanyň halaýan işlerini edip başlaýar. Oňa dogry sežde edýär. Ol 20 ýaşynda tutuş ýurtdaky butlary we gurbanlyk ojaklaryny ýykýar. Ýoşyýa 26 ýaşynda Ýehowanyň ybadathanasyny bejerýär.

Şol döwürde baş ruhany bardy. Onuň ady Hilkiýa. Bir gezek ol ybadathanadan Ýehowanyň Kanunyny tapýar. Ol togalanan uzyn kagyzdy. Ony Musa pygamber ýazypdy. Patyşanyň kätibi Şapan Kanuny alyp gaýdýar. Ony getirip, Ýoşyýa okap berýär. Ýoşyýa hem ünsli diňleýär. Şonda ol halkyň köp ýyl bäri Ýehowa gulak asmandygyna düşünýär. Ýoşyýa patyşa Hilkiýa: «Ýehowanyň bize gaty gahary gelipdir. Bar, onuň bilen gepleş. Ýehowa bize näme etmelidigini aýdar» diýýär. Ýehowa Hulda pygamber arkaly şeýle jogap berýär: «Ýahuda halky meni taşlady. Olara jeza bererin. Ýöne ony Ýoşyýa patyşanyň döwründe etmerin. Men Ýoşyýany gowy görýärin, sebäbi ol pesgöwünli».

Hilkiýa ybadathanadan Ýehowanyň Kanunyny tapýar

Şondan soň Ýoşyýa patyşa ybadathana gitdi. Ol Ýahuda halkyny hem şol ýere ýygnady. Soňra olara Ýehowanyň Kanunyny okap berdi. Ýoşyýa we adamlar Ýehowa gulak asjakdygyny söz berdi.

Ýahuda halky köp ýyl bäri Pasha baýramyny bellemeýärdi. Kanunda Pasha baýramyny her ýyl bellemelidigi aýdylýar. Şonuň üçin Ýoşyýa halka: «Biz Ýehowa üçin Pasha baýramyny belläris» diýdi. Soňra köp gurbanlyk taýýarlady we ybadathanada aýdymçylary goýdy. Şeýdip, halk Pasha baýramyny we Petir baýramyny belledi. Baýramçylyk ýedi gün dowam etdi. Şamuweliň ýaşan döwründen bäri Pasha baýramy uludan bellenmändi. Ýoşyýa Hudaýyň Kanunyny gowy görýärdi. Senem Ýehowa barada öwrenmegi gowy görýärsiňmi?

«Sözüň aýaklaryma çyra, ýoluma nurdur» (Zebur 119:105).

Soraglar: Ýoşyýa Hudaýyň Kanunyny eşidende näme etdi? Ýehowa Ýoşyýa hakda näme diýdi?

2 Patyşalar 21:26; 22:1—23:30; 2 Taryh 34:1—35:25

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş